PARAPROKTIT: SEBÄBI, ALAMATLARY, BEJERGI ÇÄRELERINIŇ GÖRNÜŞLERI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.57 (23 Ses)

Paraproktit – göni içegäniň töwereginde ýerleşýän ýagly öýjükligiň alawlama keselidir. Paraproktitiň ýiti we dowamly görnüşleri tapawutlandyrylýar. Ýiti paraproktit keselinde ýagly öýjüklikde çäkli iriňli boşluk (absses) emele gelýär. Dowamly paraproktit, köplenç geçirilen keseliň ýiti görnüşinden soň göni içegäniň we artbujagyň töwereginde fistulanyň (içki deşigi göni içegede, daşky deşigi bolsa ýamzyň derisine açylan ýara ýoly) döremegi bilen häsiýetlendirilýär. Paraproktit göni içegäniň keselleriniň arasynda proktit we babasyl keselinden soň iň ýygy duş gelýän kesel bolup durýandyr. Näsaglaryň 90%-niň ýaşy 20-60 ýaş aralygy tutýandyr. Bu kesel bilen aýallara garanyňda erkek adamlar ýygy keselläp, bu gatnaşyk 7:3 deňdir.

PARAPROKTIT KESELI NÄME SEBÄPDEN DÖREÝÄR?

Paraproktit keselini bakteriýalar döredip, köplenç içege taýajygy, seýrek ýagdaýda stafilokokklar, enterokokklar we anaerob bakteriýalary keseli döredijiler bolup durýarlar.

Ýokançlyk göni içegäniň boşlugyndan nemli bardanyň zeperlenmegi, artbujagyň jaýrylmagy netijesinde ýagly öýjüklige düşýär. Ýokançlyk bedene esasan artbujakda ýerleşýän mäzler arkaly düşüp bilýär. Seýrek ýagdaýlarda ýokançlyk ýaralanan deriniň, çybanyň ýa-da peşew mäziniň sowuklamasy arkaly geçip bilýändir. Şeýle hem ýokançlyk başga ojakdan gan akymy arkaly hem geçip bilýändir.

Paraproktitiň döremegine getirýän töwekgelçilik faktorlaryna aşakdakylar degişlidir:

► ýygy-ýygydan içiň gatamagy;

► babasyl, artbujagyň jaýrylmasy;

► arakhorluk, bedeniň tapdan düşmegi, dümewden, anginadan soň immunitetiň gowşamagy;

► süýji keseli;

► ateroskleroz.

PARAPROKTIT KESELINIŇ NÄHILI ALAMATLARY BOLÝAR?

Paraproktitiň kliniki alamatlary iriňli ojagiň ýerleşýän ýerine baglylykda düýpli üýtgäp durýar. Keseliň başynda näsag bitaplyk, ysgynsyzlyk, kelle agyry duýýar. Bedeniň gyzgynynyň 37,50C ýokary galmagyny we üşütmäniň ýüze çykýandygyny belläp bolýar.

Artbujagyň golaýynda deriň aşagynda ýerleşýän deriasty paraproktitde alamatlar has hem aýdyň bildirip, artbujagyň töwereginde ýüzüniň derisi gyzaran agyrly çiş döreýär. Agyry kem-kemden güýjäp, güýçli sorkuldama döreýär we ýatmaga, oturmaga päsgel berýär. Täret etme örän agyryly geçýär. Wagtyň geçmegi bilen çişiň ýüzi ýumşaýar. Paraproktitiň bu görnüşi örän ýygy duş gelýändir.

Nemasty paraproktit göni içegäniň nemli örtüginiň aşagynda ýerleşýär. Keseliň bu görnüşiniň alamatlary edil deriasty paraproktite meňzeş bolsa-da, agyryly alamatlar we deridäki üýtgeşmeler has gowşak ýüze çykýar.

Işiorektal paraproktitde iriňli ojak artbujagy galdyrýan myşsanyň üstünde ýerleşýär. Iriňli başyň örän çuň ýerleşendigi sebäpli ýerli alamatlar aýdyň ýüze çykmaýar: kiçi çanaklykda we göni içegede duýulýan kütek sorkuldyly agyry, täret edilende agyry duýgusy güýjeýär. Deride gyzarma, çişme, pökgerme görnüşindäki üýtgeşmeler agyry ýüze çykandan 5-6 gün soň peýda bolýarlar. Syrkawyň umumy ýagdaýy agyrlaşýar: beden gyzgyny 380C çenli ýokarlanyp bilýär, bedeniň zäherlenme alamatlary peýda bolýar.

Pelwiorektal paraproktiti bu keseliň has agyr geçýän görnüşidir. Bu ýiti paraproktitiň seýrek duş gelýän görnüşinde iriňli ojak çanaklygyň düýbüni emele getirýän myşsanyň ýüzünde ýerleşýär hem-de garyn boşlugy bilen onyň arasyny ýukajyk garnyň içki bardasy araçäkleýär. Keseliň başynda näsag güýçli gyzdyryp üşüdýär, bogunlarda agyryny duýýar. Çanaklykda we garnyň aşagynda agyry duýgusynyň döremegi ýerli alamatlara degişli edilýär. 10-12 günden agyry güýjeýär, täretiň we peşewiň saklanmasy ýüze çykýar.

Nekrotiki paraproktit aýry topara bölünýär. Keseliň bu görnüşi anaerob ýokançlygyň çalt ýaýramagy bilen tapawutlanýar, ýumşak dokumalaryň ep-esli böleginiň jansyzlanmagy (nekroz) bilen geçýär we olary kesip aýyrma zerurlygy döreýär. Keseliň bu görnüşi bedeniň zäherlenmesine getirip, ölümçilige getirip bilýändir. Şeýle-de bu ýagdaýdan soň, deriň ýüzünde plastiki çäreleri talap edýän deri şikeslenmeleri peýda bolýar.

Dowamly paraproktitde iriňli boşluklar ýüze çykýar. Onuň agzy artbujagyň töwereginde ýa-da ondan daşyrakda, otyrýeriň bir tarapynda ýerleşip biler. Adatça bu ýagdaýda agyry duýgusy ýiti bolmaýar. Iriňli boşlugyň agzyndan köplenç iriň bilen täret bölünip çykýar. Dowamly paraproktitiň geçişinde iriňli deşigiň agzy ýapylyp, iriňiň ýygnanmagy netijesinde iriňli boşluk döräp biler. Bu ýagdaý dokumalaryň täze şikesleriniň peýda bolmagyna hem getirip biler. Iriňli çişiň ýarylyp göni içegä we onuň daşyna akmagy ahmaldyr ýa-da dokumalaryň jansyzlanmagy we başga üýtgeşmeleriň döremegi mümkindir. Bular keseliň agyrlaşmagyna getirip bilýändir.

PARAPROKTITIŇ GAÝRA ÜZÜLMELERI

Keseliň alamatlary ýüze çykan badyna hirurg lukmanyna ýüz tutmaga ýaýdanmagyň we haýallamagyň gynançly netijä getirjegini bilmelidir.

♦ Göni içegäniň diwarynyň iriňläp dargamagy we içegäniň içindäki täretiň ony gurşap alýan ýagly öýjüklige ýaýramagy. Bu bolsa öz gezeginde aşakda agzalan netijelere getirýär.

♦ Göni içege bilen jyns agzalaryň arasynda iriňli ýara ýodajygynyň döremegi.

♦ Peşew ýolunyň iriňli dargamagy, iriňlemäniň tohum haltajygyna geçmegi we dokumalaryň iriňläp çüýremegi zerarly jansyzlanma ýagdaýynyň ýüze çykmagy.

♦ Iriňiň garyn boşlugyna we garnyň içki bardasyna geçmegi garnyň içki bardasynyň howply alawlamasynyň (peritonit) ýa-da garnyň deriasty ýagynyň iriňli çişiniň – flegmonanyň döremegine getirýär. Bu bolsa öz gezeginde ganyň zäherlenmesiniň (sepsis) ýüze çykmagyna getirip, ölümçilige sezewar edip biler.

Näsaglaryň 96%-i keseliň döräp, fistula (ýara ýoly) emele gelmegini ýiti paraproktit bilen baglanyşdyrýan bolsalar hem, olaryň diňe 40%-i özwagtynda lukmançylyk kömegini almak üçin ýüz tutýarlar. Olaryň hem diňe ýarsy iriň geçirýän ýoly aýyrma bilen iriňli boşlugy açmagy üpjün edýän netijeli operatiw bejergini alýarlar. Näsaglaryň 30%-i keseli "aýak üstünde" geçirip, diňe iriňli boşluk ýarylyp, iriňli ýara ýoly emele gelensoň lukmana ýüz tutýarlar.

PARAPROKTIT KESELINIŇ ANYKLAMASYNY NÄDIP GEÇIRMELI?

Ýokarda agzalan alamatlar ýüze çykan badyna hirurg-lukmana ýüz tutmalydyr. Keseliň kliniki alamatlaryna dogry baha bermek we hirurgyň barlagy keseli dogry anyklamaga kömek edýär. Iriňli ojagyň gelip çykyşyny anyklamak üçin göni içegäni barmak bilen barlamak zerurlygynyň ýüze çykmagy mümkindir. Ýöne bu barlagyň örän agyryly bolýandygy sebäpli, ony operasiýa geçiriljek otagda operatiw bejergini geçirmegiň öň ýany, narkoz kabul eden näsaga geçirýärler.

Ýiti paraproktit kesgitlemesi goýlan näsagy keselhananyň hirurgiýa bölümine ýerleşdirmek zerurdyr. Keselhana düşen näsaga umumy kliniki barlaglardan başga-da görkezme bilen rektomanoskopiýa, fistulografiýa, rentgenografiýa ýa-da kompýuter tomografiýa barlaglaryny hem geçirýärler.

Bejergini we gözegçiligi lukman-proktolog geçirýär.

PARAPROKTIT KESELINIŇ BEJERGISI NÄHILI ALNYP BARYLÝAR?

Paraproktitiň bejergisi diňe hirurgiki usul bilen geçirilmelidir. Ýiti paraproktit keseli anyklanan badyna iriň boşlugynyň agzyny açmak boýunça operasiýa geçirilýär. Operasiýany umumy agyrsyzlandyrma çäresi geçirilen soň ýerine ýetirýärler. Köplenç damardan goýberilen narkoz ýa-da doly bihuş etmän, diňe biliňden aşagyny agyrsyzlandyrýan oňurga-ýilik agyrsyzlandyrmasyny ulanýarlar. Operasiýanyň maksady – iriňli boşlugy açyp arassalama we ýara ýörite turbajygy goýmakdyr (drenaž geçirmek). Ýara açyk ýagdaýda bitmelidir.

Geçirilen operasiýa iriň ýygnanmagy togtatmaga ýardam berse-de, keseliň özünden doly halas etmeýär. Bilişimiz ýaly, bu keselde iriňli bölünip çykmalar göni içegäniň mäzlerinden içege boşlugy boýunça gelýär. Şonuň üçin ýiti paraproktitiň gaýtalanmagy ýa-da dowamly görnüşe geçmegi mümkindir. Şol sebäpli geçirilen ýiti paraproktitden soň hirurg-proktolog lukmandan doly sagalmany üpjün edýän operasiýany geçirmek barada maslahat almak zerurdyr.

Dowamly paraproktitde keselden saplanmak üçin has çylşyrymly operasiýalary geçirýärler. Onuň maksady – ýara ýoluny zeperlenen dokuma bilen bile kesip aýyrmak, ýokançlygyň göni içege bilen arabaglanşygyny üzmek we ýaranyň bitmegi üçin oňaýly ýagdaý döretmekdir. Ýara agzy göni içegäniň agzyny büzýän myşsalarynyň (sfinkter) daşynda ýerleşip bilýändigini hem unutmaly däldir. Ýara ýoly kesilip aýyrlanda sfinktere ýetirilen zeperlenme täretiň we ýeliň saklanmazlygyna getirip bilýändir. Şol sebäpli şeýle ýagdaý ýüze çykanda bejerginiň ýörite usuly ulanylýandyr.

Operasiýadan soňky döwürde antibakterial bejergi (sefotaksim, gentamisin, amikasin) bellenilýär we günde arassalaýjy ýaglary ulanma bilen (meselem, lewomekol) ýarany örtýän daňy täzelenýär.

KESELIŇ GAÝTALANMAGYNYŇ ÖŇÜNI ALMA ÇÄRELERI

Doly sagalmany üpjün edýän operasiýadan soň durnukly netije gazanmak üçin birnäçe kadalary berjaý etmek zerurdyr:

► Iç gatama bilen göreşmeli we täretiň yzygiderli ýumşak bolmagyny gazanmaly.

► Berhiz döwründe kletçatka baý bolan ösümlik önümlerini (ter gök önümleri we miweleri, has hem şugundyr we kelemi), turşy süýt önümlerini (goýy gatyk, dorog) ulanmaly. Şeýle-de ýumurtga, ýag, süýt we ş. m. önümler goşulup ýugurlan agyr hamyrdan taýýarlanan önümleri iýmitde ulanmak maslahat berilmeýär.

► Süýji keseli bar bolan näsaglar gandaky süýjiň derejesini kadada saklamaga çalyşmaly.

► Kadaly beden agramyny saklamaly.

► Täret etmeden soň yzygiderli ýuwunmak bilen, şahsy arassaçylygyň kadalaryny berjaý etmeli.

► Dowamly babasyl keselini we artbujakda ýüze çykan jaýrygy özwagtynda bejermeli.