TATUIROWKA WE PIRSING BARADA HAKYKAT

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.86 (7 Ses)

Biziň döwrümizde ýaşlaryň köpüsi tenlerine surat çekmekligi ýa-da teniň haýsydyr bir ýerine halka dakmagy (pirsingi) halaýarlar. Eýsem olar bu barada gerekli maglumatlary bilýärmikä?

Tatuirowka — bu deriniň astyna sançmak arkaly reňk goýberip, dürli suratlar, şekilleri çekmeklik. Pirsing bolsa derini deşip, halka dakmaklykdyr. 

Tatuirowka bedeniň kesellere garşy durmak ukybyny peseldýändir, pirsingiň zyýany bolsa göwrelilik wagtynda belli bolyar.

Ýöne muňa garamazdan, ýetginjekler göbegine halka dakmagy, gulagyna birnäçe  halkany düzüm-düzüm dakmagy, derisine haýsydyr bir zadyň şekilini tatuirowka etdirmegi arzuw edýärler. Sebäbi bu örän döwrebapmyşyn! Şeýtmedik ýetginjek «döwürden yza galýanmyş»!

Dowla düşmäň. Belki, hünärmenleriň delilleri siziň çagaňyzy tatuirowkanyň we pirsingiň howpludygy babatda ynandyrar.

Ginekologyň delilleri:

Тatuirowka edilen ýeriň töweregi özüniň tebigy goragyny ýitirýändir.

Eger gyz öz biline tatuirowka etdiren bolsa (aýratyn-da eýýäm jyns agzalarynyň sowuklamasy bar bolan ýagdaýynda), ol yatgy goşundylarynyň sowuklamasyny asla bejerip bilmez. Syýanyň bölejikleri limfodamarlara düşüp, olar arkaly limfodüwünlere aralaşýar-da, olara dykylýarlar. Şonda limfodüwünler dykylan turba ýaly özüniň esasy wezipesini — süzüjilik işini bes edýär. (Limfodüwünler kesel dörediji we ýat zatlary «süzüp», wiruslara we bakteriýalara garşy göreşiji öýjükleri  işläp çykarýar.) Netijede, tatuirowka edilen beden hemme keselleri «myhmansöýerlik» bilen garşylaýar. Mysal üçin, adaty ýagdaýda uçuk, papillomawirus we beýleki ýokançlyklar ýokmasa-da, tatuirowka edilenden soň, aňsatlayk bilen ýokup bilýär. Tatuirowkanyň netijesinde peşew haltasynyň sowuklamasy (sistit) we böwrek sowuklamasy (piýelonefrit) döräp bilýär.Tatuirowkanyň netijesinde dörän ejizlik ömürlik galýandyr.  Çatalba, bil, buduň iç ýüzi — bular tatuirowka üçin iň howply ýerlerdir. Hatda topukda-da tatuirowka etmek zyýanlydyr. Munuň netijesinde aýaklarda agyrynyň peýda bolmagy gaty ahmaldyr.

Tatuirowkanyň tarapdarlary, belki, şeýle diýerler: Häzirki döwürdäki syýalaryň hili örän oňat! Olar howpsuzdyr! 

Bu babatda hünärmenler şeýle diýýärler: Amerikan talyby Lesli Wagner  günleriň birinde öz tatuirowkasynyň näme üçin öçügsilenendigini bilmek üçin, syýanyň düzümini barlamakçy boldy. Onuň geçiren barlaglarynyň netijesinde, ol taturowka etmekde ulanylýan syýanyň düzümi barada hiç kimiň anyk maglumatlary bilmeýändigine göz ýetiripdir. Lesli özbaşdak derňew barlaglaryny geçirenden soň, olaryň netijelerine ynanmajak bolupdyr. Sebäbi käbir syýalaryň düzümine gurşun we  litiý girýän eken. Gurşun gan öýjüklerini öldürýär, kelleagyrylaryň döremegine sebäp bolýar, adamy ysgynsyz edýär, onuň eşidiş we görüş ukybyny peseldýär.

Eger adamyň haýsydyr bir zada allegiki täsiri bar bolsa, oňa tatuirowka etdirmek düýbünden gadagandyr. Sagdyn gyzlaryň tatuirowka etdirenlerinden soň demgysma we deri kesellerine uçran ýagdaýlary boldy. Şeýle ýagdaýlarda diňe plazmafarez, ýagny gany arassalamak kömek edip biler. Taturowkany aýyrmak eýýäm kömek etmeýär, sebäbi syýanyň maýdaja bölekleri limfodüwünlere düşendirler.  

Tatuirowkanyň tarapdarlary, belki, şeýle diýerler: Ine, Aman, Sergeý, Leýla dagy tatuirowka etdirdiler, ýöne hiç zat bolmady ahyryn!

Emma hünärmenler bu babatda şeýle diýýärler: birinjiden, olara «hiç zat bolmaýandygyny» sen anyk bilmeýärsiň; ikinjiden bolsa, adamlaryň bedeni dürli-dürlüdir, biriniň saglygy berk, başga biriniňki gowşak bolmagy ahmal. Hiç kim öz bedeniniň gowşak ýerini anyk bilýän däldir. Eger muňa ynanman, şonda-da özüne tatuirowka etdirmekçi bolsa, soňra saglyk kynçylyklaryň babatda zeýrenmesin.

Göbege halka dakmaklygyň täsiri gyzlyk döwründe bildirmese-de, göwrelilik wagtynda özi barada ýatladar. Ýaşlyk döwründe göbegine halka dakdyran gyzlaryň göbek dokumalary öz çeýeligini ýitirýär. Şonuň üçin-de, göwrelilik döwründe göbek ingisiniň ýüze çykan ýagdaýynda lukmanlara ony aýyrmak kyn bolýar. Olar eginlerini gysyp, barha ulalýan ingini nädip aýyrjaklaryny bilmeýärler. Dörän ingini kesarewo kesimi operasiyasy geçirlen mahaly ya-da dogrumdan soň aýyrýarlar.

Pirsingiň tarapdarlary, belki, şeýle diýerler: Käbir halklaryň medeniýetinde göbege halka dakmak adaty bar. Şolar-a çagany arkaýyn dogurýarlar, göwrelilik wagtynda göbekleri babatda hiç kynçylyklara uçramaýarlar.

Emma hünärmenler bu babatda şeýle diýýärler: bu taýpalar we milletler adalarda ýaşaýarlar. Ol ýerde ýokançlyklar ýok diýen ýalydyr. Adamlar eşiksiz gezýärler, deňziň şor suwy bolsa tebigy zyýansyzlandyrmany amala aşyrýar. Emma hemişe eşikde gezýän adamlara pirsing etdirmek howpludyr. Ýaşlykda göbegine halka dakandyklary zerarly näçe aýalyň çagasyz galandygynyň doly bilýän ýok. Ýöne olaryň az däldigi şübhesizdir.

Refleksoterapewt lukmanyň delilleri:

Tatunyň ýa-da pirsingiň edilen ýeri şol beden agzasyny hemişe  gyjyndyrýar.

Çekgelerdäki nokatlar  içegäniň çäklerine täsir edýär, bildäki nokatlar zenan jyns agzalaryna täsir edýär, gulagyň daşky gyrasyndaky nokatlar badam şekilli mäzlere, diliň ujyndaky nokatlar ýürek we beýni çäklerine täsir edýändirler. Ýürek babatda saglyk kynçylyklary bolanlar dilleriniň ujyny del zatlar bilen asla gyjyndyrmaly däldir. Şu agzalan nokatlar demir ýa-da syýa bilen dyngysyz gyjyndyrylan ýagdaýynda bu agzalara bagly beýleki agzalar hem ejir çekýärler. Şonda dürli keselleriň ýüze çykmak howpy artýandyr. Ýygy-ýygydan basyk bilen keselleýänlere diline halka dakmak düýbünden gadagandyr. Gulagy diňe ýumşajyk etli ýeriniň ortarasyndan deşmek howpsuzdyr.

Pirsingiň (halka dakmaklygyň)  tarapdarlary, belki, şeýle diýerler: Ýöne gündogar lukmançylygynda bedeniň käbir ýerlerini deşmek usuly arkaly bejergi geçirýärler-ä!

Emma hünärmenler bu babatda şeýle diýýärler: Hawa, olar şeýle usulda bejergi geçirýärler. Ýöne olar ilki bilen gerekli nokatlary tapýarlar, munuň bolsa pirsing bilen hiç umumylygy ýokdur. Elbetde, käbir adamlara bejergi maksady bilen bedenine halka dakdyrmak maslahat berilýär. Ýöne muny ökde(!) refleksoterapewt lukmanyň etmelidigi ýadyňyzda bolsun.

Göbege halka dakmaklygyň ya-da tatuirowka etmekligiň netijesinde köp saglyk kynçylyklary ýüze çykýar. Deşilen göbegiň bitmegi üçin köp wagt gerek bolýar. Göbek deşilmäniň netijesinde iň köp duş gelýän gaýraüzelme — flebidiň yüze çykmagydyr (göbek wena damarynyň sowuklamasy). Dile halkanyň dakylmagy tüýküligiň goraýjy häsiýetlerini peseldip, agyz boşlugynyň nemli gatlagynyň sowuklamalaryna (stomatite) we uçuga sezewar edýärler. Iňlis alymlary pirsing bilen meningitiň arasynda arabaglanyşygyň bardygyny ylmy taýdan subut etdiler. Olaryň beýan etmegine görä, dilasty arteriýa arkaly ýokançlyk göni beýnä aralaşýar. Pirsing edilenden soň köp wagtyň geçendigine garamazdan, bu howp aradan aýrylmaýar. Dili bezemek üçin oňa dakylan halka dokumalary gyjyndyryp, ýokançlyklar üçin «girelge» hökmünde bolýar.

Pirsingiň tarapdarlary, belki, şeýle diýerler: Uly tatu-salonlarda ýokary derejeli hünärmenler işleýärler, olar goşmaça täsirleriň ýüze çykmajakdygyny kepillendirýärler.

Emma hünärmenler bu babatda şeýle diýýärler: Hakyky hünärmen öz müşderisiniň saglyk ýagdaýy bilen, ýagny dowamly keselleriniň, allergiki täsirleriniň bolup-bolmazlygy babatda doly gyzyklanýandyr. Hiç zady soramazdan, isleg bildirilen ýeri deşip goýberýänlere hünärmen diýip-de bolmaz.

Galyberse-de, tatuirowka edilýän gurallary doly arassalamak juda kyndyr. Olary AIDS, AIW, sarygetirme ýaly keselleri döredýän ýokançlyklardan arassalamak kyn. Eýsem tatuirowka we pirsing saglygyňyzy ýitireniňize degýärmi? Özüňiz çözüň!

Ulanylan WEB Salgy