ÝASYDABANLYK: SEBÄPLERI, GÖRNÜŞLERI WE BEJERGISI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.53 (30 Ses)

Ýasydabanlyk – bu daban güberçeklikleriniň peselmegi bilen häsiýetlendirilýän dabanyň görnüşiniň üýtgemegidir. Daban güberçeklikleri hereket wagty döreýän sarsgynlyklary peseldip, deňagramlylygy saklamakda möhüm işi amala aşyrýarlar. Daban myşsalary we baglaýjylary gowşap, öz işini ýerine ýetirmedik halatynda, daban öz kadaly görnüşini ýitirip, ýasy görnüşe eýe bolýar. Şunuň ýaly ýagdaýda dabanyň ýerine ýetirmeli fiziologiki işini oňurgalyk, aýagyň bogunlary öz üstüne almaly bolýar. Netijede, ýasydaban çagalarda we uly ýaşly adamlarda bogunlara we oňurgalara düşýän agramyn artmagy, olaryň tiz sandan çykmagyna getirýär. Ýasydabanlykda näsag hemişe dabanda, injikde, butda we bilde agyry, basyş alamatlaryny duýup gezýär. Agyry alamatlary ýüze çykan halatynda, beden kadaly ýagdaýda hereket edişini üýtgedýär, eýýäm çanaklyk-but, dyz bogunlaryna zeper ýetip, hat-da göwräniň duruşynyň görnüşi heh üýtgeýändir. Netijede ýasydabanlyk çagalarda we uly ýaşly adamlarda artrozyň we skoliozyň döremegine sebäp bolup biler. Şeýle-de, bu kesel wenalaryň warikoz giňelmeginiň hem bir sebabi bolup bilýändir.

Ýasydabanlygyň görnüşleri we sebäpleri

Dabanda kese we dik güberçeklikleri bolup, şol esasynda ýasydabanlygyň indiki görnüşlerini tapawutlandyrýarlar:

► Dik ýasydabanlyk-haçanda dabanyň dik güberçekligi (dabanyň içki tarapyndan onuň uzynlygyna ýerleşýär) peselen ýagdayynda;

► Kese ýasydabanlyk-haçanda dabanyň kese güberçekligi (barmaklaryň düýbünde ýerleşýär) peselen ýagdaýynda ýüze çykyp bilýär. Kese ýasydabanlyk has ýygy ýüze çykyandyr. Utgaşan ýasydabanlyk – bir wagtda iki görnüşüniň hem ýüze çykarylmagy bilen häsiýetlendirilýär.

Şulardan başga-da, ýasydabanlygy dogabitdi we gazanylan görnüşlere bölmek bolar.

♦ Dogabitdi ýasydabanlyk – çaganyň ilkinji doglan gününden dokumalaryň ösüşiniň peselmegi bilen ýüze çykyp, bu görnüş gaty seýrek duş gelýändir.

♦ Gazanylan ýasydabanlyk – ýygy ýüze çykyp, ol hem şikeslenme, iglilik (rahit), ysmazlyk we hereketsizlik görnüşlere bölünýändir. Şikeslenmede daban süňkleriniň we injik-daban bognunyň döwülmeginden, ysmaz (poliomiýelit) keseli sebäpli myşsalaryň ysmazlygyndan soň, çaga rahit keselini geçireninden soň rahit ýasydabanlygy ýüze çykyp biler.

Hereketsizlik ýasydabanlygy has köp ýaýran görnüşi (hemme ýagdaýlaryň 80%-i) bolup, ol birnaçe sebäpleriň täsiri bilen ýüze çykyp biler:

• Nesilleýin myşsalaryň we daban siňirleriniň gowşak bolmaklygy;

• Artykmaç agramlylyk (semizlik);

• Fiziki işjeňligiň ýoklugy we az hereketlilik;

• "Oturumly" işler we kärler bilen baglylyk;

• Göwrelilik döwri;

• Oňaýsyz, dar köwüşleri we beýik ökjeli köwüşleri geýmeklik;

• Şikesler: topugyň döwülmegi, çat açmalar, siňirleriň we myşsalaryň zeperlenmegi;

• Dürli keseller: rahit, poliomiýelit.

Ýasydabanlygyň alamatlary

Ýasydaban adamlary aşakdaky alamatlar biynjalyk edýändir:

♦ Köwüşler gysýar we onuň içki tarapyna köp basylýar. Bu esasaan hem ökjeli köwüşlerde has gowy bildirýar;

♦ Fiziki agramlylykdan soň dabanda agyry peyda bolýar;

♦ Ýörelýän wagtda we dik durlup işlenilýan işlerde ayaklar çalt ýadaýar;

♦ Günün ahyrynda aýaklaryň çişmeginiň, myşsalaryň dartylmagynyň ýüze çykmagy;

♦ Ökjeli köwüşlerde yöremeklik güýçli agyrylara, oňaýsyzlyga getirýär;

♦ Keseliň soňky derejelerinde dine bir aýakda däl, bil bölüminde-de agyrlaryň ýüze çykmaklygy.

Köp alamatlar wenalaryň warikoz giňelmegi netijesinde hem ýüze çykyp we ýaýbaňlanyp bilýändir, Şol sebäpden hem, ilkinji agyry alamatlarynyň dörän wagtyndan ortoped lukmanyna yüz tutmak zerurdyr.

Ýasydabanlygyň ýüze çykyş derejeleri

Ýasydabanlyk alamatlaryň we anatomiki bozulmalaryň ýüze çykyşyna baglylykda 3 derejä bölünýär:

Ýasydabanlygyü 1-nji derejesini anyklamak azda-kända kyn düşýär. Ilki başda bu diňe bir daşky ütgeşme ýaly bolup görünýär, uzak gezimden soň dabanda agyry peyda bolýar we dynç alnandan soň agyry aýrylyar. Ýasydabanlygyň birinji derejesinde dabanyň güberçeklik çägi 25-35 mm-a barabar bolup, bu ýagdaýda süňkleriň görnüşiniň üýtgemegi bolup geçmeýär.

Ýasydabanlygyň 2-nji derejesinde dabanyň ýasylaşmagy göze görnüp durýar. Şeyle hem ýöreýşiň üýtgemegi, ädimleriň kynlaşmagy yaly alamatlar döreýär. Agyry güýçlenýär we dyza çenli ýetip bilýär. Dabanyň güberçeklik çägi 17-23 mm-e çenli peselýär.

Ýasydabanlygyň 3-nji derejesi dabanyň güýçli üýtgemekligi we dayanç-hereket ediş ulgamyň bozulmagy bilen utgaşaýar. Skolioz, oňurgara ingileriň (gryža) emele gelmegi, osteohondrozyň peyda bolmaklygy mümkindir. Bu derejede güýçli agyry yüze çykyp, agramly hereket etnek, sport bilen meşgullanmaklyk mümkin bolmaýar. Hereket etmeklik üçin ýörite ortopedik köwüşleri geýmek zerurlygy döreýär. Dabanda üýtgeşmeler döreýär, ýagny 1-nji barmagyň daşa tarap gyşarmagy bolup geçip, onuň kellejiginde güberçejik emele gelýär. Dabanyň güberçeklik çagi 17 mm-dan kiçi. Daraklyk süňkleriniň çykmagy dabanyň daşa tarap ösmegine we ýasylaşmagyna getirýändir.

Nähili anyklamaly?

Eger özüňizde ýasydabanlyk bardyr diyip güman edýän bolsaňyz, muny ýönekeýje usulyň üsti bilen anyklap bilersiňiz. Ýagly kremi ýa-da ösümlik ýagyny dabanyňyzyň aşagyna oňat edip çalyp (koplenç jöwherli yaşylyň erginini hem ulanýarlar) ak kagyzyň üstüne basmaly. Barlag geçirilende göni durmaklyk we tutus dabanyňyz bilen kagyza doly basmaklyk zerurdyr. Soňra alnan "möhüri" barlamaly. Dabanyň içki gyrasy aylaw oý görnüşe eýedir we kadaly ýagdaýda dabanyň ýarsyndan köpräk bölegini şol oý şekilli aýlaw tutmalydyr. Eger oýjagaz ýok bolsa ýada gaty inçe bolsa, onda ýasydabanlyk barada pikir edip bolar.

Ýasydabanlygyň bejergisi
Ýasydabanlygyň bejergisi uly yaşly adamlarda doly sagalma netijeliligini bermese hem, alamatlaryň gowşamagyna we işleme ukybynyň dikeldilmegini gazanmaga kömek edip biler. Süňkleriň çeýeligi hem-de olaryň ösme döwrüniň tamamlanmandygy sebäpli, çagalarda özwagtynda başlanan bejergi çäreleri peýdaly netijeleri berip bilýändir.

Uly adamlarda bejergi

Uly adamlarda ýasydabanlyk anyklanylandan soň, bejergi çärelerine başlap, dabanyň görnüşiniň üýtgemegini duruzmaga synanyşmalydyr. Bejergi umumulaşan görnüşde alynyp barlyp, agyryny aýyrmaklyga, myşsalaryň dartgynlylygyny peseltmeklige gönükdürlendir. Agyry kömekçi derman serişdeleri we fiziki emleri ulanma bejergisi bilen gowşadylýar:fonoforez, elektroforez, bejergi owkalamsy we magnit tolkunlary bilen bejergi. Bejergi maşklaryny belli bir tertipde geçirmek örän möhümdir. Ortoped lukmany yörite maşklary belläninden soň, olary yzygiderlikde ýerine ýetirmeklik hökmanydyr. Maşklar myşsalaryn dartgynlylygyny gowşatmakda, siňirleri berkitmekde oňat netijeleri berip biler. Şeyle hem suw owkalamasyny ulanmaklyk, ayaklar uçin wanna kabul etmeklik örän peýdaly bolup bilýändir. Bu sanalan düzgünler heniz kesel otüşmedik halatynda ulanmaklyga laýykdyr. Keseliň has agyr görnüşlerinde hirurgiki bejergileri bellenilýär. Esasan hem kese ýasydabanlykda hirurgiki bejergi ýygy bellenilýändir.

Çagalarda bejerginiň görnüşleri

Çagalarda esasan dik ýasydabanlygyň duş gelýändigi, sagalmany hirurgiki bejergisiz, beýleki bejeriş usullary bilen alyp barmaga görkezme döredýär. Dogabitdi ýasydabanlyk üçin ýörite sargylar we gipsler, dabanyň kadaly görnüşe eýe bolmagyna kömek etjek ortopediki aýakgaplar ulanylýar. Ýokarda bellenilşi ýaly, çagalarda myşsa ulgamynyň gowşaklygy we doly berkemedik süňk ulgamy ýasydabanlygyň ýüze çykmaklygyna getirýän esasy sebäpdir. Munuň üçin yzygiderli fiziki maşklary, bejergi owkalamasyny bellemeklik ýerliklidir. Bu düzgünler dokumalaryň gan bilen üpjün edilşigini ýokarlandyrýar, olary berkidýär. Çägelikde aýak ýalaňaç gezmeklik, ökjeleriňe, barmaklaryňa hem-de dabanyň gyrasyna gezekli-gezegine basyp ýöremek peýdalydyr. Şeýle hem, dabanyň bilen tegelek zatlary tigirläp hereketlendirme hem maslahat berilýär.

Ene-atalar çagalarynyň ýöreýşine gözegçilik edip durmalydyrlar:çaga dabanyny göni we doly basmalydyr we emele gelen yzda dabanyň gyrasy anyk görünmelidir. Ene-atalar çagalarda ýasydabanlygy näçe ir ýüze çykaryp wagtynda bejergini alsalar, şonça-da dabanyň sagat kaddyna dikelmegine bolan mümkinçilik ýokarlanýandyr.

Ulanylan çeşme.