ISLEGLER ÇAGY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.08 (101 Ses)

Biologiki sazlaşmalar – bu adamynyň ýaşaýyş hyjuwynyň ýokarlanmagyny ýa-da peselmegini aňladýan düşünjedir. Biologiki "sagatlarymyzyň" işjeňligine baglylykda, adamlar işjeňligi giç wagty ýa-da tersine, ir çagy ýokarlanýan toparlara bölünýärler. Ondan başga-da, seksual biologiki sazlaşmalar hem tapawutlandyrylýandyr. Hut şol sazlaşmalaryň deň gelmegi hem maşgalanyň berkligini üpjün edip biljek "açar" bolup durýandyr. Ýöne ilkibaşdan erkekleriň we aýallaryň seksual sazlaşygynyň dürli bolmagy, bu kynçylygyň esasy tarapy bolup durýar.

NÄME ÜÇIN ŞEÝLE BOLÝAR?

Isleg bildirip, adamsyna ýakynlaşan wagty onuň eýýäm horlap düýş görüp ýatanyny syn edýän aýallar az däldir. Aýalynyň haýdap irden turup, çagalary mekdebe ugratmaly wagty bolsa, mähirli sypalamalary bilen ony "lezzetli gatnaşyga" çagyrýan erkekler hem az bolmasa gerek. Bu aýratynlyklar oňaýsyzlyk döretse-de, biologiki jähtden kanunalaýykdyr: aýal seksuallygynyň ýokarlanmagy 22 sagada, erkekleriňki bolsa – ir çagynyň 7-9 sagadyna gabat gelýändir. Irden sagat 7-de erkeklik jyns gormonlarynyň işjeňligi kadadan 20% ýokary bolsa, eýýäm sagat 9-da gormonlaryň işjeňligi 50%-e ýokarlanýandyr. Biologiki "sagatlar" aralyk beýnide "işe girizilip", gormonlaryň täsirine bagly, juda çylşyrymly fiziologiki hadysa bolup durýandyr.

Erkekleriň we aýallaryň jyns gormonlary günüň dowamynda kem-kemden ýokarlanyp, sagat 16:00 iň ýokary derejä ýetýändir. Tüýs söýgüňi bildirmeli wagt welin, sen iş wagtyň söýgüliňi nirden tapjak?

Agşam sagat 18-de hemme adamlaryň seksual hyjuwlylygy pese gaçýar. Bu-da düşnükli, iş güni tamamlandy, öýe ýetip bilseň armanyň ýok. Ýöne agşam sagat 22-de, aýal bedeni: "Hemme işlerim edildi, indi söýgi gatnaşyklaryna başlasam hem bolýar" diýip pikirlenýär. Ýöne erkek seksuallygy, ertir çagy ýene özüni äşgär etmek üçin uka gitmäge taýynlanýar...

AÝAL GORMONLARYNYŇ "OÝNY"

Aýal seksuallygy onuň aýbaşy halkasynyň häsiýetine bagly bolup durýandyr. Ortaça alanyňda, 28 günlük aýbaşy halkasy kada höküminde kabul edilýär. Aýal seksuallygyna aýbaşy halkasy nähili täsir edýärkä?

Aýbaşy halkasynyň 1-5-nji güni – estrogen we progesteron gormonlarynyň iň pes derejesi syn edilýändir. Siziň posalaryňyz näçe gyzgyn bolsa-da, bu günler olar zenan ýüregini ýumşatmaga ukyply däldir.

6-14-nji güni – estrogeniň derejesi ýokarlanyp, ýatgynyň diwarlary galyňlaşyp başlaýar. Ýöne progesteronyň derejesi bolsa biraz giç, diňe aýallyk öýjügi emele gelenden soň (owulýasiýa) ýokarlanyp başlaýar.

15-21-nji güni – Owulýasiýadan soň, estrogeniň derejesi ýokarlanyp, fizioligiki we akyl ýetirme görkezijilerine oňaýly täsir edýändir. Görüş we ys alyş endigi ýiteleşýär: bu döwür aýal yslary gowy tapawutlandyrmaga ukyplydyr. Aýalyň özüni alyp barşy hem üýtgeýär – ol näz etmäge, halanmaga töwekgel bolýar. Aýalyň bedeniniň ysynyň – feromonlaryň hem düzümi uýtgäp, erkeklerde aýala ýakynlaşma islegini tutaşdyrýar.

22-27-nji gün – hyjuwlaryň peselýän çagydyr. Hut şu döwürde aýallarda aýbaşynyň öňsyrasynda döreýän oňaýsyzlyklar ýüze çykyp, olarda öýkeleklik, gaharjaňlyk we aglaklyk häsiýetlerini syn etme bolýar.

ERKEK ISLEGI WE TESTOSTERON

Aýallar köplenç tebigat tarapyndan erkekleriň her aýda gaýtalanýan şeýle oňaýsyz alamatlardan mahrum edilendigini belläp tolgunýarlar. Hakykatdan bolsa bu beýle däldir. Erkekleriň hem öz "aýbaşy" halkalary we üýtgeşmeleri bolup, olar başga alamatlar bilen häsiýetlendirilýändir. Erkeklik seksuallygynyň hili işjeňligi 22 günlük möhletli aýlawa deň erkeklik gormony bolan testosterona baglydyr. Elbetde, bu ütgemeleri, edil aýallaryňka meňzeşlikde gözegçilikde saklama kyndyr. Ýöne öz maşgalabaşyňyza üns bilen seredip, siz onuň testosteronynyň derejesi barada netije çykaryp bilersňiz. Erkeklik gormony peselende (aýallaryňka meňzeş) biziň merdem erkeklerimiz gowuşgynsyz, öýkelek, keýpsiz bolup, olaryň işjeňligi peselýändir. Bu ýagdaýa düşünme bilen çemeleşmelidir: 10-11 günden hemme zat öňki ýagdaýa gaýdyp geler.