SÜNNET ETME: TARAPDARLAR WE GARŞYDAŞLAR

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.36 (14 Ses)

Biziň günlerimize çenli ýetip gelen sünnet etmek däbi öz gözbaşyny taryhyň jümmüşinden alyp gaýdýar. Taryhçylaryň  bellemegine görä, käbir gadymy halklarda sünnet däbi adat bolup, "bütin zady halas etmek üçin, belli bir bölegini gazaply we rehimsiz hudaýlara bagyş etmek maksady bilen, çaganyň janyny halas etmek üçin ony sünnet etmelidir. Ol Hudaý ýoluna aýdylan haýyr-zekatdyr" diýip düşündirilipdir. Sünnet etmek köp halklarda duş gelýär. Gerodot şeýle ýazýar: "Ýer ýüzünde diňe üç  halk özüne sünnet edýändir: kolhlar, müsürliler we efiopiýalylar. Palestinada ýaşaýan siriýalylaryň aýtmagyna görä, olar bu adaty müsürlilerden alypdyrlar. Parfeniý derýasynyň ýakasynda ýaşaýan siriýalylar we olaryň goňşusy makronlar hem sünnet etmegi müsürlilerden öwrenendiklerini belleýärler. Müsürlileriň we efiopiýalylaryň sünnet etmegi nireden kabul edenligini aýdyp biljek däl. Bu adatyň örän gadymy bolmagy ähtimal".

Iudaizimde sünnet etmek (iwrit dil. - brit mila) – Hudaý bilen ysraýyl halkynyň arasyndaky ylalaşygyň nyşany höküminde kabul edilýär. Sünnet edýän başga gadymy halklardan tapawutlylykda, ýewreý çagalary jynsy kämilligiň başlanýan döwründe däl-de, doglandan soň 8-nji günde sünnetlenilýändir. (Töwratda ýazylyşy ýaly, Yshak pygamber hem doglandan 8-nji güni sünnet edilipdir). Eger müsürlilerde sünnet etmek diňe jemgyýetiň ýokary gatlagyna degişli wekillerinde geçirilýän bolsa, ýewreýlerde sünnet etmek tutuş halka degişli bolupdyr. Olar gullary hem sünnetledipdirler.

Ýewreýlerde  çaga doglandan soň 8-nji günde sünnet edilmegine  birnäçe düşündiriş bardyr:

Yslam dininde hem sünnetlenmä wajyp adat höküminde garalýar. Keramatly Gurhanda sünnetlenmäniň üstünde gönüden-göni durlup geçilenok, ýöne onuň gerekliligi barada söz açýan ençeme hadyslar bar. Biri Muhammet pygamberiň ýanyna gelip, "Men yslam dinini kabul etdim" diýipdir. Muhammet pygamber ol adama: "Dinsizligiň saçyny taşla (saçyňy syr) hem-de sünnet etdir" diýip taşyrypdyr. Hadyslar toplumynda, Muhammet pygamberiň öz agtyklary bolan Hasan bilen Hüseýne, olar doglandan soň ýedi günden, janly soýup sünnet etdirenligi barada aýdylyp geçilýär.

Biziň döwrümizde, yslama uýýan halklarda sünnet milli däp hasaplanyp, dürli halklarda onuň geçirilýän wagty dürli-dürlüdir. Meselem, türklerde sünnet 8-13 ýaşda, parslarda – 3-4 ýaşda, Malaýziýaly musulmanlarda – 10-13 ýaşda, şäherli araplarda – 5-6 ýaşda, obaly araplarda bolsa – 12-14 ýaşda geçirilýär. Oňa garamazdan, Muhammet pygamberiň sünnelerinde ýazyşy ýaly, sünneti çaga doglandan 7-nji günde geçirmek dogry bilinýär.

Hristiançylykda Hudaýa ýakynlyk adamyň içki ruhy taýdan özgermegi arkaly gazanylýanlygy barada  bellenilýär. "Şol sebäpli hem özüňe sünnet etmek öz manysyňy ýitirip, gerek bolman galýar" diýip düşündirilyär. Hristiançylykda bu adat saklanylmaýar. Sünnet geçirilen ýagdaýynda hem, ol dini sebäpler bilen hiç baglanşykly däldir.

Sünnet edilende, ujydyň pürçügi tutuş tegelekleýin (sirkumsisio) kesilip aýrylýar. Pürçügi skalpel ýa-da gaýçy bilen kesip, ýaranyň gyralary ketgut ýa-da wikril sapaklary bilen tikilýär. Hirurg tikinleriň arasyny açman, olary ýygy-ýygydan goýmalydyr. Beýle çäre ýaranyň tiz bitmegine kömek edýär we gelşiksiz, gödek tyglaryň galmagynyň öňüni alýar.

ABŞ-da, Ýewropa ýurtlarynda tegelek kesmäni ýörite gysyçlaryň kömegi bilen amala aşyryarlar. Olary ujydyň ululygyna görä saýlaýarlar. Ol gysyçlary ujydyň kellejigini şikeslenmelerden goraýjy serişde höküminde hem ulanýarlar. Operasiýa edilende ýerli agyrsyzlandyrma maksady bilen nowokain we lidokain serişdeleri ulanylýar. Kiçi çagalara umumy agyrsyzlandyrma geçirilýär.

Sünnet etmekde diatermokoagulýasiýa ýa-da lazer skalpeli ulanylyp bilner. Ýöne köplenç "el bilen işlemek" usuly saýlanyp alynýar.

Häzirki zaman lukmançylygynda sünnet etme babatda iki gapma-garşylykly pikir ýöreýär. Şonuň üçin hem geçirilýän ylmy işleriň netijesi, onuň awtorynyň garaýşyna baglylykda dürli-dürli bolup biler.

Urolog we androlog lukmanlaryň bellemegine görä, sünnet etme operasiýasy erkek adam üçin birnäçe ugur boýunça peýdalydyr:

Sünnet etmä garşy kabul edilen deliller şulardan ybaratdyr:

Biziň zamanymyzda, sünnet etmek musulman ýurtlarynda giňden ýaýrandyr. (Orta Aziýada, Ýakyn Gündogarda, Demirgazyk Afrikada). Ol Ýewropa ýurtlarynda, Russiýada, Hytaýda, Günorta Amerikada, Awstraliýada seýrek duş gelýändir. Kanadada, ABŞ-da, Beýik Britaniýa ýurtlarynda onanizme (öz jyns agzalaryňy el bilen gyjyndyrmak) garşy göreşmek çäresi höküminde geçen asyryň birinji ýarymynda giňden geçirilýärdi. Geçen asyryň ikinji ýarymynda ol ýurtlarda giňişleýin sünnet etme däbi ýatyryldy.