MAÝMYN MAMA KESELI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (6 Ses)

maymyn mamaMaýmyn mamasy nähili kesel?

Maýmyn mama keseliniň (rusça: оспа обезьян, iňlisçe: monkeypox) döremegine maýmyn mama wirusy sebäp bolýar. Bu zoonoz, ýagny haýwanlardan adamlara ýokuşyp bilýän wirusly keseldir. Bu kesel adamdan adama hem ýokuşyp bilýär.

Maýmyn mamasy adatça nirede duş gelýär?

Maýmyn mamasy esasan tropiki tokaýlyklaryň ýerleşýän we bu wirusy göteregen haýwanlaryň ýaşaýan ýerleri bolan merkezi we günbatar Afrikada gabat gelýär. Maýmyn mamasy ýokuşan adamlaryň keseli käte merkezi we günbatar Afrikadan başga ýurtlarda, ýagny bu keseliň endemiýa (giňden ýaýran) bolan ýerlerine eden syýahatlaryndan soňra anyklanylýar.

Maýmyn mamasynyň nähili alamatlary bolýar?

Maýmyn mama keseliniň alamatlary (simptomlary) şulary öz içine alýar: gyzzyrma, ýiti kelleagyry, myşsalaryň agyrysy, arka agyry, ysgynsyzlyk, limfatik mäzleriň çişmesi, deri örgünleri ýa-da ýaralary. Örgün köplenç gyzzyrma başlanyndan soňra 1-3 günüň içinde peýda bolýar. Deridäki ýaralar tekiz ýa-da biraz çişen bolup, içinde dury ýa-da sary suwuklyk bolýar we soňra gurap gaçyp bilýär. Bir adamda döräp bilýän ýaralaryň sany birnäçeden birnäçe müňe çenli ýetip bilýär. Örgünler esasan ýüzde, elleriň aýasynda we aýaklaryň dabanynda çykýar. Olar agyzda, jyns organlarynda we gözlerde hem döräp bilýär.

Keseliň alamatlary adatça 2-4 gün dowam edip, bejergisiz aýrylyp gidýär. Eger-de sen özüňde maýmyn mamasynyň alamatlary bardyr öýtseň, lukman bilen maslahatlaş. Eger maýmyn mamasynyň bardygy çaklanylýan ýa-da anyklanylan adam bilen ýakyn aragatnaşykda bolsaň, muny lukmana habar ber.

Adamlar maýmyn mamasyndan ölüp bilýärlermi?

Köp halatlarda maýmyn mamasynyň alamatlary birnäçe hepdäniň içinde öz-özünden aýrylyp gidýär. Emma, käte bu kesel lukmançylyk kömegini talap edýän gaýraüzülmelere we hatda ölüme hem eltip bilýär. Täze doglan bäbekler, çagalar we immun ýetmezçiligi bolan adamlar maýmyn mamasy bilen agyr keselleme we ondan ölme töwekgelçiligi astynda bolýarlar.

Ýiti maýmyn mama keseliniň gaýraüzülmelerine deri infeksiýalary, pnewmoniýa, kelläň bulaşmasy we körlüge eltip bilýän göz infeksiýalary degişlidir. Soňky wagtlarda keseliň endemiýa öwrülen ýurtlarynda habar berlen hadysalaryň 3-6%-i ölüm bilen tamamlandy. Ölenler esasan çagalar we başga saglyk meseleli adamlar boldy. Bu görkezijiniň hakykatdan has ýokary bolmagynyň mümkindigini bellemek möhümdir, çünki endemik ýurtlarda keseliň gözegçiligi örän çäkli.

Maýmyn mamasy adamdan adama nädip ýokuşýar?

Maýmyn mamasy bilen kesellän adamlar alamatlaryň ýüze çykýan döwründe (adatça 2-4 hepde aralygy) keseli ýokuşdyryp bilýärler. Maýmyn mamasy keseliň alamatlary bolan adama ýakynlaşmak arkaly ýokuşyp bilýär. Esasan-da örgünler, beden suwuklyklary (suwuklyk ýa-da ýaralardan çykýan iriň ýa gan) we ýaranyň kesmekleri ýokançly bolýar. Keselli adamyň wirusy düşen egin-eşikleriň, ýorgan-düşekleriň, polotenseleriň ýa-da gap-gaçlaryň üsti bilen hem kesel başga adama ýokuşyp bilýär.

Agyzdaky ýaralar we uçuklar hem ýokançly bolup bilýärler, ýagny wirus tüýkülikden hem ýokuşyp bilýär. Şonuň üçin-de, keselli adam bilen ýakyn gatnaşykdaky adamlara (saglyk işgärleri, bir öýde ýaşaýanlar we jynsy gatnaşyk edýän ýoldaşlary) wirus has uly how salýar.

Şeýle-de, wirus göwreli aýaldan plasentanyň üsti bilen çaga düwünçegine ýokuşyp bilýär; ýa-da keselli eneden dogumyň dowamynda ýa-da soňunda beden galtaşygynyň üsti bilen çaga geçýär.

Keseliň alamaty bolmadyk adamlaryň keseli başgalara ýokuşdyryp bilýändigi ýa bilmeýändigi heniz näbelli.

Maýmyn mamasy kimlere ýokuşyp bilýär?

Maýmyn mamasynyň alamatlary bolan adam ýa-da onuň bilen kesellän haýwan bilen ýakyn aragatnaşykda bolan islendik adama bu keseliň ýokuşma howpy abanýar. Mama keseline garşy waksina alan adamlaryň maýmyn mamasyndan hem belli bir derejede goragly bolmagy mümkin. Emma welin, ýaşrak adamlaryň mama keseline garşy waksina almadyk bolmagy örän ähtimal – çünki mama keseli 1980-nji ýylda düýbünden ýok edilen ilkinji adam keseli boldy we onuň waksinasiýalary dünýä ýüzünde togtadyldy. Mama keseliniň waksinasyny alan adamlar belli bir derejede maýmyn mamasyndan goranyp bilseler-de, olar hem özlerini we başgalary goramak üçin ätiýajy elden bermeli däldirler.

Täze doglan bäbekleriň, çagalaryň we immun kemçiligi bolan adamlaryň maýmyn mamasyndan agyr keselleme we ölme ähtimallygy has ýokary bolup biler. Saglyk işgärleri hem keselliler bilen uzak wagtlap ýakyn aragatnaşykda bolýandyklary üçin töwekgelçilik astynda galýarlar.

Men özümi we başgalary maýmyn mamasyndan nädip gorap bilerin?

Sen maýmyn mamasynyň bardygy çaklanylýan ýa-da anyklanylan adamlar bilen aragatnaşygyňy çäklendirmek arkaly wirusyň ýokuşma töwekgelligini azaldyp bilersiň.

Eger-de sen maýmyn mamaly adam bilen ýakyn gatnaşykda bolmaly bolsaň (diýeli, sen saglyk işgäri ýa-da onuň bilen bile ýaşaýarsyň), onda keselli adamy özüni çetleşdirmäge we başardygyndan deri ýaralaryny örtmäge (meselem, örgünleri örtýän egin-eşikleri geýmek) höweslendir. Haçanda sen fiziki taýdan olara ýakynlaşanyňda, olar lukmançylyk maskasyny dakynmaly, esasanda üsgülewik ýa-da agyzlarynda ýara bar bolsa. Seniň özüň hem maska dakynmaly. Syrkawyň tenine degmejek bol we ýaralara degmeli bolsaň bir gezeklik ellikleri ulan. Şeýle-de, onuň ulanýan egin-eşiklerini we ýorgan-düşeklerini ellemeli bolsaň maska dakyn.

Elleriňi ýygy-ýygydan sabyn we suw ýa-da spirtli el arassalaýjy önümler bilen arassala, esasan-da keselli adamy, onuň eşiklerini, düşegini, polotenselerini we onuň örgünleriniň ýa-da suwuklyklarynyň degen zatlaryny (meselem, gap-gaçlar) elläniňden soňra. Syrkawyň eşiklerini, polotenselerini, düşeklerini we iýip-içýän gaplaryny mylaýym suw hem-de soda bilen ýuw. Wirusyň düşen ýerlerini ýerlikli arassala we dezinfisirle. Syrkawyň ulanan serişdeleriniň we iýmitleriniň galyndylaryny seresaplyk bilen zibile at.

Maýmyn mamasyna garşy waksina barmy?

Adaty mama keseliniň öňüni alýan birnäçe waksina bar we olar belli bir derejede maýmyn mamasyndan hem gorap bilýärler. Mama keseli üçin taýýarlanan täze waksina (MVA-BN; beýleki atlary: Imvamune, Imvanex we Jynneos) maýmyn mamasynyň öňüni almakda ulanmak üçin 2019-njy ýylda tassyklanyldy we heniz ähli ýerde elýeter däl. BSGG bu waksinanyň öndürijisi bilen onuň elýeterligini ýokarlandyrmak ugrunda iş alyp barýar. Geçmişde mama keseline garşy waksina alan adamlar hem belli bir derejede maýmyn mamasyndan goranarlar. Ilkinji mama waksinasy mama keseli ýok edileninden soňra (1980-nji ýyldan bäri) ilata berilmeýär, şonuň üçin 40-50 ýaşdan aşakdaky adamlar mama garşy waksina alan däldirler. Käbir laboratoriýa ýa-da saglyk işgärleriniň mama keseline garşy soňky çykan waksinalardan alan bolmaklary ahmal.

Maýmyn mamasy jynsy gatnaşyklar arkaly geçip bilýärmi?

Maýmyn mama keseli adamdan adama fiziki taýdan ýakyn aragatnaşyk, şol sanda jynsy gatnaşyk arkaly hem geçip bilýär. Häzirki wagtda maýmyn mamasynyň jynsy gatnaşykda bölünip çykýan suwuklyklar (sperma ýa-da jynshana suwuklygy) arkaly ýokuşyp bilýändigi ýa bilmeýändigi näbelli, emma jynsy gatnaşygyň dowamynda deriniň ýara ýa-da örgün düşen ýerlerine degmek wirusy ýokuşdyryp bilýär.

Maýmyn mamasy käwagt jyns agzalarynda we agyzda hem duşýar – bu bolsa jynsy gatnaşygyň dowamynda keseliň ýokuşmagyna eltip bilýär (meselem, ýaraly derä ýa agza degmek arkaly).

Maýmyn mamasynyň örgünleri jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän käbir kesellere, şol sanda uçuga we sifilise meňzäp bilýär. Şu sebäpli häzirki wagtda anyklanylan hadysalaryň birnäçesi jynsy saglyk klinikalaryna ýüz tutan erkek adamlaryň arasyndan çykdy.

Maýmyn mamasynyň ýokuşma howpy diňe jynsy taýdan işjeň adamlara ýa-da erkekler bilen jynsy gatnaşyk edýän erkeklere abanmaýar. Keseliň alamatlary bolan adam bilen ýakyn aragatnaşyk edýän islendik adam howp astyna düşýär. Maýmyn mamasynyň alamatlaryny başdan geçirýän islendik adam haýal etmän lukmana ýüz tutmalydyr.

Bu kesel näme üçin "maýmyn mamasy" diýlip atlandyrylýar?

Sebäbi bu wirus ilkinji gezek 1958-nji ýylda ylmy barlag üçin saklanylýan maýmynlarda tapyldy. Bu kesel adamlarda diňe soňra 1970-nji ýylda anyklanyldy.

Çeşme: BSGG