GALYŇ SALMAK DÄBINI ÜÝTGETMEGIŇ WAGTY GELMEDIMI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

galyn salmakGalyň gadymdan gelýän däbimiz bolup, "süýt hakyndan" we yslam dinindäki "mahr" düşünjesinden gelip çykandyr. Ýöne, meniň pikirimçe, şu wagtky galyňlaryň möçberi (obalarda 40-70 müň manat+altyn we halatlyklar, şäherlerde 100-200 müň manat+altyn we halatlyklar) we onuň gapdalyndan salynýan zatlar "nebsiň aç gözlügi" bolup, diniňem, däp-dessurlaryňam çäklerinden çykyp gidene meňzeýär. Gynansakda, galyňa "hökmanylyk" hökmünde seredýänler, çagalaryny "galyň almaly" diýen düşünje bilen ýetişdirýänler az däl.

Galyň näme üçin barha gymmatlaýar?

↪ Ýokary okuwda okaýan we işläp aýlyk alýan gyzlar köpelýär we olaryň gaýyn öýlerine hem girdeýji getirjekdikleri üçin olar galyň taýdan has gymmada durýar.

↪ Garyndaşlar, goňşular, joralar arasynda bir-birekden has owadan bukja bejermekde, köp sanly halat almakda we zatlaryňy görkezip öwünmekde bäsdeşlik köpelýär.

↪ Ene-atalar gyz çykarmak üçin çykdajy etmek islemeýärler we toý çykdajylary üçin galyňa daýanýarlar, emma ogul öýerýänler welin biçak köp pul çykarýarlar. Bu düşünje jemgyýetimizde oglan bilen gyz çaganyň deň görülmeýänliginiň hem subutnamasydyr.

↪ Ýene käbir köp ýaýran sebäpler: "Galyň alman toý etsem il-gün näme diýer?"; "Şunça terbiýeli, ylymly-bilimli eden gyzymyzy arzan berip bilmeris."; "Ejem-kakam galyň almasa meni bermez."; "Näme, meniň ilden kem ýerim barmy? Iller salýar, menem saljak."

Men ene-atalaryň hemişe çagalaryna gowulyk isleýändigi bilen ylalaşýaryn. Olar ençe ýyllap perzentleriniň toýlaryny üýtgeşik geçirmegi arzuwlaýarlar. Hawa, gyzlarynyň göwnüni ýykmajak bolup, guda tarapyň maliýe ýagdaýyna görä galyň alýanlar seýregem bolsa bar. Ýöne jemgyýetimizde galyň salman durmuşa çykýan ýok diýen ýaly.

Näme edip bileris?

Ene-atalar hem döwür bilen aýakdaş gitmeli. Mysal üçin, meniň enem-atam 100 sany ýakaly köýnegiň, ýa 50 sany ýaglygyň ýa bolmasa 10 sany örme jorabyň meni bagtly etmejegine düşünýär we galyň alyp toý etmegimi goldamaýarlar. Öz tejribelerinde galyňly, bukjaly toýuň peýdasyndan zyýanynyň köp bolandygyny görmekleri olary bu netijä getiripdir.

↪ Elbetde, däp-dessurlarymyza we dine hormat edip, olaryň saklanyp galmagy üçin, oglan tarap käbir az sanly sowgatlary "mahr" ýa "süýt haky" hökmünde gyzyň ene-atasyna berip biler. Emma, galan toý çykdajylary gyz bilen oglan arasynda bölüşilmeli. Şeýle edilende, çykdajy azalýar, bergi bolmaýar. Hem-de diňe owadanlyk we il gözi üçin gerekmejek zatlar bilen bukja doldurmak hökman däl.

↪ Galyňyň möçberini we ýaşlaryň material gymmatlyklara çapmagyny azaltmak üçin jemgyýetimizde oglanyň gyz perzentden üstün goýulmasyny üýtgetmeli. Çünki, durmuş gurmak we maşgala bolmak ikitaraplaýyn jogapkärçilikdir.

Galyň üçin bergi edip ýa onuň üçin ýyllap pul jemlemek hem adamy ruhyçökgünlige salyp biler. Şeýle hem, galyň puluny kaşaň bezeglere we köp sanly bukjalara sarp etmegiň deregine, jübütler bile (ýa özbaşdak) gözýetimlerini giňeldip, täze zatlary öwrenip, üýtgeşik ýerlere syýahat edip bilerler. Ýyllap ýygnalan puly "3 günlük" owadanlyk üçin harçlamak ömrüňdäki başga edip biljek peýdaly zatlaryňy deňiňden geçirmekdir.

Men durmuşa çykmagyň gyzygyny we manysyny galyň alyp, bukja etmekde görmeýärin. Täze durmuş toýdan öň däl-de, toýdan soň başlanýar. Şonuň üçin, galyň almagyň ýerine gelejegim üçin başga bir zada maýa goýmaklygy ýerlikli saýýaryn.

Awtor: Päkize Ýomudowa

Ýazgyda beýan edilýän pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli bolup, redaksiýanyň garaýyşlaryna gabat gelmän biler.