ELLERIŇ AGYRMAGYNYŇ WE GURŞMAGYNYŇ SEBÄPLERI WE BEJERGISI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.72 (18 Ses)

Ellerde döreýän agyrylar köplenç halatdarda bir taraplaýyn, haýsy hem bolsa bir elde ýüze çykyp durýan ýagdaýdyr. Bu ýagdaýda agyry tutuş elleriň özünde, käwagt haýsy hem bolsa bir böleginde peýda bolýar. Bu bolsa eliň myşsalarynyň aşa dartgynlylygy we uzak wagtlap bir ýagdaýda oňaýsyz şertde işlenilende ýüze çykyp bilýändir.

Şeýle hem köp ýagdaýlarda elleriň ýumşak we süňk dokumalary şikeslenmä sezewar bolagan bolýar. Islendik ýagdaýda yzygiderli barlag-anyklaýyş çärelerini geçirip, agyrynyň sebäbini anyklamak hökmandyr.

ELDE DÖREÝÄN AGYRYLARYŇ SEBÄPLERI

Elde döreýän agyrylar biziň mümkinçiliklerimize ýaramaz täsir edip, hereketlerimiziň çäkli bolmagyna, oňaýsyzlyga getirýär. Elde döreýän agyry alamatlarynyň has köp sebäpleri höküminde:

► Boýun we egin myşsalarynyň ýiti mioziti;

► Oňurgara birikmeleriniň kadaly ýagdaýdan süýşmegi;

► Protruziýa ýa-da boýun-döş oňurgara disklerde inginiň ýüze çykmagy bellenilip bilner.

Bu ýagdaýlar aýratyn hem bir elde tutuş agyry alamatlaryny döredýän sebäplerdir.

Aşakdaky ýagdaýlarda agyry esasan çigin töwereklerinde bolýar we ýokary ýa-da aşak taraplara hem ýaýrap bilýar: boýun, pilçe, döş kapasasyna we ş. m.

→ Pilçe-çigin periartriti;

→ Çigin bognunyň artrozy we artritleri;

→ Çigin bognunyň damarlarynyň zeperlenmegi ýa-da gysylmagy netijesinde gan aýlanşygynyň bozulmagy;

→ Ýürek näsazlyklary.

Agyry alamatlarynyň tirsekde, bilekde, penjede, barmaklarda bolmagynyň sebäpleri:

⇒ Tirsek bognunyň artrozlary we artritler;

⇒ Tirsek bognunyň bursit we epikondilitleri (bognuň bölekleriniň sowuklamagy);

⇒ Goşar sindromy – köplenç sag eliň goşarynda, bilek-tirsek bognuna aşa agram düşmegi netijesinde döreýär. Esasan hem kompýuter bilen köp wagtlap işleýän adamlarda ýüze çykýar;

⇒ Bogunlaryň şikesi;

⇒ Newrologik keselleri we ş. m.

Eldäki agyry bilen birlikde döreýän goşmaça alamatlar:

♦ çişler;

♦ barmaklaryň gurşmagy;

♦ beden gyzgynlygynyň ýokarlanmagy;

♦ myşsalaryň gowşaklygy;

♦ deriniň gyzarmagy.

Elde döreýän agyrylary anyklamak

Adatça ellerde döreýän agyrynyň sebäbini anyklamak aňsat hem düşmeýär. Ilkinji nobatda ýaşaýyş üçin howply bolan ýürek kesellerini, oňurgalaryň şikeslerini, boýun-döş oňurgara ingilerini aradan aýyrmalydyr. Düzgün boýunça bu ýagdaýlary anyklamak üçin rentgen, EKG, kompýuter tomografiýasy ýaly anyklaýyş usullary kömek edip biler.

Goşmaça anyklaýyş usullary bedendäki autoimmun ýagdaýlary we ýokanç-sowuklama hadysalary anyklap biler. Artritleriň, rewmatizmiň barlygy çaklanan halatlarynda ganyň ýörite barlaglaryny geçirmek talaba laýykdyr.

Bejergisi

Ilkinji nobatda agyrynyň sebäbini aradan aýyrmalydyr. Şeýle hem bolsa, güýçli agyrylarda lukmanlar alamatlary nazara alyş bejergä ýüz urmaly bolýarlar – bu agyrsyzlandyryjy, sowuklama alamatlaryny peseldiji we dokumalaryň iýmitlenmesini gowlandyryjy derman serişdeleridir. Owkalama usullarynyň hem oňat peýda berýändigini belläp geçmeklik ýerliklidir.

Elde döreýän agyryda tolkun-urgy bejergisi (TUB).

Tolkun-urgy bejergisiniň ilkinji seansyndan soň zeperlenen ýerde çişler we agyry alamatlary aýrylýar. Doly tapgyrlaýyn bejergisi ötüşen sowuklama hadysasyny we zeperlenen süňk-bogun ýerlerini kadalaşdyrýar. Zeperlenen ýerdäki dokumalarda gan aýlanyş ýeňilleşýär. Tolkun urgy bejergisini şikeslenmeden we operasiýadan soň döreýän agyrylarda hem ulanyp bolar. Uzak wagtlap gipsli ýa-da Ilizarowyň enjamynda bolan ellerde dikeldiş-sagaldyş çäreleri geçirlende hem tolkun-urgy bejergisi gowy netije berýändir. Tolkun-urgy bejergisi sport lukmançylygynda peýdalanylýan has oňaýly usullaryň biridir. Bu usul türgeniň tiz wagtdan kadaly ýagdaýa gelip, täzeden türgenleşige girişmegi üçin amatlydyr.

Elde döreýän agyrylaryň öňüni almak üçin:

► sagdyn fiziki hereketjeňligi saklama;

► bogunlary üşetmekden we sikeslendirmekden ägä bolma;

► zähmet we dynç alyş düzgünleri ýerine ýetirme;

► iýýän iýmitiňize üns bermek WAJYPDYR.

ELLERIŇ GURŞMAKLYGY

Diýseň köp duşýan alamatlaryň biri bolup, bozulma ýa-da kadaly ýagdaýda elleri iýmitlendirýän damarlaryň uzak wagtlap gysylmagy netijesinde döreýän häsiýetdir. Gurşmaklyk beýleki alamatlar bilen utgaşyp gelip, ulgamly näsazlyklar dörän ýagdaýynda howsala döredýändir.

Elleriň gurşmaklygynyň sebäpleri

Eliň duýujylygyna täsir edip, gurşmaklyga getirip biljek sebäplerden aşakdaky ýagdaýlary belläp geçmek bolar:

► Boýun oňurgasynyň osteohondrozy – oňurga ýiliginden çykyp ellere jogap berýän nerw süýümleriniň gysylmagy netijesinde onuň gurşmagy bolup biler. Şeýle gysylma elleri gan bilen üpjün edýän damarlarda hem ýüze çykýändyr.

Bedeniň oňaýsyz ýagdaýda bolmagy – bu ýagdaýda elleriň damarlarynyň mehaniki gysylmagy netijesinde dokumalaryň gan bilen üpjünçiligi bozulýar we gurşma getirýär. Eger bu ýagdaý uzaga çekse, dokumalaryň ölmegi bilen yzyna gaýtaryp bolmajak çynlakaý bozulmalaryň döremegine sebäp bolup biler.

Goşar sindromy – belli bir kärde işleýän toparlara häsiýetli bolan bu ýagdaý esasan hem sazandalarda, kompýuter bilen işleşýän adamlarda, suratkeşlerde, sürüjilerde ýüze çykýandyr. Uzak wagtlap goşarlary hereketlendirip işlemeli bolýandyklary üçin eli sazlaýjy nerwiň gysylmagy, ýadamagy bilen baglydyr.

Gan damarlarynyň geçirijiliginiň bozulmagy – oňurgara ingileriniň ýa-da süňk ösüntgileriniň oňurga arteriýasyny basmagy, gan damarynyň içinde aterosklerotiki ýasmajyklaryň döremegi, gan lagtalarynyň döremegi we başga howply ýagdaýlar.

Reýno keseli – elleriň gan bilen üpjün edijiligine jogap berýän kiçi gan damarlarynyň hereketleriniň bozulmagydyr. Bu kesel üçin maýda damarlaryň yzygiderli we wagtal-wagtal gysylmagy netijesinde elde gurşmaklygyň we sowuklygyň peýda bolmagy häsiýetlidir.

Näsazlyk ýagdaýlaryny anyklamak

Lukmanyň wezipesi gurşmaklygyň sebäbini anyklamakdyr. Şeýlelik bilen, oňurga-süňk ulgamyndaky näsazlyklary aradan aýyrmak, ýürek-damar kesellerini ýüze çykarmak, hünär bilen bagly döräp biljek ýagdaýlary anyklamak birinji nobatda durýandyr. Reýno keselinde alamatlar iki elde hem birlikde döreýandir, şeýle hem bu kesel nesilleýin geçijidir. Bu keselde gurşmaklyk, deriniň sowamagy, guraklyk we agarmagy bilen bilelikde ýüze çykýandyr. Damarlaryň gysylyp giňäp durmagy netijesinde deriň reňki ak-gyzyl bolup üýtgäp durýandyr.

Oňurgalaryň osteohondrozynda doly we dogry anyklaýyş usullaryň biri rentgen we ýadro-magnit-rezonans skanirlemesidir. Bu usulda onurgara diskleriň ululygyna, bar bolan osteofitlere – süňk ösüntgilerine, oňurgara ingilerine gözegçilik edip bolýar.

Elleriň gurşmagynyň bejergisi

Elleriň gurşmagynyň bejergsiniň esasy maksady dokumalaryň gan bilen üpjünçiligini gowlandyryp, iýmitlenişini dikeltmekdir. Şu jähtden ugur alyp, bejergi bilen esasan ýerli gurşýan bölege täsir etmeklik ýerliklidir:

► Manual (el bilen) täsir etmeklik – ganyň az barýan ýerlerinde gan aýlanşygy gowlandyryp, myşsalary, bogunlary gowşadýar, gysylýan gan we nerw damarlarynyň dartgynlylygyny peseldýär.

Fizioterapiýa – gurşýan ýerde dokumalaryň iýmitlenmegini gowlaşdyrýar, gyraky gan aýlanşy işjeňleşdirýär. Elektro we fonoforez täsir etmeleri şikeslenen ýere derman serişdeleri ulanmaklyk bilen birlikde bellenilýär. Mikrotolkunly, lazer bilen bejergi, ultrases usullary täsirli bolmak bilen dokumalaryň gan aýlanşygynyň ýokarlanmagyna itergi berýär.

Bejeriş maşklary – hereket ediş kynçylyklaryny aradan aýyrmak, myşsalary we bogunlary berkitmek üçin netijelidir. Bu usulda ulanylýan işjeň hereketlilik netijesinde gan üpjünçiligi hem kadalaşdyrylýar.