GURÇUGY NÄHILI BEJERIP BOLÝAR?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.14 (7 Ses)

gurcugy nahili bejerip bolyarGurçuklar ösümliklerde, haýwanlaryň we adamynyň bedeniniň içinde ýaşap, olaryň hasabyna iýmitlenýärler. Şonuň üçin hem olary başgaça "mugthorlar" (parazit) diýip hem atlandyrýarlar. Biz mugthorlaryň hemmesini "gurçuklar" diýip atlandyrsakda olaryň ençeme görnüşi tapawutlandyrylýar. Gurçuklaryň bedene düşmegi netijesinde döreýän kesel "gelmintoz" diýip atlandyrylýar. Bu keseli yörite taýynlygy geçen gelmintolog lukmanlary ýa-da ýokanç keseller lukmanlary bejerýärler.

Gurçuklaryň görnüşleri

Olary esasy üç topara bölýärler:

↪ Nematodlar ýa-da tegelek gurçuklar. Bu topara askaridalar, ostrisa degişli edilýär;

↪ Lenta görnüşli ýa-da ýasy gurçuklar – ehinokokk, sepen, lentes;

↪ Trematodlar ýa-da sorujylar. Bu gurçuklar adamda fassiolez, opistorhoz, paragonimoz ýaly çynlakaý keselleri döretmäge ukyplydyr;

↪ Gurçuklar içegede we beden agzalarda (bagyrda, öýkende, böwrekde ýa-da beýnide) ýaşaýanlara bölünýärler. Agzalarda ýaşaýan gurçuklary bejermek has kyndyr.

Gurçuklaryň bedene düşmeginiň ýygy duş gelýän sebäpleri:

▶ Adam şahsy arassaçylygyň ýönekeý düzgünlerini hem berjaý etmeýär: köçeden gelenden soň, hajathanadan soň, nahardan öň ellerini ýuwmaýar;

▶ Adam dyrnaklaryny gemirýär, agzynda dürli zarlary saklaýar (meselem, galam, ruçka), barmaklaryny sorýar;

▶ Öýünde öý haýwanlaryny saklaýan adamlarda (esasan hem it we pişik) gelmintoz ýygy duş gelip biler. Eýeleri olara ýörite bejergi geçiren bolsalar hem, öý haýwanlary penjelerine ýa-da tüýlerine ýapyşan gurçuklaryň ýumurtgalaryny köçeden öýe salyp bilýärler;

▶ Adam ir-iýmişleri, gök önümleri ýeterlik gyzgyn suw bilen ýuwmaýar;

▶ Içilýän suwuň gelýän çeşmesi näbelli bolup, ol arassalanan bolmasa gurçuklar bilen ýokuşdyryp bilýär;

▶ Et ýa-da balyk ýeterlik bişirilmän iýilýär;

▶ Gurçuklar otaglarda bolup bilýär. Bu tämizleýji çäreleri geçirilmeýän, tozan basyp ýatan, köçe köwüşleri bilen geçilýän otaglara degişlidir;

▶ Bedeninde gurçuk bar bolan adam ony başga adama umumy süpürgiç, düşek daşy, umumy gap-gaçlaryň üsti bilen hem ýokuşdyryp bilýändir.

Bedende gurçuklaryň bardygyny häsiýetlendirýän alamatlar:

▷ Dowamly ýadawlyk, ysgynsyzlyk;

▷ Allergiki täsirliligiň döremegi – üsgürme, demgysma, deride örgünler;

▷ Işdäniň üýtgemegi;

▷ Başga sebäpsiz ýüregiň bulanmagy, gaýtarma;

▷ Başga sebäpsiz göbegiň ýanlarynda agyrynyň döremegi;

▷ Içiň gatamagy ýa-da geçmegi;

▷ Işdäniň gowlygynda hem horlanmak;

▷ Beden limfadüwünleriň ulalmagy;

▷ Sebäpsiz beden gyzgynlygynyň ýokarlanmagy;

▷ Sebäpsiz bogunlaryň ýa-da beden etiniň agyrmagy;

▷ Ukyda dişleri gyjamak;

▷ Artbujakda gijilewigiň döremegi, adatça ol ostrisa gurçugynyň bardygyny alamatlandyrýar.

 Bedende gurçugyň bardygyny anyklamak üçin täretiň gurçuga barlagyny geçmelidir.

Çurçuklary bejermegiň aýratynlyklary

Gurçuklary bedenden aýyrma bejergi çäresiniň dowamlylygy, ulanylýan dermanlary saýlamak gurçugyň görnüşine, adamynyň ýaşyna, onuň beden agramyna baglydyr, Şonuň üçin hem, degişli anyklaýyş çärelerden soň bejerginiň tertibini diňe lukman bellemelidir we gözegçilikde saklamalydyr.

Bejergi üçin lukman aşakdaky dermanlary ulanýar:

↪ Gurçuklara garşy niýetlenen derman serişdeleri. Meselem, nemazol, pirantel, piperazin, wermoks, Bu dermanlaryň mukdary we kabul ediş dowamlylygy gurçugyň görnüşine, adamynyň agramyna baglylykda bellenilýär. Her derman serişdesi bilen bejergi iki tapgyrda geçirilýändir. Bu derman serişdeleriň uly mukdarlarda bagyr üçin zäherlidigini göz öňüne tutup, olary özbaşdak kabul etmekden saklanmalydyr;

↪ Allergiýa täsirliligine garşy dermanlar – köpleýin ölýän gurçuklara döreýän täsirliligi aýyrmaga kömek berýär;

↪ Enterosorbentler – içegeden gurçuklaryň täsiri bilen dörän zäherleri çykarmaga kömek edýär;

↪ Bagryň işini ýokarlandyrýan dermanlar – bejergi wagty bagry goramaga ýardam edýär;

↪ Demir serişdesi, foliý turşylygy, witamin B12 – gelmintozda ýygy duş gelýän gan azlylygy bejermek üçin ulanylýar.

Bejergi dowam edýän wagty ýörite berhizi berjaý etmek wajypdyr: alkogol içgileri, ýagly, süýji önümleri kabul etmekden saklanmalydyr. Öňüni alyş bejergi maşgalanyň hemme agzalaryna geçirilmelidir.

Ulanylan edebiýat: А. М. Бронштейн, Н. А. Малышев, "Гельминтозы человека», Москва 2010 г.

ISLENILMEDIK "MYHMANLARYŇ" KESELI: GELMINTOZ