JYNS AGZALARYNYŇ PAPILLOMAWIRUS ÝOKANÇLYKLARY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (9 Ses)

Jyns agzalarynyň papillomawirus ýokançlyklary adamyň papilloma wirusy (APW) arkaly döräp, gadymy wagtlardan bäri bellidir. APW-nyň jyns agzalarynyň rak keseline getirýän keselleriniň hem-de aýallarda we erkek adamlarda duş gelýän tekiz öýjükli rak keseliniň sebäbi bolup durýanlygy subut edildi. APW-nyň dürli görnüşleri adam bedeniniň dürli dokumalaryna zeper ýetirýändir.

APW-nyň 60-a golaý görnüşi bellidir. Wiruslar deriniň we nemli örtügiň diňe ýokary gatlagyna zeper ýetirýändirler. APW-y bilen dörän siňňiller öz-özünden ýitip hem bilýändir, käbir zeperlenmeler howply täze döremelere hem öwrülip bilýändirler.

Soňky 10-15 ýylda siňňilleriň dürli görnüşini göterýän adamlaryň sany artdy. Häzirki wagtda jyns ýollary arkaly geçýän ýokançlyklaryň içinde ol iň giňden ýaýranlaryň biri bolup, jyns gatnaşyklary-ny işjeň alyp barýan aýallaryň we erkek adamlaryň arasynda deň ýygylykda duş gelýändir.

Barlagçylaryň bellemegine görä, ABŞ-da jyns agzalaryň siňňilleri bilen 10 mln-dan 20 mln-e golaý adam zeperlenendir. Atlanta şäherindäki ýokanç keseller merkeziniň berýän maglumatlaryna görä, ABŞ-da siňňiller sözenek (gonoreýa) keselinden seýrek duş gelýän däldir we jyns agzalaryň uçugyndan ol 3 esse ýygy duş gelýän ýokançlykdyr.

Jyns agzalarynyň papillomawirus ýokançlyklary  esasan jyns gatnaşygy arkaly geçip, köplenç ol jyns ýollary arkaly geçýän başga ýokançlyklar bilen (sözenek, hlamidioz, trihomonioz) utgaşyp bilýär.

APW-sy birnäçe görnüşde ýüze çykyp bilýändir: ýiti uçly siňňil, dokumanyň içine ösýän ýasy siňňil we daşyna ösýän papillýar siňňiller.

Inkubasion döwri 1 aýdan 9 aýa çenli, ortaça 3 aý dowam edýändir. Ýiti uçly siňňiller (papilloma) gysgajyk "aýajykda" ýerleşýän, görnüşi boýunça reňkli kelemi  ýa-da horazyň kekejini ýada salýan täze döremedir. Siňňilleriň düýbi ýumşak bolup, olar dokumalaryň aşaky gatlagy bilen birleşmeýärler, doly hereketde bolýarlar. Olaryň uly birleşmelerinden başga-da, aýry-aýry uly bolmadyk toparlara birleşýän kiçijik siňňiller hem duş gelýändir. Siňňiller deriniň reňkinde, açyk gülgüne ýa-da goýy gyzyl reňkde bolup bilerler.

Erkek adamlarda siňňiller esasan ujydyň kellesindäki ujanjykda, ujydyň kellesiniň derisinde, has seýrek ýagdaýda peşew çykaryş kanalynyň daşky deşiginde ýerleşip bilýändirler Artbujagyň töwereginde ýerleşýän siňňiller köplenç beçebaz erkeklerde duş gelýän bolsa-da, geteroseksual erkek adamlarda hem duş gelýändir. Ujydyň pürçüginde ýerleşýän siňňiller örän agyryly bolýandyr.

Aýallarda ýiti uçly siňňiller jynshana girelgesine ýakyn, uly we kiçi jyns dodaklarynda, artbujagyň töwereginde, seýrek ýagdaýlarda ýatgynyň boýunjygynda duş gelip bilýärler. Käwagtlar jyns dodaklaryndan  artbujaga çenli ýetip, daşky jyns agzalarynyň hemme ýerlerine ýaýrap bilýärler.

Ýatgynyň boýunjygynyň jynshana böleginde we jynshana oýtumlarynda ýiti uçly siňňilleriň döremegi köplenç göwreli aýallarda duş gelýändir.Ýatgynyň boýunjygyny esasan ýasy siňňiller zeperlendirýärler. Olar birleşip, açyk sary ýa-da ak reňkli üýşmejikleri emele getirýändirler. Ol üýşmejikler ýatgynyň daşky agzyny doly ýapyp bilýändirler. Äpet ölçeglerde döreýän siňňiller aşagynda ýerleşýän dokumalary dargatmaga ukyplydyrlar.

Uly meýdany tutýan siňňiller deň derejede uly we kiçi jyns dodaklarynda ýerleşip, jynshana girelgesini ýapýandyr we gasyk-but gasynlaryna  ýaýrap bilýändir.

Siňňilleriň döremegi bedende dowamly ýagdaýa eýe bolup, olar öz-özünden ýitip gidýän däldirler. Siňňilleriň ýerleşýän ýerine baglylykda näsaglary buşukma, täret etme, jynshana gatnaşyklary wagtynda agyry biynjalyk edip biler.

Dokumalaryň daşyna ösýän papillar siňňiller çal reňkli, gatyja düwünler görnüşde täze döremeler bolup, olar ujytda, jynshana girelgesiniň töwereginde we jyns dodaklarynda ýerleşip bilýändirler.

Siňňiller gijilewigiň döremegi we käwagtlar gan akma ýaly gaýryüzülmelere sezewar edýär. Seýrek ýagdaýlarda bakterial ýa-da kömelekli ýokançlyklar birleşip bilerler. Siňňilleriň uly toplumlary mehaniki böwetlenmeleri, meselem, dogrum ýoluny ýapyp, kynçylyklary döredip bilerler.

Näsaglaryň köpüsinde papillomawirus ýokançlygy netijesinde emele gelen täze döremeleri barlag we kliniki alamatlar netijesinde anyklap bolýar.

Jynshananyň we ýatgynyň boýunjygynyň zeperlenmelerinde kolposkopiýa (ýörite ulaldyjy kolposkop abzaly bilen dokumalary görmek) barlagy gymmatly maglumatlary berip biler.

Ýatgynyň boýunjygynyň nemli gatlagyndan alnan çyrşagyň Papanikolau usuly bilen barlanmagy hem APW-ny ýüze çykaryp biler.

Uly göwrümli we adaty bolmadyk zeperlenmelerde biopsiýa usulyny ulanyp (barlag üçin zeperlenen dokumany almak) gistologiki barlag geçirmek hökmany anyklaýyş çäresi bolup durýandyr. Ondan başga-da, has hem ýokary anyklaýyş ähmiýetli immunologiki usullary ulanylýar.

Olar wirusyň DNK toplumyny seljermek arkaly onuň dürli görnüşlerini anyklamaga ukyplydyrlar.

Häzirki wagtda APW-ny doly bejerýän serişdeler we waksinasiýa usuly ýokdur. Bejergi esasan daşyna ösýän siňňilleri aýyrmaga gönükdirilen bolup, olar wirusy bedenden doly aýryp bilmeýär. Dürli bejeriş usullary 50-94% ýagdaýlarda daşky jyns agzalarynyň siňňillerinde peýdaly netijeleri berýändir, ýöne bejergiden soň 3 aýyň dowamynda olaryň gaýtalanma derejesi 25% barabar bolup bilerler.

Bejergi geçirilmedik ýagdaýynda siňňiller şol ýagdaýda galyp ýa-da ulalyp, käwagtlar bolsa öz-özünden hem ýitip gidip biler.

Kliniki alamatlar bolmadyk ýagdaýynda hem, bedende APW-nyň ýaşap bilýändigini ünsden düşürmeli däldir.

Bejergi usuly saýlananda, gymmat, bedeni zäherleýji we şikeslendiriji usullardan gaça durup, siňňilleriň howply täze döremelere öwrülip bilýändigini ýatda saklamalydyr.

Jyns agzalarynyň siňňilleriniň bejeriş usullarynyň birnäçe görnüşi bardyr:

1.   Öýjükleri zäherleýji (sitotoksiki) serişdeler:

2.   Siňňilleri dargadyjy usullar:

3.   Immunologiki usullar – ýiti uçly siňňilleriň bejergisinde L, B, J – interferonlar ulanylýar.

Interferonlar beden öýjüklerinde işlenilip çykarylýan immun ulgamy gurplandyryjy we wiruslara garşy biologiki serişdelerdir. Olaryň ýerli ulanylmagy gerekli netijeleri bermedi. Interferonlary başga usullar bilen utgaşdyrmak (meselem, lazer bejergisi) gowy netijeleri gazanmaga kömek etdi. Onuň üçin lazer bilen bejergiden soň, siňňilleriň aýrylan ýerine 7-10 günüň dowa-mynda L-interferon çalynýandyr. Jyns agzalaryň we artbujagyň siňňillerini bejermekde kolhisin, timopentin, bleomisin, klomifen sitrat, rentgen söhleleri hem ulanylýar.