BAGRYŇ SIRROZY: GÖRNÜŞLERI, ALAMATLARY WE BEJERGI ÇÄRELERI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.35 (31 Ses)

Bagryň sirrozy – dowamly kesel bolup, ol bagryň dokumasynyň düýpli üýtgemegi we birleşdiriji dokumanyň emele gelmegi, bagyr öýjükleriniň işiniň ýetmezçiligi, bagyrda gan, limfa, öt aýlanyşygynyň üýtgemegi, bagryň işiniň bozulmagy bilen häsiýetlendirilýär. Bagryň sirrozy alkogol içgileriň uzak wagtyň dowamynda kabul edilmegi, soňabaka dowamly gepatite öwrülýän wirusly gepatite ýolukmaklyk, autoimmun häsiýetli bozulmalaryň döremegi, öt çykaryş ýollaryň uzak wagtyň dowamyndan dykylmagy hem-de öt durgunlylygynyň ýüze çykmagy, toksiki maddalaryň uzakmöhletleýin täsiri zerarly ýüze çykýp biler. Seýrek ýagdaýlarda bagryň sirrozy dowamly ýürek ýetmezçiligi, gemohromotoz we bagra täsir edýän mugthorlar (meselem, ehinokokkoz)  zerarly döräp biler.

Bagryň sirrozy özbaşdak kesel hökmünde hem, başga keselleriň täsiri netijesinde hem (ikilenç sirroz) ýüze çykyp bilýändir. Meselem, bagyrda şeýle üýtgemeler inçekeselde, brusellezda, merezýelde, ýüregiň işiniň ýetmezçiliginde, birleşdiriji dokumanyň kesellerinde, käbir zäherlenmelerde, alyş-çalyş ulgamyň bozulmalarynda döräp bilýändir.

Keseliň ýaýbaňlanyş derejesine baglylykda işjeň we işjeň däl görnüşleri, bagryň işiniň bozulma derejesine görä bolsa kompensirlenen (öwezini dolan) we kompensirlenmedik görnüşleri tapawutlandyrylýar. Şeýle hem, ýüze çykýan morfologiki üýtgemeler boýunça kiçi we uly düwünli ýa-da garyşyk sirrozlar aýyl-saýyl edilýär. 

Keseliň kliniki alamatlary

Kesel uzak wagtyň dowamynda hiç bir alamatsyz geçip biler. Keseliň ilkinji alamatlaryna ýürek bulanma, gägirme, içiň ýellenmegi, işdäniň peselmegi, ysgynsyzlyk, horlanma degişlidir. Näsaglaryň käbirlerinde sag gapyrgasynyň aşagynda agyry, agyrlyk duýgusy duýlup, fiziki işjeňlikden, ýagly iýmitlenmeden soň ol has hem güýjeýändir. Bagyr ulalyp, dykyzlanýar, üsti büdür-südürräk bolýar, gyralary ýitilenýär. Näsaglaryň üçden birinde, keseliň başlangyç tapgyrynda  el bilen barlanylanda dalagyň ulalandygy (splenomegaliýa) duýulýar. Dalagyň göwrümi ulalyp, dykyzlanan, gyralary ýitileşen bolýar. Keseliň irki alamatlaryna, il arasynda bagryň kiçi alamatlary diýip atlandyrylýan damar "ýyldyzjyklary" degişlidir. Bu "ýyldyzjyklar" deri damarlarynyň giňemegi netijesinde döräp, adatça adamyň ýüzüniň, arkasynyň, gerdeniniň derisinde köp bolýar. Adamyň eliniň aýasynda döreýän eritema (bagyr aýalary) hem bu keseliň  alamatlaryna degişlidir.  Wagtyň geçmegi bilen, kesel ýaýbaňlaşyp, bagra girýän wenadaky basyşyň (portal gipertenziýa) ýokarlanmagy ýüze çykýar. Portal gipertenziýanyň kliniki alamatlaryna esasan hem assit (garyn boşlugyna suwuklygyň ýygnanmagy) we göbegiň töweregindäki deriasty wena damarlaryň giňemeg (Meduzanyň kellesi)  degişlidir. Portal gipertenziýanyň möhüm alamatlaryna gyzylödegiň wenalarynyň warikoz giňelmesi hem degişlidir. Keseliň bu tapgyrynda gipoprotoinemiýa(gandaky belogyň derejesiniň peselmegi), ganazlyk ýüze çykýar, eritrositleriň çöküş tizligi (СОЭ) we gandaky bilirubiniň mukdary artýar. Transaminazlar (gandaky fermentler) has işjeňleşýär, gany lagtalandyryş faktorlary peselýär. Näsaglaryň beden dokumalarynda öt turşulyklaryň toplanýandygy sebäpli, deriniň gijemesi, onuň saralmagy ýüze çykýar. Şeýle näsaglar gitdigiçe ysgynsyzlanyp, arryklama derejesine çenli horlanýarlar. Netijede, bagryň işiniň ýetmezçiligi döreýär. 

Bagryň sirrozy gyzylödegiň damarlarynyň warikoz giňelmesiniň netijesinde ganakmalar (adatça ganly gusuk görnüşinde bolup, ölüme eltip bilýär), assit, bagryň  düwnük keseli, peritonit, bagra girýän wena damarynyň trombozy, koma ýaly howply gaýraüzülmelere getirip, bu gaýraüzülmeler bagyr ýetmezçiliginiň alamatlaryny has hem ýaýbaňlandyrýandyr. 

Bagryň ultrases we radionuklid barlaglary, kompýuter rentgen tomografiýasy agzanyň ulalandygyny, gurluşynyň üýtgändigini, dalagyň ulalandygyny ýüze çykaryp bilýär. Keseli has anyk anyklamagyň usullaryna bagryň laparoskopiýa we biopsiýa barlaglary degişlidir. 

Bejergisi

Keseliň ilkinji alamatlary mese-mälim ýüze çykmadyk döwürde alkogol içgilerden bütinleý ýüz döndermek wajypdyr. Bu döwürde bagra agram salmaýan berhizi tutmaly, dermanlary seresaplylyk bilen ulanmaly, uly fiziki agramsalmalardam gaça durmaly. Dermanlaryň köpüsi, mysal üçin sedatiw serişdeleri (nerw ulgamyny köşeşdiriji serişdeler), aminazin, morfin we beýleki neşe agyrysyzlandyryjylary bagryň sirrozyny has hem erbetleşdirip bilýändir. 

Keseliň bejergisi oňa getiren sebäbi aradan aýyrmaga gönükdirilen bolmalydyr: alkogol sirrozynda alkogol içgilerini içmekligi bes etmekden, "kardial" sirrozynda durgunly ýürek ýetmezçiligini kadalaşdyrmakdan, wirus sirrozynda wiruslara garşy bejergi geçirmekden ybaratdyr. Berhiz iýmitlenmesiniň № 5 stolunyň çäklerindäki ýokumly iýmiti iýmek maslahat berilýär. Iýmitde beloklaryň kadalaýyk mukdarynyň bolmagy örän wajypdyr.

Bagryň sirrozynda  bejeriş   çäreleriň aşakdaky ugurlary ulanylýar:

Bagyr öýjýklerinde alyş-çalyş ahwalatlary gowulandyrmak maksady bilen – witaminler (undewit, dekamewit we başg.), essensiale, geptral, gepa-mers, glýutamin turşulygy, kokarboksilaza kabul etmek maslahat berilýär. 

Gandan taýynlanan serişdeler, ganyň ýerini tutujy serişdeler, elektrolit erginleri – esasan gan akmalarda, assitde, bagryň işiniň ýetmezçiliginde ulanylyp, gan akmalarda konsentrirlenen plazmanyň ulanylmagyna ýykgyn edilse, gandaky beloklaryň peselmegi bilen ýüze çykýan assit ýagdaýynda plazma bilen albuminiň 20%-li erginini ulanmaga çalşylýar.

Glýokokortikoid serişdeleri ulanmaga sirrozyň kompensirlenen görnüşiniň beterleşmegi, wiruslaryň täsiri bilen dörän ýa-da alkogol sirrozynyň işjeňleşmegi, dalagyň juda ulalmagy ýaly ýagdaýlar görkezme bolup durýandyr.

Iýmit siňdiriş ýagdaýlary kadalaşdyryp hem-de ýogyn içegede emele gelýän toksiki maddalaryň siňdirilşini azaltmak üçin öt turşulygyny saklamaýan fermently serişdeler (mezim-forte, kreon, pankreatin), adsorbentler (sorujy serişdeler) – enterosorbent, işjeňleşdirilen kömür ulanylýar.

Portal gipertenziýanyň ýüze çykan ýagdaýynda nahar duzuny, buşukdyryjy serişdeleri (weroşpiron, furosemid), beta-blokatorlary kabul etmeklik çäklendirilýär.  

Häzirki döwürde bejerginiň hirurgiki usullary hem ulanylyp, bu bejergi üçin portal gipertenziýanyň ýüze çykmagy esasy görkezme bolup durýandyr. Olara warikoz giňelmesi bolan damarlary emeli sklerozirleme, portokawal şuntirleme (bu usul potal gipertenziýanyň derjesini peseldýär), dalagy aýyrmaklyk usullary degişlidir. Bejergi täsir etmeýän assitde parasentez (garyn boşlugyny punktirläp suwuklyk alma) çäresi geşirilýär.

Bagryň sirrozynda gany ekstrakorporal arassalama usuly hem ulanylýar. Bu usul bagryň ýetmezçiliginde bedenden zäherli maddalary çykarmaga, bagra berilýän agramlylygy peseltmäge kömek edýär.

Bagryň sirrozynyň kompensirlenmedik görnüşi, gaýraüzülmeleriň ýüze çykmagy keselhana bejergisi üçin görkezme bolup durýandyr. Kompensirlenen sirrozly näsaglar (barlaglaryň kadaly görkezijilerinde) bellenen ýaşaýyş düzgüni berjaý edip, gepatolog lukmanyň gözegçiliginde (ýylda 2 gezekden seýrek däl) saklanmalydyrlar. 

Bagryň sirrozy hemme beden ulgamlaryna täsir edýän, gaýraüzülmelere, şonuň ýaly-da maýyplyga  getirýän ölüm howply kesel bolup, onuň öňüni alyş çäreleri bagra ýaramaz täsir edýän faktorlaryň derejesini azaltmaga gönükdirilen bolmalydyr.

Dogry iýmitlenme, alkogol içgileri çenli ulanma, önümçiligiň zyýanly faktorlarynyň täsirini azaltma, bagryň we öt haltanyň kesellerini, şonuň ýaly-da wirusly gepatitleri öz wagtynda we kadalaýyk bejerme bagryň şeýle agyr zeperlenmesiniň öňüni almakda esasy çäreler bolup bilerler.