ÇAGALARDA A WIRUSLY GEPATITINIŇ GEÇIŞI WE WAKSINASIÝA SORAGLARY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

a gepatit cagalardaA gepatitini enterowiruslaryň maşgalasyna degişli bolan wirus döredýändir we ol ýokançly iýmit önümleri we suw arkaly geçýändir. Her ýylda bütin dünýäde 10 mln. golaý adam bu kesel bilen keselleýär. Keselçilige möwsümlilik mahsus bolup, ol esasan sentýabr – noýabr aýlary ýygy duş gelýändir.

Ýokuşma ýollary

Kesel adamdan adama hapa, ýuwulmadyk eller, gaýnadylmadyk suw we gowy bişirilmedik iýmit önümleri arkaly geçýär. Çagalara köplenç çagalar bagynda oýnawaçlaryň, umumy ulanylýan goşlaryň üsti bilen ýokuşýar.

Elleri ýuwmagyň düzgünleri berjaý edilmedik (meselem, hajathanadan soň) ýagdaýynda wirus öýe ýaýraýar. Ýaýrama tizligi has hem bu kesel bilen kesellän aýal maşgala nahar taýynlanda ýokarlanýar. Ýokuşma üçin bary-ýogy birnäçe wirusy "iýme" ýeterlikdir. Wiruslar şeýle kiçijik bolup, ýokançlyklary ýaýradyjy siňekleriň aýajyklary arkaly ýüzlerçesi geçirilip ýaýradylýandyr.

Alamatlary

Kesel üçin gözleriň, deriniň saralmagy, täretiň agarmagy, peşewiň reňkiniň garalmagy (piwo ýaly), bagryň we dalagyň ulalmagy ýaly alamatlar mahsusdyr.

Kesel ýokuşandan birinji alamatlary ýüze çykýança 10 günden 50 güne çenli wagt geçýändir. Ortaça inkubasion döwür bir aý dowam edýär. Bu möhletiň soňunda beden temperaturasy ýokarlanyp, kellagyry we bedende agyrylar döreýär. Bu tapgyrda kesel ýiti respirator wirusly keseliň alamatlaryna meňzeş bolýar. Körpede sussypeslik ýüze çykýar, iýmitden ýüz döndürýär, hemişe göterilmegini talap edýär, garynda agyrylar biynjalyklyk edýär, derini gaşaýar. Şeýle hem gaýtarma, täretiň bozulmagy ýaly alamatlar döreýär. Birnäçe wagtdan soň ene-ata çagasynyň peşewiniň garalandygyny we täretiniň agarandygyny belleýär. Yzysüre gözüň agy, soň deri saralýar.

Saralma alamatyň döremegi bilen çaganyň ýagdaýy gowlaşýar: onda hereketlilik döräp, onuň işdäsi açylýar. 1-2 hepdeden soň hemme alamatlar geçýär.

A gepatitiniň alamatsyz geçýän görnüşi hem duş gelýändir. Onda gandaky bilirubin kän bir ýokarlanmaýar we deri saralmaýar. Wirus göterijilik hem bolýar: çaga kesellemeýär, ýöne wirusy daş-töwregine ýaýradýar. Bu ýagdaý ýokançlygy ýaýratmak babatda has howplydyr.

Gepatit A howplymy?

Gepatitiň bu görnüşi howply däldir. Kesel ýeňil görnüşde geçýändir we sagalma bilen tamamlanýandyr. Ýöne belli bir ýagdaýlarda kesel dowamly görnüşe geçip, hatda ölümçilige hem getirip bilýändir. Ýöne şeýle ýagdaý seýrek ýüze çykýar. A gepatitiniň gaýraüzülmeleriniň döreme töwekgelçiligi immun ulgamy gowşak, bagyr bozulmalaryndan ejir çekýän çagalarda has ýokarydyr. Meselem, çagada öň B wirus gepatiti ýa-da AIW ýokançlygy bolup, soň gepatit A ýokuşanda keseliň agyr geçmegi ähtimaldyr.

Bejergi we dezinfeksiýa çäreleri

Wirus A gepatiti bilen kesellän hemme näsaglar, ýaşyna garamazdan hökman keselhana ýerleşdirilmelidir. Bu wirusyň ýaýraýyş zynjyryny üzmek we nasagy sag adamlardan daşlaşdyrmak üçin amala aşyrylýandyr.

Kesel aýratyn bejergini talap etmeýär. Çagalara witamin serişdelerini, öt çykaryjy dermanlary, bagyr öýjükleri kadalaşdyryjy serişdeleri belleýärler. Näsaglara ýörite berhiz düzgünini belläp, köp suwuklygy kabul etmegi maslahat berýärler.

Keselhanada çaga, keseliň agyrlyk derejesine laýyklykda 7 günden 20 güne çenli saklanýar.

Çaga keselhana ýerleşdirilenden soň, onuň bolan otaglarynda zyýansyzlandyrma (dezinfeksiýa) işleri geçirilmelidir. Çagalar bagynda bu çäreleri arassaçylygy saklaýyşa gözegçilik edýän edaralaryň işgärleri geçirse, öýde ene-atalaryň özleri geçirmelidir. Hloraminiň 2%-li ergini bilen hemme üstleri süpürmelidir. Onuň üçin ergin bilen gowy süpürip, 30 min. soň birnäçe gezek arassa suw bilen ýuwmalydyr. Ýöne bu erginiň agardyjy we ýokarky dem alyş ýollaryny gyjyndyryjy häsiýetiniň bardygyny ýatda saklamalydyr. Düşek we ýassyk daşlary 20 min. dowamynda gaýnadylmalydyr. Eger hloramin ergini size ýaramaýan bolsa, onda hemme üstler gowy edilip çig esgi bilen süpürilmelidir we her otag 20 min. dowamynda kwars bilen işlenilmelidir.

Öňüni alyş çäreleri

Hemme 1 aýlyk ýaşa çenli körpeler gepatit A garşy wagtlaýyn goragly bolýarlar. Sebäbi ondan goraýan antitela öýjüklerini olar enesinden alýarlar (eger enede ol wirusa garşy antitela bar bolsa). Ol möhletden soň olar hemme adamlar ýaly keselläp bilýärler. Diňe ene süýdi bilen iýmitlenýän çagalar dowamly goragda bolýarlar, sebäbi ene özünde bar bolan antitela goragly öýjükleri bilen çagany takmynan 1 ýyla çenli goraýar. Wirusyň ýokuşma häsiýeti 100%-i düzüp, bedene düşende, öň kesellemedik adam hökman keselleýändir.

Gepatit A keseliniň ýokuşmagyny peseldip biljek ýönekeýje maslahatlar berjaý edilmelidir:

↪ Elleri ýygy ýuwmalydyr. Hökman naharlanmazdan öň we köçeden gelensoňyz ýa-da hajathanadan soň;

Diňe arassa suwy içiň. Gezelenje gitseňiz çüýşedaki suwy ulanyň;

Önümleri arassa bişiriň;

Iýmezden öň hökman ir-iýmişleri we gök önümleri ýüwüň. Ýuwanyňyzdan soň olary gaýnag suwda çaýkamany endik ediniň;

Diňe rugsat berlen, suwy arassa bolan ýerlerde suwa düşüň;

Tomus aýlary siňekler bilen göreşiň we olaryň iýmit önümleri bilen galtaşmagyna ýol bermäň.

Öňüni alyş sanjymy haçan edilmeli?

Eger gepatit A wirusy bilen keselleme howpy ýokary bolsa, sanjymy etmek hökmanydyr. Köp ýurtlaryň öňüni alyş sanjym kalendaryna (biziň sanjym kalendarymyza girmeýär) oňa garşy waksinasiýa girýändir. Sanjym edilmezden öň, hökman gepatit A wirusyna bolam antitela öýjükleriniň mukdaryny kesgitlemelidir. Eger ol ganda bar bolsa – diýmek çagada bu wirus bilen gatnaşyk bolup geçipdir we immunitet döräpdir. Eger kesgitlenmese – waksinasiýa edilmelidir. Häzirki wagtda gepatit A wirusyna garşy ulanylýan waksinalaryň aşakdaky görnüşleri bellidir:

"GEP-A-in-BAK" waksinasy – Russiýada öndürilen, çagalara üç ýaşdan rugsat edilýär;

"Awaksim" – Fransiýada öndürilen, 2 ýaşdan rugsat berilýär;

"Hawriks-720" – Belgiýada öndürilen, çagalara 1 ýaşdan rugsat edilýär.

Waksinasiýa arasyna 6-12 aý salyp, iki gezek geçirilýär. Russiýada we Belgiýada öndürilen waksina goraglylygy 20 ýyla, Fransiýada öndürilen bolsa 10 ýyla üpjün edýär.