SEBITIMIZDE WE ÝURDUMYZDA ADAM SÖWDASY: SANLAR WE MASLAHATLAR

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

adam sowdasyAdamy güýç, aldaw ýa-da haýbat bilen islendik bir zähmete ýa-da jynsy gatnaşyga itermeklige adam söwdasy diýilýär. Dünýäde her ýyl millionlarça adam munuň pidasy bolýarlar. BMG-nyň Neşe serişdeleri we jenaýat boýunça edarasynyň 2023-nji ýylyň ýanwarynda çykaran "Adam söwdasy dogrusynda global hasabaty" bu meselä degişli sebitleýin ýagdaýlar we tendensiýalar barada habar berýär.

Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa (GÝMA) sebitinde adam söwdasy

GÝMA sebitinde 2020-nji ýylda adam söwdasynyň pidalaryny ýüze çykarmak 9% ýokarlandy. Şeýle-de bolsa, adam söwdasy jenaýatçylygyna edilýän gözegçilik we görülýän çäreler ep-esli azaldy. Jenaýatkärleri tapmak üçin geçirilýän derňewleriň, sud yzarlamalarynyň hem-de günäkärleýji kararlaryň sany bütin sebitde düşdi.

Gündogar Ýewropada adam söwdasyna sezewar edilenleriň aglabasy erkekler, Merkezi Aziýada welin aýallar bolup çykdy. Gündogar Ýewropada anyklanan pidalaryň 90%-e golaýy mejbury zähmet üçin ekspluatasiýa edilýär, emma Merkezi Aziýada bolup geçen adam söwdasynyň 75%-i jynsy ekspluatasiýadan düzülýär. Jynsy ekspluatasiýa esasan köpçülik ýerlerinde bolup geçýär we ten söwdasy edilýän ygtyýarnamasyz öýleri, ygtyýarnamasyz klublary we barlary öz içine alýar. Şol sanda mejbury zähmete mejbur edilmeler galapyn gurluşyk ýerlerinde hasaba alnypdyr.

GÝMA sebitinde adam söwdasynyň pidalarynyň ählisi diýen ýaly öz ýurtlarynyň çäginde ekspluatasiýa edilipdirler. Merkezi Aziýada jenaýata çekilen adam söwdasyny edýänleriň 80%-den gowragyny aýallar düzýär.

Türkmenistanda adam söwdasy

GÝMA döwletleriniň içinde diňe Türkmenistan hasabata girizilmändir. Emma welin, ABŞ-nyň Döwlet Departamenti 2022-nji ýylda adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça Türkmenistany 3-nji Derejeli ýurtlaryň sanawynda goýýar. Çünki Türkmenistan adam söwdasynyň soňuna çykmak üçin edilýän minimum talaplary berjaý etmeýär we ony berjaý etmek üçin üýtgeşik tagalla görkezmeýär. Ullakan tagallalar kemçilik etse-de, ýurt adam söwdasyna garşy habardarlyk kampaniýalaryny geçirmek we el bilen pagta ýygmagy azaltmak üçin mehaniki esbaplary satyn almak ýaly, birnäçe çäreleri gördi. Muňa garamazdan, hökümet çagalary we ululary mejbury pagta ýygymyna, jemgyýetçilik işlerine hem-de dürli pudaklardaky dürli çärelere gatnaşdyrmagyny dowam etdirdi. Türkmenistanyň hökümeti 2022-nji ýylda adam söwdasy dogrusynda hiç hili derňewleri, sud yzarlamalaryny hem-de günäkärleýji kararlary hasap bermedi; mejbury zähmete çekmek jenaýatyna goşulandygy sebäpli hiç bir ýolbaşçyny jogapkärçilige çekmedi; adam söwdasynyň pidasy bolan hiç bir adamy anyklamady; we pidalara kömek berýän hiç hili programmalary maliýeleşdirmedi.

Türkmenistana adam söwdasyna garşy göreşmekde aýgytly ädimleri ätmek üçin berilýän maslahatlar:

↪ Mejbury zähmeti talap edýän ýa-da oňa ýol açýan hökümet kararlaryny we buýruklaryny doly aradan aýyrmaly.

↪ Garaşsyz synçylara pagta hasylynyň ýygnalyşyna erkin gözegçilik etmäge we ol barada hasabat bermäge doly ygtyýar bermeli. Işçileriň ýagdaýlary barada hasabat ýygnaýan şahslara azar berilmegini, sütem we tussag edilmegini bes etmeli.

Zähmet Kodeksiniň 8-nji maddasynda raýatlaryň jemgyýetçilik işlerine çekilmegine rugsat berýän kepillige düzediş girizmeli.

Jenaýat Kodeksiniň 128-nji maddasy esasynda güman edilýän jyns we adam söwdalaryny derňemeli we jenaýata çekmeli.

↪ Adam söwdasynyň pidalaryna goldaw berýän hyzmatlary üpjün etmeli ýa-da şeýle hyzmatlary üpjün edýän guramalary maliýeleşdirmeli.

↪ Polisiýa we migrasiýa işgärlerini hem-de degişli paýdarlary adam söwdasyny edýänleri anyklamaga we derňemäge, şeýle-de pidalary anyklamaga we goranyş hyzmatlaryna ugrukdyrmaga taýýarlamaly.

↪ Mejbury zähmeti anyklamagy we öňüni almagy güýçlendirmek üçin ýörite muňa gözegçilik edýän işgärleri taýýarlamaly.

↪ Adam söwdasy hadysalary barada habar berilýän gyzgyn liniýa döretmeli we ony ejiz toparlara ýetirmeli.

↪ "Adam söwdasyna garşy hereket etmek" kanunynyň kepilliklerini durmuşa geçirmek dogrusynda degişli hökümet edaralarynyň bilimini we taýýarlygyny pugtalandyrmaly.

↪ Döwlet kampaniýalaryny geçirmek ýa-da döwlete degişli däl guramalaryň kampaniýalaryna goldaw bermek arkaly, ilatyň adam söwdasy hem-de şahsyň zähmet hukuklary baradaky bilim-düşünjesini artdyrmaly.