BRONHIT

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.09 (11 Ses)

Bronhit — bu bronhlaryň sowuklamasydyr. Bronhitde esasan hem bronhlaryň nemli bardasy zeperlenýär. Dem alyş bilen bagly keselleriň arasynda bronhit iň köp duş gelýän keseldir. Bronhitiň özbaşdak, bir-birinden tapawutlanýan dowamly we ýiti görnüşi bolýar.

Ýiti bronhit

Ýiti bronhitiň esasynda respirator wiruslar  zerarly döreýän bronhlaryň nemli bardasynyň alawlama ýagdaýy ýatyr. Respirator wiruslaryna streptokokklar, pnewmokokklar, gemofiliýa taýajygy ýaly ýokançlyklar birigip bilýär. Şeýle hem  traheit, laringit, rinofaringit ýaly keseller bilen ýüze çykyp bilýär.

Bronhitiň döremegine sowuklama, çilimkeşlik, alkogol içgiler, burundan dem almagyň bozulmagy, döş kapasasynyň şekiliniň üýtgimegi  sebäp bolýar. Himiki (gyjyndyryjy gazlar) ýa-da fiziki (sowuk ýa-da yssy howa) täsirleriň netijesinde  hem ýiti bronhit döräp biler.

Bronhit dürli şikeslendiriji maddalar arkaly hem ýüze çykýar. Şikeslendiriji madda  dem alnanda, howa arkaly bronhlara düşýär. Mundan başga-da şol madda gan akymy (gematogen ýoly) ýa-da  limfa akymy (limfogen ýoly) bilen bronhlara geçip  bilýär. Netijede bronhlar, has takygy olaryň nemli bardasy çişýär we nemli iriňli bölünip çykma emele gelýär. Has agyr ýagdaýlarda  bronhlaryň nemli gatlagynda dargama ýagdaýlary  bolup geçýär.

Çişme zerarly  bolup geçýän üýtgeşmeler we bronhlaryň gysylmagy netijesinde bronhial geçirijilik bozulýar (esasanam ownuk bronhlaryň şikeslenmesinde).

Ýokanç gelip çykyşly bronhit ýiti rinitiň we  laringitiň esasynda başlanýar. Ýiti bronhit başlanda, adam özüni ýaramaz duýýar, onuň döşi ýanyp duran ýaly bolýar.

Bronhitiň esasy alamaty – üsgülewükdir. Ol gury ýa-da gakylykly bolýar. Ýiti bronhitde  üsgülewük tutgaýgörnüşli bolýar. Käte tutgaýgörnüşli üsgülewük şeýle bir güýjeýär, hatda kellagyryny hem döredip bilýär. Näsaglar ysgynsyzlyga, üşütmä, gyzgynynyň 37-38Сº ýetýändigine, kellagyra, damarlardaky (myşsalardaky) agyra arz edýärler.

Auskultasiýa (diňläp barlamak usuly) geçirilende, agyr dem alyş we dagynyk gury hyžžyldy bellenilýär. Ganyň barlaglarynda kän bir üýtgeşmeler bolmaýar.

Kesel başlanyndan  soň, goýy gakylyk emele gelýär we üsgülewük az-kem ýeňleýär. Näsagyň özüni duýşy gowulaşýar.  Adatça kesel bir-iki hepde dowam edýär. Emma üsgülewük bir aýa çekip bilýär.Ýiti bronhitde dem almak has kynlaşýar. Ýiti bronhit dowamly bronhite geçip bilýär.

Ýiti bronhitiň bejerilişi

Ýiti bronhitde düşekde ýatmak  we azrak hereket etmek maslahat berilýär. Bu örän  wajypdyr! Köp hereket edilende, dem alyş ulgamyna agram düşýär. Ýiti bronhitde  oňat iýmitlenmek gerek, derman ösümlikli çaý, mineral suw we soda garylan süýt ýaly ýyly içgileri içmek zerurdyr.

Çilim çekmek düýbünden gadagandyr!

Döşüňize we ýagyrnyňyza bankalary ýa-da burçly gyzdyrgyçlary diňe lukmanyň görkezmesi bilen  ýapmalydyr.

Gakylyk ýeňillik bilen gopup çykar ýaly we üsgülewük azalar ýaly,  derman serişdeler hem  ulanylýar (aspirin, parasetamol, bromgeksin, kodein, libeksin we ş.m.). Bugdan dem alma (ingalýasiýa) hem ýiti bronhiti  bejermekde örän peýdalydyr. Ýörite ingalýatorlar bolmasa, öý şertlerinde hem ingalýasiýa  etmek bolýar. Bug ingaliýasiýasy üçin pitijige 4-5 bulgur suw guýup, derman serişdesini atyp, gyzdyrmaly. Pitiden çykýan bugdan dem almak üçin, üstüňize desmal ýapyp bilersiňiz. Ýüzüňiz buguň çykýan ýerinden 20-30 sm aralykda bolmaly. Şeýle ýyladyş ingaliýasiýalaryny 3-5 günüň dowamynda günde birnäçe gezek 5 minut etmeli.

Gakylyk iriňli bolmasa, antibiotikleri ulanmaly däldir. Olar bronhitiň  diňe ýiti görnüşinde ulanylýar.

Bronhitiň ýene-de bir görnüşi- dowamly bronhitdir. Dowamly bronhit dünýäde iň giň ýaýran keselleriň biridir. Diňe Russiýa Federasiýasynda dowamly bronhit bilen kesellanleriň iki milliondan gowragy ýaşaýar. Bu bronhial demgysmaly näsaglardan  iki esse köpdür. Dowamly bronhitiň şeýle giň ýaýrandygy sebäpli, tä demgysma, ysgynsyzlyk ýüze çykýança, biz lukmana ýüz tutmaýarys.

Dowamly bronhitiň ýene-de bir aýratynlygy onuň ösüşiniň çilimkeşlik bilen aýrylmaz baglanyşykly bolýanlygyndadyr. Bu çilim çekýänlerde we çilim çekýäniň ýanynda tüssesinden dem alýanlarda hem deň derejede ýüze çykýar. „Çilimkeşiň bronhiti“ diýen ýörite adalga-da bar. Çilim çekýänler öz üsgülewigine şeýle bir öwrenişýärler, hatda onuň bronhitiň esasy alamatydygyna hem üns bermeýärler. Senagat taýdan ösen ýurtlaryň ilatynyň arasynda bronhitiň ýylsaýyn artýandygy bellenilýär.

Dowamly bronhit erkek adamlarda has ýygy duş gelýär. Kesel ýaşlykdan dowamly başlanýar. Gakylykly üsgülewük dowamly bronhitiň esasy alamatydyr. Dowamly bronhitde keseliň gowşamagy ýitileşme bilen gezekleşip durýar. Dowamly bronhit köplenç sowukda, ýaramaz howa şertlerinde, sowuklamada respirator  wirus ýokançlyklarda döräp bilýär. Keseliň aýdyň kliniki alamatlary adatça 40-50 we ondan ýokary ýaşdaky adamlarda ýüze çykýar.Üsgülewük keseliň esasy alamaty bolup, ol indi hemişelik häsiýete eýedir. Dowamly bronhitiň ýitileşen döwründe  üsgülewük güýjeýär, gakylyk iriňli bolýar we onuň mukdary artýar, bedeniň gyzgyny 37-38Сº ýetýär, üşütme, derleme, umumy ýarawsyzlyk ýüze çykýar. Obstruktiw(bronhlaryň gysylmasy bilen geçýän) bronhitde  bu alamatlara beterleşýän demgysma hem goşulýar.

Dowamly bronhitiň ýitileşýän döwründe, leýkositleriň sany artýar.

Dowamly bronhitiň bejerilmeginiň maksatlary:

  1. Bronhlaryň doly şikeslenmesiniň  tizligini gowşatmak;
  2. Ýitileşmeleriň ýygylygyny azaltmak;
  3. Gowulaşma döwrüni uzaltmak;
  4. Fiziki işjeňligi ýokarlandyrmak;
  5. Durmuş we ýaşaýyş şertleri gowulandyrmak (işde we öýde).

Dowamly bronhitiň ýitileşýän döwründe näsag günüň köp bölegini ýerinden turman ýatmaly, onuň bolýan otagy gury, ýyly, oňat şemalladylan bolmaly. Gyşda otag şemalladylanda, näsagyň üstüni ýyly, galyň ýorgan bilen basyrmaly, ýüzüni penjireden sowmaly, sebäbi sowuk howa üsgülewügi güýçlendirip bilýär. Näsag öte gyzgyn otagda hem özüni oňat duýmaýar, ýöne ony şemal geçýän ýerlerden hem daşda saklamaly. Otag aşa gurak hem bolmaly däl. Şonuň üçin, peçleriň ýanynda içi suwly uly gaplary goýmaly, gyzgyn batareýleriň üstüne bolsa çyg mata ýapmaly. Dowamly bronhit ýitileşende ýokary kuwwatlylykly ýokumly tagamlary iýmeli. Onda belok we C witamini ýeterlik bolmaly. Lukmanyň görkezmesi bilen size fiziobejergi emler we bejeriş maşklary bellenilip biliner.  

Keseli bejereniňden,  wagtynda onuň öňüni almak has ähmiýetlidir. Bronhite ýazmaz ýaly, dem alyş agzalaryň we badam şekilli mäziň sowuklamasy ýaly keselleri wagtynda bejermeli.  Keseliň ilkinji alamatlary ýüze çykanda, lukmana ýüz tutuň.  Ol size zerur barlaglary we derman serişdelerini , beýleki bejeriş emleri geçirmegi maslahat berer.

Üsgülewüge garşy halk arasynda giňden ulanylýan derman ösümlikleri barada hem unutmaň. Olaryň birnäçesini size ýatladýarys:

Şeýle emleri wagtly-wagtynda berjaý etseňiz, üsgülewuk ýeňlär we gakylyk dem alyş ýollaryna dykylman, aňsatlyk bilen gopup aýrylar.

Ulanylan WEB Salgy