ERKEK ADAMLARYŇ JYNS AGZALARYNDAN BÖLÜNIP ÇYKMALAR: SEBÄPLERINIŇ KÖPDÜRLÜLIGI WE BEJERGI ÇÄRELERI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.34 (65 Ses)

Erkek ujydy şol bir wagtyň özünde peşew çykaryjy we jyns agzalaryň bölüp çykarýan suwuklyklaryny geçiriji agzanyň wezipesini ýerine ýetirýär. Erkek adamlaryň jyns agzalaryndan bölünip çykmalar diýlende lukmançylykda, peşewden daşgary çykýan suwuklyklar göz öňüne tutulýar. Degişli barlaglar netijesinde ujytdan çykýan suwuklygyň mukdary, düzümi, reňki arkaly jynsy agzalaryň işleýşi we näsazlyklary hakynda möhüm maglumatlar edinmek mümkindir.

Jyns agzadan bölünip çykmalaryň sebapleri

Jynsy gyjynma netijesinde peşew geçiriji kanalda (uretrada) ýerleşýän kuperow mäzleriniň işjeňligi bilen ujydyň içiniň çygjarmasy hem-de ondan birnäçe damja suwuklygyň çykmagy adaty ýagdaýlara degişlidir. Şeýle hem jynsy gatnaşykdan soň we ukuda şeýtany bolma (pollýusiýa) sebäpli spermanyň akmagy kadaly ýagdaýdyr. Jyns agzasyndan erksiz bölünip çykmalaryň beýleki ähli görnüşleri näsazlyk hasaplanýar.

Bölünip çykmalaryň iň ýygy sebäbi hem zyýanly ýokançlyklaryň täsir etmegidir. Bakteriýalar, kömelekler, wiruslar tohumlyklara, jyns mäzlerine, peşew geçiriji ýollara aralaşyp dürli gaýraüzülmelere getirip bilýärler. Peşew edilende, jynsy gyjynmada agyry, awuşama düýgynyň ýüze çykmagy, başga wagtlarda ak-sarymtyl ýa-da sary-ýaşylymtyl reňkli bölünip çykmalaryň syn edilmegi jyns agzalaryna zyýanly ýokançlyklaryň aralaşandygynyň esasy alamatlarydyr.

Bölünip çykmalar öz gelip çykyşy boýunça hem tapawutlandyrylýar:

Uretroragiýa – peşew geçiriji kanaldan peşew gelmeden başga wagt ganyň gelmegi bolup, peşew geçiriji ýollaryň şikeslenmeginiň ýa-da ondaky howply täze döremäniň alamatydyr.

Prostatoreýa – erkeklik jyns mäziniň işläp çykarýan suwuklygynyň peşew ýa-da täret etmeden soň ujytdan biraz nem görnüşde bölünip çykmagy kadaly hasaplanýandyr. Olardan başga wagt döreýän bölünip çykmalar tohum geçiriji ýollaryň alawlama hadysasy sebäpli çeýeligini ýitirmegi netijesinde ýüze çykýar. Prostatoreýa dowamly prostatitiň esasy alamatlarynyň biri hasaplanýar. Şeýle-de, erkeklik jyns mäziniň işjeňliginiň ýokarlanmagy bilen hem bu mäziň işläp çykarýan suwuklygy bölünip çykyp bilýär. Suwuklygyň mikroskopiki seljermesinde lesitin dänejikleri, amiloid jisimjikleri görlüp, onda spermatozoidler ýokdyr.

Spermatoreýa – jynsy gyjynma bolmazdan, peşew ýa-da täret edilýän wagty uretradan ak-sarymtyl suwuklygyň (spermanyň) bölünip çykmagy bolup, tohum haltajygynyň we tohum geçiriji kanalyň alawlama ýagdaýlarynda yüze çykýar. Mikroskopiki seljermede spermatozoidler görülýär Üznüksiz spermatoreýa oňurga ýiliginiň näsazlyklarynda hem ýüze çykyp bilýändir.

Gemospermiýa – adaty jynsy gyjynma wagtynda gelýän spermada ganyň görülmegi hem adamyny birahat edýän ýagdaýlaryň biridir. Ýokarda agzalan alamatlar bolmazdan, gemospermiýa öz başyna howply näsazlyk hasaplanmaýar. Bu sebäp bilen lukmana ýüz tutulan ýagdaýynda näsaga gözegçilik edilýär. Öz-özünden geçmän gaýtalanan hem-de agyryly duýgularyň dörän ýagdaýlarynda gemospermiýanyň sebäbini anyklamaga çalyşmalydyr. Peşewde gan bolman, diňe spermada gan görülýän halatynda, sebäbi jyns agzalaryň ýagdaýyndan gözlemelidir. Jyns ýollarynyň şikeslenmegi, jyns mäzleriniň gan aýlanyş näsazlyklary, gany suwuklandyryjy dermanlaryň kabul edilmegi, peşew çykaryş kanalynda lukmançylyk enjamlary bilen geçirilen käbir anyklaýyş çäreleri (uretroskopiýa, sistoskopiýa) ganly spermanyň döremeginiň sebäbi bolup biler.

Maslahatlar we bejergi çäreleri

Ýokançlyklaryň täsiri bilen döreýän bölünip çykmalaryň bejergisi degişli derman serişdeleri bilen geçirilýär. Bejerginiň netijeli bolmagy üçin bölünip çykýan suwuklygyň barlagy geçirilmelidir we kesele sebäp bolan ýokançlyk anyklanandan soň, netijä görä derman serişdesiniň görnüşi we mukdary lukman tarapyndan bellenilmelidir. Şeýle hem, bu ýokançlyklaryň döredýän keselleriniň jynsy gatnaşyk arkaly geçýän ýokanç kesellerdigini bellemek zerurdyr. Näsagyň başga biri bilen jynsy gatnaşykda bolmagy netijesinde, sag adama hem keseli ýokuşdyrma howpy ýokarlanýandyr. Kesel wagtynda bejerilmedik ýagdaýynda erkek adamda bolşy ýaly, zenanda hem jynsy agzalaryň dürli keselleri, şol sanda önelgesizligiň ýüze çykmagyna şert döräp bilýändir.

Erkek adamlaryň jyns agzalaryndan bölünip çykmalaryň esasy sebäbi jynsy gatnaşyk arkaly ýokuşýan ýokançlyklardyr. Bütündünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatyna görä, her ýyl 590 mln. adam jynsy gatnaşyk arkaly ýokuşýan dört keseliň biri bilen keselleýär: hlamidioz, sözenek (gonoreýa), merezýel (sifilis) we trihomoniaz. Bu keselleriň alamatlarynyň her adamda dürli wagtda we tapawutly ýagdaýda ýüze çykyp bilýändigi sebäpli, goragsyz we birden köp adam bilen jynsy gatnaşykda bolýanlar keseliň esasy ýaýradyjylary bolup durýarlar. Wagtynda bejerilmedik halatynda kesel ötüşip, erkeklerde hem, zenanlarda hem önelgesizlik ýaly howply gaýraüzülmeleriň sebäbi bolup bilýär. Jyns agzadan bölünip çykmalaryň bejergisinde lukman bu ýokançlyklara güman edip, laboratoriýa barlagy geçirmek mümkinçiligi bolmadyk ýagdaýynda alamatlaryň häsiýetine görä, dürli ýokançlyklaryň garşysyna, toplumlaýyn, giň gerimli antibiotik serişdelerinden düzülen bejergini belläp biler.

Ýaşlukman.


P.S. Jyns gatnaşygy arkaly geçýän keseller barada has giňişleýin maglumaty almak üçin, saýtymyzda ýerleşdirilen "Sözenek keseliniň alamatlary we kliniki görnüşleri", "Merezýel keseli", "Hlamidioz", "Weneriki keseller: Trihomoniaz" atly makalalar bilen tanyşmaklygyňyzy maslahat berýäris.

Ulanylan çeşmeler: 1 / 2 / 3