INÇEKESELDEN GORANYŇ!

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.73 (15 Ses)

Inçekesel ýokanç kesel bolup, ol adamlaryň, haýwanlaryň, guşlaryň arasynda giňden ýaýrandyr. Kesel nemes alymy Pobert Koh tarapyndan açylan inçekesel taýajyklary arkaly (oňa Kohuň taýajyklary hem diýilýär) döreýär. Kesel ýokuşandan soň birbada keseliň alamatlary ýüze çykman hem biler. Inçekesel taýajyklary köp ýyllaryň dowamynda adam bedeninde ýaşap, belli bir sebäpleriň täsiri netijesinde bedeniň kesellere durnuklylyk ýagdaýy gowşanda "oýanyp" bilerler. Ýaşaýşyň sosial şertleriniň ýaramazlaşmagy, iýmitlenmegiň ýeterlik bolmazlygy, garrylyk, nerw dartgynlylygy, alkogolizm, neşekeşlik, AIW-göterijilik, süýji keseli, öýkeniň dowamly keselleri şonuň ýaly sebäplere degişli bolup bilerler. Edil şol sebäpler netijesinde hem  çagalykda (ýa-da ýetginjeklikde) ýokuşan kesel, köp ýyllardan soň, garrylyk döwründe hemme alamatlary bilen döräp bilýändir. Şonuň üçin hem çagalary daşky ýokuşmadan goramak zerur bolsa, garry adamlarda bedeniň tapdan düşmekligine ýol bermeli däldir. Oňa garamazdan, islendik ýaş üçin hem daşky ýokuşmanyň ähmiýeti uludyr.

Syrkaw gürlände, üsgürende ýa-da asgyranda nem we gakylyk damjalarynda saklanýan inçekesel taýajyklary sag adamynyň dem alyş ýollaryna düşüp, bedene aralaşyp bilerler. Üsgürýän syrkawyň inçekesel taýajyklarynyň köp mukdaryny bölüp çykarýanlygy sebäpli, howa-damja ýoly  arkaly ýokuşma howply bolup durýandyr.

Seýrek ýagdaýlarda, inçekeselli haýwanlaryň süýdünden edilen süýt önümleriniň kabul edilmegi netijesinde hem ýokuşma bolup biler. Syrkaw göwreli aýaldan çagasyna hem kesel geçip biler.

Inçekeseliň ýokançlyk çeşmesi bolup duran syrkaw adam, köplenç öz keselliligi barada hiç zat hem bilmeýär. Inçekesel adaty dümew, uzak wagt bejerip bolmaýan öýken sowuklamasy ýaly hem geçip bilýändir. Kähalatlarda ol hiç hili alamatsyz hem bolup biler. Şol sebäpli hem inçekeseliň öňüni alyş çäreler toplumyny geçirmek, keseli ir möhletlerde anyklamak derwaýys meseleleriň biri bolup durýandyr.

Inçekeseliň öňüni alyş çäreleri çaga doglandan soň, dogrum öýünde başlanýandyr. Doglandan 2-3 gün soň, ol inçekesele garşy birinji sanjymyny (waksinasiýa) kabul edýändir. Sanjymyň edilen ýerinde alawlama, çişme ýaly ýagdaýlar döräp, onuň merkezinde kiçijik başjagaz emele gelýändir. Başjagaz 1,5-2 aýyň dowamynda bitip, onuň ýerinde menekli düwünçejik galýandyr. Çep golda galýan şol menekli düwünçejik hem sanjymyň geçirlendigini subut edilýändir.

Eger düwünçegiň ulylygy 5-7 mm-e deň bolsa, ol bedende inçekeseliň ýoklugyndan habar berýändir. Eger düwünçegiň ululygy 17 mm-den köp bolsa, çagany inçekesel hassahanasynda barlagdan geçirmek zerurdyr.

Waksinasiýa garşy görkezmeler aşakdakylardan ybaratatdyr:

Sanjymdan soň kesele durnuklylyk 5 ýyla golaý wagt saklanýandyr. Şonuň üçin hem gaýtadan öňüni alyş sanjymlary geçirmek möhümdir. Meýilnama laýyklykda, gaýtadan sanjym 14 ýaşda geçirilýär. 14 ýaşdan soň öňüni alyş sanjymlary görkezme boýunça geçirilip bilner. Allergiki täsirler, deriniň käbir keselleri, öňki sanjymlarda ýüze çykan gaýraüzülmeler gaýtadan sanjymy geçirmäge garşy görkezmeler bolup durýandyr.

Käbir ýüze çykan ýagdaýlarda, inçekesele garşy serişdeler bilen öňüni alyş bejergileri geçirmek hem  inçekesele garşy göreşiň bir bölegi bolup durýandyr.

Öňüni alyş bejergileriň ýaz-güýz aýlary izoniazid bilen geçirilmegi, keselçiligi peseltmäge ýardam berýär.

Öňüni alyş bejergileri aşakdaky toparlarda geçirmek möhümdir:

Biziň belläp geçişimiz ýaly, inçekeselli syrkawlar inçekesel taýajyklaryny daş-töweregine ýaýradyp, öýde we önümçilikde ýakyn gatnaşykda bolan adamlara keseli ýokuşdyryp bilerler.

Ýokuşma çeşmesine öwrülmez ýaly, inçekeselli syrkaw aşakdaky çäreleri geçirmäge ymtylmalydyr:

Inçekesel taýajygyny bölüp çykarýan syrkaw keselhana iberilende, onuň hususy zatlary  kamera zyýansyzlandyrmany geçýändir. Maşgalanyň başga agzalaryny keselçilikden goraýan bu çäreden boýun gaçyrmaly däldir.

Inçekeselli syrkawlara önümçilikde we jemgyýetçilik ýerlerinde umumy gap-gaçlardan peýdalanmak bolýan däldir.

Berlen maslahatlary berjaý edip, Siz özüňize we lukmanyňyza kömek edip bilersiňiz, öz  töwerek-daşyňyzdaky adamlara keseliň ýokuşmagynyň öňüni alyp, onuň ýaýramagyny saklap bilersiňiz.