SÖÝGI GATNAŞYKLARYNDA HAWA WE ÝOK

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (8 Ses)

hawa yokHaçanda jynsy gatnaşyk geçireniňde, ýanyňdaky adamyň yşaratlaryna düşünmäge jogapkärsiň. Men haçanda biri bilen öpüşenimde ýa-da jynsy gatnaşyk edenimde, hemişe yşaratlara esewan edýärin. Yşaratlar ýoldaşymyň meniň edýän zadymy halaýandygyny ýa-da halamaýandygyny duýdurýarlar. Eger-de ýoldaşym meniň edýän zatlarymy halaýana meňzese, onda men şol bir hereketlerden has köp edip bilýärin sebäbi men munuň oňa lezzetlidigini bilýärin. Men yşaratlara üns bermek arkaly täze zatlary hem synap bilýärin we ýoldaşymyň olar baradaky pikirini öwrenýärin. Bir söz bilen aýtsam, yşaratlar jynsy gatnaşykda ugur görkeziji kompasdyr. Men yşaratlara üns bermek arkaly, ýoldaşymyň wagtyny gowy geçirmegine ýardam edýärin.

Jynsy gatnaşyk geçireniňde, ýanyňdaky adamdan hemişe pozitiw yşaratlary almak möhümdir. Çünki pozitiw yşaratlar ol adamyň gatnaşykdan lezzet alýandygyny we seniň edýän hereketleriňi etmek isleýändigini aňladýar. Meniň yşaratlara üns bermegim ýoldaşymyň serhetlerine hormat goýýandygymy görkezýär. Men ünsli bolsam, bile ýatan adamym meniň bilen özüni rahat we arkaýyn duýýar. Yşaratlary diňlemek arkaly, sen jynsy gatnaşygyň iki tarapyň hem şertlerine laýyk gelýändigine we ikiňiziň hem lezzet alýandygyňyza güwä geçýärsiň.

"Ýok" manyly yşaratlar

"Hawa" manyly yşaratlary diňlemek gowy zat, emma, şol bir wagtda "ýok" manyly yşaratlary hem gözden salmaly däl. Meselem, eger sen öpüşip duran adamyň balagynyň iliklerini açyp başlasaň we "ýok" yşaratyny alsaň, onuň 3 manysy bolup biler:

1. Ol bu göçüme howlukmaýar. Sen badyňy gowşatmaly we häzirlikçe balaga degmeli däl.

2. Ol çyndanam balagyny çykarmagyňy islemeýär, emma öpüşmegi dowam edesi gelýär.

3. Ol asla öpüşmegi dowam etmek hem islemeýär we sen haýal etmän yza çekilmeli.

Haçanda "ýok" manyly yşarat alanyňda, iň gowusy säginmek we ýanyňdakydan näme isleýändigini soramakdyr. Bolmasa sen ýalňyş düşünmäge we hatda ähli zada "ýok" yşaraty berlen hem bolsa, öpüşmegi dowam etmäge töwekgellik edýärsiň.

Men bir gezek biri bilen jynsy gatnaşyk edenimde, maňa ähli zat gül ýaly görünýärdi. Emma birden "ýok" yşaratyny aldym. Bu maňa ýaramasa-da, jynsy gatnaşygy bes etdim we yza çekilip, düşekde arkan ýatdym.

"Näme üçin durduň?" diýip, ýoldaşym sorady.

"Düşünmedim. Seniň özüň durmagymyzy islemänmidiň?" diýip, men jogap berdim.

"Ýok, men diňe başgarak görnüşde etmegimizi isledim."

"Hawa" manyly yşarat berýän adam:

↪ "hawa" diýýär,

↪ keýpi kök görünýär,

↪ jynsy gyjynmanyň seslerini edýär,

↪ bedenini saňa ýakynlaşdyrýar,

↪ seni sypalaýar,

↪ seni öpýär,

↪ saňa eşiklerini çykarmaga kömek edýär,

↪ sen bir zat edeniňde başyny başlatýar,

↪ rahat görünýär,

↪ seni gujaklaýar ýa-da

↪ kikirdeýär, gülýär, ýa-da ýylgyrýar.

"Ýok" manyly yşarat berýän adam:

↪ "ýok" diýýär,

↪ ynjan ýaly görünýär,

↪ uka gidene meňzeýär,

↪ ýagdaýa erk ederden aşa içgili ýa-da humarlanan,

↪ hiç hili ses çykarmaýar,

↪ gollaryny ýa-da ellerini seniň bilen aralykda goýup ýatýar,

↪ ynamsyz ýa-da gorkuly görünýär,

↪ seniň posaňa posa bilen jogap bermeýär,

↪ ýygryljyraýar,

↪ hereketsiz ýatýar ýa-da

hiç hili "hawa" yşaratyny bermeýär – bu megerem iň ýaýgyn "ýok" yşaraty bolsa gerek.

Sözsüz aragatnaşyk käte aňlamasy kyn bolup, düşünişmezliklere eltip bilýär. Şonuň üçin gowusy soramakdyr: "Bu saňa ýaraýarmy?" "Näme etmegimi isleýärsiň?" "Pylan zady etsem halarmyň?" "Haýallalymy?" "Boldy edelimi?"

Kadadan çykmalara ýol berme

Haçanda biri özüne "ýok" yşaratlaryny beren ýa-da hiç hili "hawa" yşaratyny bermedik adam bilen jynsy gatnaşyk etse, oňa zorlamak diýilýär. Zorlamanyň bolup geçmesi üçin "ýok" sözüniň ýörite aýdylmasy ýa-da zulumyň ara girmesi hökman däldir. Mediýa zorlaýjylary köplenç garaňky seýilgählerde gyrymsy agaçlaryň arasynda gizlenýän, bet pygylly adamlar edip görkezýär. Emma hakykat düýbünden başgaçadyr. Zorlamalar galapyn içerde bolup geçýär we zorlaýjy köplenç pidanyň tanaýan adamsydyr (meselem, söýgülisi). Zorlaýjylaryň köpüsi eden işleriniň zorlamadygyna düşünmekde kynçylyk çekýärler. Çünki olar garaňkylykda ot-çöpüň içinde gizlenmändiler we bet niýetleri hem ýokdy. Olar hem adaty adamlar, nägehanlar däl.

Çeşme: Inti Çawez Pereziň "Respect: Everything a guy needs to know about sex, love, and consent" kitabyndan.

Awtor barada: Inti Çawez Perez şwesiýaly ýazyjy we jynsy terbiýe mugallymydyr. Ol häli-şindi ýetginjeklere, göbek enelere, mugallymlara we hökümet işgärlerine jynsy terbiýe barada bilim berýär. Çawez Perez şwed hökümeti tarapyndan oglanlara edilýän jynsy zorluk, LGBTQ+ meseleleri, namysy goramak üçin edilýän zalymlyklar we beýleki meseleler boýunça ekspert wezipesine bellenildi. Şeýle-de, ol Şwesiýanyň ýaşlar we raýdaşlyk jemgyýetleri üçin agentliginiň maslahatçy agzasy bolup hyzmat edýär.

Redaktoryň belligi: 2018-nji ýylda Şwesiýa razyçylyksyz jynsy gatnaşygy zorluk hökmünde jenaýatlaşdyrýan kanuny kabul etdi. Hatda jynsy gatnaşyk hiç hili howp-haýbatsyz, mejbur etmesiz ýa-da zulumsyz geçirilen hem bolsa, eger oňa razylyk berilmedik bolsa, kanunda ol zorluk hasaplanýar. Bu kanun güýje girenden soňra, ýurtda zorlukda aýyplanmalar 75% köpeldi.