LIPOMA : SEBÄPLERI, ALAMATLARY WE BEJERGISI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.27 (15 Ses)

Lipoma – ýag dokumasyndan emele gelýän howply bolmadyk täze döremedir. Köplenç deriniň üstki gatlagynyň aşagynda ýerleşip, ýekeje çiş bolup ýüze çykýarlar, ýöne deriniň hemme gatlagynda, hat-da myşsa gatlaklarynda hem peýda bolup, köpleýin hem ýüze çykyp bilýärler. Lipomalaryň ösüşinde howply çiş keseline geçmek töwekgelçiligi örän kiçi bolup, ol haýal ösýändir.

Lipomanyň derasty ösýän görnüşi has köp duş gelip, peýda bolýan lipomanyň 95% görnüşi ýekelikde ýüze çykýandyr. Toparlaýyn ýüze çykýan görnüşleri endokrin näsazlyklary bolan adamlarda köp gabat gelýär. Şeýle hem köplük bolup ýüze çykýan görnüşi erkek adamlara garanyňda, aýallarda ýygy duşýar.

Lipomalar bedende dürli dokumalardan döräp bilýärler: derasty, myşsalardan (miolipomalar), nerw süýümleriň ýanyndan, mäzlerden (adenolipomalar), içki agzalardan.

Lipomalaryň ulalmagy näsagda oňaýsyzlygy döredip (bedeniň niresinde ýerleşýänine baglylykda) biler. Haçanda köp sanly lipomalar elde ýa-da aýakda peýda bolanynda, eliň, aýagyň hereketleri çäklenip, dokumalaryň gan üpjünçiliginiň bozulmagyna getirýär. Lipoma çalt ösende myşsalaryň hereketiniň ýiti bozulmalary bolup bilýändir.

Haçanda lipoma ösüp, ulalyp başlanda töweregindäki damarlary, nerwleri we dokumalary gysyp ugraýar. Bu ýagdaý bolsa agyry, çişler, duýujylygyň bozulmagy ýaly alamatlaryň ýüze çykmagyna sebäp bolup biler.

Sebäpleri

Lipoma ilkibaşda deride kiçijik ölçegde peýda bolýar. Ellenilende ýa-da degilende hiç hili agyry alamatlary bolmaýar. Lukmanlar lipomanyň ýüze çykmagynda nesilleýin meýillikleriň täsiriniň bardygyny belleýärler. Käbirleri bolsa lipomanyň ýüze çykmagyna iterýän başga sebäpleriň bardygyny nygtaýarlar. Şeýle hem bolsa, keseliň ýüze çykmagyna iterýän anyk sebäpler häzirki wagtda ýüze çykarylmady.

Lipomanyň ýüze çykmagyna itergi berip biljek täsirler:

► 40 ýaşdan uly adamlar;

► bedene täsir edýän söhleler;

► çilimkeşlik;

► immunitetiň pesligi;

► witamin, belok ýetmezçilikleri;

► süýji keseli;

► lipid (ýag) çalşygynyň bozulmagy bilen geçýän keseller (nesilden-nesle geçýän keseller hem);

► dokumalaryň gysylmagy we şikesler.

Eger iki ýa-da birnäçe sebäpler bolan halatynda lipomanyň çalt ösüp ulalmagy mümkindir. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, lukmanlar keseliň ýüze çykmagynda nesle geçijiligiň uly täsiriniň bardygyny belleýärler. Eger maşgalanyň agzasynyň birinde lipoma dörän bolsa, beýlekilerinde hem onuň ýüze çykmak töwekgelligi ýokarlanýandyr.

Lipoma özüne mahsus bolan alamata eýedir: näsagyň horlanmagy bilen ol kiçelmeýär, kähalatlarda ösmek bilen bolýar. Howply çiş keseline öwrülmegi örän seýrek halatlarda, myşsa ýa-da birleşdiriji dokumalarynda öseninde ýüze çykyp bilýändir. Eger lipoma nerw süýümlerine zeper ýetirip, gysyp ugran ýagdaýynda agyry alamaty döreýändir.

Alamatlary

Lipomanyň ilkibaşda hiç hili çynlakaý bir alamatlary bolmaýar ýa-da nasagyň ýaşaýyş hiline hiç hili täsirini ýetirmeýär. Adamlaryň aglaba bölegi lukmana ýüz tutmak üçin esas görmeýärler, çünki ol bedende zyýansyz, töweregindäki dokumalara zeper ýetirmeýän kiçijik bir çişjagaz mysaly kabul edilýär. Lipomanyň üstüni örtýän deri hiç hili reňkini üýtgetmeýär we hereketini saklaýar.

Eger näsag fizioterapiýanyň islendik görnüşini kabul edýän bolsa, özünde lipomanyň bardygyny bilen halatynda bu barada bejeriş emlerini geçiriji lukmany habardar etmelidir. Fizioterapiýa çäreleri ters täsir edip, lipomanyň has çält ösmegine getirip biljekdir. Şonuň ýaly-da, eger bedeniňizde haýsydyr bir çişjagaz ýüze çykarylan halatynda lukmandan rugsatsyz owkalama geçirmek gadagandyr!

Ýag dokumasyndan diňe bir lipomalar emele gelmän, eýsem ateroma (ýag çykarýan mäzlerden döreýän döreme) hem döräp bilýändir. Ateromalar lipoma meňzeş bolup, olaryň tapawudyny tejribeli lukmanlar saýgaryp bilýändir:

♦ Ateroma deriniň ýag mäzlerinden peýda bolýandyr. Lipoma bolsa hemişe ýag dokumasynyň töwereginde ýüze çykmaýar;

♦ Ateroma ýag mäzlerini dykýar, lipoma ýag mäzlerine täsir etmeýär;

♦ Lipoma deriniň aşagynda döräp, oňa berk birleşmeýär we ol hereketjeň bolýar, ateroma bolsa deriniň bir bölegi bolup, onuň üstünde emele gelýär.

Lipoma adaty ýagdaýda derastynda düwün şekilli bolup, gabyk (kapsula) bilen gurşalyp alynandyr. Tiz ösüp ulalýan halatynda, ýag dokumasy ösüp gurşap alýan gabygyndan çykýar.

Köplenç 1-5 sm ölçegli lipomalar duş gelýän bolsa hem, seýrek halatlarda uly ölçegdäki görnüşlerine hem duşmak bolýar. Uly ölçegdäki lipomalarda aşakdaky alamatlar ýüze çykýandyr:

• lipomanyň peýda bolan ýerinde oňaýsyzlyk, agram bermegi;

• lipomanyň ösüp deriden sallanmagy;

• sallanýan lipomada gan aýlanşygynyň peselmegi we onuň has çişmegi.

Lipoma adamynyň saglygyna uly howp ýetirmeýän hem bolsa, ony wagtynda anyklap, gözegçilik etmek we zerur halatlarda bejermek möhümdir.

Anyklanylşy

Eger dörän çiş lipomadyr diýlip güman edilende, lipomadan biopsiýa (dokumanyň bölejigini almak) barlagy geçirilýär. Eger lipomanyň araçäklerini anyklamak zerurlygy ýüze çykanda ultrases barlagy, rentgen, magnit-rezonans ýa-da kompýuter tomografiýasy anyklaýyş usullary ulanylýar.

Deri lipomasyny bu usullary ulanmazdan hem anyklamak mümkindir. Anyklaýyş çäreleri esasan içki agzalardan, myşsalardan döreýän lipomalary ýüze çykarmak we olaryň araçägini kesgitlemek maksady bilen ulanýarlar.

Bejergisi

Lipomalar diňe hirurgiki usul bilen bejerilýär. Hirurgiki bejergi üçin aşakdaky ýagdaýlar görkezme bolup biler:

→ güýçli we dowamly agyry peýda bolanynda;

→ lipomanyň çalt ösýän ýagdaýynda;

→ kosmetiki kynçylyklar dörände (adamynyň daşky görnüşini üýtgedende);

→ töweregindäki agzalary we dokumalary basyp, päsgel beren halatynda.

Lipomanyň bejergisinde aşakdaky usullar ulanylýar:

⇒ Adaty hirurgiki usul – deri gatlagyny kesip, lipomany çykarmakdan we onuň daşky örtügini (kapsulany) gyryp aýyrmakdan ybaratdyr. Lipomanyň täzeden döremezligi babatynda has netijeli usul bolsa hem, deride gelşiksiz tyg yzynyň galmagy we operasiýadan soňky dikeldiş döwrüniň dowamly bolmagy bu usulyň kemçilikleri bolup durýandyr.

⇒ Lazer şöhleleri bilen bejergi – ultratolkun şöhleleri lipoma dowamly we gözegçilik astynda täsir etdirilýär. Zeperlenen bölek gatlaklaýyn aýrylýar we töweregindäki dokumalara zeper ýetirilmeýär. Hünärmenler lazer bejergisini iň amatly usullaryň biri diýip belleýärler. Häzirki wagtda bu usul köpsanly bejeriş hassahanalarynda, kosmetalogiýada giňden ulanylýar. Bu usul dikeldiş döwrüniň gysga bolmagy we tyg yzlaryň galmaýanlygy bilen tapawutlanýandyr.

⇒ Radiotolkunly hirurgiýa usuly – täze usullaryň arasynda netijeliligi boýunça ikinji orundadyr. Bu usulda radiotolkunly şöhleleriň täsiri bilen lipomanyň düzümindäki ýagly dokuma gyzdyrylýar we gatlaklaýyn deriden aýrylyp gaýdýar. Bu usulda kesilen deriden gan akmaýar, şikeslenme az bolýar we radiotolkun şöhleleriň arassalaýjy täsiri ulanylýar.

⇒ Deşip-sordurma usuly – lipoma deşilip, ýöriteleşdirilen abzalyň kömegi bilen içindäki ýag dokumasy sordurylyp alynýar. Bu çäre mikrowideo endoskopynyň kömegi bilen geçirilýär. Ýag dokumalarynyň hemme bölekleriniň we gabygynyň doly aýryp bilinmezligi – bu usulyň kemçiligi bolup durýandyr.

Görkezmeler dörän halatynda geçirmeli bejergi çäresiniň görnüşini ýagdaýa görä lukman kesgitleýändir we näsag bu usullar, dörap biljek gaýraüzülmeler dogrusynda habarly bolmalydyr.