“DIŇE MEN, BAŞGA HIÇ KIM!”

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (45 Ses)

Ençeme wagtdan bäri men Internetde, esasan hem "V-kontakte" sosial ulgamynda, "Syndicate", "Top-People-of-Turkmenistan" we "Exclusive Turkmenistan" atly toparlarda türkmen ýaşlarynyň paýlaşýan suratlaryny görüp aňk-taňk bolýaryn. Meselem, gelin-gyzlar saçlaryny sary reňke boýap, dodaklaryny plastik hirurglaryň ýa-da makiýažyň kömegi bilen çişirip, ulaldyp, gözlerini çenden aşa gara sürmä boýap, uýat ýerlerini görkezýän köýnekleri geýip düşen suratlaryny Internetde paýlaşýarlar. Oglanlar bolsa, öz maşynlarynyň markasyny, gymmat köwüşlerini we sagatlaryny, nirelerde we nähili lezzet alýandyklaryny paýlaşýarlar. Bu suratlary görüp, "Adamlar näme üçin öz hususy durmuşlaryny Internet köpçüligine çykarýarlarka?!" diýenimi duýman galýaryn. Ýa-da bolmasa ýaşlarymyzyň özlerini tapawutly alyp baryşlary oňki gymmatlyklaryň çagşandygyny aňladyarmyka?! Eýsem özlerini haryt kimin alyp baryp, seksual pozalarda durup surata düşýän gelin-gyzlarymyz, öz maddy baýlyklaryny (maşyn, egin-eşik we ş. m.) güjeňläp surata düşýän ýigitlerimiz bu birtüýsli hereketlerinden bihabarmyka?!

Meniň bilesigelijiligim kem-kemden möwjäp, bir pilleden soňra zamanamyzda internet dünýäsiniň hödürleýän täzeçe üýtgeşmeleriniň sebäplerini öwrenmäge alyp bardy. Netijede, köp adamlaryň nerkeslik (narsizm) häsiýetlere eýe bolýandygyna göz ýetirdim.

Narsissikusyň rowaýaty

"Narcissism [Inglisçe]" ýa-da "Nerkeslik [Türkmençe]" söz Narsissikus diýen gadymy grek rowaýatyndan gelip çykýar. Rowaýata göra, Narsissikus atly ýaş we görmegeý bir ýigit söýgüniň yşgyna düşüp, intizar bolýar. Günleriň bir güni Narsissikusyň jemalyna owadan Ýaň Perisi aşyk bolyar we ol Narsissikusyň diýýan her bir sözüni gaýtalaýar. Narsissikus bolsa Ýaň Periniň duygusyny terk edip, ozüne mynasyp boljak taý gözlemegini dowam edýär. Bir pursat Narsissikus öz şeklini suwda görüp oňa aşyk bolýar we şol şekli yzygiderli, tä ýogalýança synlap oturýar. Narsissikusyň ýogalan derýasynyň kenarynda bir gül peýda bolýar we ony adamlar biziň günümize çenli "Nargis" diýip atlandyrýarlar.

Narsissikus rowaýaty adamyň öz-özüne aşa köňül berip, daş-töweregindäkiler bilen netijeli aragatnaşyk gurup bilmeýändigi üçin ýüze çykýan tragediýany görkezýar. Bu hem biziň şu günki zamanamyzda nerkes keseline duçar bolan adamlaryň köpelmegi sebäpli bolup geçýän wakalara kybap gelýär.

Nerkes keseli näme?

Nerkes keseli fiziki däl-de, psihiki we ruhy ýagdaýdyr. Bu kesel birnäçe häsiýetleri öz içine alýar. Olar: gedemlik, men-menlik, şöhratparazlyk we özdiýenlilikdir.

Nerkes keseliniň alamatlary

Tanymal amerikan psihoterapewty Sandy Hotçkisiň bellemegine göra, narsistler köpçülik tarapyndan kabul edilen kadaly edep-terbiýeden çykyp, birnäçe aýratynlyklary görkezýärler:

► Untançsyzlyk – nerkes keseli bilen syrkawlan adamlar öz üstünlikleri, akyly we sypaty barada utanman owünýärler. Utanjyň ýoklugy sebäpli hem nerkes ýaşlar internetde öz maddy baýlyklaryny we daş-keşplerini gorkezýän suratlaryny ikirjiňlenmän paýlaşýarlar.

Gedemlik – nerkes adamlar ulumsy äheňde gürleýärler. Olar meselem, özleriniň BMW maşynynyň barlygyny görkezmek üçin "Meniň maşynymyň açaryny gördüňizmi?" diymäniň deregine "Meniň BMW maşynymyn açaryny gördüňizmi?" diýip, gopbamsyraýarlar.

Bahyllyk – nerkes başgalaryň özlerinden has üstün, has akylly we owadan bolmagyny islemeýärler. Şeýlelikde, olar her kimden öňde bolmak üçin mekirlige baş urmana, plastiki hirurgiýany ulanmaga we para almaga taýyn adamlardyr.

Perwaýsyzlyk – nerkes keseline duçar bolan ynsanlar adamlar bilen özara gatnaşyklarda köp perwaýsyzlyk görkezýärler. Şol sebäpli hem olar bilen uzak möhletleýin gatnaşyklary ýa-da berk dostluk/joralyk gurmak kyn bolýar. Olar başga adamy öz peýdasy üçin ulanmagy hiç zatça görmeýärlar.

Men-menlik – nerkesler özlerini üýtgeşik we has mertebeli saýýandyklary uçin başga adamlardan yzygiderli öwgi we üns hantama bolýarlar. Olaryň pikirine görä, başgalar olara elmydama borçly.

Derisi galyňlylyk – narsist bir zat gerek bolsa hiç kimden çekinmän "ýolup-goparyp" aljak adamdyr. Üstesine hem, olar tankytlary kän ýüzlerine almaýarlar.

Nerkes häsiýetiniň bejeriş we öňüni alyş çäreleri

Köp ýokanç kesselleri antibiotikler arkaly bejerip bolýan bolsa, nerkes keseliniň psihiki ýagdaý bolany üçin, oňa gönüden-göni bejergi ýokdur. Nerkesleriň utançsyz, gedem, bahyl, perwaýsyz, borçsuz we derisi galyň häsiýetleri kem-kemden olardan maşgalalaryny, dost-ýarlaryny we kärdeşlerini daşlaşdyryp, olaryň töwereginde emeli boşluk döredýär. Yöne bu ýekeligiň bejergisiniň täsiriniň boljagyna umyt azdyr. Sebäbi nerkesler ýeke galandan soň edil awçy ýaly özlerine täze "aw gözlemäge" başlaýarlar. Şu sebäpden hem, olar öz-özlerine kömek edip bilmeýärler we bu ýagdaýdan gutulmany islemeýärler.

Nädip nerkes keseliniň öňüni alyp bilersiňiz?

► Internedi diňe öz maşgalaňyz üçin, gymmatly dostluk gatnaşyklaryňyz we olary oňküden hem has beter güýçlendirmek üçin ulanyň.

► Gerekmejek, yeňil-yelpaý "dost-joralaryňyzy" öz sahypaňyzdan aýyryň.

► Internetdäky we daş-töweregiňizdäki adamlaryň elmydama sizi makullamagyna garaşmaň.

► Her adamyň maddy ýagdaýynyň tapawutlydygyna düşünmäge çalşyň. Maddy baýlyklaryňyzy internetde paýlaşmak size lezzet berse-de, başgalarda öz ýagdaýlary babatda sussupeslik ýa-da gynanç döredip, sizi bolsa nerkese has ýakynlaşdyryp biljekdiginden habardar boluň.

► Esasan, sizi köpleriň ýakyndan tanamaýan internet dünýäsinde özüňizi sada we giň düşünjeli alyp barmaga çalşyň. Diýjek sözleriňizi we goýjak suratlaryňyzy "ýedi ölçäp, bir kesiň".

► Mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda sosiologiýa, filosofiýa we psihologiýa mugallymlary bilen bilelikde, internetde özüňi kadaly alyp barmagyň aýratynlyklary we howpsuzlygy barada okuwçylar/talyplar bilen söhbetdeşlikler / ýygnaklar geçirilmelidir.

Awtor: Artykgözel Ýazmyradowa