LUKMANÇYLYK KÄRINIŇ AÝRATYNLYKLARY BARADA PIKIR ÝÖRETMELER

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.56 (41 Ses)

Lukmançylyk käri islendik jemgyýetde hem hormatlanýan hünärleriň hataryna degişli edilýär. Ýöne lukmançylygyň diňe bir kär dälde, tebigat tarapyndan adama berlen hünär başarnygydygyny we bu kärde zähmet çekmek üçin ony söýmegiň zerurdygyny hem aýratyn belläp geçmelidir. Gadymy Gresiýanyň beýik pelsepeçisi Sokratyň bellemegine görä: "Dünýäde hemme hünärler-adamlardan, ýöne diňe üçüsi – Hudaýdandyr: kazy, mugallym we lukman".

Ak ýektaýly lukmanlaryň dünýäde iň gymmatly we tapylgysyz bolan Adam Saglygynyň Goraýjysydygyny we olaryň jemgyýetde uly sylag-hormata, ynama eýediklerini biziň hemmämiz hem bilýäris. Hut su hünär häsiýetlendirmesine eýerip, müňlerçe oglan-gyzlar bu käri saýlamagy ýüregine düwýärler.

Ýöne öz käriňi hormatlap, onuň abraýyny gorap we saklap işlemek üçin (eger Siziň beýle edermenlikleri amala aşyrmaga islegiňiz bar bolsa) lukmançylyk käriniň köp aýratynlyklary bilen tanyşmak zerurdyr. Size düşnükli bolar ýaly, bu käriň esasy aýratynlyklarynyň üstünde gysgaça durup geçeýin:

1. Taýýarlyksyz, tötänden gelen adama lukmançylykda işleme kynçylyk döredip biler. Bu käri diňe žurnallarda görkezilýän, boýnunda fonendoskop asylan, arassa ak ýektaýly, ýylgyryp duran lukmanlaryň häsiýetlendirmesi ýaly kabul etmeli däldir. Eger Siz gan, jeset göreniňizde diň-arkan gaýtmaga, adamyň bölünip çykmalary eliňize degen wagty agzyňyzy tutup hajathana ylgamaga meýilli bolsaňyz, bu käri saýlap oturmagyň geregi ýokdur.

2. Töwerek-daşyňyzdaky adamlara sylagyňyz we söýgüňiz, olara gije-gündüziň islendik çagy kömege gelmäge, olaryň arzyny diňlemäge islegiňiz we takatyňyz bolmasa bu hünärde abraý almarsyňyz. Kiçijik çagadan (eger Siz çaga lukmany bolsaňyz) başlap, elbetde uly adama çenli özüne bolan mähirli, ünsli gatnaşygy ýa-da biperwaý gatnaşygy tapawutlandyrmaga ukyplydyr. Ýüzüni çytyp, gapydan gelen adama gödek we batly, äsgermezlik bilen jogap berýän lukmanyň kabul ediş otagynyň gapysynyň seýrek açyljakdygy ikiuçsyzdyr. Wagtyňyzyň çäklidigine, işiňiziň ummasyz köplügine, maşgalaňyzda dörän ýagdaýlara (öýüňizde abatlaýyş işleri gidýär, çagaňyzy çagalar bagyndan alyp ýetişip, bazara hem sowulmaly we ýene-ýeneler) garamazdan, hemişe öz emosional durkuny gözegçilikde saklamaga başarma lukmana diýseň zerurdyr.

3. "Okamak, okamak we ýene-de okamak". Bize tanyş bu jümle lukmançylyk işine diýseň gabat gelýär. Elbetde, ilki bilen Siz lukmançylyk Uniwerstitetinde, internaturada, islegiňiz bolsa ordinaturada okap (jemi 7-9 ýyl) bilim alarsyňyz. Lukmançylyk okuw jaýynda, başga okuw jaýlaryna garanyňda kop okamagyň zerurdygy hemmelere bellidir. Ýöne lukmançylyk ylymy bir ýerde durman ösýär, kämilleşýär, ylmyň täze gazanan açyşlarynyň "miweleri" bilen baýlaşýar. Kämilleşdiriş okuwlaryny geçme, tejribeli, kärine ökde lukmanlaryň iş usullary bilen tanyşma, täze neşir edilen lukmançylyk edebiýatyny alyp okama zerurlygy hemişe ýüze çykýandyr. Häzir öz ähmiýetini ýitiren, ýöne mundan 2-3 ýyl öň ýörgünli bejeriş usulyny näsaga belleme peýda getirip, Siziň lukmançylyk abraýyňyzy galdyrmazmyka diýip pikir edýärin. Siz hemişe hühärmenlik taýdan sowatly bolmaga çalyşmaly. Şahsy kämilleşmegiň belli bir maliýe çykdaýjylary hem talap edýändigini ýatda saklamalydyr.

4. Lukmançylyk kärinde aýal maşgalalara köplenç maşgala bilen hünärmenlik basgançagyndaky ösüşiň arasynda saýlama geçirmeli bolýar. Hemişe kämilleşme talaby, köplenç näsagyň ýanynda işde saklanma, islendik wagt işe çagyrylma, işde nobatçylyk etme, näsaglaryň öýlerine lukmançylyk çagyrşyna barma ýaly kär aýratynlyklary aýal maşgalany öz maşgalasyna bermeli ünsünden jyda düşürýär. Şol sebäpden hem, zenan lukmanyň ýanýoldaşynyň onuň käriniň aýratynlyklaryna düşünip, hemişe goldaw bermegi zerurdyr. Hut şonuň üçin hem, açyk aýdylmasa-da, lukmançylyk kärleriniň käbirlerinde (reanimatologlar, hirurglar, trawmotologlar) erkek adamlaryň işlemegi ýerlikli hasaplanýar.

5. Lukmanlaryň işine mahsus dowamly stress, ýadawlylyk, käbir derman we arassalaýjy himiki serişdeler bilen işleme, ýokançlykly bölünip çykmalar we gan bilen galtaşykda bolma lukmanlaryň saglyk ýagdaýynyň peselmeginiň sebäbi bolup bilýär. Statistiki maglumatlara görä, lukmanlaryň arasynda ýokanç keseller (wirusly gepatit, uçuk we beýleki wirusly ýokançlyklar), gan basyşyň ýokarlanmagy, süýji keseli, howply täze döremeler, aýagyň warikoz keseli, tromboflebit keseli has ýygy duş gelip, olaryň ýaşaýşynyň dowamlylygyna täsirini ýetirýändir.

6. Siziň islegiňize garamazdan, Täze ýyl baýramçylygynda, Aýal-gyzlar baýramynda, öz ýa-da çagalaryňyzyň doglan günlerinde hem işläp, nobatçylyk etjekdigiňize taýyn bolmaly bolarsyňyz.

7. Siz nirede bolsaňyz hem (toýda, oturlyşykda, ýas ýerinde), töweregiňizdäkileriň Siziň lukmandygyňyzy bilip, öz kynçylyklary, soraglary, haýyşlary bilen Size ýüzlenmegi mümkin. Bu ýagdaý kösençlik ýaly däl-de, öz käriňiziň aýratynlygy ýaly seredilmegi we Sizden sabyrly bolmagy talap eder.

8. Siz lukman bolup işläp başlan ilkinji günleriňizden öz Lukmançylyk Abraýyňyzy döretme ugrunda iş alyp barmalysyňyz. Abraýyň bu görnüşi sowatlylyk, näsaglara we olaryň garyndaşlaryna ýakyn, mähirli gatnaşyk, ünslülik, takatlylyk bilen gazanylýar. Başga hiç zatlaryň (pul, gedemlilik, uly orny eýeleýän daýyň) lukmançylyk abraýyny gazanmaga kömek edip bilmejekdigini men Size açyk aýdaýyn. Wagtyň geçmegi bilen bu abraýyň Seniň lukmançylyk jemgyýetde ornuňy pugtalandyryp, maddy ýagdaýyňy hem (men parahorlugy göz öňüne tutman, näsaglaryň minnetdarlygynyň görnüşini göz öňüne tutýaryn) gowulandyrjakdygyny, ýöne ol Abraýy saklamak üçin hemişe işlemelidigini belläsim gelýär.

Lukmançylyk hünärini saýlamagy ýüregine düwen ýaş jigiler ýokardakylary okap, megerem ikirjeňlenerler. Bu käriň saýlawyna taýynlykly gelip, adamlary hakykatdan hem gowy görýän bolsaňyz, onda men Size üstünlik we rowaçlyk arzuw edýärin.

Lukmançylyk käri ýokary we güňişleýin bilim alyp, jemgyýetiň bilimli adamlarynyň hataryny eýelemäge, köp tanyşlyklary açmaga we adamlaryň hormatyny we söýgüsini gazanmaga mümkinçilik berýär.

Hünär kynçylyklaryna garamazdan, täzeden hünär saýlama mümkinçiligi maňa berlen bolsa, men ýene öz lukmançylyk kärimi saýlardym. Şuny men owadanlyk üçin aýtmaýandygyma Sizi ynandyrasym gelýär.

Lukmançylyk ulgamynda 20 ýyl zähmet çekýän lukman.