PALLIATIW KÖMEK NÄME WE OL BARADA NÄMELER BILMELI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.14 (7 Ses)

palliatiw komek...Agyrsyzlandyryjy serişdäni almak üçin dermannama ýazdyrmaga gelen Aýna ýadaw, ýüzi bolsa solgun görünýärdi. Ejesiniň ýagdaýy gün-günden agyrlaşýardy we oňa has güýçli agyrsyzlandyryjylar gerek bolýardy. 8 aý mundan öň ol aşgazanyna operasiýa geçirip, uzak wagt keselhanada ýatypdy. Aýna gije-gündiz ejesiniň ýanyndan aýrylman oňa seredýärdi. Onuň üçin ol işini gijeki nobatçylyga geçiripdi. Ol işe gidende ejesiniň ýanynda kiçi oglan jigsi bolýardy.

"Ejeň özüni nähili düýýar?" diýip soramda, Aýnanyň gözleri ýaşdan dolup başlady. "Ýagdaýlar beterleşýär. Agyrylary güýçlenip başlady, üstesine hem ýürek bulanma peýda boldy" diýip ýerinden turdy. Men işimiň soňunda olara barjakdygymy aýtdym.

Agyr, mejalsyz, berlen bejergiler netijesinde sagalma gazanyp bilmedik ýa-da bejerip bolmajak keselden ejir çekýän adama biz nähili garaýarys? Onuň ýagdaýyny, aňynda turýan harasatlary aňşyryp, ýakyn garyndaşlarynyň çykgynsyz ýagdaýyna düşünip bilýärismi? Keselhanada geçirlen ençeme günlerden, gerekli dermanlaryň gözlewi üçin dermanhanalara ylgamadan, geçirlen gam-gussalaryň agyr labyryndan soň, kalbymyzda ýaşaýan umydy, tamany ýok edýän lukmanyň: "Biz edilmeli hemme zatlary etdik. Öýňüze äkidäýiň!" diýen sözleri agyr ýyldyrym bolup zarba urýar. Ýok, men lukmanlaryň başarnygy, hünärmenlik derejesi barada asla hiç söz diýesim gelmeýär. Döwrebap lukmançylygyň ösendigine, onuň mümkinçilikleriniň ulydygyna garamazdan, entek doly bejerilip bolmaýan keseller adamzada bellidir. Ýöne lukmançylygyň bu sepgitde gutarmaýandygyny hem belläsim gelýär.

Palliatiw kömek näme?

Lukmançylykda palliatiw (latynça palliatum – plaşş, ýapynja örtügi) lukmançylyk kömegi diýen düşünje bar. Palliatiw kömek – bejerip bolmaýan ýa-da agyr geçýän kesellerden ejir çekýän adama, onuň ýagdaýyna baglylykda, ýaşaýşy üçin amatly şertleri döredýän çäreleriň toplumydyr. Palliatiw lukmançylygyň esasy wezipesi- näsaglaryň ömrüniň soňuna çenli olar bilen bile bolmakdyr.

Häzirki wagtda lukmanlaryň köpüsi keselleri bejermek soragyna uly üns berip, näsagyň ýagdaýyna, ruhy dünýäsine teselli berjek, kömek ediji çäreleri ýatdan çykarýarlar ýa-da olary geçirmegi ýerliksiz hasaplaýarlar. Ýöne agyr keselden ejir çekýän adamynyň ruhy dünýäsine "asudalyk" salmazdan, ony oňa ezýet berýän keselden halas edip bolmaýar.

Palliatiw kömegiň esasy düzgünleri nämelerden ybarat?

↺ Adamyny oňa ezýet beriji alamatlardan (agyrylar, demgysma, ýürek bulanma, gaýtarma we baş.) halas ediji çäreleri alyp barmak;

↺ Ýagdaýa we mümkinçilige görä näsaglaryň adaty işjeňligini we işe bolan ukyplylygyny saklamak;

↺ Näsagyň ýaşaýşynyň hilini ýokarlandyrmak, psihologiki goldaw bermek;

↺ Ölüme tebigy hadysa ýaly garamak;

↺ Bejerip bolmaýan näsagyň maşgalasyna kömek we goldaw bermek.

Palliatiw kömek ezýetli alamatlary ýeňilleşdirmäge gönükdirilen bolsa hem, diňe bir agyrsyzlandyryjy ýa-da alamatlary aradan aýryjy serişdeleri bermek bilen çäklenmeli däldir. Hünärmenler diňe bir gerekli bolan lukmançylyk çärelerini geçirmek bilen çäklenmän, eýsem öz adamkärçiligi, göwünlik beriji sözleri, hormatly garaýşy bilen näsaga täsir etmelidir.

Ömrüniň soňky pursadyna çenli näsag özüniň şahsyýet höküminde gymmatlylygyny düýup, jemgyýetde öz işjeňligini görkezmäge mümkinçilik almalydyr.

Palliatiw kömek nähili näsaglara berilýär?

Ilkibaşdan palliatiw kömegi rak kesellilere degişlilikde ulanylyp başlanyldy. Häzirki wagtda bu düşünje bejerip bolmaýan, ýaýbaňlanyp gidýän kesellerden ejir çekýän näsaglara hem degişlidir. Olaryň arasynda aýratyn bellenilýänler: howply täze döremeler, beden agzalaryň ýetmezçiligi, dowamly beden keselleriniň soňky tapgyrlary, çagalarda ýüze çykýan agyr doga keseller, beýni gan aýlanşygynyň bozulmalarynyň bejerilip bolmajak gaýraüzülmeleri, nerw ulgamyň bejerip bolmajak dowamly keselleri, kemakyllylygyň dürli görnüşleri, şol sanda Alsgeýmeriň keseli.

Palliatiw kömegini haýsy hünärmenler bermeli?

Palliatiw kömegi ýörite taýynlygy geçen lukmançylyk edaralary ýa-da lukmançylyk çärelerini geçirmäge (hospisler) rugsat edilen edaralar geçirmelidir. Ýeri gelende aýtsak, palliatiw kömegiň berlişine degişli düzgünler diňe bir lukmançylyk ulgamyna degişli bolman, eýsem bu sosial meseleleri jähtden garalmaly düşünjeler hem bolup durýandyr. Şonuň üçin palliatiw kömegi doly derejede amala aşyrmaga diňe bir lukmançylyk işgärleri däl-de, durmuş taýdan hyzmat ediş ulgamyň işgärleri, dini wekiller, farmasewtler, psihologlar hem gatnaşmalydyr.

Dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, palliatiw kömegi näsagyň öýünde berilmelidir. Çünki ömrüniň soňky günlerini näsaglar özüne ýakyn, tanyş bolan şertlerde geçirmek isleýärler. Palliatiw kömegini beriji otaglary gurnamak köpugurly hassahanalaryň düzüminde hem amala aşyrlyp bilner. Bu otaglarda iş esasan şeýle näsaglaryň umumy ýagdaýyna gözegçilik etmäge, derman serişdelerini göýbermäge, hünärmenleriň gözegçiligine ugratmaga, keselhana bejergisine ibermäge, näsagyň ruhy ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Ýewropa ýurtlarynda hereket edýän hospisler (latynça, hospes-myhmansöýerlik) agyr keselli näsaglara ideg etmekde ummasyz tejribe toplan döwlet ýa-da döwlete degişli däl edaralardyr. Hospislere näsaglar agyrsyzlandyryjy serişdeleriň peýdaly shemasyny saýlamak, ezýet beriji alamatlary öýde aýryp bolmadyk ýagdaýynda, näsaglara ideg etmäge ýakyn garyndaşlaryň bolmadyk wagty ýa-da garyndaşlaryna biraz dynç bermek üçin ugradylýar. Ondan başga-da, hospisiň işgärleri näsaga ideg etmegiň düzgünlerini öwretmek, psihologiki goldaw bermek, sosial soraglara degişli maslahat bermek kömegini hem amala aşyrýarlar.

Gynansakda, biziň jemgyýetimizde palliatiw kömek barada habardar adamlar az. Bu barada lukmançylyk işgärleri hem habarsyz ýa-da oňa ähmiýetsiz, peýdasyz düşünje ýaly garaýarlar. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň bellemegine görä, Yer ýüzünde her ýyl palliatiw kömeginiň berilmegine 40 mln. adam mätäçlik çekip, şolaryň diňe 14%-i şol kömegi alýandyr. Palliatiw kömegiň özwagtynda berilmegi talapsyz keselhana ýerleşmeleriň we lukmançylyk gulluklarynyň maksatsyz ulanylmagynyň öňüni alýandyr.

Peýdaly çeşme: Всемирная организация здаравохранения, Паллиативная медицинская помощь.

Awtor: Selbi Myradowa