ÝÜREK ARITMIÝASY: SEBÄPLERI, ALAMATLARY, GÖRNÜŞLERI WE BEJERGISI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.20 (5 Ses)

aritmiyaÝürek aritmiýasy – ýüregiň oýandyryjylygynyň, ýygrylşynyň, ritminiň we uruş ýygylygynyň bozulmagy netijesinde ýüze çykýan kadadan daşary ýagdaýydyr.

Kadaly ýagdaýda ýürek bir minudyň dowamynda 60-80 gezek urýar. Ýüregiň her urgusynda onuň bölümleriniň yzygider ýygrylmagy bolup geçýär – ilki alynýürekler, soň mädejikler. Ýüregiň kadaly urgysyndan üýtgän islendik ýagdaýyna aritmiýa diýilýär.

Ýürek keselleriniň we ölümçiligiň statistikasynyň görkezişi ýaly, hemme ýürek keselleriniň arasynda ýurek ritmleriniň bozulmagyndan döreýän ölümçilik 10-15%-i düzýändir.

Aritmiýanyň sebäpleri

Aritmiýanyň her bir görnüşiniň özüne mahsus bolan sebäbiniň bardygyna garamazdan, olaryň köpüsiniň sebäpleriniň meňzeşdigini belläp bolýandyr:

↺ alkogol içgilerini ulanmak, çilim çekmeklik;

↺ energiýa beriji we düzüminde kofein saklaýan içgileri içmeklik;

↺ käbir derman serişdeleri;

↺ ruhy dartgynlyk – stress;

↺ fiziki dartgynlygyň aşa ýokarlanmagy;

↺ galkan şekilli mäziň keselleri;

↺ böwreküsti mäziň keselleri;

↺ ýürek-damar keselleri (ýüregiň işemiýa keseli, ýürek gabsalarynyň näsazlyklary, ýürek ýetmezçilikleri, ýürek kemislikleri, miokarditler we ş. m.);

↺ gan basyşyň ýokarlanma keseli;

↺ süýjili diabet;

↺ beýni çişleri;

↺ kelle-beýni şikesleri;

↺ semizlik;

↺ aýallarda klimaks döwri;

↺ miokard öýjüklerinde kaliý-natriý-kalsiý gatnaşyklarynyň bozulmalary.

Sag adamlarda güýçli emosional tolgunmanyň, aşa doýup iýmekligiň, dar eşigiň, käbir mör-möjekleriň çakmagynyň, aýallarda aýbaşy başlamazdan öňki ýagdaýyň aritmiýany wagtlaýyn döredip bilýändigini ýatda saklamalydyr.

Aritmiýanyň alamatlary

Ýürek ritminiň bozulmalary näsag üçin hiç hili alamatsyz hem bolup bilýändir. Ony diňe EKG barlagynda ýüze çykarmak mümkin. Köplenç ýagdaýlarda ýürek ritminiň bozulmalary dörände üýtgeşik alamatlar duýulýar:

↪ ýürek urgysynyň çaltlaşmagy;

↪ ýürek urgysynyň gowşamagy;

↪ ýürek gürsüldisiniň batlanmagy bilen döşde agyrlyk duýulmagy;

↪ döşde agyry we basyş;

↪ dem gysmaklyk;

↪ başaýlanma;

↪ huşdan gitme (ýa-da şoňa ýakyn ýagdaýlar).

Aritmiýanyň görnüşleri

Bradikardiýa

Bradikardiýada ýürek urujylygynyň ýygylygy minutda 60 we ondan hem pes bolýandyr. Ýüregiň töwereginde oňaýsyzlyklar, başaýlanma we gowşaklyk duýulyp bilner.

Aritmiýanyň bu görnüşi sagat adamlarda dynçlykda we ukyda hem peýda bolup bilýändir. Şeýle hem bradikardiýa gan basyşynyň peselmegi, galkan şekilli mäziň işiniň peselmegi (gipotireoz), käbir ýürek keselleriniň alamatlary bolup bilýändir.

Sinusly tahikardiýa

Sinusly tahikardiýa ýüregiň bir minudyň dowamynda 90 we ondan kän urgy etmegi, döş kapasasynda ýürek urgysynyň has aýdyň duýulmagy bilen tapawutlandyrylýar.

Bu görnüşli aritmiýanyň peýda bolmagyna belli bir derejede hetdenaşa fiziki işjeňlik, emosional dartgynlyk, beden gyzgynlygynyň ýokarlanmagy (ýokanç kesellerde), şeýle hem ýürek keselleri we beýleki sebäpler täsir edip bilýär.

Paroksizmal tahikardiýa

Bu ýürek ritminiň dogry ýöne ýygy bolmagy we duýdansyz ýüze çykmagy bilen häsiýetlendirilýändir. Bu görnüşli aritmiýada ýürek urgysynyň ýygylygy minutda 140-240 urga çenli barýandyr. Beýle ýagdaýdaky adamda gowşaklyk, ýürek urgy sesiniň duýulmagy, derlemeklik ýaly alamatlar bolup geçýär. Bu aritmiýa duýdansyz başlap, duýdansyz hem aýrylýar.

Tyrpyldaýan (mersatelnaýa) aritmiýa

Bu görnüşli aritmiýada alynýürejikleriň myşsalarynyň deň ýygrylma mümkinçiligi bozulýar. Şeýlelikde alynýürejikler tyrpyldap ugraýar. Onuň netijesinde ýürek mädejikleri hem kadasyz, dogty ritmsiz ýygrylyp başlaýarlar. Aritmiýanyň bu görnüşi ýürek kemisliklerinde we kesellerinde, galkan şekilli mäziň kesellerinde, arakhorlukda ýüze çykyp bilýär.

Dem alyş aritmiýasy

Dem alyş aritmiýasy – ýüregiň nädogry ýygrylmagynyň gezekleşip gelmek ýagdaýydyr. Adatça çagalarda we ýetginjeklerde duş gelip bejergini talap etmeýär we bedende üýtgeşiklik döretmeýär.

Ekstrasistoliýalar

Ekstrasistoliýa – ýürek myşsalarynyň wagtyndan öň (nobatdan daşary) ýygrylmagydyr. Döş kapasada güýçlenýän urgy ýa-da urmasy galan ýaly alamat duýulýar Ekstrasistoliýa köplenç wegeto-damar distoniýalarda, miokarditde, çilimkeşlikde, nerw dartgynlylykda, öt haltanyň kesellerinde ýüze çykyp bilýändir. Köplenç ekstrasistoliýa sebäpsiz hem döräp bilýändir. Kadada sag adamda bir gije-gündizde 1500 golaý ekstrasistola ýüze çykyp bilýändir we bu ýagdaýyň bozulmagyna getirmeýär we bejergini talap etmeýär.

Ýürek böwetlenmeleri

Bu görnüşli aritmiýa ýüregiň myşsalary boýunça impuls geçirijiliginiň gowşamagy ýa-da saklanmagy netijesinde döreýär. Böwetlenmeler doly we doly däl görnüşde bolup bilýär. Beýle ýagdaýlaryň özünden gitmeklik we tutgaýlar bilen utgaşyp gelmegi mümkindir. Doly görnüşli böwetlenmede ýürek ýetmezçiligi ýüze çykyp, duýdansyz ölüme getirmek ähtimallygy ýokarlanýar.

Aritmiýanyň gaýraüzülmeleri

Eger aritmiýany wagtynda bejermeseň, onda ol birnäçe keselleriň we ýagdaýlaryň ýüze çykmak howpuny ýokarlandyrýar:

↣ insult;

↣ miokardyň infarkty;

↣ ýiti ýürek ýetmezçiligi;

↣ damarlarda tromblaryň emele gelmegi;

↣ ýüregiň duýdansyz saklanmagy (kliniki ölüm).

Aritmiýalary anyklaýyş çäreleri

Käbir aritmiýalary adam asla duýmaýar we olary anyklamak üçin aşakdaky barlaglar geçirilýär:

⇒ elektrokardiografiýa (EKG);

⇒ ehokardiografiýa (EHKG);

⇒ gije-gündizki ýa-da birnäçe günli EKG monitorirleme;

⇒ USB.

Aritmiýany anyklamakda iň esasy usullaryň biri EKG-dyr. Ýöne bu hem hemişe aritmiýanyň bardygyny görkezmeýär. Sebäbi EKG barlagynda bellenilen wagt aralygynda ýürek urgysy hasaba alynýar, aritmiýa bolsa başga wagtlar duýdansyz we uzaga çekmeýän ýagdaýda ýüze çykyp bilýändir.

Aritmiýanyň bejergisi

Aritmiýanyň netijeli bejergisi üçin, onuň kesel bilen bagly ýüze çykýandygyny ýa-da öz-özünden peýda bolýandygyny anyklamaklyk üçin hökmany ýagdaýda lukman gözegçiliginden geçmelidir. Şeýle hem aritmiýanyň görnüşini kesgitlemek wajypdyr.

Aritmiýanyň bejergisinde derman serişdeleriniň birnäçe toparyny we dermanlar netijesiz bolanda hirurgiki bejergini ulanýarlar.

Aritmiýada ulanylýan derman serişdeleri

Ulanylýan derman serişdeleri ýüregiň öýjüklerini gurplandyrmak we olara täsir edýän ýaramaz şertleri böwetlemek weziplerini ýerine ýetirýärler.

Aritmiýada ulanylýan böwetleýji derman serişdeleri dört topara bölünýär:

↺ Beta-böwetleýjiler – ýürek myşsalaryny simpatik nerw ulgamynyň täsirinden goraýarlar;

↺ Kaliý kanal böwetleýjiler – öýjüklere dynç bermek we täzeden dikeltmek wezipesini ýerine ýetirýärler;

↺ Kalsiý kanaly böwetleýjiler – ýürek ýygrylmalary üçin kalsiý ionlary hökmany bolup durýar, şonuň üçin bu toparyň dermanlary ionlaryň öýjüklere geçmegini böwetleýärler;

↺ Natriý kanaly böwetleýjiler – duýdansyz gyjynmalara we daşyndan gelýän täsirlere garşy ýürek öýjüklerini berkidýärler.

Hirurgiki bejergi usullary

Hirurgiki bejergi usullary seýrek halatlarda, derman serişdeleri netijesiz bolan ýagdaýlarda ulanylýandyr:

↺ Kardiotijendirijini oturtmak (implantirlemek) – ýörite içi elektron enjamly kardiotijendiriji deriasty ýa-da döş myşsasynyň aşagyna oturdylýandyr. Kardiotijendiriji enjama baglanan 2 ýa-da 3 sany elektrodly geçirijiler bolsa gan damarlary arkaly alynýürejige we mädejiklere ýetirilýändir. Ýürek myşsasyny oýandyrýan elektrik tolkunlary döredip, kardiotijendiriji ýüregiň geçiriji ulgamynyň işini ýerine ýetirýändir we kadaly ýygrylmalary üpjün edýändir.

↺ Defibrillýatory oturtmak – bu enjam kardiotijendirijä meňzeş bolup, döş kapasasynyň ýokarky bölegine oturdylýandyr we salnan elektrodlar bilen baglanylýandyr. Defibrillýator oturdylansoň, gerek bolan kadaly ýürek ritmini gazanmak üçin programmirleme geçirilýändir.

↺ Radioýygylykly ablýasiýa – bu usul geçen asyryň 90-njy ýyllarynda işlenilip, aritmiýanyň käbir görnüşlerini bejermäge ýardam berýändir. Bu usulda ýörite kateteriň kömegi bilen uly bolmadyk kesimler edilýär we radiotolkunlar arkaly ýuregiň geçiriji ulgamynyň bozulan ýerleri ýakylýar. Ýakylmaly, bozulan ýerler barada maglumat öňünden elektrofiziologiki barlag netijesinde anyklanylýar.

Aritmiýanyň öňüni alyş çäreleri

Aritmiýanyň öňüni almakda lukmanlar indiki düzgünleri ýerine ýetirmegi maslahat berýärler:

↪ Beden kesellerini wagtynda bejermek (ýokanç keseller, galkan şekilli mäziň keselleri, ýürek-damar keselleri, süýjüli diabet);

↪ Dogry iýmitlenmek (süýji, gowurlan we ýagly iýmitleri çäklendirip, bugda bişirlen iýmitleri, köp mukdarda miweleri, gök-önümleri kabul etmek);

↪ Agyr bolmadyk fiziki hereketler (gezelenç etmek, irdenki maşklar, ýüzmek, welosiped sürmek);

↪ Ýaşaýyş endiklerini dogry gurnamak (ýeterlik ukynyň alynmagy, nerw dartgynlylyga ýol bermezlik);

↪ Ýaramaz endiklerden saklanmak (arak, çilim, energiýa beriji içgiler we ş. m.);

↪ Beden agramyny gözegçilikde saklamak (semizlige ýol bermezlik, eger ol bar bolsa agramy kadalaşdyrmak).