SAÇLARY ÖÝ ŞERTLERINDE IDETMEK

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.91 (23 Ses)

Tomus möwsüminde biziň saçlarymyz goşmaça idege örän mätäçdirler. Bu mätäçligiň öwezini dolduryp biläýjek serişdeleri dükanlarda arkaýyn satyn alyp bolýar. Emma siz käbir serişdeleri öý şertlerinde hem taýýarlap bolýandygyny bilýärsiňizmi?

Öý şertelerinde taýýarlanylýan şampunlar

Zenanlar tomsuna saç idegi üçin harçlaýan pullaryny tygşatlap bilerler, sebäbi bu ideg serişdeleriniň käbirlerini öý şertlerinde hem taýýarlap bolýandyr. Bu serişdeler örän peýdalydyr. Ynha, şeýle serişdeleri taýýarlamagyň birnäçe usuly:

  1. Efir ýagynyň bäş damjasyny çaga şampunyna damdyryň. Eger saçyňyz ýagly bolsa, onda možžewelnik, bergamot, rozmarin ýa-da limon goşup bilersiňiz. Eger saçyňyz gurak bolsa, kedr, lawanda, sandal goşup bilersiňiz.
  2. Egersaçyňyz çendenaşa ýagly bolsa, oňa mawy palçygyň 4 n.ç. kömek berip biler. Bu palçygy ýyly suwda gaýmagyň goýulygynda garyp, rozmarin ýagynyň 5 damjasyny we alma sirkesiniň 1ç.ç-ni goşmaly. Bu taýýarlanylan serişdäni birnäçe gezek ulanmak bolýar. Saçyňyzy durlanyňyzda, olara balzam çalyň ýa-da çopantelpegiň, mat-maçeha, çereda, narpyz, bidenek ýaly derman otlarynyň gaýnadylan suwuna durlaň. Derman otlaryndan durlag suwuny taýýarlamak aňsat: owradylan otlaryň 2 n.ç. 1 bulgur gaýnag suwda demläp, 10 min demine goýmaly. Soňra ony sowadyp, hasadan süzmeli-de, arassa saçlaryňyzy şoňa durlaýmaly.

Ýörite ýapgylar

Tomsuna howa örän yssy bol‎any üçin, saçlary yzygiderli nemlendirmelidir. Saçlaryň owadanlygyny saklamak üçin, hepdede bir gezek şu ‎‎ýapgylardan peý‎dalanmak maslahat berilý‎är. Olar zeperlenen saçlary dikeld‎‎‎ýärler, kuwwatlandyrýarlar we goraýarlar.

Ynha, öý şertlerinde taýýarlap bolýan ýapgylar:

  1. Iki ýumurtganyň sarysyny, ýarym limonyň suwuny, repeý ýagynyň sekiz damjasyny garyň. Bu garyndyny saçlaryň düýbüne çalyp, ýarym sagat goýuň. Soňra saçlaryňyzy oňat durlaň. Repeý ýagyna derek zeýtun, ‎badam ý‎a-da çaý‎ agajynyň ‎ýagynyň ekstraklaryny ulanmak hem bol‎ýandyr.  ‎
  2. Gorçisa tozuny bir ‎ýumurtganyň sarysy bilen garyň. Bu garynda demlenen gök ça‎ýy gosuň-da, oňat garyň. Ta‎‎ýýarlanan ý‎apgyny saçlara ‎ýapyň.  Ýapgy saçyňyzy «ýakyp» başlanda, ony ýuwup aýryň. Bu kelläniň derisinde gan aýlanyşygy gowulandyryp, saçlaryňyzyň köküni kuwwatlandyrar.
  3. Gara çöregi gaýnag suwa ezmeli. Ýumşan çöregi öl saçlaryň düýbüne çalyp, polietilen paketi bilen dolamaly. Ýapgyny azyndan bir sagat saklamaly. 
  4. Zeýtun ýagynyň 3 n.s-ni mylaýym edip gyzdyrmaly. Oňa balyň, limon suwunyň we konýagyň 1 n.ç.-den goşuň-da, saçlaryňyzyň düýbüne çalyň. Soňra kellaňizi desmala dolap, 20 min. saklaň.  

Bu saçlary daşyndan idetmek üçin edilýän ýapgylardyr. Ýöne saçlaryň owadan bolmagy üçin, dogry iýmitlenmek hem zerurdyr. Munuň üçin dürli-dürli witaminler gerekdir:

А – bedeniň kesellere garşy durmagyna, saçlaryň berk we ýylmanak bolmagyna ýardam berýär. Bu witamin ýetmezçilik edende, saçlar guraklanýar we düşýär. A witamini bagyrda, ýumurtganyň sarysynda, mesgede, gaýmagy alynmadyk süýtde we gaýmakda bolýandyr.

В2 – saçlary sagdyn edýär. Bu witamin ýetmezçilik edende, saçlar çendenaşa ýagly bolýar. Şeýle ýagdaýyň öňüni almak üçin, süýt önümlerini, çörek, bagyr we et iýmek maslahat berilýär.

В3 – saçyň pigmentasiýasyna jogap berýär. Bu witamin ýetmezçilik edende saçlar haýal ösýär, ir agarýar. Şeýle ýagdaýyň öňüni almak üçin pisse, balyk, bagyr, sygyr etini iýmek maslahat berilýär.  

В6 – kelläniň derisiniň guramagynyň, goňaklamagynyň öňüni alýar. Ol esasan-da towuk etinde, doňuz etinde, bagyrda, böwrekde, ýumurtgalarda, gök önümlerinde, bananlarda, ýer almasynda we kelemde bolýar.

В9 – saçlaryň ösmegine ýardam berýär. Bu witamin gök önümlerinde, azyk maýasynda, dorogda we balykda köp bolýar.

В10 – saçlaryň ösmegine ýardam berip, В3 witamini ýaly, saçlaryň reňkini kadalaşdyrýar. Bu witamin süýt önümlerinde, ýumurtganyň sarysynda, piwo maýasynda, tüwüde, ýer almasynda, balyk etinde we hozda bolýar.

Е – saçlaryň köküni kuwwatlandyrýar. Bu witamin pomidorlarda, salatlarda, nohutda, ysmanakda, petruşkada, itburnuň çigidinde, günebakar ýagynda köp bolýar. 

F – beýleki witaminleriň täsirlerini güýçlendirip, olaryň oňat özleşdirilmegine ýardam edýär. Bu witamin saçlaryň düşmeginiň öňüni alýar. Şonuň üçin-de, saçlaryň düşmeginiň öňüni almak üçin, nahara bugdaýyň, zygyryň, günebakaryň ýagyny goşmaly. Günebakar çigidi F witaminine örän baýdyrlar.