PEÝDALY TEJRIBELER - MAÝYPLARA GOLDAW BERMEGIŇ ÝOLLARY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.63 (24 Ses)

"Men bilimi diňe bir öz tejribämden alman, başgalaryň tejribesinden hem alýaryn" diýip Lýudwig Witgenşteýn awstriýaly filosof belläpdir. Elbetde, saýtymyz üçin wajyp bolan, saglyk, sagdyn ýaşaýyş, ekologiýa we ekologik saglyga degişli meseleleriň çözgüdini daşary ýurtly we bize ýakyn ýerleşýän ýurtlardaky döwürdeşlerimiziň öz ýaşaýan sebitlerinde çözüşleri, alyp barýan işleri, toplan tejribeleri barada bilme biz üçin hem peýdaly bolardy. Biziň şu günki söhbetdeşimiz, Özbegistanda maýyplyk meseleleri boýunça bilermen, programmalaryň konsultanty Mir Bek biziň habarçymyzyň soraglaryna jogap berýär.

1. "Istiqboly" döretmek baradaky pikire kim geldi we şol pikire nädip gelindi?

JICA (Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk agentligi) tarapyndan gurnalan baştutanlyk we maýyplaryň özara kömek toparyny döretmek boýunça geçirlen türgenleşige gatnaşan birnäçe maýyp we başga-da türgenleşige gatnaşyjylar 2009-njy ýylyň oktýabrynda "Istiqbol" özara kömek toparyny döretmegi makul bildiler ("Istiqbol" özbek dilinde "perspektiwa", "mümkinçilik"). Şondan bäri bu topar Özbegistanda maýyp adamlaryň deň hukuklaryny we mümkinçiliklerini öňe sürmekde işjeň iş alyp barýarlar. Toparyň işi barada jikme-jik maglumaty aşakdaky wirtual platformalardan alyp bolar:

https://www.facebook.com/groups/1429596130588557/

https://www.facebook.com/groups/465145016908971/

istiqbol.blogspot.com

2. Näme üçin topar "Istiqbol" özara kömek topary diýip atlandyrylýar? "Özara kömek" diýmeklik nämäni aňladýar?

"Özara kömek" diýmeklik bilen has tejribeli, özbaşdak, özlerine göwni ýetýän we işjeň maýyplar başga maýyplaryň jemgyýetçilik durmuşynyň has işjeň gatnaşyjylary bolmaklyk, öz pikirlerini aýtmakda özlerine göwni ýetip, öz maýyplygy bilen bagly çekinjeňligi duýmazlygy gazanmak göz öňüne tutulýar. Sebäbi şular ýaly işjeň maýyplar jemgyýetiň başga adamlaryna garanda durmuşyň şu tapgyryndan geçip, başga maýyplaryň meselelerine gowy düşünýärler.

3. Haýsy anyk çäreleriň üsti bilen siz öz maksatlaryňyzy durmuşa ornaşdyrýarsyňyz?

Toparyň hemme agzalary "Disability Equality Training" (DET), ýagny maýyplaryň türgenleşigi boýunça şahadatnamaly tälimçilerdir. Ondan başga-da, "Istiqbol" toparyň baştutany halkara DET Forumyň özbek bölegi bolup durýan Özbegistan DET Forumyň utgaşdyryjysy bolup durýar. DET baradaky giňişleýin maglumaty www.detforum.com.-dan tapmak bolar. DET türgenleşikleri geçirmek ilatyň we guramalaryň maýyplaryň gabat gelýän kynçylyklary barada bilýän maglumatlaryny köpeltmek we maýyplaryň jemgyýetçilik durmuşyna deňhukukly gatnaşmagy üçin dürli böwet bolup biljek kynçylyklaryň öňüni almak boýunça toparyň geçirýän esasy we netijeli çäreleriniň biridir.

Mundan başga-da, topar mahallähde (ýerli birleşmeler) hem önjeýli iş alyp barýar. Bu iş ýerli serişdeleri jemläp, mahallähde ýaşaýan maýyplary anyklap, olary onuň işine çekmelidir. Ýerli ilatyň we mahallähiň ünsüni maýyplar meselesine çekmek üçin, topar mahallähe Özbegistanyň meşhur artistlerini we aýdymçylaryny duşuşyklara çagyrýar. Şu usul mahallähiň ilatyny, şol sanda öýden çykmaýan maýyplary jemlemekde gowy netije berýär.

Mundan başga-da, toparyň ýolbaşçylary arabajykly, hodunokly maýyplaryň we pişekli kemis adamlaryň jemgyýetçilik ýerlerine, binýatlaryna we ulaglara fiziki taýdan baryp bolýanyny anyklap barlamak maksady bilen ýörişler geçirýärler. Şunuň ýaly çäreler maýyplaryň jemgyýetçilik ýerlerine baryp bilyänini barlamakdan başga-da, maýyplaryň jemgyýetde bardygyna ünsi çekmek işini has işjeňleşdirýär.

4. Biz siziň "maýyplar", "maýyp adamlar" diýen düşünjeleri ulanýandygyňyza üns berdik. Mundan başga-da, häzirki wagtda maýyplary "mümkinçilikleri çäkli adamlar" diýip atlandyrýandyklaryny eşitmek bolýar. Siziň pikiriňizçe, şeýle adamlary nähili atlandyrmaly?

Dogrymy aýtsam, maňa şu düşünjeleriň hiç haýsysy hem ýaramaýar. Biz Özbegistandaky kärdeşlerimiz bilen şu adalgalary çintgäp ara alyp maslahatlaşdyk. Häzirki wagtda biz özbek dilinde öz adalgamyzy hödürleýäris, ýagny "şertleri çäkli adamlar (şahslar)". Şu adalgalary Gazagystandaky kärdeşlerimiz bilen ara alyp maslahatlaşanymyzda, olar hem gazak we rus dillerinde bar bolan adalgalaryň ýüreklerinden turmaýandygyny aýtdylar. Olara-da biziň täze teklibimiz ýarady. Biziň täze görnüşdäki adalgamyz maýyplygyň durmuş meselesinden gelip çykýar, bu ýerde maýyplyk şahsy ýa-da lukmançylyk meselesi bolman, durmuş meselesi höküminde düşünilýär. Şu interwýuda men häzirki wagtda halkara diline laýyk gelýän, BMG-nyň Maýyplaryň hukuklary baradaky Konwensiýada ulanylýan adalgany saýlap aldym.

5. Häzirki wagtda Özbegistandaky maýyplaryň gabat gelýän üç sany uly meselesini belleseňiz.

► Hünärmenlik bilimini almaga we işe ýerleşmäge bolan çäkli mümkinçilikler.

► Fiziki gurşaw bilen bagly böwet, jemgyýetiň maýyplara bolan garaýşy we maýyplaryň doly maksatly ýaşamak meselesine degişli kämil bolmadyk kanunçylyk.

► Maýyplyk toparyny kesgitlemekde ulanylýan sistemanyň we tejribäniň netijesiniň pesligi.

6. Siziň anyk ýeten sepgitleriňiz? Anyk, ähmiýetli netijeler barada gürrüň beräýseňiz.

Birinjiden, "Istiqbol" topary mahallähde maýyplar bilen işjeň iş alyp barýan, hemişe işleýän maýyplar topary. Ol maýyplaryň başga jemgyýetçilik guramalaryndan tapawutlanýar. "Peer Counseling" (deň deňine) usuly boýunça maýyplar bilen geçirlen işleriň netijesinde, maýyplygyň agyr görnüşine degişli edilen on sany ýaş maýyplar öýünden çykyp, yzygiderli jemgyýetçilik çärelerine gatnaşyp başladylar.

Daşkent şäherindäki jemgyýetçilik awtobuslarynyň ulanylşynyň elýeterligini barlamaklygyň netijesinde, topar resmi ýagdaýda awtobus parkynyň ýolbaşçylaryna maýyplara edilýän hyzmatlaryň laýyk bolmazlygy hakynda şikaýat edip ýüz tutdular. Bu ýüzlenme netijesinde awtobus parkynyň ýolbaşçylary maýyplara ulag hyzmatlaryny bermekde bar bolan meseleleri düzedip, derwaýyş çäreleri durmuşa geçirdiler.

7. Biz maýyplar we olarda ýüze çykýan meseleler barada gürrüň edýärkäk, Orta Aziýada biziň dilimiziň, mentalitetimiziň nähili üýtgemelidigi we üýtgeýändigi barada gysgaça gürrüň beräýseňiz?

Gysgaça aýdanymyzda, Orta Aziýada maýyplar meselesini çözmegi parallellik (Twin-Track Approach) ýörelgesi boýunça geçirmeli, ýagny maýyplaryň özleriniň işjeňligini, olaryň özlerine bolan ynamlylygyny ýokarlandyrmak we çözgütleri garaşsyz kabul etmek arkaly hem-de jemgyýetiň we jemgyýetçilik institutlarynyň maýyplaryň hukuklaryny we meselelerini gowy bilmeklik, böwetleri ortadan aýyrmak, öňüni almak arkaly ýokarlandyrmaly. Biziň jemgyýetimiziň iň wajyp we täsirli institutlaryň biri – bu maşgala, has takygy maýyplaryň ýaşaýan maşgalasy. Maýyplaryň maşgala agzalary, birinji nobatda, maýyp maşgala agzasy üçin işjeň jemgyýetçilik durmuşynyň we bilimiň wajyplygyna gowy düşünmeli. Şeýle bolmadyk ýagdaýda, maýyp adam jemgyýetden üzňe ýaşar we başga biriniň hasabyna ýaşamak duýgusyny ösdürer, bu bolsa bütin maşgala üçin ahlak we maddy agramy döreder. Şunuň ýaly meseläni çözmek üçin maýyplar we olaryň maşgala agzalary bilen işjeň maýyplar häli-şindi mysal höküminde wagyz-nesihat işini geçirmeli. Maýyplaryň peýdasyna bir zady üýtgetjek ýa-da döretjek (gatnaşyk, şertler, infragurluşyk we ş.m.) bolsak, biz hökmany ýagdayda maýyplar bilen maslahatlaşmalydygyny we olaryň hakyky gerek zatlaryny we hajatlaryny bilmelidigini bellemek wajyp. Şeýle edilmedik ýagdaýda, biziň hereketlerimiz manysyzdyr we peýda getirmez, sebäbi maýyplardan başga, ýüze çykýan meselelere hiç kim düşünmez.

8. Döwlet edaralary bilen bilelikde nähili işleri geçirýärsiňiz?

Biz, esasan, ýerli öz-özüni dolandyrýan edaralar bilen hyzmatdaşlyk edýäris, ýagny mahallä komitetleri bilen, sebäbi biziň maýyplar meselesine çözmäge çemeleşmämiz ýerli ilaty jemlemäge esaslanýar. Mahalläh derejesinde biz ýerli saglyk öýleri bilen mahallähde ýaşaýan maýyplar barada maglumaty almak üçin hyzmatdaşlyk edýäris.

Maýyba jemgyýetçilik ýerlerini ulanyp bolýadygyndan habar berýän halkara belgisi. Täzeden işlenilen belginiň nusgasy. Maýyby aktiw, hereketde görkezýän nusga. Diňe ABŞ-nyň Nýu Ýork ştatynda resmi taýdan tassyklanylyp ulanylýar.

9. Maýyplaryň durmuş derejesini we jemgyýetdäki ornuny has gowulandyrmak üçin biziň her birimiz näme edip bileris?

Bu örän uly we giň mesele. Men anyk jogap berjek bolaryn. Eger-de jemgyýeti ikä bölsek, ýagny bir bölegi maýyplardan we olaryň maşgalalaryndan ybarat, beýleki bölegi maýyplara degişli däl. Meniň birinji topara berjek maslahatym iki bölekden ybarat. Birinji bölek, jemgyýet durmuşyna işjeň gatnaşýan maýyplar işjeň däl maýyplar bilen gatnaşyk edip, jemgyýetiň işjeň agzalaryna öwrülmeklerine itergi bermeli. Şonuň üçin şol işi ýerine ýetirmekde birnäçe ýönekeý usul bar. Olardan biri, iki maýybyň özara erkin we formal däl ýagdaýyndaky söhbetdeşligi, şol sanda ýüze çykýan meseleler we üstünlikler hem girýär. Ikinji maslahat, maýyplaryň garyndaşlary maýybyň özbaşdaklygy we ertirki güni barada pikir etmeli, sebäbi maýyba geljekde şu günki ýaly kömegiň we idegiň edilmezligi mümkin. Maýyplar bilen göni gatnaşygy bolmadyk adamlar maýyplara kömek etjek bolsalar, olar maýyplar bilen gürleşip, durmuşy gowulandyrmak üçin nähili kömegiň gerekdigini anyklamaly. Munuň üçin şol meseläni garyndaşyndan ýa-da wekilden soraman, maýybyň gerek zatlary barada özünden soramalydyr, sebäbi olaryň maýyp adamynyň zerurlyklary barada nädogry maglumat bermekleri mümkin. Kim-de kim maýyplara kömek edesi gelmeýän ýa-da goldaw berip bilmeýän bolsa, onda maýyplaryň doly maksatly durmuşda ýaşamaklary üçin böwet goýmasyn. Ýagny haçanda siz dükan, dermanhana, duralga, awtoduralga, bazar we ş.m.-leri guranyňyzda, bir-iki sagadyňyzy sarp etmäge gysganmaňda, maýyplardan siziň dizaýnyňyzyň ýa-da taslamaňyzyň olar üçin päsgelçilik döredýändigi ýa-da döretmeýändigi barada soraň.