SÖÝGI HYJUWYNY OÝANDYRÝAN SERIŞDELER: AFRODIZIAKLAR

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.97 (76 Ses)

Adamyň iýýip-içýän zatlarynyň onuň durmuşyna, saglygyna gönüden-göni täsir edýändigi ählimize belli hakykat. Bu, elbetde, jyns gatnaşyklaryna hem degişlidir.

Adamlar ertirden agşama çenli iş bilen meşgullanyp, gije diňe süýji uky barada arzuw edýärler. Jyns gatnaşyklaryna bolan höwes peselmek bilen bolýar, ýadawlyk, dartgynlyk höküm sürüp başlaýar. Şeýle ýagdaýlarda afrodiziaklar kömege gelýär. Ösen ýurtlarda adamlaryň jyns gowşaklygyna garşy ulanylýan serişdelere köp pul harçlanylýar. Mysal üçin, Germaniýada seksual biperwaýlylyk bilen göreşe 17 million marka sarp edildi. Amerikada bolsa ilata afrodiziaklary satyn almak üçin, ýylyň dowamynda 300 müň resept ýazylyp berildi.

Afrodiziaklar näme?

Afrodiziak sözi gadymy ýunan (grek) mifologiýasynda söýgi hudaýy hasaplanan Afroditanyň ady bilen baglanyşykly. Afrodiziaklar söýgi hyjuwyny oýandyrýan serişdeler. Olar erkek bilen aýalyň bir-birine bolan islegini artdyrýar, duýgulary üýtgeşik ýakymly edýär. Afrodiziak hasaplanylýan önümler we dürli serişdeler eýýäm gadym döwürlerde belli bolupdyr. Gündogar ýurtlarynda hoşboý, ýakymly ysly garyndylar söýgi hyjuwyny oýandyrýan serişde hasaplanypdyr. Dünýäde ady belli bolan italiýaly Jakomo Kazanowa aýal maşgalany özüne maýyl etmekde öňüne adam geçirmändir. Ol üýtgeşik tagamlary iýmegi halaýan eken. Şeýle tagamlarda bolsa jyns gatnaşyklaryna höwes döredýän demir, sink ýaly maddalar kändir. 

Afrodiziaklar iýmit gymmatlygy bilen tapawutlanýar. Olar witaminlere we mikroelementlere baýlygy bilen beýleki önümlerden tapawutlanýar. Witaminler we mikroelementler bolsa öz gezeginde madda çalşygynyň sazlaşykly işlemegine, jyns gatnaşyklara bolan islegiň we mümkinçilikleriň dikeldilmegine ýardam berýär.

Afrodiziaklaryň käbiriniň düzüminde adamyň jyns gormonlaryna meňzeş fermentler we şol gormonlaryň bedende bölünip çykmagyna itergi berýän maddalar bolýar. Adamyň jyns agzalarynyň gan üpjünçiligini gowulandyrýan we jyns agzalarynyň duýgurlygyny ýokarlandyrýan afrodiziaklar hem bar.

Tebigy afrodiziaklar gipofize täsir edip, endorfinleriň (keýp beriji gormonlar) emele gelmegine sebäp bolýarlar. Hut endorfinler adamyň jyns gatnaşyklaryna bolan höwesini artdyrýarlar, erotiki fantaziýanyň emele gelmegini üpjün edýärler, duýgularyň has näzik bolmagyna itergi berýärler. Şeýle hem, endorfinler ýygra, utanjaň adamlaryň has açyk we alçak bolmagyna kömek edýärler. Söýgi hyjuwynyň nämedigini unudyp barýan erkeklere we aýallara endorfin örän möhümdir. Endorfinler ýaşaýyş-durmuş işjeňligini ýokarlandyrýarlar we bedenimizi toksinlerden (zäherli maddalardan) saplaýarlar. 

Iýmitdäki afrodiziaklar

Iýmitiň düzümindäki afrodiziaklar, dogrudan-da, jyns gatnaşyklaryna bolan islegi artdyrýarlar. Ýöne olary çen-çak bilim iýmelidigini unutmaň. Afrodiziaklar bedene aşa köp düşende, peýdasyndan zyýany köpdür: birek-birege bolan islegiň deregine başagaý edýän içagyry ýa-da kellagyry ýaly alamatlar ýüze çykýar, siziň arzuwlan söýgi gijäňizi puja çykýar. Käte afrodiziaklar ukyňy hem tutdurýar. Şol sebäpli hem taýýarlajak naharyňyza söýgi hyjuwyny oýandyrýan önümleri goşanyňyzda, oýlanyşykly we seresap çemeleşiň.

Afrodiziak önümleri 

Şibit, tmin, reýhan, gara we gyzyl burç, seldereý, dalçyn (korisa), kardamon, bazilik, anis, zenjebil (imbir), muskat, surepka, fenhel, hren, sarymsak, sogan ýaly hoşboý ysly ösümlikler iň güýçli afrodiziaklaryň hataryna girýär. Hytaý kedr agajynyň hozy "Söýgi maňzy" diýlip atlandyrylýar. Olaryň jyns gatnaşyklaryna bolan höwesi artdyrmak häsiýeti örän güýçli hasaplanylýar.

Deňiz önümleri öz ýokumlylygy we söýgi oýandyryjylygy boýunça ikinji ýerde durýar. Leňňeçler, ustrisalar, midiýalar we krewetkalar gör nähili süýji! Olar diňe iýip-içmäge bolan höwesi döretmän, birek-birege ýakynlaşmaga bolan islegi oýandyrýarlar.

Deňiz önümleri bilen bir hatarda dürli kömelekleri hem goýmak bolar (esasanam domalan (trýufel) we smorçýok). Tagamly edip taýýarlanan kömelekden iýmek gör nähili lezzetli! Esasy zat- bu ýerde hem çenden aşa köp iýmezligi unutmaň!

Awokado, banan, mango, hurma, marakuýýa, gawun, ýertudana ýaly ir-iýmişler we gök önümler iň howpsuz we täsirli afrodiziaklardyr.

Wanilin hem söýgi hyjuwyny oýandyryjy häsiýeti bar. Ol beýnimiziň dartgynlygyny gowşadýar we netijede adam arkaýynlaşýar, ony ýakymly duýgular gurşap başlaýar, söýgi oýanýar.

Örän peýdaly hasaplanylýan we giňden ulanylýan zeýtun ýagy-da afrodiziak hökmünde ulanylýar. Gadymy Gresiýada adamlar ertirlerine bir owurt zeýtun ýagyny içip, günüň dowamynda sagdyn durkuny, ýokary işjeňligini saklamagy başarypdyrlar.

Ženşeniň köki iň güýçli afrodiziak hasaplanýar. Ol öz meşhurlygyny 5 müň ýylyň dowamynda saklap gelýär. Aziýanyň ýaşaýjylary (esasanam, hytaýlylar we koreýalylar) günde ženşeniň köküni çeýneýärler. Olar ýaş we sagdyn durkuny, jyns gatnaşyklaryna bolan hyjuwyny uzak wagtyň dowamynda ýitirmeýärler.

Hindistanlylar ženşeniň ýaşlara we garrylara "öküziň güýjüni" berýändigine şübhelenmeýärler. Düzüminde ženşeniň köki bolan serişdeler bütin bedeniň işjeňligini ýokarlandyrýar, söýgi hyjuwyny, oňa bolan höwesi artdyrýar. Ženşen aýallara we erkeklere deň derejede peýdalydyr.

Ajy ýowşan hem örän täsirli afrodiziak hasaplanýar. Gadym döwürlerden bäri ony ýörite söýgi içgisini taýýarlamak üçin ulanypdyrlar.

Gadymy Gresiýada är-aýalyň ýatýan çarpaýasynyň aşagynda ajy ýowşan salnan gaby goýar ekenler. Olaryň pikirine görä, ýowşan jyns gatnaşygyna oňaýly täsir edipdir.

Afrodiziaklar barada söz açylanda, ary baly barada aýtman bolmaz. Ol söýgi hyjuwyny oýandyrýan iň güýçli önümdir. Ary balynyň kuwwat beriji häsiýeti hem ählimize bellidir. Oňa pisse ýa-da grek hozy garylyp iýilse, adamyň bedeni kuwwatlanýar, onuň iň ajaýyp duýgulary oýanmak bilen bolýar, söýgi hyjuwy artýar.

Hindistanda we Hytaýda gadym döwürlerden häzirki günlerimize çenli mindal (badam agajynyň maňzy) afrodiziak hökmünde giňden ulanylýar. Ol jyns gatnaşyklaryna bolan höwesi uzak wagtyň dowamynda ýokary derejede saklaýar.

Ajy gara şokolady halaýanlar onuň hem afrodiziakdygyny bilýärlermikä? Onuň ýany bilen gyzgyn, ýakymly ysly korisa garylan kofe içseňiz, siziň söwer ýaryňyza bolan duýgularyňyz sizi şol bada bütinleý gurşap alar. 

Efir ýaglar hem afrodiziaklar hökmünde ulanylýar. Olary çen bilen üç topara bölmek bolar:

1. Rahatlandyryjy we dartgynlygy aradan aýyrýan efir ýaglar (bägül, neroli, muskat şalfeýi)

2. Ýadawlygy ýeňmäge kömek edip, hyjuw döredýän efir ýaglary (gara burç, kardamon)

3. Gormonal taýdan täsir edip biljek efir ýaglar (žasmin, sandal). 

Otagyň içine efir ýaglaryň ysyny ýaýratmak üçin ýörite aromaçyralar ulanylýar. Ýorgan-düşege efir ýagynyň birnäçe damjasyny damdyrsaňyz, onuň ýakymly ysy söýgi hyjuwyny oýandyrar, sizi birek-birege ýakynlaşdyrar.

Efir ýagy garylan wannada biraz dynç alyp ýa-da bedeniňizi efir ýagy bilen owkalatsaňyz hem ýanýoldaşyňyzyň size bolan islegi artar.

Siz haýsy afrodiziagy saýlasaňyz-da, onuň ter we möhleti geçmedik bolmagyna üns bermelisiňiz. Doňdurylyp, soňra eredilen serişdelerden peýdalanmagyň hajaty ýok.

Eger-de siz afrodiziaklaryň iň gowularyndan we iň terlerinden saýlap alsaňyz, olary uly söýgi we isleg bilen taýýarlasaňyz, söýgi gijesi ýatdan çykmajak gijeleriň birine öwrüler.

Ulanyan WEB Salgylar: 1 / 2 / 3