SEMIZLIGE GARŞY GÖREŞ YGLAN EDEN ADAMLARA PEÝDALY MASLAHATLAR

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.13 (47 Ses)

"Adam iýmek üçin ýaşamaýar, ol ýaşamak üçin iýýär"

Sokrat

Köp ýyllaryň dowamynda adamyň bedenindäki ýag dokumalaryň artykmaç mukdarda bolmagy sagdynlygyň alamaty diýip hasaplanýardy, çenden aşa semizlige bolsa kosmetiki kemçilik hökmünde garalýardy. Emma uzak wagtlap geçirilen barlaglaryň netijesinde beden agramy kada gabat gelýänlere garanyňda aşa semiz adamlaryň ýaşaýyş ömrüniň azalýandygy (ortaça 7 ýyl) anyklanyldy. Artykmaç semizlik bilen bedende: ýürek keselleri, süýjikesel, arterial gipertoniýasy, warikoz keselli, bogun artrozy, damarlaryň aterosklerozy hatda onkologiki keseller hem peýda bolmak howpy döreýär. Häzirki döwürde aşa semizligiň döremeginiň sebäpleri köpdür. Bular – nesil yzarlamak faktory, sosial derejesi, psihologiki meseleler we güýçli nerw dartgynlygy, fiziki işjeňligiň pesligi we ýagly önümleri çenden aşa köp iýmek bilen bagly nädogry durmuş ýagdaýydyr. Biziň şertimizde ýokary ýokumly et-ýag önümlerinden taýýarlanan tagamlardan mazaly doýanyňdan soň fiziki herekediň ýetmezçiligi semizligiň esasy sebäpleriniň biridir. Bu sebäpleriň netijesinde çylşyrymly biohimiki reaksiýalaryň täsiri bilen bedende ýag dokumalalarynyň mukdary köpelýär.

Aşa semizlik bilen göreşmek üçin, bu ýagdaýyň ýüze çykmagynyň sebäplerini, öňüni alyş çärelerini bilmek zerurdyr. Gynansak-da, biz bejergä aýnada ýetjek derejesine ýeten sudurymyzy görenimizdn soň, semizlik zerarly oturyp-turmak, dem almak kynlaşyp bedende näsazlyk ýüze çykan soň başlaýarys. Soňky ýyllarda geçirilýän barlaglar, semizligiň bejergisiniň ýörite berhizler, derman serişdeleri we yzygiderli fiziki maşklar bilen utgaşykly geçirilende gowy netije berýändigini görkezdi. Ýöne bejergi şowly geçen ýagdaýynda hem öňki durmuş şertlere gaýdyp gelmek, semizligiň gaýtalanmagyna getirýär.

Bedeniň kadaly agramyny saklamak üçin hünärmenler aşakdaky görkezmeleri ýerine ýetirmegi maslahat berýärler:

Dogry iýmitlenmegi öwreniň: az, wagtynda, diňe fiziologiki taýdan adama iýmit üçin niýetlenen önümleri, dogry utgaşykda kabul ediň. Günüň dowamynda 2-3 litr suwy az-azdan owurtlap içmäge çalşyň . Saçakdan gaty doýman turuň. Hepdede bir gün agyz beklemäge ýa-da bejergi açlygyny berjaý etmäge synanşyň. Iýmit kabul edilip başlandan takmynan 30 minut soň doýma duýgusy döreýär. Günüň dowamynda iýýän iýmitiňizi mazaly çeýnäp, ýeterlikli suw içseňiz açlyk duýgusy ýüze çykmaz. Kadasyz iýmit bilen bagly ýaramaz endikler bolsa, kem-kemden Sizden daşlaşar.

♦ Semiz adamyň oýlanyşykly iýmitiniň kaloriýasy kadadan pes bolmalydyr. Iýmiti kabul etmek jeza öwrülmez ýaly, her bir adam öz islegini, gowy görýän zadyny göz öňüne tutup berhiz saýlamalydyr. Şeýle hem artykmaç beden etine garşy göreşmek üçin ýaşyny, jynsyny, fiziki işjeňligini göz öňüne tutmalydyr.

Utgaşdyryp iýmegi maslahat berilmeýän önümleri iýeniňizde arasyna maý salmaga çalşyň. Mysal üçin süýt bilen çöregi, gök önümler bilen miweleri bir wagtda iýmek semiz adamlara maslahat berilmeýär. Nahar iýilende biri-biri bilen sazlaşýan önümleri, mysal üçin beloga baý iýmiti (et, balyk, ýumurtga, tworog) dürli otlar we ýeralmadan başga gök önümleri bilen; krahmally önümleri (çörek, şüleler, ýeralma, aş we makaron önümlerni) belokly iýmit bilen sazlaşdyrman, gök otlar we gök önümler bilen iýmek oňaýlydyr. Şeýle hem ter gök önümler we otlar belokly, krahmally iýmitiň ýany bilen üç esse köp bolsa has peýdalydyr.

♦ Bişirilen, buglanan gök önümleriň ter görnüşlerine garanyňda peýdasynyň pesligini bellemek zerurdyr. Olar bedende turşulyk kislotasynyň duzlarynyň ýygnanmagyna ýardam edýär. Şonuň üçin gök önümleri we miweleri diňe ter görnüşinde ulanmak maslahat berilýär, olar bişiriläýen ýagdaýynda hem ter otlar, sogan, käşir, kelem ýaly önümler bilen, iýmit siňdiriş ulgamynda näsazlyk bar adamlar bolsa, dürli gök önümlerden taýýarlanan şireler bilen sazlaşdyrsa iýmit siňdirişi kadaly geçýär.

Edil nahardan soň süýjili desertleri iýmekden saklanyň. Birinji, ikinji nahar bilen süýjili tagam  utgaşdyrylanda bedende turşama bolup geçýär. Kabul edilen iýmitiň ählisi spirde we sirkä öwrülýär. Miwe önümlerini, baly aýratyn wagtda iýmek peýdaly. Bu düzgün berjaý edilmese, iýmit basym siňýär (dargaýar), aşgazanyň we içegäniň nemli bardasyny gyjyndyryp, ýasama açlyk ýüze çykýar. Netijede gereginden artyk , häli-şindi nahar kabul edilýär. Her hili önümleriň hasabyna iýmitiň dürli-dürli bolmak kadasy, nahar iýmäge bir oturylanda däl-de, günüň, hepdäň, aýyň dowamynda berjaý edilmelidir.

♦ Bedende ätiýaçlyk üçin saklanýan ýaglary harç etmäge ýardam berýän önümleri – kelem, käşir, şugundyr, gök salady gündeki nahar bilen utgaşdyrmaga çalşyň. Iýmitde ösümlik ýagyny, kepekli undan taýýarlanan çöregi çäkli mukdarda ulanmak maslahat berilýär.

♦ Witaminlere we mikroelementlere baý bolan gyzyl burç, sogan, sarymsak ýaly önümleri mümkin boldugyça iýmitiňizde ulanyň. Olar bedendäki artykmaç ýaglary sarp etmäge ukyplydyr.

♦ Semiz adamlar iýmiti yzygiderli tertip boýunça däl-de, diňe açlyk duýgusy peýda bolan wagty kabul etse gowy. Wagtly-wagtynda iýmitlenmek endigi wagtlaýyn iýmit refleksiniň döremegine getirýär. Adam beden üçin zerur bolmadyk artyk azygy iýmeli bolýar.

Nahar kabul etmegiň fiziologiki wagtyny berjaý ediň. Günüň dowamynda soňky iýmit sagat 18-19 aralygynda iýlip 20-den soň iýmit kabul etmek bes edilmeli. Bedene gündiz düşen iýmitiň adamyň ýaşaýyş durmuşy üçin zerur bolan kuwwatlylyk üpjünçiligine, agşam baran iýmit bolsa, ýag görnüşine geçip ätiýaçlyk üçin saklanýandygy subut edildi. Eger-de agşam sizde açlyk duýgusy peýda bolsa, ony alma, kelem ýa-da başga gök önümler bilen kanagatlandyrmak bolar. Az iýmek endigini gazanmak üçin agzyňa salan her bir bölek iýmiti mazaly howlukman çeýnemelidir. Nahar kabul etmekligiň aralygynda az-azdan owurtlap suw içiň. Ajygan wagtyňyz, nahar iýmezden öň hem bir bulgur suw içmek maslahat berilýär. 15 minutdan açlyk duýgusy aýrylmasa nahar iýmek bolýar.

Artykmaç beden agramyny sazlap, ony kadaly saklamak üçin hökman fiziki işjeňlikde boluň – wibrasiýa maşklary ýerine ýetiriň, köp ýöräň, dürli hereketde bolmaga çalşyň: ylgaň, ýüzüň, tigir sürüň, tans ediň, fitnes bilen meşgullanyň we ş.m. Her bir fiziki agramlyk ýerine ýetirilende bedendäki ýag ýangyç serişdesi bolup gulluk edýär.

Fiziki agramlylyk azyndan günüň dowamynda 2 gezek 45 minutlap dowam etmeli. Sebäbi üznüksiz orta agramlykdaky fiziki işiň ilkinji 20 minudynda energiýa ganyň düzümindäki ýaglaryň we uglewodlaryň hasabyna sarp edilýär. Diňe olar gutaryp başlanda ätiýaçda duran ýag gatlagy "ýanyp" başlaýar. Bu ýagdaýy bilip, siz bedeniňizi kada getirmek üçin fiziki maşklara sarp etmeli wagtyňyzy kesgitläp bilersiňiz.

Fiziki maşklardan soň iň bolmanda bir sagadyň dowamynda nahar iýmekden saklanyň. Sebäbi ýaglaryň dargamak prosesi türgenleşik gutarandan soň hem dowam edýär. Ýadyňyzda saklaň: agyr fiziki agramlylyk işdäňi peseldýär, fiziki agramlylyk beden üçin ýeňil bolsa işdäň açylýar.

Her bir fiziki agramlygyň gapdalyndan çeýelik maşklaryny ulanyň. Olar ýag dokumasynyň has köp sarp edilmegine ýardam berýär. Öz güýjüňiz ýetäýjek maşklar toplumyny saýlap alyň.

Hakykata dogry düşüniň. Hepdede 0,5-1 kileden köp ýitirmek saglyk üçin zyýanlydyr. Görkezilen sandan köp horlanmak, diňe bedendäki suwuň hasabyna amala aşyrylýar.

Iýmite düýpli özgerişlik girizmekden saklanyň. Iýmit düzümini üýtgetmäge durmuş kadaňyzy üýtgetmek hökmünde garaň. Wagtlaýyn berhiz diňe wagtlaýyn netije berýändir.

Ertirlik naharyňyzy iýiň. Dürli barlaglaryň netijesine görä ertirlik naharyny iýýän adamlar horlanýarlar. Ony iýmeýänler bolsa semizlige ýykgyn edýärler.

Öýde taýynlanan naharlar bilen iýmitlenmäge çalşyň. Öýde bişirlen naharyň düzümini gözegçilikde saklap, ýaglaryň we uglewodlaryň mukdaryny sazlap bolýar.

Iýýän iýmitiňiziň mukdaryny gözegçilikde saklaň. Aşa doýup iýmeklik zyýanlydyr. Çeniňde saklanmany başarmaly. Artykmaç agram bilen göreşýän döwrüňiz hem gowy görýän tagamyňyzy iýseň bolar. Ýöne mukdaryny çäklendirip, wagtynda saklanmagy başarmaly.

Uzak garaşylan netijä ýetip, beden agramy kada gelen soň semizlik keseliniň ýok bolup gidenine arkaýynlaşmaly däldir. Ol diňe özüne oňaýly pursada garaşýandyr. Şol sebäpli iýmit tertibini, düzümini mydama kadada saklap, ýeterlikli fiziki işjeňlik bilen üstüni dolup durmalydyr. Dogry iýmitlenmek we ýeterlikkli fiziki işjeňlik sagdyn durmuşyň girewidir.