SIRINGOMIÝELIÝA

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

Siringomiýeliýa (grek dilinde sirinx - gamyş, boş tüýdük; miýelon - oňurga ýiligi) – dowamly kesel bolup, oňurga ýiliginde we süýri beýnide boşluklaryň emele gelmegi bilen häsiýetlendirilýär. Bu üýtgemeleriň netijesinde bedeniň uly meýdanlarynda  agyryny we temperaturany aňşyrmak duýgurlylygy ýitýändir.

Emele gelýän boşluklar adatça oňurga ýiliginiň boýun bölüminiň aşaky böleginde, döş bölüminiň ýokarky böleginde ýa-da boýun bölüminiň ýokarky böleginde emele gelip, süýri beýnä (siringobulbiýa) ýaýrap biler. Seýrek ýagdaýlarda bil bölümi ýa-da tutuş oňurga ýiligi zeperlenip bilýändir.

Kesele getirýän sebäpler belli däldir. Ýöne boşluklaryň emele gelmeginde, glioz dokumasynyň (nerw ulgamynda duş gelýän dokumanyň görnüşi) köpelmeginiň dogabitdi kemçilikleriniň uly orny eýeleýändigini bellemek gerekdir. Glioz dokumasynyň aşa kän emele gelip, soňundan bolsa dargamagy, oňurga ýiliginiň çal maddasynda boşluklary emele getirýändir. Boşluklaryň gyrasyndaky glioz öýjükleri kem-kemden boşluklary giňeldýän suwuklyk işläp çykaryp, olara ýakyn ýerleşýän nerw öýjükleriniň dargamagyna sebäp bolýar.                                                                                               

Hakyky siringomiýeliýa köplenç beden dokumasynyň emele gelmeginiň başga ýetmezçilikleri bilen utgaşyp bilýär: oňurganyň gyşarmagy ýa-da döş bölüminiň düzlenmegi, ýokary ýerleşýän kentlewük, diş  hatarynyň nädogrulygy, kelläniň ýüz böleginiň, gulak ýelkeniniň görnüşiniň nädogry emele gelmegi, alty barmaklylyk, göwüs mäzleriniň emzikleriniň deň ýerleşmezligi, goşmaça emzikleriň emele gelmegi, eňegiň ýa-da diliň ujynyň ikä bölünmegi we başgalar.

Hakykatdan hem siringomiýeliýanyň hakyky, "arassa" görnüşi seýrek duş gelýändir.

Siringomiýeliýanyň emele gelmegi köp halatlarda kelle çanagy bilen oňurganyň sepleşýän ýeriniň ýetmezçilikleri sebäpli ýüze çykyp biler. Olara yzky kelle çukurjygynyň we uly ýeňse deşiginiň nädogry emele gelmegi ýaly  ýetmezçilikler degişlidir.

Bu kesel uly ýeňse deşiginden beýnijigiň oňurga kanalyna iterilmegi bilen häsiýetlendirilýän Arnold-Kiaryň alamatlar toplumy, kelle çanagyndaky Mažandiniň we Luşkiniň deşikleriniň ýapylmagy netijesinde şuwuklygyň ýygnanma (gidrosefaliýa) alamatlary, beýnijigiň kiçelme alamatlary bilen utgaşykda duş gelip biler. Şeýle hem oňurga ýiliginiň täze döremeleri, şikeslenmeleri, inçekeselde ýa-da başga kesellerdäki sowuklama ýagdaýlary siringomiýeliýanyň döremegine itergi berip biler.

Siringomiýeliýa keseliniň ýüze çykyş ýygylygy her 100 müň ilata 8-9 ýagdaýy  düzüp, esasan erkek adamlarda duş gelýändir.

Siringomiýeliýaly näsaglar üçin deriniň uly meýdanlarynda, esasan hem ellerde we göwrede ("penjek", "ýarym penjek" görnüşde) agyryny we temperaturany aňşyrmak duýgurlylygynyň ýitirilmegi ýaly alamatlar mahsusdyr. Bu ýagdaý kop sanly agyrysyz ýanyklaryň we şikeslenmeleriň emele gelmegine sebäp bolýar. Düzgün bolşy ýaly, duýujylygyň bozulmagy ilki bir tarapda bolup geçýär. Boýnuň, egniň, elleriň myşsalarynyň gowşaklygy ýüze çykýar. Emele gelýän boşluklaryň sanynyň köpelmegi bilen aýaklaryň myşsalarynyň gowşaklygy, çanaklyk agzalaryň (peşew halta, göni içege) işiniň bozulmagy ýaly ýagdaýlar goşulyp biler.

Kähalatlarda Gorneriň alamatlar toplumy (gabaklaryň aşak düşmegi, görejiň giňelmegi, derlemek ukybynyň ýitirilmegi) ýüze çykyp biler.

Beden dokumalarynyň gan aýlanyş ýagdaýlarynyň bozulmagy netijesinde elleriň derisiniň galyňlaşmagy we gögermegi, agyrsyz iriňli çykuwlaryň döremegi bolup biler.

Käwagtlar bogunlardaky (köplenç egin we tirsek bogny) süňkleriň dargamagy we soňundan gatamagy netijesinde, bogun ulalyp, süňkleriň biri-birine sürtülmegi bilen özboluşly ses çykarmagy ýaly ýagdaý duş gelip biler.

Boşluklaryň süýri beýnä ýaýramagy (siringobulbiýa) kiçi kentlewigiň ysmazlygy netijesinde geplemäniň, ýuwdunmanyň bozulmalaryna, ýüzüň daşky böleklerinde duýujylygyň ýitmegine getirip biler.

Keseliň alamatlarynyň kem-kemden ösýändigi sebäpli, näsaglar uzak wagtlap işe ukyplylygyny saklaýarlar.

Keseliň ýüze çykyş alamatlarynyň birnäçe ýyllap ýitip gitmegi hem mümkindir.

Keseliň başlanmagyna ýa-da duýdansyz beterleşmegine şikeslenme, boýnuň süýndürilmegi, oňurganyň boýun bölümine ýörite manual (el bilen bejergi) çäreleri geçirmek, güýçli üsgürme sebäp bolup bilýändir. Siringobulbiýa görnüşiň alamatlary çalt ösüp bilýär.

Siringomiýeliýany anyklamakda magnit-rezonans tomografiýa giňden ulanylýandyr. Bu usul emele gelen boşluklaryň ýaýraýyş derejesini, yzky kelle çukurjygynyň ýagdaýyna baha bermäge kömek berýär.

Keseliň sebäbi belli bolmadyk ýagdaýlarynda kontrastirleýji serişdeleri ulanyp MRT-ny geçirýärler. Kontrastirleýji serişdäni özünde ýygnamaga ukyplylygy sebäpli, bu usul oňurga ýiliginiň täze döremelerini ýüze çykaryp biler.

Siringomiýeliýanyň bejergisi hirurgiki usul bilen geçirilýändir. Hirurgiki bejergi keseliň utgaşykly ýagdaýlaryna baglylykda dürli usullary öz içine alyp biler.

Beýnijigiň oňurga kanalyna düşen ýagdaýynda, yzky kelle çukurjygynyň dekompressiýa (basyşy aýyrmak) usulyny ulanýarlar. Hakyky siringomiýeliýada boşluklary boşatmak (Puseppanyň operasiýasy) usuly ulanylýar.

Arnold-Kiaryň alamatlar toplumy bilen gidrosefaliýanyň utgaşan ýagdaýlarynda oňurga-beýni suwuklygynyň akymyny gowulandyryp, soňundan siringomiýeliýanyň hirurgiki bejergisini geçirýärler.

Şikeslenmeden ýa-da ýokanç kesellerden soň dörän siringomiýeliýada, boşluk bilen oňurganyň arahnoidal (kerep görnüşli) boşlugynyň arasynda suwuklyk çalşygy bolar ýaly mümkinçilik döredýärler.

Oňurga ýiliginiň täze döremeleri bilen ýüze çykan siringomiýeliýada täze döremäni aýyrmak maslahat berilýär, çünki boşluklardan suwuklygy aýyrmak usuly wagtlaýyn netijäni berip biler.

Lukmançylyk edebiýatynda rentgen şöhleleri bilen bejergi usuly barada hem degerli maglumatlar bar. Rentgen şöhleleri glial öýjükleriň köpelmegiiň, sonuň bilen birlikde keseliň beterleşmegiiň öňüni alyp, agyryny aýyrmaga we duýujylygy kadalaşdyrmaga ýardam edýär. Ýöne rentgen şöhleleriniň peýdalylygyny ulanmak keseliň başlangyç möhletlerinde ýerlikli bolar, dokumalarda ýüze çykan çuň üýtgemelerde bu usul az netijelidir.

Siringomiýeliýanyň bejergisinde beta-şöhlelenmeli radioaktiw fosfory we beta hem-de gamma-şöhlelenmeli radioaktiw ýoduň täsirini hem netijeli ulanýarlar. Radioaktiw fosfor hem-de ýod çalt köpelýän glioz öýjüklerde ýygnanyp, olaryň köpelmegini saklap dargadýarlar.

Soňky ýyllarda siringomiýeliýanyň bejeriş usullarynda prozerin bilen bejergini hem ulanýarlar. Prozerin serişdesi nerw öýjükleriniň arasyndaky nerw impulslary kadalaşdyryp, nerw ulgamyny işjeňleşdirmäge ýardam berýär. Köplenç bu usuly ultra ýokary ýygylykdaky bejergi, seýrek ýagdaýlarda  radon wannalary bilen utgaşdyrmak maslahat berilýär. Bu usullar keseliň başlangyç tapgyrynda degerli netijeleri berýändir.

Siringomiýeliýaly näsaglara seredýän adamlar we lukmançylyk işgärleri keseliň aýratynlyklaryny göz öňüne tutup, olara sanjym edende hemme arassaçylyk çärelerini berjaý etmegi ýatdan çykarmaly däldir. Şonuň ýaly-da, ýylylyk bejergi usullary ulanylanda (hat-da suw bilen gyzdyryjy - "grelka" ulanylanda hem) näsaglarda agyrynyň we temperaturanyň duýujylyk häsiýetiniň bozulandygyny ýatda saklamak gerekdir.

Siringomiýeliýa keseliniň gaýraüzülmeleri höküminde peşew çykaryş ýollarynyň ýokançlyklary ýa-da siringobulbiýa görnüşinde, bokurdagyň ysmazlygy netijesinde dem almanyň bozulmalary ýaly ýagdaýlar ýüze çykyp biler.

Şu wagta çenli siringomiýeliýanyň bejergi usullarynyň doly işläp düzülmändigi sebäpli, keseliň beteleşmeginiň öňüni almak, şikeslenmeleriň, ýokançlyklaryň, ýanyklaryň döremeginden goramak çärelerini  geçirmek wajyp ugurlaryň biri bolup durýandyr.