KLIMATYŇ ÜÝTGEMEGI: SENIŇ EDIP BILJEK ZATLARYŇ

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.76 (21 Ses)

Häzirki döwürde, sen klimatyň üýtgemegi bilen öz gündelik ýaşaýyşyňdaky edýän hereketleriň arasyndaky baglanşyk barada pikir edip gördüňmi? Mümkin sen, "Aý, bir adamyň ulanýan zatlary, edýän hereketleriniň täsiri, meselem gaz, nebit gazyp çykarmak, awtoulaglary sürmek netijesinde çykýan hapalar bilen deňeşdireňde ujypsyz bolmaly" diýmegiň hem mümkin. Ýöne seniň irdenden gün ýaşýança ýaşaýyş uçin edýän hemme hereketleriň daşky gurşawda ýitmeýän yz galdyrýar. Ulanýan ulaglarymyz, iýýän iýmitlerimiz, satyn alýan geýimlerimiz, dürmuş ýörelgelerimiz – şularyň hemmesi klimatyň üýtgemegini haýallatmakda uly orun eýeleýärler.

Ýeri gelende bellesek, köp sanly döwletler we döwlete garaşly bolmadyk guramalar klimatyň üýtgemeginiň bolup geçýändigini we onuň esasy sebäbi höküminde adamlaryň ýaşaýyş uçin edýän hemme hereketleriniň netijesinde çendenaşa kömürturşy gazynyň çykmagyny we ýaýramagyny belleýärler. Klimatyň üýtgemegi tebigy harasatlaryň köpelmegi, biodürlüligiň üýtgemegi, ekosistemanyň dargamagy we topragyň ýaramazlaşmagy bilen häsiýetlendirilýär. Bu ýagdaýlar adamyň saglygyna ýaramaz täsir edip, adamzadyň geljegini sorag astynda goýar. Bisiň sebitimizde ýiti suwsyzlyk, çölleşme, topragyň şorlaşmagy ýaly hadysalar hasam ýaýrar we ýitileşer diýp çaklanýar.

Daşky gurşawyň sezewar bolup biljek ýitgilerini azaltmak uçin Sen birnäçe netijeli hereketleri amala aşyryp bilersiň! Aşakdaky gysga, eliňden geljek hereketleriň sanawyny Sen dost-ýarlaryň bilen paýlaşarsyň diýip umyt edýaris. Bu ädimleri, endikleri Ýer togalagyny, ýaşaýan ýeriňi geljek türkmen nesilleri uçin gorap saklamagy durmuşa geçirmäge çagyrýarys.

1. BARJAK ÝERIŇE PYÝADA, TIGIRLI YA-DA JEMGYÝETÇILIK ULAGY BILEN BAR

Awtoulaglar – klimatyň üýtgemegine getirýän gazlaryň (esasan hem kömürturşy gazynyň) uly bir çeşmesi bolup durýar. Şonuň üçin hem mümkinçilik bolanyndan pyýada ýöre, tigir sür ya-da jemgyýetçilik transportyny (awtobuslary) ulan. Şeýle edilse howa arassa bolar, hem puluňy tygşytlarsyň we sagdyn bolarsyň. Ulagsyz hiç bir bolmaýan bolsa, onda başga birnäçe ýolagçylar bilen bir ulaga münüp git. Kiçi göwrümli, ýangyjy tygşytly sarp edýän ulaglary sürüň.

2. ENERGIÝANY TYGŞYTLY ULAN

Otagdan çykaňsoň çyralary söndürmegi berk endik edinensiň diýip umyt edýäris. Ýene näme? Lampoçkalary energiýany az we tygşytly ulanýan görnüşlerine çalyş. Compýuterleri, telewizory we başga-da elektron enjamlaryny ulanmaýan bolsaňyz, rozetkadan sogrup goý. Eşikleriňi sowuk ýa-da mylaýym suwda ýuw. Eşikguradyjy, gap ýuwýan maşynlary ulanmaň, olar gaty kän energiýany sarp edýärler. Iň gowsy eşikleriňizi asyp, arassa howada guradyň. Biziň yssy, gurak howamyzda bu maşynlary ulanmaga zerurlyk ýokdyr. Täze, öý hojalygynda ulanylýan enjamlary we gurallary satyn alanyňyzda (howa sowadyjy, holodilnik, kir ýuwýan maşyn, howa ýyladyjy peçler) olaryň energiýa sarp edijiligi barada maglumatlary okap, düşünip satyn alyň.

3. SUWY TYGŞYTLY ULAN!

Dürli halkara guramalary öz hasabatlarynda "suw damjasy – altyn dänesi" diýlen jümläniň hakykatdan hem Merkezi Aziýada durmuş reallygyna öwrülmeginiň ahmaldygyny we ýiti suw ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolma howpunyň bardygy barada gaýtalap aýdýarlar. Suw gyrandyny berk ýap, suw ýitmesin. Akyp ýatan ýabyň ýandan, ýarylyp ýatan suw turbasynyň ýanyndan biparh geçme! Suwuň durmuş uçin wajypdygy hemmelere mälim, ýöne şuny diňe bilmek ýeterlik däl, hereket et!

4. TEBIGY, ARASSA ÇEŞMELERDEN ALYNÝAN ENERGIÝA BARADA ÖWREN, DOGAN-GARYNDAŞLARYŇ BILEN MAGLUMATLARY PAÝLAŞ

Günüň, şemalyň, deňizleriň tolkunlarynyň energiýasyny, hatda hojalyk taşlandylaryny hem energiýa çeşmesi hökmünde ulanmagyň mümkinçilikleri barada öwren, maglumatlary türkmen diline terjime edip paýlaş. Bu barada maglumatlar ene diilimizde gaty ýetmezçilik edýär.

5. AKYLLY IÝMITLEN

Pestisidsiz, ýerli oba hojalygyň (başga ýerden getirilmedik) durnukly usullary bilen ösdürlen gök önümleri, miweleri bilen iýmitlen. Olar biraz gymmat bolsa-da, seni sagdyn edýärler. Mümkinçilik boldugyndan özüň hem gök önümleri ek, öz mellegiň hasylyndan iýmitlen. Eti azrak iý, iýeniňde-de elin eti satyn alyn. Sagdyn iýmitlenmäni özüňe maksat edin.

6. ZIBIL TAŞLANÝAN BEDRÄŇ ÝEŇIL BOLSUN

Seniň hapalaryň zir-zibil taşlanýan ýerine ýetenden soň, dargamagyň netijesinde metan gazyny bölüp çykaryp, daş-töwerege ýaýradýar. Metan gazy kömürturşy gazyndan hem birnäçe esse güýçli bolup, klimatyň maýlamagyny çaltlaşdyrýan gazdyr. Kompost taýýarlamany öwren, çünki oňaýly şertlerde pytran nahar taýarlanandaky ösümlik galyndylaryny, kofe, çaý, kagyz ýaly serişdeleri topraga önümli iýmit höküminde goşmak, diňe zibiliňi azaltmaga kömek etmän, eýsem topraga iýmit hem bolýar. Plastikden ýasalan gaplary, paketlary ulanma, çüýşeden ýasalan gaplary, matadan tikilen torbalary ulanmaga çalyş. Bir gezek ulanylyp taşlanýan gaplardan gaça dur.

7. NÄME KÖNE KÖÝNEGIŇ SUWY ÇYKDYMY?

Egin-eşik, aýakgap öndürijiler harytlaryny köpeltmek işinde himiki, adama howply bolan maddalary, suwy ulanýarlar we ony hapalaýarlar. Onuň üstesine-de, bu pudakdaky käbir kampaniýalar çaga zähmetini ulanýarlar we işçilere az zähmet hakyny töleýärler, olaryň ruhy we fiziki zorluklara sezewar edýän wagtlary hem az bolanok. Gykagla: täze zatary gaty zerur bolmasa satyn alma. Arassa, ulanylan zatlary (egin-eşik, mebel, gap-çanak) dostlaryň, garyndaşlaryň bilen alyş-çalyş et. Satyn almaga mejbur bolsaň, onda ýerli öndürijiniň (ýerli serişdeleri ulanýan) harydyny satyn almana çalyş ýa-da ýerli tikinçä köýnegiňi tikdir. Şeýdip sen ony iş bilen üpjün edersiň we türkmen telekeçiligiň ösmegine goşandyňy goşarsyň.

8. UÇAR BILEN EDÝÄN SYÝAHATYŇY AZALT

Uçar bilen edilýan syýahat – daşky gurşawda uly, ýitmeýan yz we hapa goýar. Mümkinçilik bolanyndan, onuň ýerine awtobuslary, otlulary ulanyp, syýahaty öz ýurduňda etmäge çalyş.

9. AGAÇ EK ÝA-DA ONY ÝOK EDÝÄNLER BILEN DÜŞÜNDIRIŞ IŞLERINI GEÇIR

Agaçlar diňe bir gözellik, kölege we kislorod bermän, olar kömürturşy gazyny özüne siňdirýärler. Ýone agaç ekeniňden soň, olary wagtly-wagtynda suwarmany ýadyňdan çykarma!

10. ÖZ BILIMIŇI, MAŞGALAŇ, DOST-ÝARLARYŇ BILIMINI ARTDYR!

Klimatyň üýtgemegi barada oka, öwren, maglumatlary türkmen diline terjime et, olary paýlaş. Bu barada öz pikirleriňi aýan et, gürrüňdeşlige goşul. Dürli guramalar, toparlar bu ugurda iş alyp barýarlar. Bu meseläni diňe bilelikde çözup bolar!