ÖT HALTANYŇ DAŞ KESELI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.19 (74 Ses)

Soňky ýyllarda öt haltanyň daş keseli (ÖHDK)  bilen keselçilik ýokarlandy. Bu "abadançylygyň keseli" ösen ýurtlarda ýygylygy boýunça aşgazanyň we onkibarmak içegäniň baş keseli bilen deňleşip, sosial taýdan ähmiýetli keselleriň hataryna girýändir.

Dürli sebäplere görä ýogalan adamlaryň jesedi kesilip öwrenilende, olaryň her onunjysynyň öt haltasynda daş tapylypdyr. Oňa garamazdan, özünde daş göterijileriň diňe 10%-de keseliň alamatlary ýüze çykyp, ol esasan 30-55 ýaş aralygyndaky aýallarda has ýygy duş gelýändir.

Öt haltada daşlaryň emele gelýän wagtyny doly anyklamak kyndyr, sebäbi birinji klinlki alamatlaryň ýüze çykmagy daşlaryň emele geliş wagty bilen deň gelmeýär. Ýöne ömrüň her onýyllygynda öt haltanyň daş keseliniň ýygylygynyň ýokarlanýandygy takyk subut edilendir.

Öt haltanyň daş keseli – bedeniň alyş-çalyş ýagdaýynyň keseli bolup, ol bagryň öt äkidýän ýollarynda, umumy öt äkidýän ýolunda, öt haltada öt daşlarynyň döremegi bilen häsiýetlendirilýär.

Köplenç daşlar öt haltada emele gelip, gaty seýrek ýagdaýlarda bir wagtda öt äkidýän ýollarda we öt haltada emele gelip bilerler.

Keselleriň döremeginiň esasynda maddalaryň alyş-çalyş ýagdaýynyň üýtgemegi, ýokançly keseller we ödüň durgunlylyk ýagdaýy ýatandyr.

Ganda we ötde holesteriniň ýokarlanmagy bilen ýüze çykýan holesteriniň alyş-çalşygynyň üýtgemegi keseliň esasy häsiýetlendirijisi bolup durýandyr.

ÖHDK-niň köplenç semizlik, ateroskleroz, süýji keseli bilen utgaşykda duş gelmegi hem bu deliliň dogrudygyny subut edýändir.

Adam bedeninde saklanýan holesteriniň köp bölegi bagyrda we inçe içegede uksus turşulygyndan emele gelýändir. Emele gelen holesterin öde öt turşulyklaryň we fosfolipidleriň birleşmeleriniň (misellalar) düzüminde goşulýar. Kadada öt turşulyklaryň we fosfolipidleriň täsiri arkaly holesterin ergin ýagdaýynda saklanýandyr. Holesterini saklaýjy bu iki faktoryň mukdary azalanda, holesteriniň "çökündileri" emele getirmegine şert döräp bilýändir.

Köplenç daşyň emele gelmegine töwekgelçilik edýän ödüň işläp çykmagy holesteriniň köp çykmagy bilen hem bagly bolup biler. Ötde holesteriniň mukdary semizlikde, gipotireozda, süýji keselde we göwrelilikde ýokarlanyp biler. Bu ýagdaýlaryň hemmesi hem bedende gormonal üýtgeşmeler arkaly ýüze çykýandyr.

Ýokançlylyk faktorynyň orny bolsa öt haltanyň sowuklama ýagdaýlarynda ödüň himiki düzüminiň üýtgeýänligi bilen düşündirilýär. Şonuň netijesinde, holesteriniň, bilirubiniň, kalsiniň çökündileri emele gelip, sowuklama ýagdaýyna mahsus bolan gatyşyk düzümli daşlaryň emele gelmegine getirýändir.

Öt haltada ödüň durgunlylygy hem daşlaryň emele gelmegine sebäp bolup biler. Öt durgunlylygy holesteriniň we bilirubiniň mukdarynyň köpelmegine (10-12 esse), öt turşulyklarynyň yzyna sorulmagynyň haýallamagy netijesinde, ötde mukdarynyň azalmagyna getirýär.

Ondan başga-da, öt durgunlylygy ýokançlyklaryň goşulmagyna hem gowy şertler döredip biler.

Ödüň durgunlylygyna öt haltanyň gysylmagyna gözegçilik edýän nerw ulgamynyň işiniň  bozulmagy, öt çykaryş ýollaryň anatomiki üýtgemegi (epilmegi, sepleşme ýagdaýy we ş. m.) ýa-da öt haltanyň boşadylmagyna böwet bolýan islendik sebäpler: garyndaky basyşyň ýokarlanmagyna getirýän göwrelilik ýagdaýy, içki agzalaryň ýerinden üýtgemegi, durnukly iç gatamalar, seýrek iýmit kabul edilmeler, hereketsizlik getirip biler.

Keseliň döremeginde genetiki töwekgelçiligiň bardygyny belläp geçmek hem möhümdir: köplenç öt daşlary bir maşgalanyň nesil daragtynyň aýallarynyň birnäçe nesillerinde duş gelýär.

Öt daşlary öz düzümi boýunça birnäçe  topara bölünýändir: ak ýa-da sary reňkli togalak görnüşli arassa holesterin daşlary, ýaşylymtyl öwüşgin berýän gara reňkli, ownuk we köpsanly menekli daşlar. Olar öz düzüminde bilirubin we heki saklaýandyr.

Holesterinli we pigmentli gatyşyk daşlar hem duş gelip, olar köpsanly we görnüşi hem-da ululygy boýunça dürli-dürli bolýarlar.

ÖHDK-iň geçişiniň üç tapgyryny belleýärler:

1. Himiki üýtgeşmeler tapgyry – bu tapgyrda  bagyr düzümi holesterine baý we öt turşulyklaryna hem-de fosfolipidlere garyp öt işläp çykaryp başlaýar. Keseliň kliniki alamatlary ýüze çykmaýar. Onkibarmak içegäniň zondirlenmegi netijesinde alnan ötde holesterin "çökündini" ýüze çykaryp bolýar. Bu tapgyrda öt haltada holesistografiýa barlagy daşlary ýüze çykarmaýar. Bu tapgyr köp ýyllar dowam edip biler.

Bu tapgyrda bejeriş we öňüni alyş çäreleri şulary öz içine alyp biler:

1.1. Iýmitlenme günüň dowamynda az-azdan 5 gezek bolmalydyr.

Ýagly önümlerden gaça durmak, esasan buglanyp, gaýnadylyp bişirilen önümlere ýykgyn etmek maslahat berilýär.

Ýaglary kabul edilmeli kada çenli azaldyp, onuň umumy mukdarynyň 1/3 bölegini ösümlik ýaglary (zeýtun, günebakar, mekgejöwen) tutmalydyr. Olary işdäaçarlara, gök we däneli önümlerden taýýarlanan garnirlere goşmak maslahat berilýär.

Iýmitlenmede kösükli (nohut, merjimek) we efir ýaglaryna baý ösümliklerden (sarymsak, turp, sogan) gaça durmak maslahat berilýär.

Gündeki içilmeli suwuklygyň mukdary 2-2,5 litre barabar bolmalydyr. Nahardan öň çig gök önümleriň  we ir-iýmişleriň 100-150 gramyny kabul etmek (käşir, turşy kelem, gaty süýji we turşy bolmadyk ir-iýmişler) peýdalydyr.

1.2. Bu tapgyrda derman bilen bejergi öt turşulyklarynyň kadaly işläp çykmagyna kömek etmäge we holesteriniň işläp çykmagyny togtatmaga gönükdirilen bolmalydyr.

Bu maksat bilen fenobarbital, ziksorin serişdeleri ulanylýar. Bejergi 3-6 hepde dowam edip bilýär.

Holesterin daşlarynyň emele gelmeginiň öňüni almak üçin liobil  serişdesi hem, 3-4 hepdäniň dowamynda maslahat berlip  biler.

2. Latent, alamatsyz tapgyry – ödüň fiziki we himiki häsiýetleriniň üýtgemegi netijesinde öt haltada daşlar emele gelýär. Ýöne keseliň aýdyň alamatlary ýüze çykmaýar. Keseliň alamatsyz geçmegi köp wagtlap dowam edip, rentgen ýa-da ultrases barlaglarynda köp adamlaryň öt haltasynda ýa-da öt çykaryş ýollarynda "lal" daşlaryň anyklanmagy mümkindir.

Keseliň alamatlary daşlar dörän wagtyndan 5-10 ýyl soň ýüze çykyp bilýändir. Bu tapgyrda daşlary anyklamakda ultrases barlagynyň orny örän uludyr. Onuň kömegi bilen öt haltanyň görnüşini we ululygyny, diwarlarynyň galyňlygyny, daşlaryň mukdaryny we ululygyny kesgitläp bolýandyr.

ÖHDK-niň bu tapgyrynda bejergi berhizi saklamaga, semizlige, az hereketli ýaşaýyş düzgünine garşy göreşmäge gönükdirilen bolmalydyr.

Häzirki wagtda bütin dünýäde öt haltada holesterin daşlary erediji  (henohol, henofalk, litofalk, ursofalk) serişdeleri ulanmakda uly tejribe toplandy. Daşlaryň 2 sm-dan uly bolmagy, işlemeýän öt halta, ötli sanjylamalar, bagryň sirrozy, aşgazanyň baş keseli we göwrelilik bu turşulyklary  ulanmaga garşy görkezmeler bolup durýandyr.

Serişdäniň gije-gündizdäki mukdary näsagyň agramyna görä lukman tarapyndan kesgitlenmelidir. Näsaglaryň aglaba bölegi bejergini ýeňil geçirýändirler. Käwagtlar, bejerginiň başynda täretiň bozulmagy ýaly ýaramaz täsirler ýüze çyksa-da, içilýän mukdaryň wagtlaýyn peseldilmegi bu täsiriň hem öňüni alyp bilýändir.

Soňky ýyllarda güýçli tolkunly holelitotripsiýa bejergi usulynyň ornaşdyrylmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň esasy bir bölegi  boldy. Bu usul netijesinde, zarbaly gelýän tolkunlaryň täsiri bilen uly, esasan hem holesterinli daşlar (3 sm çenli diametrde bolan) kiçijik bölejiklere bölünýär. Bejergi agyrsyzlandyrylmadan soň geçirilýär.

Bu bejeriş usuly ulanmazdan 2 hepde öň ursofalk serişdesini kabul edip, geçirilen holelitotripsiýadan soň hem daşlar ereýänçä, serişdäni kabul etmegi dowam etdirmelidir.

3. Kliniki alamatly tapgyr – daşly (kalkulez) holesistit – keseliň kliniki alamatlary daşlaryň ýerleşýän ýerine, düzümine, ululygyna, bar bolan öt haltadaky sowuklamanyň derejesine baglydyr.

Öt haltanyň bedeninde we düýbünde ýerleşýän daşlar ("sessiz" ýer)  öt çykyş ýoluna düşýänçäler, hiç hili alamaty döretmeýärler. Öt haltanyň boýunjygyna düşen daş  ony ýapyp, otle sanjysyny döredip biler. Soňundan daş yzyna, öt halta geçip hem biler ýa-da umumy öt äkidýän ýola gidip hem bilýändir. Eger daş kiçijik bolsa (0,5 sm çenli) ol onkibarmak içegä düşüp, täret bilen çykyp hem biler.

Ötle sanjylamasynyň başlanmagyna ýiti, ýagly nahar iýme, fiziki agyr zähmet bilen meşgullanma, nerw dartgynlylyk ýagdaýy, ýiti ýokançlyklar sebäp bolup biler.

Käwagtlar aýallarda ötle sanjylamasynyň   başlanmagy aýbaşynyň başlanmagy ýa-da dogrumdan soňky döwür bilen gabat gelýändir.

Ötle sanjylamasy duýdansyz başlanýar. Başda agyrylar tutuş sag gapyrgaasty töwerekde jemlenseler, soň diňe öt haltanyň ýanyna we  döşasty töwerege ýygnanýar. Agyrylaryň derejesi dürli-dürli bolup biler – güýçli kesiji häsiýetden, gowşak, birsydyrgyn agyra çenli. Agyryly tutgaýlar birnäçe minutdan birnäçe sagada, hatda güne çenli dowam edip, agyrylar aýrylyp we ýene-de güýçlenip bilerler. Öt haltanyň güýçli ýygrylmagy daşyň itilmegine sebäp bolup biler.

Käwagtlar gysylma gowşansoň, daş yzyna, öt halta hem düşüp bilýändir.

Tutgaýlar başlaýşy ýaly hem duýdansyz gutarýandyrlar. Näsagyň ýagdaýy gowulaşýar.

Eger tutgaýlar uzaga çekse, umumy öt äkidýän ýoluň gysylmagy netijesinde, az wagtlyk (2-3 gün) sarylama alamatynyň ýüze çykmagy mümkindir.

Ötle sanjylamasy ýürek bulanma, gaýtarma bilen utgaşýandyr. Näsaglar garnyň sag tarapynda agyryny, içiň ýellenmegini, täretiň bozulmagyny belleýärler.

Bedeniň gyzgynynyň galmagy bolsa, öt haltada sowuklama ýagdaýlarynyň barlygyndan habar berýändir.

ÖHDK-de hirurgiki bejergini talap edýän gaýraüzülmeler ýüze çykýandyr: umumy öt äkidýän ýollaryň daş bilen ýapylmagy netijesinde sarylamanyň döremegi, öt haltanyň deşilip öt peritonitiniň döremegi, bagryň işiniň ýetmezçiligi, aşgazan asty mäziň dokumasynyň dargamagy. Uzaga çekýän daşly holesistit öt haltanyň rak keseline hem getirip bilýändir.

Ötle sanjylamasy wagtynda hemme näsaglar gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegi üçin hirurgiki bölüme ýerleşdirilmelidir.

Daşly holesistitiň irki kliniki alamatlarynyň ýüze çykan (ötle sanjylamasy, gyzdyrma, gaýtalanýan tutgaýly agyrylar) hemme ýagdaýlarynda operatiw bejergi geçirilmelidir.

Öt çykaryş ulgamy üýtgedip biljek uly (3 sm uly) daşlary we öt äkidiji ýollary ýapyp biljek ownuk daşlary göterýän (5 mm we ondan hem kiçi) näsaglar hem operatiw bejergä mätäçdirler.

Meýilnama boýunça operatiw bejergini tutgaýlar  başlanmazdan öň, gaýraüzülmeleriň ýüze çykmadyk ýagdaýynda geçirýärler.

Hirurgiki bejergini geçirmek üçin laparoskopiki holesistektomiýany ornaşdyrmak  has hem peýdaly netijeleri berer. Bu  usul bilen bejergiden soň, adaty holesistektomiýada bolşy ýaly, operasiýadan soňky tyg yzlary galmaýar. Şeýle-de  bu usul, näsagyň keselhanada bolýan günlerini azaldyp, onuň zähmete ukyplylyk ýagdaýynyň çalt dikeldilmegine ýardam berýär.