ERKEK SEKSUALLYGY WE ONUŇ AÝRATYNLYKLARY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.54 (37 Ses)

Erkek seksuallygy haçan döreýär? Onuň emele gelmegine we kämilleşmegine aýal maşgala nähili täsirini ýetirýärkä? Elbetde, biz, aýallar garşydaş jynsdan hemişe mähirli bolmagy, ünsi, wepalylygy talap edýäris. Ýöne olar bilen gatnaşykda olaryň seksual aýratynlyklaryny nazara almazdan mäkäm maşgala birleşigini döredip bolmazmyka diýip pikir edýärin. Bu babatda anyk maglumatlary almak üçin seksopatolog lukmanlarynyň pikirini bilmek peýdalydyr.

"Meniň ýigit wagtym..."

Erkeklik seksuallygynyň emele gelmegi üçin ýetginjeklik seksual hyjywunyň ýokarlanmagy häsiýetli bolup, ol döwür jynsy hyjywuň, islegiň, fantaziýalaryň ýokarlanmagy bilen alamatlanýandyr.

Nemes psihology Wilgelm Ýoneniň bellemegine görä, ýaş erkek adamlarda aýallara bolan garaýşyň ikilenmesi bellenilýär, ýagny olar aýal maşgalany el degmesiz "keramatly" ýa-da elýeter, ýeňil häsiýetli toparlara bölmäge ýykgyn bolýarlar. Şonuň üçin hem, aragatnaşyk saklaýan aýalynda bu iki häsiýetleri birleşdirme olarda kynçylyk döredýär. Kä ýigit öz söýgülisiniň öňünde baş egip, başaranyndan öz seksual isleglerini gizleýän bolsa, başga ýigit tersine, özüni gödek, jalaý alyp barýar.

Erkek adamlaryň ýene bir aýratynlygy höküminde olaryň aýal bilen ynamly gatnaşyk saklamagy babatynda gorkusynyň bolmagyny belläp bolýar. Psihologlaryň bir topary ony çagalyk döwründe oglanjygyň enesi bilen gatnaşygynyň aýratynlygyndan gözleseler, ikinjiler ony ýetginjeklik döwri bilen baglanyşdyrýarlar, üçünjiler bolsa ony ýigidiň birinji geçirjek jynsy gatnaşygynda bolup biljek şowsuzlygyň öňündäki gorkusy bilen düşündirýärler. Ýöne bu howsalalaryň dürli ýaşda, kemala gelşiň dürli möhletlerinde emele gelmegi ähtimaldyr we biri-biri bilen bagly däldir. Başga tarapdan bolsa, bu gorkynyň başga sebäplerini hem nazara alman bolmaýar: erkek adam aýal maşgala bilen tanyşlyk açmagyň gurnajjysy bolýar, gatnaşyklary ýaýbaňlandyrmaga we berkitmäge çalyşýar, soňundan bolsa oňa söz aýdýar. Elbetde, üstünlige ynamsyz bolmak, aýal maşgalanyň sözüni kabul etmedik halatynda kemsidilme duýgusyny başdan geçirme gorkusy hem şeýle emosional ýagdaýy döredip bilýändir. Eger aýal maşgala hem onuň ýerinde bolan bolsa, belki edil şunuň ýaly duýgulary başdan geçirerdi.

Zenan başlangyjy

Seksopatolog E. Berniň bellemegine görä, oglanjygyň seksuallygynyň geljekde emele gelmegi we kämilleşmegi üçin onuň ýakyn gurşawyndaky aýallaryň bildirýän täsiri uludyr. Onuň durmuşynda aragatnaşyk açan ilkinji zenanlary-enesi we uly aýal doganlary kämilleşme döwründe onuň erkeklik häsiýetleriniň emele gelmegine ýa-da tersine, ol häsiýetleriň basyrlyp ýatyrylmagynyň sebäpkärleri bolup bilerler. Erkegiň durmuşynda duşan aýal maşgala bolsa onuň seksual hyjuwyny tutaşdyrypda ýa-da ony basyp ýatyryp bilmäge ukyplydyr.

Lukmanlaryň bellemegine görä, erkeklik seksual hyjuwynyň tutaşmagy dürli gyjyndyryjylaryň üsti bilen amala aşyrlyp bilner, meselem, egin-eşiksiz şekillendirilen aýallaryň suratlary, jynsy gatnaşyklaryny suratlandyrýan gürrüňler. Ýöne erkeklik seksuallygynyň öz aýratynlyklary hem bardyr. Erkekleriň köpüsiniň jynsy hyjuwy aýalyň göwüslerini göreninden soň tutaşýan bolsa, köpüsi aýalyň näzik aýaklaryna syn edip "tutaşyp" bilerler.

"Erkekler gözi bilen söýýär" diýen jümläniň çynlygy hemmämize mälimdir. Edil şonuň üçin hem, aýalyň arassa we gelşikli geýinmegi, jynsy gatnaşyklaryň başynda aýalyň näz-kereşme bilen çykarynmagy ýa-da erkegiň oňa kömek etmegi täsirli bolup, seksual lezzeti uzaklaşdyryp biler.

Seksopatolog G. Biliçiň bellemegine görä, erkekleriň 40-42%-iň seksual islegi sagdyn ýagdaýda bolan aýal jyns agzalaryň tebigy ysyndan döräp bilýändir.

Erkekler we jynsy gatnaşyklar

Jynsy gatnaşyklarda erkek adamlaryň seksual islegi çalt döreýändir, çünki olaryň erogen nokatlary daşky jyns agzalarynda ýerleşýär. Iň duýgur erogen nokat höküminde ujydyň kellejiginiň derisini belläp bolar.

Erkek adamlaryň aglabasynyň seksual lezzetliligi almagy hut jynsy gatnaşyklaryň özi bilen bagly bolup, eýakulýasiýanyň (dölüň zyňylmagy) bolup geçmegi bilen tamamlanýandyr we olar üçin öňünden geçirilýän taýýarlyk onçakly wajyp hem däldir. Posalar, sypalamalardyr, guçmalar esasan aýal üçin wajyp bolup durýandyr. Bellemeli ýene bir wajyp zat- erkekler jynsy lezzete (orgazma) aýallara garanyňda çalt ýetýärler. Megerem edil şonuň üçin hem erkek adamlaryň 81%-i jynsy gatnaşyklarda orgazma ýetmegiň zerurlygyny belleýärler. Aýallaryň arasynda şeýle pikir edýänler 60%-i düzýändir.

Erkek adamlarda düzgün bolşuna görä, ilkinji jynsy gatnaşyklar şowsuz geçip bilýändir. Käbir statistiki maglumatlara görä, bu şowsuzlyga sag erkek adamlaryň ýarsy uçraýar. Seksual islegiň aşa ýüze çykmagy netijesinde dölüň wagtyndan öň zyňylmagy ýa-da jynsy gowşaklygyň döremegi syn edilip bilner.

Erkek adamlaryň arasynda seksual gatnaşyklary durmuşynyň manysyna öwrüp, aýallar bilen tertipsiz gatnaşyklarynyň arkasy bilen özüne we başgalara şahsyýet başarnygynyň bardygyny subut etme gylygy hem duş gelýär. Şeýle erkek adamlar üçin aýal bilen gatnaşyk nobatdaky "hususy sport ýeňşine" öwrülýär. Ýöne bu ýagdaý erkege lezzet we kanagatlanma berip bilmän, tersine onda "ruhy boşlugyň" döremegine getirip biler.

Jynsy gatnaşyklar we ýaş aýratynlyklary

Jynsy gatnaşyklary geçirme kynçylygyna 30 ýaşdan soň erkek adamlaryň 27%-i, 40 ýaşdan soň 38%-i we 50 ýaşdan soň 48%-i duçar bolýarlar.

Ýaş ulaldygyça gandaky testosteronyň mukdary peselýär, ýöne jynsy isleg saklanýar. Seksopatolog Kinsiniň berýän maglumatlaryna görä, erkek adamynyň 30 ýaşa çenli jynsy gatnaşyklary geçirme ýygylygy hepdede 3; 27, 30 ýaşdan uly adamlarda 2,2; 60 ýaşda-hepdede 1 gezegi düzýändir.

Klimaks döwri erkek adamlarda, aýallara garanyňda giç başlanýar. Şol sebäpli hem önelgelilik ukybyny olar uzak saklaýarlar.

Awtor: Selbi Myradowa