ÝAKYN ADAMYŇY ÝITIRMEK: GUSSANY ÝEŇIP GEÇMEGIŇ ÝOLLARY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

yakyn adamyny yitirmekMaşgalada ýakyn adamyňy ýitirmek her adam üçin agyr synag, gam-gussanyň agyr labyrynyň başlangyjy bolýar. Ýakyn adamyň ölümini her kim dürli-dürli kabul edýär, döreýän gussany, "emosional boşlugy" dürli ýagdaýlarda ýeňip geçmäge çalyşýar.

Men hem kakamy ýitirenimde, üstüme duýdansyz inen gaýgy-hasratyň agramyny göterip bilmän ejizlärin öýtdüm. Mende ejizleme, ahmyr etme, gussa batma duýgulary döräp, göwnüme bolmasa, kakam bilen bilelikde ömrümiň bir bölegini ýitirýän ýalydym...

Ölüm duýgulary nähili üýtgedýär?

Geçen asyryň 50-nji ýyllarynda amerikan psihology Elizabet Kýubler-Ross ýakyn adamynyň ölümini kabul etmegiň tapgyrlar ulgamyny işläp düzdi. Bu tapgyrlar birnäçe gezek tankyda sezewar edilen bolsa hem, bu soragy öwrenýän alymlar ýene olara gaýdyp gelýädiler.

E. Kýubler-Rossyň düşündirişlerine görä ýakynyny ýitiren adam indiki tapgyrlary geçýär:

Ýitgä ynanmazlyk – agyr psihiki hadysa bolup, ýogalan ýakyn adamsynyň jesedini görenden soň hem onuň ýoklugyna ynanmazlyk.

Gaharlanma – "Näme üçin bu başgalar bilen däl-de, diňe meniň ýakynym bilen bolup geçdi?" diýen ýaly gaharly soraglar, pikir ýöretmeler döreýär. Şunuň ýaly ýagdaýyň köplenç ýol heläkçiliginde ýa-da agyr kesellerden soň ýaş ýakynyny ýitiren ýa-da tarpa-taýyn ölen ýakynyny ýitirenlerde duş gelmegi mümkindir.

Söwdalaşmak – adam ykbal bilen "söwdalaşýar". Meselem, "men şu işi etsem, şu hereketi etsem meniň ýiten ýakynym diri tapylarmyka?".

Gam-gussa batmak – adam ýitgini kabul edýär, ýöne durmuşa bolan höwesi ýitýär, depressiýa ýagdaýyna sezewar bolýar.

Kabul etmek – ýitgä boýun bolmak, bu tapgyrda hem gam-gussa dowam edýär, ýöne adam ýitgini kabul etmegiň täze ýollaryny tapmaga ymtylýar, durmuşa bolan garaýşyny üýtgetmäge çalyşýar.

Ýöne ýakynyny ýitiren her bir adam tapgyrlaryň hemmesini geçmeýär – käbirlere 2-3 tapgyrdan soň kadaly emosional durkuna gaýdyp gelme başardýar. Elbetde, kadaly ýagdaýa gaýdyp gelmek çalt başa barmaýar we bu ýakyn adamynyň ölüminiň sebäplerine, onuň ýaşyna, oňa bolan gatnaşygyna juda bagly bolup, her adam üçin dürli wagt gerek bolup bilýändir.

Men kakamy ýitirenimden soň emosional tarapdan tapgyrlaryň soňky ikisini başymdan geçirdim. Aýlar geçse-de, mende ol iki tapgyryň duýgulary gaýtalanyp, biri-biriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär we tersine, gaharlanma bilen gatyşýar. Ýöne ol gaharlanma birine däl-de, meniň özüme gönükdirilen. Ýaşuly kakam ýürek keselinden aýryldy. Ol hiç haçan ýüreginiň ýagdaýyna arz etmeýärdi, hemişe hereketde bolup, göwnaçyk adamdy. Lukmanlara barmagy asla halamazdy. Meniň pikirimçe, kakamyň ýaşrak wagty lukmanlaryň barlagyndan geçilmegini biz has beter nygtan bolsak, belki-de, ýüregine wagtynda operasiýa geçirip, kakamyň ömrüni ýene uzaldyp bolardy...

Ölümiň barlygyny boýun al!

Psihologlaryň bellemegine görä, ýakyn adamynyň ýitgisini boýun alyp, kadaly durmuşa gaýdyp gelmegi üçin adamyň birnäçe esasy emosional hadysalary dogry başdan geçirmegi wajypdyr.

Ölümiň barlygyny boýun al

"Üç zat duýdansyz gelýär: Rysgal, ýazgyt we ölüm" diýýärler. Ölüme öňünden taýynlanyp bolmaýar. Ýakyn adamyň ölümini aklyň bilen kabul edýän bolsaňda, ýüregiň bilen duýmak biraz gijräk bolup geçýär. Merhumy jaýlamagy däp-dessurlara görä gurnamak, adamlaryň göwünlik beriji sözlerini kabul etmek, merhumyň belli günlerini bellemek – şularyň bary ölümiň bardygyny bildirip, ony boýun almaga itergi berýär. Öýe girenimizde aýrylan maşgala agzasynyň bolmazlygy, onuň galan zatlary, egin-eşikleri – bize ýene ajalyň ony alyp gidendigini tassyklaýar.

Eger biz ölümiň bardygyny, ýakynmyzyň hem hemişelik aramyzdan gidendigini boýun almasak, adaty durmuşy dowam etmek örän kyn bolar.

Ýitginiň agyrsyny başyňdan geçir

Ajalyň ýakynmyzy alyp gidendigini ýüregimiz bilen duýan wagtymyz – ýitgi agyrysy, awusy döreýär. Bizde ýürek hasratyny söz bilen, agy bilen beýän etmek talaby ýüze çykýar. Ýitginiň agyrsyny çekmek – adaty ýagdaý bolup, onuň agyrlygy adamynyň emosional durkuna, stresli ýagdaýlara garşy durşuna, kömek berýän dogan-garyndaşlaryň goldawyna juda bagly bolup durýändyr.

Meniň pikirimçe, merhumyň ýedisine çenli ýitgi agyrysy has hem ýiti duýulyp, ýürege agyrlyk berýär. Dogan-garyndaşlaryň hödür getirip, ýürege teselli beriji sözleri aýtmagy, goldawy göwnüň biraz giňemegine kömek berýär. Adamlar : "Yzy ýarasyn!", "Ýüregiňize giňlik bersin" diýip, ýitgi agyrsyny gowşatmak isleýärler. "Jaýy jennetden bolsun! Imany äkidenden bolsun!" diýip, merhuma hormatlaryny bildirýärler.

Başgalaryň kömegini kabul et

Ýakynyňy jaýlap, patasy alynýan günler we ondan soň, ýakyn dogan-garyndaşlar we dost-ýarlar tarapyndan kömegiň hödürlenýän pursadydyr. Berilýän kömekden ýüz öwürmän, minnetdarlyk bilen kabul etmek seniň ruhuňy galdyrmaga kömek eder we daş-töweregiň bilen ysnyşdyrar.

Daş-töwerekdäki adamlara bolsa kömegiň belli bir anyk görnüşini bermek peýdaly bolup biler. Meselem, merhuma hormat edip tagam bişirip gelmek, merhumyň belli günlerini bellemek üçin kömek ýa-da pul kömegi. Adatça aýdylýan: "Kömek gerek bolsa, aýdaýyň!" diýen ýaly ýüzlenmeler peýdasyz bolup galýar.

Merhumy ýatla we ýatlamalary paýlaş

Gam-gussany azaltmak we ýeňip geçmek üçin merhumyň obrazyny hakykatdan ýatlamalar dünýäsine geçirmek zerurdyr. Patasy berilýän günler we ondan soň hem onuň bilen ýaşalan günleri, onuň hereketlerini, sözlerini, eden möhüm işlerini ýatlamak ýitgi agyrsyny azaltmaga we gam-gussany ýeňip geçmäge goldaw berýär.

Merhumy ýatlap, aýat-töwür okamak, sadaka bermek hem onuň bilen ruhy baglanşygy güýçlendirmäge kömek edýär.

Ömrüň we ölümiň manysyny gözle

Ýakynmyzyň ýa-da tanşymyzyň ölümi bize ömrüň manysy we ölümiň hakykatlygy barada pikirlenmäge itergi berýär. Näme üçin men ýakynymy ýitirdim? Ölümden soň näme bolup geçýär? Ölüme taýynlanyp bolýarmy? Bu soraglaryň hemmesine hemişe jogap tapyp bolmaýar.

Ýöne ýakyn adamyň müdümilige gitmegi ölümiň adaty we bolaýmaly hadysadygyny görkezýär. Ölüm merhumyň durmuşy, eden işleri, adamlar bilen gatnaşygyny gözden geçirmäge, galyberse-de seniň durmuşyňa seljerme bermäge itergi berýär. Sen bu Jahanda adam ömrüniň çalt geçýändigine düşünýärsiň. Şonuň üçin hem: "Bu gün göreniň, ertir ýok" diýýärler.

Edil şonuň üçin hem, ertir giç bolmaz ýaly, su gün adamlara ýagşylyk etmäge, olara garşy ýüregiňi açmaga howlukmalydygyna düşünýärsiň.

Ýazgyda beýan edilýän pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli bolup, redaksiýanyň garaýyşlaryna gabat gelmän biler.

Ulanylan çeşmeler:

↪ Элизабет Кюблер-Росс "О смерти и умирании" 2016 г.

↪ Вероника Семенова "Лики скорби. Как справиться с болью потери." 2020 г.