GARRYLYK DÖWRÜNIŇ KYNÇYLYKLARY: OSTEOHANDROZ

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.47 (15 Ses)

Oňurganyň osteohandrozy (ýörgünli ady osteohandroz) köp sanly sebäpler bilen şertlenen keseldir. Bu keselde oňurga ara diskleri we oňurga dokumalary zaýalanýarlar.

50 ýaşa golaýlan erkekleriň we aýallryň aglabasy şu keselden ejir çekýärler. Hakykatda bolsa bu kesel has irräk, 35-40 ýaşda biynjalyk edip başlaýar. Osteohandrozda şikeslenme ýagdaýyna myşsalar we içki organlar hem goşulýar. Mysal üçin, boýun oňurgasy agyrýan näsag köplenç kelleagyrydan, başaýlanmadan, gulaklaryň şaňlamasyndan ejir çekýär. Onuň görejinde näsazlyk ýaly nogsanlyklar bolup geçýär.

Oňurganyň döş gapyrga böleginde osteohandrozyň alamatlary ýüze çykanda, dem alyş we ýüregiň işleýşi kynlaşýar. Bil oňurganyň agyrmasy bolsa iýmit siňdirýän organlarynyň işini kynaldýar, böwrekleriň näsaz işlemegine getirýär, jyns höwesini peseldýär.

Osteohandroz  — bu oňurgara disklerde distrofiýa ýagdaýynyň, ýagny dokumalarda kadaly iýmitlenmegiň bozulmagynyň ýüze çykmagydyr. Diskler öz çeýeligini ýitirip, kem-kemden dykyzlanýarlar. Netijede oňurga diskleriniň arasyndaky aralyk kemelip, oňurga ýilikden gaýdýan uly nerw süýmleri gysylýarlar-da, agyry peýda bolýar. Nerw damarlarynyň gysylan ýerleriniň çişmegi bolsa damarlaryň has-da köp gysylmagyna, agyrynyň güýjemegine getirýär.     

Osteohandroz keseline esasan-da, organizmde madda çalşygynyň bozulmalaryndan, garmonal we damar bozulmalaryndan ejir çekýän adamlar uçraýarlar. Şu bozulmalaryň bary oňurgalaryň arasyndaky diskleriň iýmitlenmesiniň bozulmagyna sebäp bolýar. Wagtynda çäresini görmeseň, dykyzlanan oňurga ara diskleri oňurga sütüniniň çäginden daşyna omzap çykar. Bu bolsa oňurga ýiliginden gaýdýan nerw-damar birleşmelerine dyngysyz şikesiň ýetip durmagyna sebäp bolýar. Şeýdip, oňurga ara ingisi döreýär.

Sagdyn oňurgaly bolaýyn diýseňiz, köpräk hereket ediň. Oňurganyň çeýe we berk bolmagy üçin her gün birnäçe dürli maşklary ediň. Ýörite maşklar arkaly arkaňyzyň myşsalaryny berkidiň, oňurga sütüniniň şol bir durkda durmagyna ýol bermäň. Bu maşklar toplumy hünärmen tarapyndan saýlanylsa has-da gowudyr. Kadaly we dogry iýmitlenjek boluň.  Kürsüde ýa-da adaty ýagdaýda oturanyňyzda göwräňiziň durkuna esewan boluň. Gaty düşekçede ýatyň. Sebäbi ýumşak düşekçe oňurga ara diskleri ýyladyp, olaryň öz orunlaryndan aňsat süýşmegine ýardam edýär. 

 

Osteohandrozyň bejergisi

Bedeniňiziň ejir çekmezligi üçin eliňize oklaw ýa-da haýsydyr bir çüýşäni sag eliňize alyň-da, ýuwaşlyk bilen  kem-kemden güýjedip, sag gerdeniňize, sag pilçäňize oňurgaňyza uruşdyryň. Şoňra bu hereketleriňiziň baryny çep eliňiz bilen  çep tarapyňa gaýtalaň. Muny agşam telewizoryň öňünde otyrkaňyz ýa-da irden ertirligiňiz taýýar bolýança etseňiz bolar. Esasy zat wagtal-wagtal polda oklawyň üstünde ýatyp, 10-15 minutlap oňurgaňyzyň ugruna eýläk-beýläk hereket edip görüň. Belki, ertesi gün bu hereketleri gaýtalamak agyryly bolar, ýöne bu adaty ýagdaýdyr. Şunlukda, esasy bejergi serişdesi — beden maşklaryny etmek we göwräňiziň dik saklamakdyr.

Osteohandrozy bejermekde derman otlary hem ulanylýar. Ýöne bu goşmaça serişdedir.

Ynha derman otlary arkaly geçirilýän bejerginiň käbir usullary:

  1. 3-4 gr seldereý otunyň owradylan köküni 1 litr suwa demläp, 8 sagat demine goýmaly. Soňra ony hasadan süzüp, günde 3 gezek 1 ç.ç. içmeli.
  2. 1 n.ç. seldereý otunyň tohumyny gaýnap sowan 2 bulgur suwa goşmaly-da, 2 sagat demine goýmaly. Soňra ony hasadan süzüp, günde 3 gezek 1 n.ç. içmeli.
  3. Badyaga tozuny ösümlik ýagyna 1:30 gatnaşykda garyp, agyryly ýere çalmaly-da, galyň ýaglyk bilen bilen örtmeli.
  4. Siren ösümliginiň ter ýapraklaryny owradyp, onuň 2 n.ç-ni 300 gr turp suwuna, 200 gr bala we 100 gr aragy garmaly. Bu garyndyny 1 gije-gündiz demine goýmaly. Oňatja garyp, agyrýan ýeriňize çalmaly.
  5. Siren ösümliginiň gülüni ýarym litrlik çüýşä salyp, çüýşe dolýança arak guýmaly. Bu garyndyny 21 gün garaňky ýerde saklamly. Soňra hasadan süzmeli. Bu garyndyny günde 3 gezek 30 damjadan nahardan öň kabul etmeli. Bejergini dowamlylygy 3 aý.

 

Osteohandroz keseline uçranlar üçin beden maşklaryň görnüşleri

1-nji görnüşi: Basmak.

Kelläňizi öňe egiň we elleriňiziň çyrmaşdyrylan barmaklary bilem maňlaýyňyza basyň. Barmaklaryňyň bilen yzygiderli ýeňsäňize we çekgeleriňize basyň. Kelläňiz elleriňize garşy, elleriňiz bolsa kelläňize garşy hereket etmeli. Bu hereketleriň hersini 10 sekuntlap etmeli.

2-nji görnüşi: Derini süýndürmek.

Dört barmagyňyz uçlaryny maňlaýyňyzda biri-biriniň garşysynda goýuň-da, tutuş aýaňyz bilen ýüzüňiziň derisini ýuwaşlyk bilen 10-40 sekindyň dowamynda süýndüriň. Şu usulda çekgeleriňiziň we gulagyňyzyň derisini ugurlaýyn ýa-da keseleýin süýndürip hem bilersiňiz. Şunlukda, siz biologiki aktiw nokatlara baý bolan çäklerde gan aýlanyşygyny gowulandyrarsyňyz.

3-nji görnüşi: Yza eglip, öwrülmek.

Owkalamanyň şu görnüşi wenalardaky gan aýlanmany, beýniniň iýmitlenişini kadalaşdyrýar. Arkaňyzy dik tutup oturyň. Eliňiz bilen eňegiňizi aşakdan ýokary itip, kelläňizi usullyk bilen yza egiň. Kelläňizi biraz saga ýa-da çepe öwrüp bilersiňiz. Şu usulda 1 minut oturjak bolup görüň. Çagalara 10 sekunt ýeterlikdir.

4-nji görnüşi: Boýun oňurgasynyň nerw-myşsa süýmlerini türgenleşdirmek.

Maşkyň bu görnüşi boýun oňurgasynyň nerw topbagynyň işini kadalaşdyrýar.

Göni oturyp, arkaňyzy dik tutuň. Kelläňizi usullyk bilen egiň-de, eňegiňizi gursagyňyza ýetirjek boluň. Elleriňiziň çyrmaşdyrylan barmaklaryny ýeňsäňize goýuň. Eňegiňizi galdyranyňyzda, ýeňsäňize elleriňiz bilen öňe we ýokary basyň. Şu usulda bir minut oturjak bolup görüň. Bu maşky 15 minutdan ýene gaýtalamak bolýar.

5-nji görnüşi. Egin-gulak.

Eginleriňizi ýokary galdyryp, gulaklaryňyza degirjek boluň. Bu hereketi erkin we çalt-çalt 15 sekundyň dowamynda gaýtalaň. Soňra eginleriňizi gezek-gezegine galdyryp, bu hereketleri 15 sekundyň dowamynda gaýtalaň. Boýun oňurgaňyzy eliňiziň aýasy bilen owkalap sürtüň.

Ulanylan WEB Salgy