ÝITI RESPIRATOR KESELLERI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.32 (19 Ses)

Ýiti respirator keseli bilen keselleýän maşgala

Howanyň sowamagy bilen, güýz-gyş aýlary ýiti respirator wirusly keselleri (ÝRK) köpelýär. Bu keseli wiruslaryň birnäçe görnüşi (paragripp, adenowirus, rinowirus, reowirus) döredýärler. Olar esasan dem alyş ýollaryna zeper ýetirýärler.

Halk arasynda bolsa köplenç bu kesel dodakda adaty uçugyň döremegi bilen tanalyp, “sowuklama“ diylip atlandyrylýar. ÝRK-iň üstüne bakterial infeksiýa hem goşulyp bilýär.

Keseliň esasy alamatlary: burnuň akmagy, bokurdagyň agyryp, sesiň gyrylmagy, üsgürme, bedeniň gyzgynynyň galmagy, endamyň agyrmagy. Wiruslaryň dürli görnüşleri burnuň nemli örtüginiň, bokurdagyň, öykeniň, badam şekilli mäziň sowuklamagyna getirip biler.

Kesel öý şertlerinde bejerilýär. Kesel wagtyňyz köpçülik ýerlere barmakdan, jemgyetçilik transportdan peýdalanmakdan saklanyň. Agzyňyza hasa daňyny dakyň. Köp ýyly suwuklyk (çaý, miwelerden edilen kompot we ş. m.) we witamin C kabul ediň.

Antibiotikler wiruslara täsir edenok, şonuň üçün lukmanyň görkezmesi bolmasa, olary ulanmaň. Gyzgyny düşüriji dermanlardan parasetamol we ibuprofen kabul etmek bolar.

Wirusly kesellere garşy durmaga interferon gowy kömek edýär. Ol burnyň her tarapyna günde 2 gezek 5 damjadan (0,25 ml) damdyrylýar. Keseli bejermek üçün bolsa 2-3 gün, günde 4-5 gezek, her 1-2 sagatdan burnyň her tarapyna 5 damjadan damdyrmaly. Soňky ýyllar düzüminde interferon, witamin E, C we kakao bolan Wiferon dermany (şem görnüşde) giňden we üstünlikli ulanylýar.

ÝRK öňüni almak üçün öz bedeniňizi berkidiň, arassa howada sport bilen meşgullanyň, witaminlere we fitonsitlere (sogan, sarymsak, gara turp) baý bolan iýmit bilen iýmitleniň.