STANFORD TÜRME EKSPERIMENTI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.22 (9 Ses)

zimbardo turme eksperimentiGowy adamy erbet ýerde goýsaň näme bolar? Adamçylyk ýeňermi ýa zalymlyk?

"Bu soraga nädip jogap gözleýişimiz we alan netijämiz sizi haýran galdyrar. Biz iki hepdelik türme durmuşynyň psihologik derňew işini 6 günden soň togtatmaly bolduk. Çünki, eksperiment oňa gatnaşýan talyplara erbet täsir edip başlady. Sanlyja günüň içinde, sakçylarymyz zalymlaşdy, tussaglarymyz bolsa depressiýa düşüp, erbet stresiň alamatlaryny görkezip başladylar. Nämäniň bolup geçenini we onuň ynsan tebigaty barada näme aýdýanyny bilmek üçin, eksperimenti doly okamagyňyzy haýyş edýärin".

Professor Philip G. Zimbardo

Eksperimentiň maksady

Zimbardony we kärdeşlerini (1973) Amerikanyň türmelerindäki sakçylaryň zalymlygy gyzyklandyrýar. Olar bu häsiýetiň düýp sebäbiniň ynsan tebigatyna ýa-da daşky gurşawa baglydygyny öwrenmek isleýärler.

Eksperimentiň geçirilişi

Adamlaryň türme şertlerinde özlerini nähili alyp barýandygyny öwrenmek maksady bilen, Zimbardo Stanford Uniwersitetiniň psihologiýa binasynyň ýerzeminini ýasama türmä öwürýär.

Soňra ol bildiriş ýaýradyp, eksperimente gatnaşjak meýletinçileriň gözlegine çykýar. Bildirişde eksperimentiň türme durmuşynyň psihologik täsirlerini öwrenmek üçin geçirilýändigini aýdýar.

Bildirişe jogap beren 75 dalaşgärden interwýu alynýar we şahsyýet barlagyndan geçirilýär. Olaryň içinden psihologik we saglyk kemçilikleri bolanlar, jenaýat edenler we narkotik serişdelerine baglylar aýrylýar.

Soňra eksperimente gatnaşyjylary tötänleýin tertipde tussaglara we sakçylara bölýärler. Gatnaşyjylaryň ikisi ätiýaçlykda goýulýar, biri gidýär we netijede 10 sany tussag bilen 11 sany sakçy jemlenýär.

Tussaglara edil adaty jenaýatçylar kimin çemeleşilýär. Ýagny olar duýduryş berilmän, öýlerinden tussag edilip alnyp gaýdylýar we ýerli polisiýa bölümine getirilýär. Olaryň barmak yzlary we suratlary alnyp, jenaýatçy hökmünde "bellige alynýarlar".

Soňra olar gözleri daňylgy Stanford Uniwersitetiniň ýerzeminindäki hakyky türmä meňzedilip gurnalan ýasama türmä getirilýär. Şol ýerde-de tussaglary şahsyýetsizleşdirme prosesi başlanýar. Olaryň ähli şahsy zatlary alynýar, ähli eşikleri çykardylýar we türme eşikleri we düşek berilýär. Şeýle-de, her tussaga uniforma geýdirilýär we şahsy belgi berilýär. Şahsy belgileriň ulanylmagynyň sebäbi tussaglara özlerini anonim duýdurmakdy. Her tussaga diňe onuň şahsy belgisi bilen ýüzlenilmeli we tussaglar özlerini we beýleki tussaglary diňe belgisi bilen atlandyrmaly edilýär.

Zimbardo (ylmy-barlagçy hökmünde) tussaglaryň we sakçylaryň özlerini alyp baryşlaryna syn edýär we şol bir wagtyň özünde, türme başlygynyň roluny hem oýnaýar.

Gysga wagtyň içinde, tussaglar we sakçylar täze wezipelerine öwrenişip başlaýarlar. Esasan hem sakçylar öz "sakçylyk" rollaryna çalt we aňsat geçýärler. Olar tussaglary kemsidip we bolgusyz buýruklary berip başlaýarlar. Tussaglara gereksiz we içgysgynç ýumuşlary tabşyrýarlar we umuman olaryň ynsanlyk mertebesini peseldýärler.

Eksperimentiň soňy

Zimbardo (1973) eksperimenti 2 hepdelik edip meýilleşdirýär, emma tussaglaryň ruhyçökgünligi we sakçylaryň aşa rehimsizligi sebäpli, derňew 6-njy gününde togtadylýar.

Netije

Zimbardonyň Stanford Türme Eksperimenti adamzadyň ozünden garaşylýan sosial rollary nä derejede oýnamaga meýillidigini subut edýär, esasan hem, türme sakçylary ýaly güýçli stereotipleşdirilen rollary.

Sakçylaryň özlerini zalym alyp barmaklarynda "türme" gurşawy möhüm faktordy (sakçylyk wezipesini ýerine ýetiren gatnaşyjylaryň hiç biri ylmy-derňewden öň zalymlygyň alamatlaryny görkezmändiler).

Şol sebäpli, barlagyň netijesi adamyň özüni alyp barşynyň tebigata däl-de, ýagdaýa (situasiýa) baglydygyny goldaýar.

Şahsyýetsizleşdirme barlaga gatnaşyjylaryň özlerini alyp baryşlaryny düşündirip biler, esasan hem sakçylaryňkyny. Bu ýagdaýda adam toparyň edim-gylymlaryna tutuşlaýyn çümüp, öz şahsyýetini we şahsy jogapkärçiliklerini unudýar.

Sakçylaryň rehimsizliginiň sebäbi, olaryň bolup geçýän zatlary şahsy jogapkärçilik däl-de, topar düzgüni hökmünde kabul etmekleri bolup biler. Şeýle hem, olar geýen formalary sebäpli şahsy jogapkärçiliklerini unudan bolmaga çemeli.

Mundan başga-da, "öwrenilen ejizlik" tussaglaryň sakçylara tabyn bolmagyny düşündirip biler. Tussaglar edýän hereketleriniň başlaryna gelýän zatlar bilen känbir bagly däldigine göz ýetirýärler. Ýasama türmede sakçylaryň duýdansyz hereketleri tussaglaryň jogap gaýtarmaklaryny bes etmeklerine sebäp bolýar.

Türme eksperimenti togtadylansoň, Zimbardo gatnaşyjylardan interwýu alýar. Bu şondan bir bölek:

Gatnaşyjylaryň köpüsi özlerini işjeň we yhlasly duýandyklaryny aýtdylar. Eksperiment olara "hakyky" ýaly bolup görnüpdir. Sakçylaryň biri: "Men öz-özüme haýran galdym. Men tussaglary biri-birine her hili atlar bilen ýüzlenmäge we hajathanalary ýalaňaç elleri bilen ýuwmaga mejbur etdim. Olary mallara deňedim we bir hokga çykaraýmasynlar diýip, hüşgär bolup gezdim".

Sakçylaryň aglabasy özlerini şeýle zalym alyp barandyklaryna kynlyk bilen ynandylar. Olaryň köpüsi şeýle häsiýetleriniň bardygyny we şeýle zatlary edip biljekdiklerini göz öňüne hem getirmändiklerini aýtdylar.

Tussaglaryň hem nädip şeýle tabyn, gorkak we garaşly bolup bilendiklerine akyllary çatmaýardy. Olaryň käbiri aslynda özlerine gaty göwünleriniň ýetýändiklerini aýtdylar.

Sakçylar barada soralanda, tussaglar olary islendik türmede duş gelýän esasy üç stereotip bilen suratlandyrdylar: käbir sakçylar gowudy, käbiri hyrsyz emma adalatlydy, käbiri zalymdy.

Ahlak meseleleri

Bu ylmy-derňew kän etiki tankytlara sezewar boldy. Olaryň içine gatnaşyjylara eksperiment barada doly maglumat berilmezlik we olardan razylyk alynmazlyk hem girýär. Emma Zimbardonyň özi hem eksperimentiň dowamynda nämeleriň boljagyny bilmeýärdi (muny öňünden bilmek mümkin hem däldi).