OKYJYDAN GELEN HAT: DAŞARY ÝURTDA BEJERGI ALMAGA RUGSAT BERMEÝÄRLER

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

okyjydan hatMen syrkaw, 6 ýyldan bäri ysgynsyzlyk keselinden ejir çekýän. Ysgynsyzlyk 6 ýylyň içinde ýuwaşdan tutuş bedenime ýaýrap, elimiň aýagymyň güýç kuwadyny gaçyrýar. Bu ýerde köp hassahanalarda bejergide boldym, her 6 aýdan näçe çykdaýjy etdim, hiç peýdasy bolmady.

Onsaň daşary ýurda gitmek kararyna gelip arza ýazdym. Hindistandan çakylyk getirtdim. Soňra meni daşary ýurda ugratmak boýunça komisýa çagyrdy. Ol ýerdäki doktarlar "öňki diagnozyň ýalňyş bolypdyr" diýdiler. Olar maňa daşymdan seredip täze diagnoz goýdylar: Gapdal Amiotrofiki Sklerozy Bil debýoty Ýokary derejeli tetreparez Bulbar sindromy. Komisýa maňa "bu keseli hiç ýurt bejerip bilmeýär, biziň etjek komegimiz, dermanymyz ýok, gitde öýiňde ýatyber" diýdi we maňa Hindistana gitmäge rugsat bermediler. Menem näme etjegimi bilemok...

Men hazir birnemejik ýöreýärn, kynlyk bilen oturyp turýaryn. Ýagdaýym mundanam beterlemez ýaly öňini alasym gelýär, ýöne gynansakda bu ýerde maňa gerek dermanlar ýok. Men saglygymy bejertmäge dowlet tarapyndan kömek, goldaw berilmegini isleýärin we dermanlary getirmäge döwletiň rusgat bermegini hantama bolýaryn.

BELLIK: Saglyk okyjylaryň diňlenilip we diňläp bilmesi, birek-birek bilen tejribe paýlaşyp, birek-birekden öwrenip bilmesi üçin howpsuz gurşaw hödürleýär. Saglyk okyjylaryň hatlarynda beýan edilýän wakalary ýa gozgalýan meseleleri derňemeýär we olaryň hakykylygyna jogapkärçilik çekmeýär.