HATDA SAGDYN BEÝNI HEM ÝAŞYŇ GAÝDYŞMAGY BILEN GOWŞAÝAR. SEN NÄME EDIP BILERSIŇ?
Kyrk ýaşlardan soňra, beýnimiz assa-ýuwaş agsaklaşýar. Her ýyl reaksiýa görkezýän wagtymyz birnäçe millisekunt artýar, zatlary ýatda saklamak ukybymyz ujypsyz derejede hem bolsa peselýär. Bu alamatlar käte alsgeýmer ýaly keselleriň irki habarçysy bolup bilse-de, köplenç olar kesel alamaty däl-de, adaty adamlaryň gartaşmagynyň tebigy bölegidir.
700 müňden gowrak gartaşan adamlardan alnan kognitiw synaglaryň netijeleri hem muňa güwä geçýär. Emma, olaryň bir böleginiň beýnileri özlerinden 30 ýaş kiçi adamlaryň beýnileri kimin çeýelik görkezipdir. Ylmy barlagçylar bu adamlaryň beýnileriniň ýaş saklanmagynda genetikadan başga nämeleriň möhüm rol oýnaýandygyny öwrendiler.
Gowy uky almak, ýürek-damar sagdynlygy, çilimden daş durmak, alkogoly çäklendirmek we yzygiderli sport bilen meşgullanmak beýni garramasynyň öňüni almakda iň täsirli faktorlar bolup çykdy.
Uky
"Näçe gowy uklasaň, beýniniň gurluşy we işleýşi hem şonça gowy bolar" diýip, alymlar belleýärler. Gowy uky almagyň köp uky almak bilen garyşdyrylmaly däldigi hem aýdylýar. Ukynyň gowusy onuň hili bilen ölçenilýär. Adamyň ukusynyň hilini kliniki laboratoriýalarda ölçäp bolýar, emma ylmy barlagçylar adamlaryň özleriniň hem gowy uky alandyklaryny duýup bilýändigini ýatladýarlar. Gowy hilli uky alan adam ýeňläp, beýnisi durlanyp, gowy dynç alyp turýar.
Gowy hilli uky almak hemişe aňsat düşmän bilýär, emma käbir endikler ukyňy gowulandyrmaga kömek edip bilýär. Meselem, her gün belli wagtda oýanmak we oýanma/uklama wagtlaryny günüň ritmi bilen sazlaşdyrmak; şeýle-de fiziki we sosial taýdan işjeň bolmak aňsat uka batmagy we çuňňur uky almagy ýeňilleşdirip bilýär.
Ýürek-damar saglygy
Gan basyş, holesterin derejeleri we diabet (süýji keseli) ýaly ýürek-damar faktorlary hem beýniniň gartaşmagyna goşant goşýar. Adamlar köplenç bularyň infarkt ýa-da beýnä gan inme ýaly ýagdaýlara eltýändiginden habarly, emma geçirilen ylmy barlag bu töwekgellik faktorlarynyň hatda bu kesellere sebäp bolmazdan hem beýniniň gartaşmagyna eltip bilýändigini ýüze çykardy. Ýokary gan basyşly, holesterinli we süýji keselli adamlaryň beýni ululygynyň, şekiliniň we myşsasynyň beýlekileriňkiden gowşak görünýändigi hasaba alyndy. Gan-damar ulgamynyň kesellerini berk gözegçilikde saklamak arkaly beýnini goramagyň mümkindigini ýa däldigini ylmy barlagçylar indi öwrenmäge çemeleşýärler.
- 143 gezek okalan