"ÖLÜMDEN HEM BETER GORKÝAN ZADYMYZ"

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.81 (31 Ses)

5-nji synpa ýaňy geçipdim. Täze bellenen türkmen dili we edebiýaty mugallymymdan ilkinji bäşligi aljak bolup öý iş berlen uzyn goşgyny ýat tutup bardym. Uly hyjuw we tolgunma bilen öňe çykyp, potolokdan gözümi aýyrman, goşgyny labyzly aýdyp berdim. Özümden göwnüm hoşdy. Sapagyň soňunda ýyrşaryp, mugallyma baha goýdurmaga gündeligimi berdim. Olam çala ýylgyrdy-da: "Gynansamam mende saňa baha ýok. Potologa aýdyp berdiň. Goý mynasyp bahanam şol goýsun" diýip, otagdan çykyp gitdi. Şodur-şodur potolok bilen aramy üzdüm.

Indi görüp otursam, asyl şol mugallymym meni glossofobiýa uçramakdan goran ekeni.

Glossofobiýa grek sözi (glossa – dil, fobos – gorky) bolup, köpçüligiň öňünde gürleme gorkusydyr. "Ýer ýüzünde her 4 adamdan 3-i glossofobiýadan kösenýär" diýip Forbes, psychologytoday.com, publicspeakingsuccess.net ýaly maglumat çeşmeleri habar berýärler. Ýazyjy we biolog Glenn Croston bolsa muny "ölümden hem beter gorkýan zadymyz" diýip atlandyrýar.

Haçanda köpçüligiň öňüne çykyp gürlemeli bolanyňda rahatlygyň bozulýarmy? Gan basyşyň ýokarlanyp, agzyň gurap, ýüzüň gyzaryp, der basýarmy? Sesiň haýallap, eliň-aýagyň titreýärmi? Eger ýokarky soraglaryň köpüsine "hawa" diýip jogap beren bolsaň, onda sen hem dünýäniň adamlarynyň glossofobiýadan ejir çekýän 75%-niň hataryndasyň.

Emma, gowy habar – bu fobiýanyň hötdesinden gelmek mümkindir. Geliň glossofobiýany ýeňmek üçin iň ygtybarly 10 maslahat bilen tanyş bolalyň!

1. Türgenleş! "Türgenleşmek kämillige eltýär" diýip ýöne ýere aýdylan däldir. Berjek çykyşyňyzdan öňürti näçe köp türgenleşik geçseňiz, şonça-da gürrüňini etjek materiallaryňyz ýadyňyza gowy ýerleşer we özüňize bolan ynamyňyz artar.

2. Şowsuzlyga taýýar bol! Çykyşdan öň nämeleriň başa barman biljegi hakynda oýlanyň we eger şeýle ýagdaý ýüze çykaýanda nädip üstünlik bilen baş alyp çykmalydygyny öwreniň.

3. Pozitiw pikirlen! Hemme zadyň üstünlikli geçjekdigi hakynda hyýallar guruň. Hyýalyňyzda özüňizi dogumly we ynamly halda janlandyrmak size ruhy taýdan rahatlyk berer. Ýasama hem bolsa ýylgyrmagy endik ediniň. Çünki beýni ýylgyryşyň ýasamasyny, hakykysyny saýgarmaýar. Ol diňe öz işini edýär we ýylgyryşa şatlygyň gormonlaryny bölüp çykarmak arkaly jogap berýär.

4. Bedeniňi hem taýýarla! Köpçüligiň öňünde çykyş etmek diňe bir psihiki däl, eýsem fiziki taýýarlygy hem talap edýär. Ýeterlik ukyňy almak, kadaly ertirlik edinmek we çykyşdan öň biraz maşk etmek bedeniňizi rahatlandyryp, sizi birnäçe ýakymsyz duýgulardan gorar.

5. Özüňi wideosurata alyp gör! Taýýarlanýan wagtyňyz özüňizi wideo düşüriň. Şonda siz özüňizi wideoda has gowy derňäp bilersiňiz. Göwnüňize jaý gelmeýän hereketleriňizi we sözleriňizi anyklap, olary düzedip bilersiňiz.

6. Iň wajyp ilkinji 30 sekunt! Islendik bir çykyşda ilkinji 30 sekunt iň wajybydyr. Eger şol 30 sekuntda diňleýjileriň ünsüni çekip bolsa, onda çykyşyň eýýäm 50% şowly geçdi diýip hasap edip bolar. Bu ilkinji 30 sekundy ýerlikli ulanmak üçin diňleýjilere sorag beriň ýa-da bir degişme bilen olary güldüriň, garaz, çykyşyňyzy olaryň ünsüni çekip biläýjek gürrüňler bilen başlaň.

7. Gözüň diňleýjilerde bolsun! Diňleýjileriň hemme zatdan öňde durýandygyny we siziň çykyşyňyzyň hem şolara bagyşlanandygyny unutmaň. Başardygyňyzdan diňleýjileriňize göni serediň. Olara hakykatdan hem birzatlar gürrüň bermek isleýändigiňizi bakyşyňyz, hereketleriňiz bilen ýaňzydyň.

8. El hereketleriňe üns ber! El hereketlerini ýerlikli ulanmak gürrüňiňiziň täsirliligini güýçlendirer. Şol bir hereketi gaýtalamakdan we başgalara öýkünjek bolmakdan saklanyň. Her adamyň özüne mahsus el hereketleri bolýar. Bulary hem öňünden türgenleşdirmek maslahat berilýär.

9. Ümleriňe berk bol! Glossofobiýa sebäpli köp adam aljyranda gürrüňiniň arasynda çakdan aşa aaa, eee, mmm, ýaly ümleri ulanagan bolýar. Üstünlikli çykyş etmek üçin ümleri başarsaňyz hiç ulanmazlyga çalşyň. Muny hem ykjam türgenleşmek bilen gazanyp bolýar.

10. Özüň bol! Hiç kimem kämil däldir. Ähli kemçilikleriňizi kabul edip, özüňize "hakyky özüňiz" bolmaga rugsat beriň. Hiç kim siziň roluňyzy sizden gowy oýnap bilmez. Başarjagyňyza ynanyň we özüňize şu sözleri ýatladyň: "Hemme zat gül ýaly. Men başararyn!" Size mahsus bolan erjelligi, dogumlylygy we ýeke-täkligi şöhratlandyrmaga ymtylyň.

Tehnologiýa adamlaryň gatnaşyklaryny hernäçe ýeňilleşdiren hem bolsa, biziň köpümiz okuwda, işde, köpçülik ýerlerinde dürli maksatlar sebäpli adamlar bilen gürleşmäge mejbur bolýarys. Hünärleriň bolsa aglabasy köpçülikde kynçylyksyz gürläp bilmek ukybyny talap edýär. Şonuň üçin hem pikirlerimizi köpçülikde erkin beýan etmäni başarsak, eýýäm dünýäde şeýle başarnygy bolmadyk adamlaryň 75%-niň sanawyndan çykýarys we bize durmuşda has köp mümkinçilik gapylary açylýar. Şahsy derejede hem bu ukyba eýe bolmagyň bize köp dostlary gazandyryp, abraýymyzy artdyryp we üstünlikler gazanmagymyza goşant goşup, durmuşymyzy aňsatlaşdyryp biljegi ikuçsuzdyr.

Awtor: Maýa Amanowa