GÖNI IÇEGÄNIŇ RAK KESELI BARADA NÄMELER BILMELI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (4 Ses)

goni iceganin rak keseliRak keselinden ýogalýanlaryň arasynda, öýkeniň rak keselinden soň göni içegäniň ragy ikinji orny eýeleýändir. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) bellemegine görä, 2018-nji ýylda rak keselinden ýogalan 9,6 mln. adamdan 1,8 mln. adam ýogyn we göni içegäniň ragyndan ýogalandyr.

Göni içegäniň ragy 40-60 ýaş aralygynda has ýygy anyklanylýan bolsa-da, ol has ýaş adamlarda hem kesgitlenip bilýär. Erkek adamlar we aýallar deň ýygylykda keselleýärler.

Onuň döremegine näme sebäp bolup bilýär?

Göni içegäniň ragyna getirýän anyk sebäpler belli bolmasa hem, onuň döremegine itergi berýän ýagdaýlary belläp bolar:

Iýmitlenmäniň häsiýeti – iýilýän iýmit täretiň süýşmegine, onuň mukdaryna, içegäniň bakterial florasyna we täret etmeleriň ýygylygyna täsir edýändir. Ýörite geçirlen barlaglar, ýokary kaloriýaly ýaglaryň we çalt özleşýän önümleriň içegeden täretiň haýal geçmeginiň sebäbi bolýandygyny görkezdi. Bu ýagdaýda iýmitiň düzümindäki kanserogen maddalaryň içegäniň diwarlaryna uzak wagtlyk täsir etmegi bolup geçýär we içege öýjükleriniň hem-de peýdaly bakteriýa düzümiň üýtgemegi göni içegäniň ragynyň döremegine itergi berýändir.

Nesil yzarlaýjylyk – eger ýakyn garyndaşlaryň arasynda içegäniň ragyny ýa-da polipini geçirenler bar bolsa, şeýle-de aýallar süýt mäziniň ýa-da ýatgynyň rak keselini geçiren bolsalar, keseliň döreme töwekgelçiligi ýokarlanýandyr.

Semiz adamlar, az hereketli durmuşy alyp barýanlar we ýagly eti köp iýýän adamlar hem göni içegäniň ragynyň döremegine ýykgyndyrlar.

Köplenç göni içegäniň ragy howpsuz polipler görnüşinde başlanýar. Polipler haýaldan ösüp raga öwrülip bilýändirler. Ýekeleýin ýerleşýän polipler howply bolman, köpsanly, ýaýraň ýerleşýän polipler (polipoz) 100% ýagdaýlarda rak keseline getirip bilýändir. Has hem gyldyrganly çişler howply bolup, olar 90% halatlarda howply döremä öwrülýändirler.

Içegäniň alawlama keselleri (başly kolit, Kronyň keseli).

Adamyň ýaşy – göni içegäniň rak keseli bilen keselleýänleriň 90%-i 40 ýaşdan ulydyrlar. Şol ýaşdan soň, göni içegäniň ragy bilen keselleme howpy her 10 ýyldan iki esse artýandyr.

Keseliň alamatlary

Göni içegäniň howply çişleri haýal ösüş we alamatlaryň kem-kemden bildirmegi bilen häsiýetlenýändir. Keseliň esasy alamatlaryna aşakdakylar degişlidir:

↪ Täretiň üýtgemegi-täretiň bolmazlygy ýa-da içgeçme, "lenta görnüşli" täret, täret çykmazdan täret etmäge bolan islegiň döremegi;

↪ Täretde ganyň ýa-da nemiň görünmegi;

↪ Garynda gaýtalanýan agyrylaryň bolmagy;

↪ Garnyň ýellenmegi;

↪ Beden agramynyň birden ýitirilmegi we ysgynsyzlyk ýaly umumy alamatlaryň ýüze çykmagy.

Bu alamatlaryň başga kesellerde hem ýüze çykyp bilýändigine garamazdan, sebäpleri anyklamak üçin haýal etmän anyklaýyş çärelerini geçirmek wajypdyr.

Keseliň anyklaýyş usullary

Göni içegäniň barmak bilen barlagy – esasy we ýönekeý anyklaýyş usuly bolup, artbujagyň gyrasyndan 10 sm. çenli beýiklikdäki döremeleriň häsiýetini, daşky agzalar bilen baglanşygyny ýüze çykarmaga kömek edýändir.

Täretiň gizlin gana barlagy – soňky üç täret böleklerini göze görünmeýän gana barlamadyr. Täretdäki gan-göni içegäniň ragy kesel kesgidini goýmak üçin ulanylýan hökmany alamat däldir. Bu alamat babasyl keseli, içege polipleri ýa-da sowuklama keselleri üçin hem häsiýetli bolýan bolsa-da, ganyň täretde ýüze çykarylmagy kolonoskopiýa barlagyny geçirmäge görkezme bolup durýandyr.

Sigmoskopiýa we rektoskopiýa – sigma görnüşli we göni içegäni endoskopiki abzal bilen barlamakdyr. Bu barlaglary doly kolonoskopiýa edilende hem geçirip bolýandyr.

Kolonoskopiýa – ýogyn içegäni tutuşlaýyn barlamagyň netijeli usulydyr. Artbujakdan salnan maýyşgak endoskop ýogyn içegäniň içini tutuşlaýyn barlamaga, gistologiýa barlagy üçin nusga almaga, polipler anyklanylanda olary aýyrmaga mümkinçilik berýändir. Içegäniň içini gowy görmek üçin öňünden klizmalary etmek bilen ol arassalanmalydyr.

Kompýuter we magnit-rezonans tomografiýasy – beden agzalary we limfa düwünleri barlamak bilen howply döremäniň ýaýraýyş derejesini kesgitlemäge kömek berýär.

Bejergi usullary

Göni içegäniň esasy bejergisi-hirurgiki usullary ulanmakdyr. Howply döremäniň ýerleşmesine we ululygyna baglylykda operatiw usullaryň birnäçe görnüşi ulanylýar:

Göni içege böleginiň garnyň içinde aýrylmagy – howply döreme bilen zeperlenen içege bölegi aýrylyp (rezeksiýa), kesilen bölekler biri-birine tikilýär.

Gartmanyň operasiýasy – täze döreme aýrylyp, içegäniň "ýokarky" bölegi kolostoma görnüşinde daşyna çykarylýar, "aşaky" bölegi tikilýär. (kolostoma garyn boşlugynyň öňki-gapdalky diwaryna çykarylýan içege bölegi).

Göni içegäniň garyn-artbujak rezeksiýasy – howply döremeli içegäni aýryp, içegäniň "ýokarky" bölegi "aşaky" böleginiň içine çekilýändir we olar birigýänçä garaşylyp, artbujaga çekilen içege böleginiň artykmajy kesilip aýrylýandyr.

Göni içegäni aýyrmak (ekstirpasiýa) – göni içege artbujak bilen tutuşlaýyn aýrylýandyr we kolostoma ýasalýandyr.

Öňüni alyş usullary we gorag çäreleri

Göni içegäniň ragynyň döreme howpuny azaltmak üçin indiki maslahatlara eýermek wajypdyr:

↪ Eger siziň göni içegäniň rak keseli bilen kesellän ýakyn garyndaşlaryňyz (ene-ataňyz, aýal ýa-da erkek doganyňyz) bar bolsa, 40 ýaşda barlagdan geçmek hökmandyr.

↪ 50 ýaşdan başlap kadaly barlagdan geçmeli.

↪ Sport bilen meşgullanyp, kadaly beden agramyny saklamaly.

↪ Ýagly naharlardan gaça durup, iri süýümli önümleri, gök önümleri we ir-iýmişleri köp iýmäge ymtylmaly.

↪ Çilim çekmeden saklanmaly we alkogolly içgileri az kabul etmeli.

↪ Içegäniň işleýşine gözedçilik edip, içgatamalaryň öňüni almaly.

↪ Täret etmeden soň gazet kagyzlary ulanmakdan saklanmaly tipografiýa reňki içegäniň nemli örtügine ýaramaz täsir edýär.

↪ Täret etmeden soň suw bilen ýuwunyň we bu peýdaly endigi çagalara hem öwrediň.

↪ Içege kesellerini (artbujagyň jaýrygy, dowamly sowuklama keseli, polipler) wagtynda bejermäge ymtylyň.

↪ Ýokarda agzalan alamatlar ýüze çykanda hökman lukmana wagtynda ýüz tutuň.