NEÝRODERMIT: SEBÄPLERI, ALAMATLARY WE BEJERGI ÇÄRELERI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.44 (9 Ses)

Neýrodermit – gijeme, galyňlaşan deride düwünçejikleriň döremegi bilen häsiýetlendirilýän dowamly, gaýtalanyp durýan deri keselidir. Ýer togalagynyň ýaşaýjylarynyň arasynda giňden ýaýran bu kesel, ähli deri keselleriniň umumy sanynyň 40%-ni eýeläp, ol esasan çagalyk döwründe ýygy duş gelýändir.

NEÝRODERMIT KESELINIŇ GÖRNÜŞLERI

Keseliň alamatlarynyň dörän ýerine we ýaýraýyş häsiýetine baglylykda birnäçe görnüşini tapawutlandyrýarlar:

Diffuz (ýaýraň) neýrodermiti – keseliň alamatlary ýüzde, boýunda, ellerde, tirsek we dyz epinlerinde ýüze çykýar.

Çäklenen neýrodermit – deri örtüginiň uly bolmadyk belli bir ýerinde duş gelýär.

Çyzyk görnüşli neýrodermit – ellerde we aýaklarda peýda bolýar.

Gipertrofiki (zeperlenen deriiň aşa ösmegi) görnüşli neýrodermit – esasan, gasyk töwereginde ýüze çykýar.

Follikulýar görnüşli neýrodermit – bedende saç örtügi bar bolan ýerlerde peýda bolýar.

Psoriaz görnüşli neýrodermit – ýüzde we kellede döreýär. Keseliň bu görnüşinde deri örtügi gat-gat bolup, gopýan teňňejikler bilen örtülýär.

NEÝRODERMIT KESELI NÄME SEBÄPDEN ÝÜZE ÇYKÝAR?

Keseliň ýüze çykmagynyň we ýaýramagynyň sebäpleri köpdürli bolup, olaryň arasynda has ýygy duş gelýän faktorlara aşakdakylar degişli edilýär:

♦ Bedende alawlama hadysalarynyň bolmagy.

♦ Bedende alyş-çalyş ýagdaýlaryň bozulmagy we kesele garşy durnuklylygyň peselmegi.

♦ Merkezi nerw ulgamyň işiniň bozulmagy.

♦ Iýmit siňdiriş ulgamyň keselleri.

♦ Ruhy dartgynlylyk we dowamly sustupeslik ýagdaýynda bolmak.

♦ Bedeniň umumy zäherlenme ýagdaýlary.

♦ Nädogry gün tertibi we doly gymmatly iýmitiň ýetmezçiligi.

♦ Uzak wagtlap akyl we fiziki dartgynlylykda bolmak.

♦ Nesil yzarlama faktory.

Çagada neýrodermit keseliniň ýüze çykmagyna köplenç ata-enesiniň allergiki täsirlilige meýilliligi sebäp bolýar. Uly adamda bu keseliň döremegine ýaramaz iş şertleri (mysal üçin, himiki senagatda işlemek) we adaty durmuşda başdan geçirýän ýakymsyz duýgular we psihiki bozulmalar sebäp bolup bilýär. Deri keselleriniň, aýratyn hem allergiýanyň we neýrodermitiň döremegine köplenç daşky gurşawyň faktorlary hem täsir edip bilýär: gül tozanjygy, käbir iýmit önümleri we derman serişdeleri (antibiotikler, witaminler, sulfanilamid serişdeleri, waksinalar), öý haýwanlarynyň tüýi. Neýrodermit keseline duçar bolan çaganyň hossarlary, keseliň döremegine sebäp bolup biljek faktorlar bilen, körpejäniň mümkin bolaýjak aragatnaşyklaryna ýol bermezlige çalyşmalydyr. Ol sebäpleri ýüze çykarmak köp halatlarda ýeňil düşmeýär. Sebäbi allergiki ýagdaýyň döremegine akwariumda saklanýan balyjaklar üçin niýetlenen iým ýa-da ýassygyň ýelekleri ýaly oýuňa gelmejek zatlar hem sebäp bolup bilýär.

NEÝRODERMIT KESELINIŇ NÄHILI ALAMATLARY BOLÝAR?

Neýrodermit keseliniň ilkinji alamaty boýnuň ýüzünde peýda bolýan örgünli gijilemedir. Soňra ol maňlaýa, ýaňaklara, gözleriň gabyklaryna we agzyň töwereklerine ýaýraýar. Mundan soň örgün we deri gijilemesi jyns agzalarynyň töwereginde we otyrýerde, tirsek we dyz epinlerinde ýüze çykýar. Deriniň zeperlenen ýerinde gyzarma ýüze çykyp, soňy bilen kem-kemden tozgalanyp gopup başlaýar. Kesel öte geçirilen ýagdaýynda deriň ýüzünde owunjak pakgarmalar peýda bolýar, olar soňra gurap ýukajyk gabyk emele getirýär. Käbir ýagdaýlarda neýrodermidiň gijilemesi güýçli bolup, näsagyň zeperlenen derini gaşamagy netijesinde ol ýerler suwjarýar, ýöne soňundan tiz guraýar. Zeperlenen deriniň, onuň pigment öýjükleriniň üýtgemegi netijesinde adatdakysyndan garalmagy hem mümkindir. Deriniň gijemegi ýadawlyk, töweregine perwaýsyzlyk, ysgynsyzlyk ýaly alamatlaryň döremegine sebäp bolup biler.

Dowamly neýrodermit ýüze çykan ýagdaýynda, onuň esasy alamatlary gyş döwründe ýitileşýär. Tomsuna, tersine, syrkawyň ýagdaýy ep-esli gowlanýar. Keseliň elde peýda bolmagy näsag üçin has oňaýsyz bolup, iş edende birahatlygy döredip biler. Sebäbi häli-şinde hereketde bolýan zeperlenen eller eşige we başga zatlara degip, alamatlaryň has hem ýitileşmegine getirip biler.

NEÝRODERMIT KESELINI BEJERIP BOLÝARMY?

Bu kesel dermatolog lukmanyň bejergisini, köp halatlarda allergolog lukmanyň maslahatyny talap edýändir. Hünärmen lukmana wagtynda ýüz tutulan ýagdaýynda keselden doly saplanmak mümkinçiligi ýokarlanýandyr. Anyklama, deriniň zeperlenen ýerlerini gözden geçirmek, deri bölekleriniň barlagy we ganyň umumy derňewi arkaly goýulýar.

Keseliň bejergisinde allergiki täsirlilige garşy derman serişdeleri ulanylýar: suprastin, klaretin, diazolin, zaditen, zirteks we ş.m. Deri gijilemesini aýyrmak üçin apulein ýa-da gidrokortizon gormonal serişdelerini çäkli möhletde ulanmak maslahat berilýär. Bejergi üçin derman serişdeleri lukman tarapyndan doly anyklama geçirilip, keseliň esasy sebäbi ýüze çykarylandan soň bellenilmelidir. Neýrodermit keselinde, şeýle hem, rahatlandyryjy serişde hökmünde pustyrnigiň şerbeti, walerýana gerdejikleri, nowopassit, biopassit, wamelan we ş.m. derman serişdelerini ulanmak maslahat berilýär.

Toplanan tejribäniň görkezmegine görä, keselden doly saplanmak üçin diňe derman serişdeleri bilen bejergi geçirmek ýeterlikli bolmaýar. Neýrodermit keseliniň bejergisi hökman berjaý etmeli düzgünleriň toplumyndan ybaratdyr:

• Dogry gün tertibini berjaý etmek (akyl we fiziki işjeňligi çäklendirip, ukynyň doly alnyşyna üns bermek, dogry berhizi berjaý etmek).

• Sagdyn dynç alyş. Alnan netijäni berkitmek üçin, mümkin bolan ýagdaýynda, deňizýakalarynda ýerleşýän sagaldyş-dynç alyş şypahanalarynda bejergi almak maslahat berilýär.

• Bedeni taplandyryjy çäreler we witamin-mineral toplumynyň kömegi bilen immun ulgamynyň işini ýokarlandyrmak.

• Ruhy gamgynlylyk ýagdaýy bilen göreşmek we ruhybelentlige ugrukdyrmak.

Keseliň has ötüşen ýagdaýynda gormonal serişdeleri ýa-da fizioemleri (parafin ýapgylary), ultramelewşe hem-de ýagtylyk söhlelerini ulanmak arkaly bejergi bellenilip bilner. Bejergi döwründe goşmaça serişde hökmünde derman otlarynyň kömegi bilen halk lukmançylygynyň usullaryny ulanmak hem peýdalydyr. Deri gijilewügüni aýyrmak üçin jerebaýyň we çopantelpegiň demlemesini pagta siňdirlip zeperlenen ýere goýulýar. Kesmeklerden tiz halas bolmak üçin, lukman bilen maslahatlaşyp, ýörite kremleri we ýaglary ulanmak bolýar. Neýrodermit keselinden halas bolmagyň esasy kepili, immun ulgamygynyň berkligini saklamak, ruhy dartgynlykdan çetde durmak we keselden saplanmaga bolan isleg we ynamdyr.

Neýrodermit howply gaýraüzülmelere getirmese hem, deriniň zeperlenen ýerinde (gaşama netijesinde hem) emele gelen ýarajyklara dürli ýokançlyklaryň düşmegi, deride güýçli alawlama hadysalaryň döreme howpuny ýokarlandyryp biler. Zeperlenen derini gaşamak netijesinde, ýokançlygyň deriniň sag ýerlerine ýaýrama mümkinçiligi hem ýokarlanýandyr. Bejergi dogry we doly göwrümde alnyp barylanda keseliň alamatlary çalt geçip, deriniň ýüzünde hiç hili yz galmaýar.