ENE-ATALAR, ÜNS BERIŇ: PERINATAL ENSEFALOPATIÝA

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.79 (14 Ses)

Perinatal ensefalopatiýa (PEP) (peri + natus (lat.) – "dogulma" + encephalon (grek.) – "beýni" + patiýa (grek.) – "bozulma") – göwrelilik we dogrum döwründe ýüze çykýan beýniniň dürli sebäpli bozulmalaryny uly topara birikdirýän düşünjedir.

PEP dürli alamatlar bilen ýüze çykyp biler. Meselem, çaganyň aşa ynjyklygy, işdäsizligi, haýal uka gidýänligi, ukusynyň bozulmalary, emýän süýdüni gaýtarýanlygy, onda nerw ulgamynyň ýokary duýujylykly alamatlar toplumynyň barlygyndan habar berýär.

PEP-iň iň seýrek duş gelýän, ýöne agyr geçýän görnüşine merkezi nerw ulgamynyň işiniň haýallamagy bilen geçýän alamatlar toplumy degişlidir. Şeýle çagalaryň hereketliligi pes bolýar. Körpe ysgynsyz görünýär, sesi ýuwaş çykýar. Emdirilen halatynda ol çalt ýadaýar, agyr ýagdaýlarda onuň sorma refleksi asla bolmaýar.

Köplenç ýagdaýlarda PEP-iň alamatlary ol diýen ýüze çykman hem biler. Ýöne bu ýagdaýy başdan geçiren körpejikler özüne ünsi talap edýändirler, kähalatlarda bolsa ýörite bejergini kabul etmelidirler.

Keseliň sebäpleri

PEP-iň ýüze çykmagyna getirip biljek töwekgelçilik faktorlaryna aşakdakylar degişlidir:

Köp halatlarda PEP-iň sebäplerini anyklama hem kyn bolýar.

PEP-iň alamatlary

PEP-iň ýüze çykyşynda üç döwri kesgitleýärler: ýiti (ömrüniň birinji aýy); dikeldiji (wagty ýetik doglan çagalarda 1 aýdan-1 ýyla çenli, wagtyndan öň olan çagalarda 2 ýyla çenli); keselçiligiň netijesiniň ýüze çykýan döwri.

Keseliň geçişinde birnäçe alamatlar toplumyny aýyl-saýyl edýärler.

Kähalatlarda birnäçe alamatlar toplumy birden duş gelip biler. Her alamatlaryň ýüze çykyş derejesi ýagdaýyň agyrlygyny kesgitläp, bejergini dogry bellemäge, gaýraüzülmeleriň öňüni almaga kömek edýär.

Geliň, PEP-iň ýüze çykyşynda has köp duş gelýän alamatlar toplumlarynyň üstünde durup geçeliň.

1. Ýokary nerw-reflektor duýujylygy bilen geçýän alamatlar toplumy – hereket işjeňliginiň ýokarlanmagy, ukynyň bozulmalary, çaganyň oýnama döwrüniň uzalmagy, sebäpsiz aglamak, eňeginiň, el-aýaklarynyň sandyramagy bilen häsiýetlendirilýär. Bu alamatlaryň wagtyndan öň bolan çagalarda ýüze çykmagy, gyjyndyryjy faktorlaryň täsiri netijesinde, olarda tutgaýlaryň dörejekdiginden habar berýär.

Bejerginiň peýdalylygy netijesinde alamatlaryň ýüze çykyşy gowşap, 4-6 aýlykdan 1 ýaşa çenli  döwürde olar ýitip gidip biler. Wagtynda bejergi geçirilmedik ýagdaýynda garaguşagyry keseliniň alamatlaryna meňzeş ýüze çykmalar döräp biler.

2. Tutgaýly (garaguşagyryly) alamatlar toplumy – dürli ýaşda ýüze çykyp, kiçi çagalarda dürli görnüşleriň bolmagy bilen häsiýetlendirilýär.

Köplenç tutgaý görnüşli kelläňi egme we el-aýagyň dartgynlylygy bilen geçýän, kelläniň haýsy tarapa öwrülýänligi bilen baglanşylykda şol tarapyň el-aýagynyň ýygrylmagy, el-aýagyň tutgaýly damar çekmeleri, emme hereketlerini gaýtalaýan hereketleriň döremegi ýaly tutgaýlaryň görnüşleri döräp biler.

Köp halatlarda, goşmaça barlag çärelerini geçirmezden, tutgaýly ýagdaýlaryň gelip çykyşyny anyklamak lukman üçin hem çylşyrymly bolýandyr.

3. Kellä suw ýygnanma netijesinde kelle çanagynyň basyşynyň ýokarlanmagy bilen geçýän alamatlar toplumy – kelle çanagynda oňurga-beýni suwuklygynyň artyk mukdary bilen häsiýetlenip, ol kelle çanagynyň içindäki basyşyň ýokarlanmagyna getirýändir.

Bu alamatlaryň döreýiş sebäpleri dürli-dürli bolup biler: oňurga-beýni suwuklygynyň köp işläp çykarylmagy, suwuklygyň artyk mukdarynyň gan ulgamyna düşmeginiň bozulmagy ýa-da bu iki sebäbiň utgaşyp gelmegi.

Bu keseliň görnüşine  ýolugan çaganyň kellesiniň gurşawynyň ösme tizligi we uly beýnijigiň  ýagdaýy, lukmanlaryň esasy ugur alýan we ene-atalaryň gözegçilik edýän alamaty bolýar.

Kadada wagtynda bolan çagalaryň kellesiniň gurşawy 34-35 sm barabardyr.

Birinji ýarym ýylda, ortaça her aýda kelläniň gurşaw ölçegi 1,5 sm (birinji aýda-2,5 sm-e çenli) artyp, 6 aýlykda ol 44 sm-e deň bolýandyr.

Ikinji ýarym ýyllykda ösüşiň tizligi peselip, 1 ýaşda bu ölçeg 47-48 sm-e deň bolýar.

Rahatsyz uky, ýygy we köp gaýtarma, birsydyrgyn aglama alamatlarynyň uly beýnijigiň öňe çykmagy we çaganyň kellejigi bilen yza gaýşmagy alamatlary bilen utgaşmasy – bu alamatlar toplumynyň ýüze çykmasyndan habar berýändir.

Ýöne uly ölçegli kelleler düýbünden sag körpelerde hem bolup, bu maşgala we konstitusiýa gurluşy aýratynlyklaryndan habar berýändir.

Uly beýnijigiň uly ölçegleri we onuň "ýapylmagynyň" haýallamagy köplenç iglilik (rahit) keselinde hem bolup geçýär.

Köp ýagdaýlarda çaganyň ömrüniň birinji ýarym ýylynyň soňuna kelle gurşawynyň ulalmagy kadalaşsa hem, näsag çagalaryň bir böleginde 8-12 aýlykda hem kelle çanagynyň basyşynyň ýokarlanma alamatlary ol diýen ýüze çykmazdan gidrosefal alamat saklanýandyr. Agyr ýagdaýlarda gidrosefaliýa keseli ýüze çykyp biler.

4. Koma ýagdaýy bilen bagly alamatlar toplumy – ýaňy bolan çaganyň agyr ýagdaýynyň ýüze çykmagy bolup, çagalarda agyr sustupeslik, hereketjeňligiň peselmegi ýa-da düýbünden bolmazlygy ýaly alamatlar bilen ýüze çykýar. Çagalarda dem alma, ýüreginiň urmagy ýaly ýaşaýyş üçin möhüm ýagdaýlar bozulyp, tutgaýlaryň ýüze çykmagy hem mümkindir. Agyr ýagdaý 10-15 gün saklanyp,  çagada ýuwutma we sorma refleksleri hem bolmaýar.

5. Beden işjeňliginiň dürli bozulmalary bilen geçýän alamatlar toplumy – çagada ömrüniň birinji aýyndan soň döräp, kelleçanagynyň ýokary basyşy we nerw ulgamynyň ýokary duýujylykly alamatlary bilen utgaşyp biler.

Çagada ýygy-ýygydan gaýtarma, beden agramynyň peselmegi, ýürek we dem alyş ýagdaýlaryň bozulmagy, deri örtüginiň temperaturasynyň üýtgäp durma ýagdaýlary, iýmit siňdiriş ulgamynyň işiniň bozulmagy bilen ýüze çykyp biler. Bu alamatlar toplumy inçe we ýogyn içegäniň sowuklamalary, iglilik bilen utgaşyp, olaryň geçişini agyrlaşdyryp biler.

6. Hereketleriň bozulmalary bilen geçýän alamatlar toplumy – çaganyň ömrüniň birinji hepdelerinde ýüze çykýar. Doglan gününden bäri myşsalaryň tonusynyň juda ýokarlanmagy ýa-da peselmegi, kadasyz hereketliligiň güýjemegi ýa-da peselmegi ýüze çykyp biler.

Myşsa tonusynyň bozulmagy tertipli hereketleri amala aşyrmaga, kadaly gepleýşi öwrenmäge bökdençlik döredip, hereketleriň we gepleýşiň kadaly kämilleşmegine päsgel berýär.

Şunuň ýaly ýagdaýlarda çaga kellesini giç tutup başlaýar, giç oturýar, emedekleýär, ýöreýär.

Ýylgyrmak ukybynyň giç ýüze çykmagy, öz duýgularyny hereketleri, mimikasy bilen äşgär edip bilmezlik häsiýeti, ruhy taýdan kämilleşmegiň bozulmalarynyň barlygyndan habar berýändir.

Keseli anyklamak çäreleri

Beýniniň perinatal bozulmalaryny anyklamak kliniki barlaglara we göwreliligiň we dogrumyň geçiş taryhy baradaky maglumatlara esaslanandyr. PER-i anyklamakda köplenç neýrosonografiýa we elektroensefalografiýa barlaglary ulanylýar.

Neýrosonografiýa barlagy beýniniň dokumasyny, onda oňurga-beýni suwuklygy aýlanýan giňişlikleriň ýagdaýyny, beýniniň zeperlenme derejesiniň häsiýetini anyklaýandyr.

Elektroensefalografiýa beýniniň elektrik işjeňligini anyklamaga ýardam berýän barlagyň görnüşi bolup, ol beýniniň ösüşiniň ýaşa görä yza galmagynyň derejesini, tutgaýlaryň döreme töwekgelçiliginiň barlygyny anyklamaga kömek berýär.

Kompýuter tomografiýasy we magnit-rezonans tomografiýasy beýniniň duýpli bozulmalaryny ýüze çykarmaga kömek edýän usullardyr. Olar döwrebap usullar bolsa hem, narkoz ulanma çäresini geçirmegiň zerurlygy kiçi çagalarda bu barlagy ulanmagy kynlaşdyrýandyr.

Bu keselde göz düýbüne baha berip, genetiki keselleri, kelle çanagynyň basyşynyň derejesini we görüş nerwiniň ýagdaýyny anyklamak üçin göz lukmanyň maslahaty hem gerekdir.

Keseliň bejergisi

Merkezi nerw ulgamynyň orta agyrlykdaky we agyr bozulmalarynyň ýiti döwrüni başdan geçirýän çagalar keselhana bejergisine mätäçdirler. Nerw ulgamynyň ýokary duýujylyk we hereketlilik bozulmalarynyň ýeňil görnüşinden ejir çekýän çagalara bolsa özüne laýyk gün tertibini düzüp, owkalama, bejeriş maşklary, fizioemleri ýaly çäreleri bellemek bolar.

Derman bilen bejergi çärelerinden, olara esasan otlar bilen (rahatlandyryjy we buşukdyryjy derman otlary)  we gomeopatiki serişdeler bilen bejergi geçirilýär.

Kelle çanagynda suw ýygnanyp, basyşyň ýokarlanmagy bilen geçýän ýagdaýlarynda bolsa, keseliň geçiş derejesine baglylykda bejergini lukman bellemelidir.

Bejerginiň netijeliligi neýrosonografiýa barlagy bilen kesgitlenýär.

Agyr ýagdaýlarda oňurga-beýni suwuklygynyň derejesini azaltmaga mümkinçilik berýän diakarb ulanylýar. Derman serişdesi bilen bejergi netijesiz bolanda, neýrohirurgiýa usullaryndan peýdalanylýar.

Hereketjeňligiň bozulmalary bilen ýüze çykýan alamatlarda fizioemleri, owkalama, bejeriş maşyklary ulanma çärelerinden peýdalanýarlar. Myşsalaryň gowşaklygynda olary tijendirýän (dibazol, galantamin) bellenilse, olaryň aşa dartgynly ýagdaýlarynda, tersine, myşsa dartgynlylygyny gowşadýan (midokalm, baklofen)  serişdeler ulanylýar.

Tutgaýly ýagdaýlar bilen geçýän alamatlar toplumynda tutgaýlara garşy derman serişdeleri ulanylyp, olaryň mukdaryny, ulanyş dowamlylygyny diňe lukman kesgitleýändir.Tutgaýly ýagdaýlaryň bejergisiniň gijikdirilmegi çaganyň psihiki ösüşiniň bozulmalaryna getirjekdigini ýatdan çykarmaly däldir. Bu görnüşde owkalama we fizioemleri bilen bejergini geçirmek bolýan däldir.

Psihomotor ösüşiň saklanmagy bilen geçýän görnüşlerde sosial-terbiýeleýiş çäreleri bilen bilelikde beýniniň gan aýlanşygyny, işjeňligini kadalaşdyrýan derman serişdeleri (nootropil, lusetam, pantogam, aktowegin, korteksin, winposetin) ulanylýar.

Alamatlaryň häsiýetine we dermanlary kabul etme aýratynlyklaryna baglylykda her çaga üçin aýry-aýry dermanlaryň utgaşmasy bellenilip bilner. PEP-iň hemme görnüşlerinde hem "B" toparyň witaminleri ulanylýandyr.

Çaga 1 ýaşanyndan soň PEP-iň alamatlary ýitip gidip biler ýa-da çaganyň indiki ösüşine täsir etmeýän ujypsyz alamatlary bilen saklanmagy bolup biler.

Geçirilen ensefalopatiýanyň ýygy duş gelýän galyndylary höküminde çagada  beýniniň işjeňliginiň ujypsyz bozulmalary (gylyk-häsiýetiň we okamagyň ujypsyz bozulmasy), gidrosefal alamatlar saklanyp biler.

Onuň has agyr gaýraüzülmelerine garaguşagyry keseli we çaganyň beýni ysmaz keseli degişlidir.