PIÝELONEFRIT

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.31 (13 Ses)

Piýelonefrit (grek dil. piýelos - çanajyk, ýargak, nefros - böwrek) böwrek dokumasynyň sowuklama keselidir. Bu kesel peşew çykaryş ulgamynyň keselleriniň içinde ýygy duş gelip, ol dürli ýaşdaky adamlarda ýüze çykyp bilýär.

Aýallar we gyzlar erkeklere we oglanlara garanda piýelonefrit bilen has ýygy keselleýärler. Aýallaryň peşew çykaryş kanalynyň erkekleriňkiden gysga bolýanlygy sebäpli, dürli ýokançlyklar aňsatlyk bilen peşew halta we böwreklere ýetip bilýändir.

Çagalarda bolsa bu kesel dem alyş ýollarynyň kesellerinden soň ýygylygy boýunça ikinji ýerde durýandyr.

Böwrekleriň şikeslenmegine baglylykda piýelonefrit ikitaraplaýyn we birtaraplaýyn bolýar. Geçişi boýunça bu keseliň ýiti we dowamly görnüşleri bardyr.

Ýiti piýelonefrit seroz (gutly), iriňli, gurluşynyň üýtgemegine getirýän destruktiw görnüşlerde ýüze çykyp bilýändir.

Piýelonefritiň dowamly görnüşi bolsa az-kem ýüze çykýan üýtgeşmeler, böwrekleriň birleşdiriji (interstisial) dokumasynyň zeperlenmegi, ýargak-okarajyklar ulgamynyň işiniň bozulmagy, böwrek dokumasynyň sklerozy ýaly aýry alamatlar bilen geçip biler.

Böwreklerde sowuklamany içege taýajygy, proteý, enterokokklar, gök iriň taýajygy, stafilokokklar ýaly ýokançlyklar döredip bilýärler. Ýiti piýelonefritde bu ýokançlyklar böwrege köplenç gan damarlary arkaly geçýär. Ýokançlyklar böwrege peşewakarlardan peşewiň yzyna zyňylmagy arkaly hem düşüp bilýändir.

Ganyň ýa-da peşewiň üsti bilen geçip, ýokançlyk böwregiň interstisial dokumasyna we böwregi gurşap alýan ýag gatlagyna hüjüm edýär.

Ýokançlyk gan arkaly ýaýranda sowuklama ojaklary esasan böwregiň daşky gabygynda ýerleşip, zeperlenme soňundan interstisial dokumany hem eýeleýär.

Peşew arkaly ýüze çykýan piýelonefritde ýokançlyk böwregiň ayry-aýry bölümlerini şikeslendirýär.

Piýelonefritde agyry esasan bilde ýüze çykýar. Dowamly piýelonefritde agyrylar kütek, üznüksiz häsiýetli bolýar. Peşew ýollarynda daş bolan ýagdaýynda agyrylar has güýçli we tutgaý görnüşli bolup bilýär.

Näsagyň gyzgyny 38-40ºС ýetýär, üşütme, umumy gowşaklyk, işdäsizlik, ýürekbulanma, käte gaýtarma ýüze çykýar.

Çagalarda agyry köplenç bilde däl-de, garynda toplanýar, olarda zäherlenme alamatlary has aýdyň ýüze çykýar.

Gartaşan we garry adamlarda bolsa piýelonefrite mahsus bolmadyk alamatlar ýüze çykyp, ol alamatlar aýdyň bellenilmeýär. Käte piýelonefritiň ýerli alamatlary (bildäki agyrylar, bil myssalarynyň dartgynlylygy) asla ýüze çykmaýar.

Piýelonefritde sowuklama zerarly ýüze çykan üýtgeşmeleri (leýkositleriň ýokary derejesi, eritrositleriň çökme tizliginiň ýokarlanmagy, leýkositar formulanyň çepe süýşmegi, aýdyň sowuklamada - ganazlyk) anyklamak üçin ganyň umumy barlagyny geçirýärler. Kreatininiň we moçewinanyň mukdarynyň artmagyny ýüze çykarmak maksady bilen ganyň biohimiki barlagy geçirilýär.

Piýelonefritde peşewiň umumy barlagyny geçirmek hem zerurdyr. Keseliň esasy alamatlarynyň biri bolan leýkosituriýany (peşewde leýkositleriň ýokary sany) anyklamak üçin peşewiň Neçiporenko boýunça barlagyny geçirmek zerurdyr.

Peşewiň bakteriologik barlagy ýokançlygy we onuň antibiotiklere bolan duýgurlylygyny takyk kesgitlemek üçin geçirilýär.

Ýokardaky barlaglardan başga-da piýelonefriti anyklamak üçin USB, rentgen, kompýuter tomografiýasy ýaly barlag usullaryndan hem peýdalanylýar.

Piýelonefritiň bejerilişinde derman serişdeleri hem-de hirurgiki usullar ulanylýar.

Konserwatiw bejeriş bakteriýalara garşy dermanlary, umumy gurplandyryjy serişdeleri, fizioemleri ulanmak çäreleri öz içine alýar.

Bakteriologik barlaglaryň netijeleri belli bolýança, bejergini ftorhinolon serişdelerinden başlaýarlar. Barlaglaryň netijesi alnandan soň, bejergi has takyk geçirilýär. Ýiti piýelonefritde ýokançlyklara garşy bejerginiň has netijeli bolmagy üçin, antibiotikleri damardan goýbermek bolýar.

Piýelonefritiň peşew ýollarynyň dykylmagy bilen ýüze çykýan ýiti görnüşlerinde, şikeslenen tarapda peşewiň akymyny dikeltmek zerurdyr. Munuň üçin punksion nefrostomiýa (böwrekden peşewi çykarmak) usulyny geçirmek maslahat berilýär. Diňe şondan soň ýokançlyklara garşy serişdeler we umumy gurplandyryjy bejergi bellenilýär.

Konserwatiw bejerişiň ýene-de bir usuly hökmünde peşewakarlaryň üsti bilen kateter goýmak ulanylýar . Böwrekde daş bolan ýagdaýynda bu usul peşewiň kadaly akymyny üpjün edýär.

Ubihinon (koenzim Q 10), E (tokoferol) witamini, C witamini (askorbin turşusy), A witamini (retinol), b-karotin, selen ýaly antioksidantlaryň piýelonefritiň umumy bejergisine goşulmagy öýjüklerdäki fermentleriň işjeňligini artdyrýar, ganyň suwuk düzüminiň (plazmanyň) antioksidant işjeňligini ýokarlandyrýar.

Piýelonefritde operatiw bejerginiň hem iki görnüşi ulanylýar-böwrekleriň goýulmagy ýa-da aýrylmagy bilen amala aşyrylýan bejergi.

Operasiýanyň görnüşi piýelonefrit netijesinde böwrekde ýüze çykýan üýtgeşmeleriň çylşyrymlylygyna, gaýraüzülmelere bagly bolýar.

Piýelonefriti bejermekde boýbodran, saryja gül, buýan, berýoza agajynyň dürli bölekleri, mekgejöweniň gulpagy, çopantelpek ýaly derman ösümlikler hem ulanylýar. Emma keseliň ýitileşen döwründe derman ösümliklerini ulanmakdan saklanmalydyr.

Bejergini diňe urolog ýa-da nefrolog lukmanlar geçirmelidir!

Piýelonefritiň öňüni almak

Ilki bilen piýelonefritiň ýüze çykmagyna eltip biljek keselleriň (böwreklerde peşewiň akymyny bozýan keseller) bejerilmegi hökmandyr.

Peşewiň kadaly akymyny üpjün etmek piýelonefritiň öňüni almakda örän ähmiýetlidir. Günüň dowamynda az kuwwatly suwuklygyň 2 litrini içmek maslahat berilýär. Peşew haltany yzygider wagtynda boşadyp durmaly: 3-4 sagadyň dowamynda 1 gezekden seýrek bolmaly däl.

Lukmanlar peşew çykaryş kanalynyň sowuklamasynyň, piýelonefritiň öňüni almakda şahsy arassaçylygyň düzgünleriniň berjaý edilmeginiň hökmanylygyny belleýärler.

Bedeniň umumy immunitetini berkitmek hem örän wajypdyr. Taplanma, möwsümleýin ter miweleri iýmek, sport bilen meşgullanmak hem piýelonefritiň öňüni almaga kömek edýär. Böwregi şikesli adamlar sport bilen meşgullanmak babatda hünärmen lukman bilen hökman maslahatlaşmalydyrlar.

Şeýle-de piýelonefritiň öňüni almak üçin dowamly keselleri bejertmeli, sowuklamadan, ýokançlyklardan gaça durmaly.

Dowamly piýelonefritde ýitileşmeleriň öňüni almagyň ähmiýeti uludyr. Ýazda we güýzde adamyň immuniteti gowşaýar, böwrekleriň ýagdaýy ýaramazlaşýar. Öňüni alyş çäre hökmünde dermanlyk ösümliklerinden taýýarlanylan "Prolit Septo" serişdesini her 6 aýdan 3 hepdäniň dowamynda içmek maslahat berilýär.

Piýelonefritiň öňüni almakda we bejermekde berhiz saklamagyň orny uludyr. Gowrulan, ýagly, ajy, duzly, turşy tagamlary iýmek maslahat berilmeýär. Çörek önümleriniň ýaňy bişirilenleriniň ýerine 2-3 gün saklananlary iýilse bolar. Allergiki täsirleri döredýän önümlerden hem gaça durmalydyr, sebäbi keseliň ýitileşýän döwründe beden allergenlere has duýgur bolýar. Garpyz, gawun, kädi ýaly peşew çykaryjy iýmişler, düzüminde demir ýa-da kobalt, witaminler bar bolan önümler hem örän peýdalydyr.

Dowamly piýelonefritde nahar duzuny 5 gramdan artyk iýmeli däldir. Etli çorbalary, has ýokumly iýmit iýmek maslahat berilmeýär.

Piýelonefritiň bejergisi örän çylşyrymly we dowamly bolýar. Keseliň ilkinji alamatlary ýüze çykanda haýal etmän lukmana ýüz tutup degişli barlaglardan wagtynda geçseňiz, ýokary hilli bejergi alsaňyz, piýelonefritden dynarsyňyz. Bejergi geçirilmedik ýagdaýynda kesel dowamly görnüşe geçip, dürli gaýraüzülmeleriň (böwregiň iriňlemegi, ýiti böwrek ýetmezçiligi) döremegine getirip biler.

Ulanylan WEB Salgy: 1 / 2 / 3