SEN ZEFIR TESTINDEN GEÇERMIŇ?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.83 (6 Ses)

marshmallow test

Çagakaň ulular gürrüň edende "ýuwaş otur" jümlesini köp eşidýärdiňmi? Otagda biri ýatyrka telewizor görüp bilmezlik ýa-da myhmanlar gelýänçä saçakdaky hiç zady elläp bilmezlik megerem çagalyk döwrüniň iň bir sabyr talap ediji pursatlary bolan bolsa gerek. Emma islegleriňe erk etmäni we sabyr etmekde hözüriň bardygyny öwrenmek çagalykdan ululyga bolan syýahatyň ullakan bölegi hasaplanylýar.

Çagalaryň bu möhüm ukyplary nädip, haçan, we näme üçin öwrenýändiklerini barlamak "zefir testi" atly meşhur ylmy işiň esasy maksadydy. Stanford uniwersitetindäki psiholog Walter Mischeliň ýolbaşçylyk etmeginde 1970-nji ýyllarda geçirilen bu test çagalara her gün buýrulýan zadyň (oturmak we garaşmak) laboratoriýadaky görnüşini hödürledi.

Testde çaganyň öňünde bir bölek zefir goýulýar we eger ony iýmän 15 minut garaşyp bilse ýene bir zefir gazanyp biljekdigi aýdylýar. Eger islegine erk edip bilmän zefiri iýse, onda hiç hili serpaý berilmeýär.

Bu test ýaş beýniniň ösüş diagrammasyny çyzmaga hem-de çagalaryň güýçli isleglerinden üstün çykmak üçin akyl ýetiriş gurallaryny nädip ulanyşyny görmäge uly goşant goşýar.

Mischel bu testde gowy netije görkezenleriň isleglerine erk etmek üçin döredijilikli usullary ulanandygynyň üstüni açýar (meselem, zefir ýok diýip göz öňüne getirmek). Soňky geçirilen barlaglar çagalaryň sylag üçin uzagrak garaşmagy öwrenip bilýändiklerini görkezýär. Has soňky barlaglar bolsa, daşky gurşawyň uly rol oýnaýandygyny aýan edýär: Eger çaga barlagça ynanmasa, onda ol zefiri derrew iýmek bilen bolýar.

Emma "zefir testiniň" häzire çenli iň meşhur psihologik testleriniň biri bolup galýandygynyň esasy sebäbi ýokardaky testiň özi däl-de, onuň 80-nji ýyllaryň ahyrynda 90-njy ýyllaryň başynda geçirilen dowamydyr. Bu barlag çagalaryň özlerine erk edip bilşi bilen gelejekdäki üstünlikleriniň arasynda haýran galdyryjy baglanyşyk tapýar: çagalar zefiri iýmän näçe uzak saklanyp bilen bolsalar, olar SAT atly ýokary okuw jaýyna giriş synaglaryndan hem şonça ýokary netijeleri gazanýarlar we edep-tertipleri şonça gowy bolýar. Mundan şeýle netije çykaryp bolýar: eger biz çagalara has sabyrly bolmagy we özlerine has gowy erk etmegi öwredip bilsek, belki olar hem durmuşda has köp üstünlik gazanyp bilerler.

Emma 90-njy ýyllaryň bu ylmy barlag işi kiçi göwrümli bolup, diňe ýokary okuwly we baý ene-atalaryň çagalaryny derňäpdi.

Mischel we onuň kärdeşleri bu barlagyň netijeleriniň her bir adama degişli bolup bilmejekdigini belläp geçýärler. Ylmy barlagçylar test edilýän çagalaryň sanyny we demografiýasyny ulaltmak netijäni peseldip biler diýip aýdýarlar. Şeýle-de olar çaganyň maşgala durmuşynyň durnuklylygynyň has uly rol oýnap bilýändigini belleýärler. Galyberse-de, testiň netijeleri çagalara özlerine erk etmegi öwretseň olaryň gelejekde üstünlikli boljakdygyna güwä geçmeýär.

Çeşme