PREZERWATIWI NÄHILI ULANMALY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.17 (24 Ses)

prezerwatiw nahili ulanmaly

Göräýmäge biziň her birimiz prezerwatiwleriň ulanylşy barada habarly ýaly. Ýöne onuň ulanylmagy bilen döräp biljek dürli ýagdaýlar babatda maglumatlary bolsa hemmeleriň bilmeýän bolmagy hem mümkindir.

Prezerwatiw haçan ulanylmaly?

Siziň bilşiňiz ýaly, prezerwatiw islenilmedik göwrelilikden goranmak we jyns gatnaşygy arkaly geçýän keselleriň, AIW ýokançlygynyň öňüni almak maksady bilen ulanylýar.

Islenilmedik göwrelilikden goranmak. Jyns gatnaşykda spermisidli (spermatazoidleri öldürüji) ýörite kontrasepsiýa serişdeleri prezerwatiw bilen bile ulanylanda göwreliligiň öňüni alyş ukyby has ýokary bolýandyr. Prezerwatiwi ulanmazdan öň onuň ulanyş möhletine üns beriň, eger möhleti geçen bolsa ulanmakdan saklanyň!

Jyns gatnaşygy arkaly geçýän kesellerden goranmak. Özüňizi we ýoldaşyňyzy jyns gatnaşyk arkaly geçýän kesellerden gormak isleseňiz, jyns gatnaşygyň haýsy görnüşiniň (waginal, oral, anal) geçirilýändigine garamazdan gatnaşyk wagty prezerwatiwleri ulanyň. Diňe prezerwatiw jyns gatnaşyk arkaly geçýän kesellerden goraýandyr. Kontrasepsiýa serişdeleriniň hiç bir başga görnüşi ol kesellerden gorap bilmeýär. Şeýle hem bolsa, jyns gatnaşygy arkaly geçýän kesellerden goranmaklygyň ýeke-täk usuly – jyns gatnaşyklara (oral, waginal, anal) başlamazlyk ýa-da diňe bir ynamly ýoldaşyň bolmagydyr.

Prezerwatiwi dogry ulanmagyň usullary

Aşakdaky düzgünler ýerine ýetirlen halatynda prezerwatiwler has netijelidir:

↪ Her jyns gatnaşygynda täze prezerwatiw ulanyň;

↪ Prezerwatiwi gabyndan açanyňyzda usully boluň. Dyrnaklar, dişler ýa-da açylýan islendik gural bilen ony ýyrtmajak, zeperlemejek boluň;

↪ Ýoldaşyňyz bilen geçirjek gatnaşygyňyzdan öň, ujydyň doly ereksiýa (gönelen) ýagdaýynda prezerwatiwi geýiň;

↪ Prezerwatiwi geýmezden öň, onyň ujyndan gysyň we içindäki ähli howany çykaryň. Beýle edilende çykjak sperma (döl) üçin boş ýer taýýarlanylýandyr;

↪ Eger sünnet edilmedik ujyt bolsa, onda ujydyň kellejiginiň ýanyndaky derini aşak çekip ereksiýa ýagdaýynda prezerwatiwi geýdiriň;

↪ Prezerwatiwiň ujyndan saklap, ony ujydyň esasyna (soňuna) tarap hereket edip geýdiriň;

↪ Jyns gatnaşygy başlamazdan öň prezerwatiwe tehniki wazelin, eller üçin kremleri, çaga kremlerini ýa-da şolara meňzeş ýagly önümleri hiç haçan çalmaň. Olar prezerwatiwi gowşadyp, onuň ýyrtylmagyna getirip bilýandirler. Bulara derek ýörite niýetlenen "intim" diýip tapawutlandyrylan ýaglary, kremleri, gelleri ulanyň;

↪ Döl dökülenden soňra prezerwatiwi ujydyň düýbünden tutup saklaň we ýoldaşyňyzdan çykaryň ýa-da heniz ujyt ereksiýa wagtyndaka öz ujydyňyzdan çykaryň. Şeýle edilende döl prezerwatiwden çykmaz;

↪ Ulanylan prezerwatiwi gaba salyp zibile atyň we elleriňizi gowy edip ýuwuň!

Prezerwatiw ýyrtylanda edilmeli hereketler

Prezerwatiw ýyrtylan halatynda islenilmedik göwreliligiň öňüni nädip almaly?

Halk arasynda göwrelilikden goranmak üçin köp sanly usullar giňden ýaýrandyr. Şeýle hem bolsa ol usullaryň göwrelilikden goraýandygy babatda hiç hili subutnama ýokdur.

Bu usullar ulanylanda olaryň ynamlylygyna kepil geçilýän däldir. Şonuň üçin hem göwrelilige getirmek ähtimallygy ýokarydyr.

1. Hajathana girmek. Peşew edilen wagtynda jynshanadaky spermalaryň belli bölegi daşa çykýandyr. Ýöne bu usul göwreli bolmazlyga hiç hili kepil geçmeýär – göwreliligiň ýüze çykmagy üçin ýekeje spermatozoid hem ýeterlikdir.

2. Jyns gatnaşykdan soňra sabyn bilen jynshanany ýuwmak. Bu ýagdaýda sabyn jynshanadaky Ph (turşylyk-aşgar) gurşawyny üýtgedip, spermatozoidleri öldüriji serişde bolup hyzmat edýär. Kähalatlarda masgansowka erginini hem ulanýarlar. Margansowka ulanylanda onuň köp mukdarynyň jynshananyň nemli gatlagyny zeperläp biljekdigini göz öňüne tutmalydyr.

3. Spermisid (spermatozoidleri öldüriji) täsirli gerdejikler. Iň ýörgünli görnüşleriniň biri – farmateksdir. Gerdejigi eredip jynshana goýmak mümkindir. Ýöne bu usul hem hiç hili kepil geçmeýär.

Prezerwatiwiň ýyrtylan halatynda göwrelilikden goranmakda iň ynamdar usullaryň biri – postkoital gyssagly kontrasepsiýa usulyny (meselem: postinor, eskapel) ulanmakdyr. Ol gerdejikleriň kabul edilşinde kesgitli düzgünler berjäý edilmese islenilýän netijäni bermezligi ähtimaldyr. Bu kontrasepsiýa serişdeleri goragsyz jyns gatnaşyk geçirlenden 72 sagadyň dowamynda täsir edýärler. Ondan soňra kabul etmeklik netijesizdir.

Ýöne bu kontrasepsiýa serişdeleriniň birnäçe islenilmedik täsirleriniň (aýbaşy bozulmalary, ýatgydan ganakmalar) bardygyny unutmaly däldir. Bu serişdeler düzüminde aýal jyns gormonynyň ýokary mukdaryny saklaýandyrlar we yzygider ulanmak üçin niýetlenen däldirler.

Jyns gatnaşygy arkaly geçýän kesellerden goranmak

Tanamaýan, ynamdar däl adamyňyz bilen gatnaşyk geçirilýän wagtynda prezerwatiw ýyrtylan bolsa, daşky jyns agzalary antiseptik erginleri – miramistin ýa-da hlorgeksidin bilen arassalamalydyr.

Şeýle goragsyz geçirlen jynsy gatnaşykdan soň ginekolog ýa-da wenerolog lukmana ýüz tutup, jyns gatnaşyk arkaly geçýän keselleri anyklamakda degerli barlaglary tabşyrmalydyr. Ikilenç lukman gözegçiligine we barlaglara 6 aýdan ýüz tutulmalydyr. Sebabi gepatit, AIW ýokançlyklaryň gizlin ýaýbaňlanýan döwürleri uzak bolup, jyns gatnaşykdan soň birbada ýüze çykmaýarlar.

Prezerwatiw ýyrtylan halatynda esasy zat – howsala düşmezlikdir. Öz wagtynda geçirlen çäreler islenilmedik göwreliligiň we jyns gatnaşygy arkaly geçýän keselleriň öňüni alýandyr.

Prezerwatiw satyn almak we saklamak

↺ Diňe dermanhanada belli şertlerde saklanýan prezerwatiwleri satyn alyň. Günüň aşagynda ýa-da şoňa meňzeş oňaýsyz ýerlerde we şertlerde saklanýan prezerwatiwleri hiç haçan satyn almaň!

↺ Lateksli prezerwatiwleri satyn alyň. Bu prezerwatiwler degişli kadalara gabat gelip, berkligi we ýyrtylmazlygy bilen bellidir.

↺ Prezerwatiwler lateksli (rezinli) poliuretan ýa-da goýun içegesinden taýýarlanylýar. Lateksli we poliuretanly prezerwatiwler jyns gatnaşygy arkaly geçýän kesellerden goramakda ýokary hilli bolup durýar. Şeýle hem olaryň çeýeligi, berkligi talaba laýykdyr.

↺ Prezerwatiwi ulanýançaňyz ony öz gabynda saklaň. Salkyn, gury, gün şöhleleri düşmejek ýerde saklaň. Ulanmazdan öň ulanyş möhletine serediň.

↺ Ulanyş möhletine garamazdan açylan, gabyna zeper ýeten, çeýeligi ýiten ýa-da reňki üýtgän prezerwatiwleri ulanmaň.