OŇURGA AGYRMALARYNYŇ ALAMATLARY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.44 (16 Ses)

Sagdyn oňurga sütüni adamyň hereketleriniň erkinligini, sazlaşykly bolmagyny üpjün edýär. Ýeterlik hereket edilmedik ýagdaýynda, osteohondroz döreýär. Sizde osteohondrozyň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklamak isleseňiz, aşakdaky soraglara jogap berip görüň:

Şu soraglaryň ýekejesine-de "hawa" diýip jogap beren bolsaňyz, lukmana ýüz tutmak maslahat berilýär. Zerur bolsa, trawmatolog, newrolog ýa-da terapewt siziň oňurgaňyzy barlap, rentgen ýa-da tomografiýa ýaly barlaglardan geçmegi maslahat berer.

Osteohondrozyň döremeginiň sebäpleri:

  1. Nesil yzarlaýjylyk. Oňurgara kekirdewüginiň gurluşy köplenç nesilden nesle geçýär. Şeýle ýagdaýlarda osteohondrozyň döremegi  mümkindir.
  2. Oňurganyň gyşarmagy (skolioz-gapdala, kifoz-yza, lordoz-öňe) we  arkadaky  ýasy myşsanyň gowşaklygy.
  3. Agyr we bir görnüşli zähmet. Agyr ýük götermegiň netijesinde oňurga agram düşýär we osteohondroz döreýär. Bedeniň bir durkunda uzak wagt işlemeli bolýan adamlar hem oňurga ýeňillik döretmek üçin, hereket etmegi , fiziki maşklary ýerine ýetirmegi unutmaly däldir.
  4. Şikesler ýa-da bedeniň madda çalşygynyň bozulmagy. Adaty awitaminoz (witamin ýetmezçiligi) ýa-da gipowitaminoz (witaminleriň ýeterlik mukdarynyň bolmazlygy), mineral duzlaryň ýetmezçiligi oňurga kekirdewügine düzedip bolmajak zyýan ýetirip bilýär.

Osteohondrozyň öňüni almak örän aýdyň we düşnükli ýaly bolup  görünýär: köpräk hereket etmeli, ylgamaly, bökmeli...  Ýöne bu pikir edişimiz ýaly aňsat däldir. Çem gelen hereketlerden peýda ýokdur. Her bir etmek isleýän hereketiňiz siziň oňurgaňyza zyýan däl-de, peýda getirmelidir.

Siz az hereketi talap edýän, bedeni bir durkunda saklap işlemeli bolýan ýerde zähmet çekýän bolsaňyz, köp oturmaly bolsaňyz, osteohondrozyň öňüni almak üçin, arkaňyza düşýän agramy azaltjak boluň.. Munuň üçin  dogry oturmak zerurdyr. Arkaňyzy mümkin boldugyndan göni saklaň, eginleriňizi ýazyň. Ilkibada bu size aňsat düşmez, arkaňyz agyrar. Emma siz hemişe şeýle oturmaga endik etseňiz, myşsalaryňyz öwrenişip, arkaňyzy göni tutmaga size kömek edip başlar. Oturgyçda oturan wagtyňyz, onuň arkasyna direnip oturyň. Bu siziň dogry oturmagyňyza ýardam berer. Stoluň başynda otursaňyz, öňe egilmäň, elleriňiz bedeniň ýokarky bölegini göni saklar ýaly, olary stola  diräp oturyň.

Arakesme edinmegi unutmaň. Her 45-60 minutdan ýeriňizden turup hereket etmegi  endigiňize öwüriň. Goý, bu diňe bäş minut dowam etsin, emma şol wagtyň içinde egilmek, kelläňizi, bedeniňizi iki ýana aýlamak ýaly hereketleri ediň.

Öýde we işde fiziki maşklara wagt tapyp, olary ýerine ýetirmek diňe osteohondrozyň däl-de, eýsem beýleki keselleriň öňüni almak üçin ähmiýetlidir. Ýöne bir zady unutmaly däldir: siziň arkaňyzda haýsydyr bir agyry bar bolsa, fiziki maşklary ýerine ýetireniňizde, öňe egilmekden gaça duruň. Otura işde bu örän zyýanly bolup biler. Şeýle hem, öň sport bilen meşgullanmadyk bolsaňyz ýa-da fiziki maşklary ýerine ýetirmedik bolsaňyz, olara howlukman, ýuwaş-ýuwaşdan girişiň.

Göwräňizi göni saklap ýöremek hem örän ähmiýetlidir. Birki hepdäniň dowamynda şu maşky ýerine ýetirseňiz, siziň ýöreýşiňiz, özüňize erk edişiňiz has gowulaşar:

Biri kelläňizden tutup, sizi ýokaryk çekýän ýaly , siz bolsa aýaklaryňyz zordan ýere ýetýän ýaly edip, göwräňizi dik tutup ýöräň. Bu kyn däl, emma biz käte şeýle aňsat maşklary hem etmegi unudýarys ýa-da ýaltanýarys. Diňe yzygider, günde-günaşa ýerine ýetirilýän maşklar osteohondrozyň öňüni almaga kömek edip biler.

Arkaňyza, oňurgaňyza dynç bermek üçin, turnikden aslyşmak hem örän peýdalydyr.

Arkan ýatmagyň oňurga üçin peýdalydygy alymlar tarapyndan hem  subut edilendir. Ýöne oňurga has peýdaly bolar ýaly, düşegiňiz we ýassygyňyz aşa  ýumşak ýa-da aşa gaty  bolmaly däldir. Emma aýagyňyzyň aşagynda gatyrak ýassyjak goýsaňyz welin, oňurgaňyz üçin örän peýdaly bolar.

Ýokarda agzap geçişimiz ýaly, oňurga agram salmak, agyr zatlary götermek hem osteohondrozyň döremegine eltýän esasy sebäpleriň biridir. Hut şol sebäpli bedeniň agramyna hökman üns bermeli, semremejek bolmaly. Aşa semiz adamlar beýlekilere garanda bildäki, umuman arkadaky agyrylara has köp arz edýärler. Ozal semiz bolan adam horlananda, oňurga düşýän agram azalýar, agyrylar biynjalyk etmesini bes edýär, ol özüni sagdyn we ýeňil duýýar.

Bildäki, arkadaky agyra arz edýän aýallar, gelin-gyzlar ökjesi beýik köwüşleri geýmekden gaça durmalydyr, sebäbi beýik ökjeli köwüş geýmek, olarda uzak wagt ýöremek oňurga agram salýar.

"Görk agyzdan" diýlişi ýaly, dogry iýmitlenmegiň hem osteohondrozyň öňüni almakda ähmiýeti uludyr. Oňurganyň sagdynlygy üçin alma, armyt, ýer tudana, malina, üzüm ýaly ir-iýmişler, pisse, merjimek, kädi, gatyk örän peýdalydyr. Her bir adamyň iýmitinde kalsiý, magniý, B toparynyň witaminleri (balyk, ysmanak, maňyzlaryň we hozlaryň dürli görnüşleri, nohut, çigit, sygyr süýdi, dorag we ş. m.) hem ýeterlik derejede bolmalydyr. Duzly, ajy tagamlardan, alkogolly içgilerden, çilim çekmekden  gaça durmalydyr.

Fiziki maşklary wagtly-wagtynda ýerine ýetirseňiz, bedeniňizi hemişe bir görnüşli hereketden  gorasaňyz, iýmitiňiziň witaminlere we kletçatka baý bolmagyna ün berseňiz, osteohondroz keselinden hemişe daşda bolarsyňyz.

Ulanylan WEB Salgy