GASTRIT: GÖRNÜŞLERI, ALAMATLARY, BEJERGISI WE BERHIZI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.14 (35 Ses)

Gastrit iýmit siňdiriş ulgamynyň keselleriniň içinde has ýygy duş gelýän keseldir. Ol aşgazan diwarlarynyň nemli bardasynyň (käbir ýagdaýlarda has çuň gatlaklarynyň) dürli sebäplere görä üýtgemegi we aşgazan şiresini bölüp çykarýan öýjükleriň işiniň bozulmalary bilen häsiýetlendirilýär. Bu keseli derman serişdeleri bilen bejermek mümkindir.

Keseliň görnüşleri we alamatlary

Gastrit keseliniň ýiti we dowamly görnüşleri bardyr.

Ýiti gastrit sanlyja sagadyň ýa-da günüň içinde dürli faktorlaryň täsir etmeginiň netijesinde döräp, dürli ýaşda ýüze çykyp biler. Keseliň döremeginiň sebäpleriniň köpdürlüdigini göz öňüne tutup, olary iki uly topara jemlemek bolýar:

Gastridiň ekzogen sebäplerine hili pes azyk önümlerini iýmek, artyk iýmek (aşa düşmek), örän ajy, ýagly, öte gyzgyn ýa-da örän sowuk, siňmesi kyn iýmit önümlerini çenden aşa kabul etmek, spirtli içgileri içmek, käbir derman serişdeleriniň täsiri we ş. m. degişlidir.

Aşgazanyň nemli bardasyndaky bozulmalara gowy çeýnelmedik iýmit hem sebäp bolup bilýär. Biziň ählimize "aşgazanym dykyn alyp dur" diýen düşünje, ondan soňky sepirjikde peýda bolýan agyrlyk we birahatlyk duýgulary tanyşdyr. Bu ýagdaý çalt, howlugyp iýlen iýmitden soň ýüze çykyp, ýiti gastridiň döremegine sebäp bolýar. Şoňa görä-de, iýmiti gowy çeýnemek üçin berk, sagdyn dişleriň gerekdigini hem unutmaly däl. Gowy ideg edilýän, sagdyn dişler aşgazanyň saglygy üçin örän wajypdyr.

Keseli dörediji faktorlaryň içinde hili pes, ýokançlyklar bilen zäherlenen iýmitiň zyýanyny aýratyn bellemek gerek. Şeýle hem derman serişdelerini (antibiotikleriň käbir topary, asetilsalisil turşulygy, sulfanilamid toparynyň dermanlary, gormon serişdeleri) uzak wagtlap ulanmak aşgazanyň nemli bardasynda ýiti gastridiň döremek töwekgelligini artdyrýar.

Sagdyn adamyň aşgazanynyň nemli bardasynyň zäherleýji faktorlaryň täsirine garşy durmak ukyby örän ýokarydyr. Emma bedeniň kesellere garşy durnuklylygyny üýtgedýän birnäçe faktorlaryň täsir etmeginiň netijesinde ol gowşaýar. Bu faktorlara dowamly ruhy dartgynlylyk we fiziki ýadawlylyk, ýeterlik dynç almazlyk, hünär bilen bagly önümçilik zyýanlylygy, bedeniň gurluş aýratynlyklary we nesil yzarlamak aýratynlygy, geçirilen ýiti we dowamly keseller (gyzamyk, täjihoraz, hörezek, garyn  garahassalygy, örgünli garahassalyk, dümew, öýken sowuklamasy, inçekesel we ş. m.) degişlidir.

Ýiti gastridiň alamatlary nahar kabul edilenden 6-12 sagat geçen soň peýda bolýar. Muňa ýaramaz hilli iýmit önümleri, berk spirtli içgileri, ýagly iýmit, öte gyzgyn ýa-da örän sowuk önümler täsir edip biler.

Güýjeýän umumy gowşaklyk, agyzda ýakymsyz ajy tagam, ýürek bulanma, gägirme, döş gapyrgasynyň aşagynda agyrlyk we deşip barýan ýaly duýgyny döredýän agyry, kellagyry biynjalyk edýär. Käbir ýagdaýlarda güýçli aşgazan ýygrylmalary netijesinde garynda burga meňzeş agyrynyň ýüze çykmagy ahmal. Işdä ýitip, käbir iýmit önümlerine: duzly, turşy ýa-da sowuk iýmitlere isleg döreýär. Soňra bolsa iýlen iýmit durman, gaýtarma ýüze çykýar. Köplenç ol birnäçe gezek gaýtalanyp, wagtlaýyn ýeňillik getirýär.

Ýiti gastrit käbir syrkawlaryň umumy ýagdaýyna beýle bir täsir etmeýär, ýöne birnäçeler üçin ol agyr geçip, gan basyşynyň we ýürek urmasynyň birden peselmegine (kollapsa) getirip biler. Şeýle-de syrkawlaryň deri örtüginiň solgunlygyny, çyglylygyny bellemek bolýar. Diliň ýüzüni çal ýa-da çalymtyk-sary örtük tutýar. Agyzdan ýakymsyz ys gelýär. Syrkawyň garny çişip, barmak bilen basylyp barlananda, sepirjek töwereginde agyrylar peýda bolýar. Birnäçe syrkawlaryň bedeniniň gyzgyny galýar, içgeçme ýüze çykýar. Syrkawlarda iýmite bolan ýigrenç döräp, onuň ady tutulan ýagdaýynda hem ýüregi bulanyp gaýtarmagy ahmal.

Ýiti gastrit adatça 4-5 günüň içinde geçip gidýär. Wagtynda dogry alynan bejergi keseliň alamatlarynyň tiz ýitip gitmegine getirýär. Emma alamatlaryň aýrylmagy keseliň aýrylandygyny aňlatmaýar. Käbir syrkawy uzak wagtlap agyr nahary özleşdirip bilmezlik häsiýeti heläk edýär, onuň dowamly gastride geçýän wagty hem seýrek däl.

Dowamly gastrit – aşgazanyň nemli bardasynyň bozulmalarynyň ötüşen ýagdaýy bolup, onuň has çuň gatlaklaryny zeperlendirip biler. Bu kesel ýaramaz faktorlaryň uzak wagtlap täsir edip durmagynyň netijesinde ýüze çykýar. Oňa iýmit tertibiniň yzygiderli uzak wagtlap bozulmagy, mydama ýaramaz, agyr we ýiti iýmiti kabul etmek, öte gyzgyn nahar iýmäge höwes, ýeterlikli çeýnemezlik, gurak iýmek, güýçli alkogol içgileri çensiz içmek degişlidir. Şeýle hem iýmit taýýarlananda arassaçylyk talaplary doly berjaý edilmedik ýagdaýynda, aşgazanyň nemli bardasyna düşen ýokançlyk dowamly gastridiň döremegine sebäp bolup biler.

Adamyň kabul edýän iýmiti ýokumly bolmadyk ýagdaýynda, onda beloklar, witaminler we mikroelementler ýetmezçilik edende, aşgazanyň nemli bardasyna ýaramaz täsir edýän käbir derman serişdeleri uzak wagtlap ulanylanda, şeýle hem ýokançly kesellerden soň toksinleriň täsir etmeginiň we nesil yzarlamak ýagdaýynyň netijesinde kesele bolan töwekgelçiligiň artmagy dowamly gastridiň döremegine sebäp bolup biler.

Bejergisi

 Bejergi esasan hem öý şertinde geçirilip, 2-3 hepde dowam edýär.  Ýöne dowamly gastridiň bejergisi 2 ýyla çekmegi-de mümkin.

Ýiti gastridiň bejergisi aşgazany we içegäni arassalamakdan başlaýar. Eger-de keseliň döremeginiň sebäbi ýokançlyklar bilen bagly bolsa, antibakterial serişdeler (enteroseptol, lewometisin we başg.) we siňdiriji serişdeler (agaç kömri, kaolin we başg.), iýmit siňdiriş fermentleri (panzinorm, mezim, kreon we başg.) bellenilýär. Ýiti allergiki täsirliligi aýyrmak üçin antigistamin serişdeler, agyry alamatlary açyk bildiren ýagdaýynda - holinolitiki serişdeleir (atropin, platifillin gidrotartraty), spazmolitik (papawerin gidrohloridi, no-şpa) ulanmak bellenilýär.

Gastrit keseline ýoluganlaryň ýagdaýyny ýeňilleşdirmek maksady bilen, ýörite berhiz işlenilip düzülendir.

Gastridiň ähli görnüşlerinde iýmit ýygy-ýygydan az mukdarda kabul edilmeli. Lukmanlar günüň dowamynda az-azdan 6 sapar nahar iýmegi maslahat berýär). Iýmit kabul etmegiň arasy takmynan 3 sagat bolmaly. Soňky iýmit ukudan 4 sagat öň kabul edilse has ýokumly bolýandyr. Iýmitiň her bölejigini mazaly çeýnemeli. Onuň düzüminden gyzgyn, sowuk, gowrulan, duzly, ýagly we ýiti önümleri aýyrmaly. Ýagdaýy dikeltmek üçin gök önüm şirelerini: ýeralma, käşir we kelem şirelerini içmek ýa-da olary deň mukdarda garyp içmek maslahat berilýär.

Konsentrirlenen şireleriň turşulygy peseldýändigini, 1:10 gatnaşykda garylan şireleriň ony ýokarlandyrýandygyny bilmek zerurdyr. Has gowy netije gazanmak üçin, şireleri ajöze içmeli ýa-da olary derman otlardan demlenen şireler bilen gezekleşdirmeli.

Gastrit keseline duçar bolanlara bal we balçylyk önümlerini ulanmak hem peýdalydyr. Olaryň dikeldiji, nemli bardanyň sowuklamasyna garşy we umumy berkidiji häsiýeti bar. Turşulyk ýokary bolan ýagdaýynda baly ýyly suw bilen garyp, nahardan 1,5-2 sagat öň içmek maslahat berilýär. Baly sowuk suw bilen garyp nahardan öň içmek, aşgazan şiresiniň işlenip çykmagyna oňaýly täsir edýär.

Dowamly gastridiň kliniki görnüşi we geçiş aýratynlygy adatça aşgazanyň aşgazan şiresini işläp çykarmak ýagdaýyna bagly bolýar. Şoňa görä, ol iki esasy topara bölünýär: aşgazan şiresiniň pes we ýokary bölünip çykmasy bilen geçýän gastrit .

Aşgazan şiresiniň turşulygy ýokary bolan gastrit keselinde ulanmaly berhiz:

Siziň esasy wezipäňiz – aşgazan şiresiniň işjeňligini peseltmek. Munuň üçin şu aşakdakylary berjaý etmeli:

  1. Iýmitden gödek süýümli kletçatkaly önümleri aýyrmaly (şalgam, turpça, damarly (syrly) et, kepekli çörek we ş.m.).
  2. Aşgazan şiresini köp bölüp çykaryjy önümler bolan spirtli içgileri, gazly suwlary, sitrus gök önümlerini we olardan taýýarlanan şireleri, kofäni, gara çöregi, ak kelemi we etli çorbalary ulanmakdan saklanmaly.
  3. Öte gyzgyn we öte sowuk iýmiti iýmäge ýol bermeli däl. Olaryň ikisi hem gyzylödege gyjyndyryjy täsir edýär, sowuk iýmit bolsa wagty bilen siňmeýär (iň amatly ýylylyk 15-60ºС aralygy).

Öz aşgazany üçin oňaýly şert döretmek isleýän adamlaryň iýmitiniň düzümine şu önümler girmeli:

Ýokary turşulykly gastrit keselinde şulary iýmek gadagandyr:

Aşgazan şiresiniň turşulygy pes bolan gastrit keselinde ulanmaly berhiz:

Keseliň bu görnüşine ýoluganlaryň esasy wezipesi – bir tarapdan, aşgazan siresiniň kadaly işiäp çykmagyny gazanmak, başga bir tarapdan mehaniki taýdan nemli gatlagy aýamak. Adam iýmit kabul etmekçi bolanda, süýji tagamy görende ýa-da gowy bezelen saçaga gözi düşende, aşgazan şiresi bölünip çykyp başlaýar. Iýmiti işläp başlan aşgazana wagtynda, rahat ýagdaýda kabul etmek örän wajypdyr.

Aşgazan şiresiniň turşulygy pes bolan gastrit keselinde aşakdaky şertleri berjaý etmek zerurdyr:

Nahary buglap, gowrup taýýarlasaň bolýar, ýöne gaty gyzardyp gowurmaly däl. Gadagan edilen iýmit önümlerine süýt önümlerinden başga aşgazan şiresiniň turşulygy ýokary bolan gastrit keselindäki çäklenmeler degişlidir.

Gastridiň iki görnüşinde-de aşakda agzalan düzgünleri berjaý etmek peýdaly:

Iýmit düzgüniniň, tertibiniň bozulmagy, onuň hiliniň pes bolmagy gastrit keseline sebäp bolýandygy üçin, bu kesel esasan-da berhiz bilen bejerilýär. Syrkawa degişli berhizi lukman bellemelidir. Bedeniňde ýiti we dowamly gastrit diýen keseli duýmazlyk üçin, ýokarda agzalanlardan dogry netije çykaryp, wagtynda doly we ýokumly iýmitlenmäge çalyşmaly, ýaramaz endiklerden – çilimkeşlikden, spirtli içgilerden gaça durmaly, ýakymsyz täsirlerden goranmaly. Wagtal-wagtal lukman gözegçiliginden geçip, lukmanlaryň maslahatlaryny berjaý etmeli.

Ulanylan WEB Salgylar: 1 / 2 / 3