"ATAM, GEL IKIMIZ GEPLEŞELI!"

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.23 (31 Ses)

Adamyň ruhy saglygy köp babatda onuň başga adamlar bilen gatnaşygynyň hiline bagly bolup durýar. Gartaşan adamlar bilen gatnaşygy saklamagyň we söhbetdeş bolmagyň hem öz aýratynlyklary bolýar. Ýyllar arka atyldygyça, gartaşan adamlaryň saglygy düýpli fiziologiki üýtgeşmelere sezewar bolup, olar bilen saklanýan aragatnaşygy hem kynlaşdyryp bilýändir.

Bütündünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň we gerontologlaryň birleşiginiň kabul eden bölünmesine görä, gartaşan adamlara – 60-74 ýaşlylar, garrylara – 75-90 ýaşly adamlar, uzak ýaşaýjylara bolsa – 90 ýaşdan ulular degişli edilýändir.

ÝAŞ AÝRATYNLYKLARYNYŇ ADAMLAR BILEN ARAGATNAŞYGA TÄSIR ETMEGI

Bedeniň fiziologiki garramagy netijesinde gartaşan adamlaryň özüni düýüşy erbetleşýär. Şol esasynda hem uly ýaşly adamynyň özüne berýän bahasy peselýär, özüni gereklenmeýän we hiç zady oňarmaýan ýaly göwniçökgünlik döreýär. Gartaşan adamlar özüni durmuş akymyndan yza galýan kimin duýup, şatlanma we durmuşyň lezzetini doly derejede duýma duýgusyny ýitirýärler. Şol sebäpden hem olarda başgalardan çetleşme, ýekelige ýykgyn etme, gamgynlylyk ýagdaýlary döräp biler.

Beýniniň ýaş bilen bagly üýtgemeleri netijesinde gartaşan adamlaryň pikirlenme hadysalary haýallaýar, pikirleri jemleme ukyby peselýär. Şol esasynda gartaşan adam esasy gürrüňden ünsüni bölüp, başga zatlar barada gaýtalap aýdyp bilýär ýa-da gürrüňde sabyrsyz bolup, käwagtlar gaharjaň tolgunmalar bilen hem gürrüňi bölüp bilýändir.

Ondan başga-da, gartaşan adamlar gürrüňdeş bolmakdan çalt ýadaýarlar. Güýçlerini tygşytlamak maksady bilen, olar az ähmiýetli hasaplaýan aragatnaşyk etmelerinden saklanýarlar.

Gartaşan we garry adamlaryň häsiýetine we ýaşaýyş tertibine mahsus birnäçe aýratynlyklary bellemek bolar. Geliň olaryň üstünde jikme-jik durup geçeliň.

WAKALARY "ÇIŞIRME"

Düzgün bolşy ýaly, gartaşan adamynyň durmuşy köpdürli wakalara baý bolmaýar. Ýöne ýönekeýje durmuş wakalary olaryň wagtyny dolduryp, günüň esasy manysyna öwrülip bilýändir. Netije-de, ýaşlar üçin wajyp bolup görünmeýän wakajyk hem, gartaşan adamyň bir gününiň ýaşaýyş manysyna öwrülip bilýändir. Meselem, telefonda gepleşme, öňki işdeş dotlary ýa-da goňşylary bilen gürrüňdeş bolmak, nepaga pullaryny gidip almak we başgalar.

Hut şu sebäpler üçin hem, öz garry ataňyzyň ýa-da gartaşan ejeňiziň, goňşyňyzyň ýanyna myhmançylyga barmazdan öň, güni we wagty babatda habardar etseňiz dogry bolar. Myhmançylyk saparyňyz barada öňünden habarlaşma we meýilleşdiren işlerine päsgel bermezligi göz öňüne tutma, olaryň ruhy asudalygyny we öz durmuşyna gözegçilik etme duýgusyny saklamaga ýardam berip biler.

WAGTYŇ ÖZBOLUŞLY KABUL EDILMESI

Gartaşan adam hemişe şu günki güni bilen ýaşaýar. Olaryň geçmişiniň her bir pursady hem häzirki wagtdada dowam edýär. Olaryň aýawlylyk, ätiýaçlyk üçin zatlary aýryp goýma häsiýeti hem şunuň bilen düşündirilýändir. Gartaşan adama özüni ünjä goýýan kynçylygy barada aýdyp, içini dökmezden, gürrüňdeşlikde başga mesele barada söz açma kynçylyk döredip biler.

ÖZÜNI TÄZEDEN ÝAŞ WE GUJURLY DUÝMA ISLEGI

Gartaşan adamlaryň öz geçmişi barada gürrüň etmegine islegiň ýokarylygynyň sebäbini bilmezlik, köp halatlarda olara döreýän düşünişmezligiň sebäbi bolup biler. Gürrüň berme wagty adam özüni ýene ýaş, owadan we gujur-gaýratly duýýar. Ol öz gazanan durmuşy üstünliklerini täzeden duýýar, hyýalynda köne dostlary, tanyşlary bilen duşuşýar. Gerontologlaryň bellemegine görä, ýatlamalar gartaşan adamyny emosional asudalyk bilen üpjün edip, özboluşly bir döredijiligiň görnüşi bolup hyzmat edýar, gamgynlylygy ýeňip geçmäge we şähdiaçyklyga eýe bolmaga kömek edýärler. Şonuň üçin hem, uly ýaşly adamlary ýatlamalara bolan isleginden mahrum etmän, tersine, oňa bolan islegi döretme peýdaly bolardy. Size bolsa, ýatlamaly gürrüňdeşligi alyp barmak üçin wagtyňyzyň belli bölegini tygşytlap goýma zerurdyr.

Gartaşan adamlaryň köpüsi öz deň-duşlary bilen aragatnaşyk saklaman, özünden kiçi, ýaş nesle degişli adamlar bilen söhbetdeş bolmaga ymtylýarlar. Abhaziýanyň uzak ýaşaýjylarynyň durmuş tejribesini öwrenýän barlaglar, goňşylary, ýakyn garyndaşlary bilen söhbetdeş bolmak, ýaş nesle maslahat berme mümkinçiliginiň bolmagy, garry adamlaryň ýaşaýşynyň dowamlylygyna peýdaly täsir edýändigini görkezdi.

ARAGATNAŞYGY GOWULANDYRMAGA KÖMEK EDÝÄN PURSATLAR

Saglygynyň gowşap başga adamlara garaşly bolmagy, gartaşan adamynyň özünden göwni geçip, özüni maşgalada artyk duýmagyna, başgalara "ýük" bolma gorkusynyň döremegine getirip biler. Aragatnaşykda onuň öz öňünde bahasynyň galdyrylmagyny, öz güýjüne ynanmagyny gazanma – siziň ilkinji amala aşyrmaly çäräňiz bolup durýar. Onuň garrylygyny ýatladyp durmaň. Onuň ýerine, onuň öz saglygyna seredişini, mellekde işleýşini, öýe serenjam berşini belläp, öwüň.

"Öz saglygyň barada alada edişiňe men şatlanýan", "Agşamlaryna gezelenç etmegiňä örän dogry", "Sen gaty şähdiaçyk görünýäň", "Bu mellegi gül pürkülen ýaly edäýpsiňiz!" diýen ýaly öwgüli sözler gartaşan adamlar üçin uly höweslendirme bolup biler.

Öz aragatnaşyk saklamalaryňyzy maşgala däbine öwürme hem gartaşan ene-atalaryňyz üçin uly ýeňillik döredip biler. Meselem, her gün agşam telefon arkaly jaň edip, ýagdaýyny sorama, her hepde şol bir günler myhmanşylyga barmak.

Gartaşan adamda özbaşdak bolmak ukybynyň saklanmagyny gazanyň. Maşgalada kiçijik bir işi ýerine ýetirmeden ony mahrum etmäň. Maşgala durmuşyna, hojalyk işlerine kömek edip, ol özüni maşgalanyň hakyky, gerekli, peýdaly agzasy höküminde duýýar.

Eger siz garry ata-enäňiziň, daýzaňyzyň ýaşaýyş şertlerini (öýde abatlaýyş işlerini başlaýarsyňyz, goşlaryň ýerini çalyşýarsyňyz we baş.) üýtgetmekçi bolsaňyz, olar bilen hökman maslahatlaşyň. Öz halaýan zatlarynyň arasynda galdyrmaga çalşyň. Halk arasynda: "Garry agajyň ýeri üýtgedilmeýär" diýip, aýdýarlar. Belki-de, ejeňiz üçin täze ýerde gurlan uly jaýdan, öz köp ýyl ýaşan, köneje jaýy has amatly we asuda görner. Öz ýakynlaryňyzyň psihologiki amatlyklaryny goraň. Size gowy bolup görünýän zat, gartaşan adam üçin hemişe ýaramly bolup bilmeýär.

Gartaşan adamlaryň psihologiki aýratynlyklaryny bilme, ýaş nesle olar bilen dogry we iki tarap üçin hem ýakymly söhbetdeşlik gurnamak üçin ähmiýetli bolup biler. Ýöne her niçik hem bolsa, bu aragatnaşygyň esasyny pähimli, köpi gören nesle bolan uly hormat, kömek etme we düşünme islegi düzmelidir. Ýyllaryň aýlanmagy bilen, özüňiziň hem şol ýaşlara barjakdygyňyzy unutmaly däldir.