DAŞKY HOWANYŇ HILI WE SENIŇ SAGLYGYŇ

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (16 Ses)

ESASY FAKTLAR

► Daşky gurşawda howanyň hapalanmasy adam saglygyna täsir edip biljek iň uly howpdyr. Howanyň hapalanma derejesini peseltmek arkaly döwletler ysmazlyk, ýürek keselleri, öýken ragy, dem alyş ýollarynyň ýiti we dowamly keselleri, şol sanda demgysma ýaly dürli keselleriň döreme töwekgelçiligini azaldyp bilýärler.

► Howanyň hapalyk derejesi näçe pes bolsa, ilatyň hem ýürek-damar we dem alyş ýollarynyň kesellerden ejir çekýän bölegi şonça az bolýar.

► Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) "Howanyň hili baradaky düzgünnamasy" howa hapalanmasynyň saglyga täsiriniň ölçegleri we saglyga zyýanly hapalanma derejeleriniň çäkleri bilen üpjün edip, kadalary anyklaşdyrýar.

► Hasabatlara görä, howanyň hapalanmasy 2012-nji ýylda dünýä ýüzünde, şäherlerde hem obalarda 3,7 million adamyň ölümine sebäp bolupdyr.

► Şol ölümleriň 88%-i pes we orta girdejili ýurtlarda hasaba alnypdyr. Iň köp adam ýitgilerini çekenler Ýuwaş okeanynyň demirgazygynda we günorta-gündogar Aziýa sebitinde ýerleşýän döwletlerdir.

► Ulag, tok üpjünçiligini, has ykjam senagat we zir-zibil dolandyrylşygyny goldaýan kanunlar we maýa goýumlary şäherlerde howanyň hapalanmasyny azaldar.

► Ösüp barýan ülkelerde, öýlerdäki kömürden ýa-da şoňa meňzeş maddalardan çykýan tüssäniň, oba-hojalyk işlerinde zibilleriň ýakylmagynyň, tokaýlaryň ýakylmagynyň we tokaýda gurşawa zyýanly işleriň alnyp barylmagynyň azaldylmagy howanyň hapalanmagyna getirýän esasy maddalaryň möçberini peselder.

► Howa hapalanma derejeleriniň peseldilmegi kömürturşy gazynyň (CO2) we birnäçe gara karbon bölejikleri we metan ýaly wagtlaýyn döreýän howa hapalaýjylarynyň hem azalmagyna alyp barar. Şonlukda, klimatyň üýtgemeginiň hem öňi alnyp bilner.

► Bulardan başga-da, içerdäki döreýän tüsseler biş-düş etmek we öý ýylatmak üçin odun we kömür ýaly tebigy ýangyç serişdelerini ulanýan 3 milliarda golaý adamyň janyna howp salýar.

HOWANY HAPALAÝJY ÇEŞMELER

Daşky howanyň hapalanmagy ösüp gelýän we ösen döwletlerde her bir adamynyň saglygyna öz täsirini ýetirýän ýowuz nägehandyr.

BSGG howa hapalanmasy bilen baglanşykly ölümleriň 80%-i gan azlylyk sebäpli döreýän ýürek keselleri we ysmaz bilen bagly, 14%-i dowamly öýken keselleri, galan 6%-i bolsa öýken ragy sebäpli ýüze çykýar diýip habar berýär.

Käbir ölüm howply keselleriň birden köp sebäbi hem bolup bilýär. Meselem, öýken ragyna edil hapa howa ýaly çilimkeşlik hem sebäp bolup bilýär. Şonuň üçin çilim çekmegi we howa hapalanmasyny azaltmak arkaly öýken ragyndan ölümçiligiň öňüni almak mümkindir.

BSGG-yň Halkara rak gözlegleri guramasynyň (IARC) 2013-nji ýyldaky derňewleri daşky howa hapalanmasy bilen dürli görnüşli rak keselleriniň arasyndaky ullakan baglanşygyň üstüni açdy. Hapa howanyň düzüminde zyýanly bölejikler näçe köp bolsa, adamlaryň rak bilen, esasan hem öýken ragy bilen keselleme ähtimallygy şonçada uly bolýar. Şol sanda, güýçli howa hapalanmasy bilen peşew çykaryş ýollarynda döreýän ragyň artýandygy hem mälim edildi.

2012-nji ýylda howanyň hapalanmasynyň, dünýäniň dürli künjekleriniň şäher we oba ýerlerinde 3,7 million adamyň ölüminiň sebäbi bolandygy hasaba alyndy. Ölümleriň aglabasy dowamly ýürek we rak keselleri sebäpli bolup, bu keselleriň döremegine hem hapa howanyň düzümindäki 10 mikrondan hem kiçi diametrli zyýanly bölejikler itergi berýär.

Dünýäniň hapa howasynyň 88%-den pes we orta girdejili döwletlerde ýaşaýan ilat dem alýar. Şularyň içinde iň uly derejede ejir çekýänler günbatar Ýuwaş okeany we günorta-gündogar Aziýa sebitleridir. Soňky barlaglar ýürek keselleriniň we ýaş ölümçiligiň döremegine hapa howanyň, alymaryň öňki çaklamalaryndan has köp täsir edýändigini anykladylar.

Howa hapalanmasynyň esasy çeşmeleri bir ýa-da iki adamyň dolandyryp biljek çäklerinden has uly bolup, döwlet derejesinde hereket talap edýär. Bu hereketde has hem hökümetiň transport, elektrik energiýasyny harçlama, gurluşyk, we oba-hojalyk sektorlarynyň kanun çykaryjylarynyň orny ägirtdir.

Senagata, transporta, şäher üpjünçiligine hem-de elekrik energiýa önümçiligine häzire çenli ençeme döwletlerde girizilen nusga alarlyk düzgünlerden mysallar:

Senagat pudagy – senagat enjamlarynyň bölüp çykarýan tüsselerini azaldýan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak; bölünip çykýan hapa galyndylary metan gazyndan arassalamak we ony biogaz hökmünde ulanmak.

Ulag – ulaglar üçin has arassa we has zyýansyz energiýa görnüşlerini ulanmak; tiz hereket edýän köpçülik ulaglarynyň sanyny ýokarlandyrmak, rahat we köpçülikleýin derejede welosiped sürmegi we ýöremegi ýola goýmak, şahsy ulaglaryň arassa hem az ýangyç talap edýänlerini ulanmak.

Şäher maksatnamalary – binalaryň elektrik energiýa tygşytlylygyny artdyryp, şäherleri has ykjam görnüşde gurmak.

Energiýa önümçiligi – zyýanly gazlary az bölüp çykarýan ýangyç ýaglaryny köp ulanmak; günden, ýelden alynýan energiýa ýa-da gidroelektrik önümçiliklerini ýokarlandyrmak.

Şäher we oba-hojalyk zibilleri dolandyrmak – zir-zibilleri azaltmak, görnüşlere bölmek we olary gaýtadan işläp ulanmak; zir-zibilleriň gönümel ýakylmagyna derek olaryň gaýtadan işlenilmeginiň has arzan we gurşawa howpsuz usullaryny ornaşdyrmak; ýakylmagyň mümkin bolmadyk halatlarynda, bölünip çykýan hapa gazlaryň mukdaryny azaldýan tehnologiýalary ulanmak.

Daşky howa hapalanmasy bilen birlikde içerde döreýän tüsseler hem dürli ýurtlarda içerde biş-düş etmek we ýylanmak üçin kömür ýaly tüsseli ýangyç serişdelerini ulanýan 3 milliona golaý adama howp salýar. 2012-nji ýylda içerdäki howanyň ýaramazlygy zerarly 4.3 milliona ýakyn adam aradan çykdy. Bu hadysalaryň ählisi diýen ýaly ösmedik döwletlerde ýüze çykandyr.

2005-nji ýylda BSGG-nyň "Howanyň hili baradaky Düzgünnamasy" saglyga howp salýan esasy howa hapalaýjy maddalar üçin hasaplanylan çäklendirmeleri hödürledi. Düzgünnamada howa hapalaýjy maýdajyk maddalary (MM10) howanyň her m3 70-den 20-ä çenli azaltmak bilen, hapa howa sebäpli döreýän ölümleriň sanyny 15%-e ýakyn azaldyp boljakdygy barada nygtalýar.

Düzgünnama dünýäniň ähli döwletlerine degişli bolup, hünärmenler tarapyndan ylmy barlagara esaslanyp düzüldi we aşakdakylardan ybaratdyr:

→ Maýdajyk madda (MM);

→ Azon (O3);

→ Azot dioksidi (NO2);

→ Kükürt dioksidi (SO2).

MAÝDAJYK MADDA (MM): HÄSIÝETNAMASY WE ESASY ÇEŞMELERI

MM beýleki howa hapalaýjylaryň içinde adama has köp täsir ýetirýänidir. MM kükürt, nitrat, natriý hloridi, gara uglerod, mineral tozan we suw ýaly organiki we organiki däl bolan, gaty we suwuk, howada toplanan çylşyrymly maddalaryň garyndylaryndan düzülendir. MM bölejikleriniň saglyga iň erbet zeper ýetirýänleri 10 diametrli ýa-da ondan kiçi ölçeglidir (≤ MM10). Olar öýkeniň çuň ýerlerine hem ýetip bilýärler. Howada MM-iň köp bolmagy dowamly öýken keselleriň we rak keselleriniň hem köpelmegine getirýär.

Saglyga täsiri

Howada maýdajyk maddalaryň (MM10 we MM2.5) düzümi näçe dykyz bolsa, adamlaryň ömürleri hem şonça gysgalýar. Haçanda bu maddalar azaldylanda, adamlaryň ömürleri hem şoňa görä uzaldylyp bilner. Bu bolsa kanun çykaryjylarda howa hapalanmasyny azaltmak arkaly ilatyň saglyk derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik döredýär.

Bu maýdajyk maddalaryň howadaky düzümi her näçe pes bolsa hem, olaryň adam saglygyna zyýany togtamaýar. Şoňa görä-de, howadaky MM-iň möçberiniň aşaky çäklerini kesgitläp bolmaýar. Şu gözleglere salgylanyp, BSGG-nyň 2005-nji ýyldaky dügünnamasy MM-i mümkin bolan derejelere görä azaltmagy maksat edindi.

Düzgünnamadaky kadalar:

MM2.5

10 μg/m3 ortaça ýyllyk

25 μg/m3 ortaça 24 sagatlyk

MM10

20 μg/m3 ortaça ýyllyk

50 μg/m3 ortaça 24 sagatlyk

Kadalardan başga hem, "Howanyň hili baradaky Dügünnamasy" howadaky MM10 we MM2.5 bölejikleriň dykyzlygyny kem-kemden peseltmek üçin gysga wagta ýerine ýetirilip bilinjek işleriň sanawy bilen üpjün edýär.

Şol tekliper doly we düzgüne laýyk berjäý edilen ýagdaýynda hapa howadan döreýän dowamly we beýleki keselleriň ýokary derejede azaljagy ikuçsyzdyr. Arassa howa ugrunda göreşmegiň depgini näçe haýal bolsa hem, ahyrsoňunda düzgünnama kadasyndaky hasaplary gazanmak wajypdyr.

"Howanyň hili baradaky Düzgünnama" ösüp barýan şäherlere mahsus bolan howadaky MM10 dykyzlygyny 70 μg/m3-den 20 μg/m3-ä düşürmek arkaly howa hapalanmasyndan döreýän ölümleriň sanyny 15%-e çenli azaldyp bolar diýip nygtaýar. Ýöne düzgünnamadaky kadalara eýerýän Ýewropa Bileleşiginde hem, adamlaryň ortaça ömrüniň ynsanlaryň döredýän MM bölejikleri sebäpli 8,6 aý gysgalýandygy bellenilýär.

Ösüp barýan ýurtlarda içerde odun, kömür ýaly maddalaryň dürli maksatlar üçin ulanylmagy zerarly döreýän tüssedir, buglaryň içeriniň howasyny hapalamagy netijesinde ýaş çagalarda dowamly, ulularda bolsa ýürek, rak keselleriniň döreme ähtimallygy ýokarlanýar.

AZON (O3): HÄSIÝETNAMASY WE ESASY ÇEŞMELERI

Düzgünnama kadalary: O3

100 μg/m3 ortaça 8 sagatlyk

Azonyň 2005-nji ýyldaky "Howanyň hili baradaky Düzgünnamasynda" düzgünnamanyň ondan öňdäki maslahat beren 120 μg/m3 derejesinden has peseldildi. Çünki howanyň gündelik azon derejesi bilen baglanşykly hasaba alnan ölüm sanlary barha ýokarlanmaga başlapdy.

Ýer derejesindäki azon – atmosferanyň ýokary gatlagyndaky azon bilen garjaşdyrmaly däldir. Bu fotohimiki gurumly tüssäniň esasy düzümleriniň biridir. Azon fotohimiki reaksiýanyň netijesinde azot oksidlerinden, zawodlardan we ulaglardan çykýan tüssäniň we organiki bugly garyndylaryň (VOCs) gün şöhesi bilen çaknyşmagy arkaly emele gelýär. Şol sebäpli hem howanyň zyýanly azon derejesi güneşli howalarda has ýokarlanýar.

Saglyga täsiri

Azonyň howada ýygy bolmagy saglyga wagtlaýyn we uzakmöhletleýin zyýanlaryny ýetirip bilýär. Dem alyş kynçylyklary, öýken ýetmezçiligi we birnäçe öýken keselleri azonyň mukdarynyň howada artykmaçlygy arkaly döräp bilýärler. Häzirki wagta azon Ýewropa ýurtlaryny iň uly alada goýýan howa hapalaýjysydyr. Birnäçe Ýewropa barlaglary azonyň her artan 10 µg/m3-nyň täsirinden günlük ölümleriň sanynyň 0.3%, ýürek keselleriniň bolsa 0.4% ýokarlanandygyny anykladylar.

AZOT DIOKSIDI (NO2): HÄSIÝETNAMASY WE ESASY ÇEŞMELERI

Düzgünnama kadalary: NO2

40 µg/m3 ortaça ýyllyk

200 µg/m3 ortaça 1 sagatlyk

Howa hapalaýjy höküminde NO2 birnäçe hadysalar bilen berk baganşyklydyr:

► Derejesi howada 200 µg/m3-dan geçen ýagdaýynda gysga wagtda zäherli gaza öwrülýär we dem alyş ýollarynyň alawlama kesellerine getirýär.

► NO2 nitrat aerozolynyň (birleşmeýän gaty ýa-da suwuk jisimleri bolan gaz sredaly kolloid sistemasy) hem esasy çeşmesidir. Nitrat aerozoly MM2.5-iň esasy bölegini düzýär we ultramelewşe şöhlesi bilen birleşen ýagdaýynda azonyň bölegine öwrülýär.

NO2-niň adamlar tarapyndan howa goýberilmeginiň esasy çeşmeleri: ýyladyjylar, elektriki energiýa önümçiligi, ulaglaryň we gämileriň hereketlendirijileri.

Saglyga täsiri

Epidemiologiki barlaglar demgysmaly çagalarda NO2 bar bolan howada uzak wagtlaýyn ýaşamagy netijesinde bronhidiň alamatlarynyň döreýändigini görkezýär. Öýkeniň işjeňliginiň peselmeginiň hem NO2 bilen gönüden-göni baglanşygyna Ýewropanyň we Demirgazyk Amerikanyň şäherlerinde geçirlen derňewler güwä geçýär.

KÜKÜRT DIOKSIDI (SO2): HÄSIÝETNAMASY WE ESASY ÇEŞMELERI

Düzgünnama kadalary: SO2

20 μg/m3 ortaça 24 sagatlyk

500 μg/m3 ortaça 10 minutlyk

Adamlar SO2-niň 500 μg/m3 dykyzlykda bolan howasynda adaty ýagdaýda 10 minutdan uzak saklanmaly däldirler. Demgysmaly adamlarda geçirilen barlaglara görä, SO2-ili howada tapgyrlaýyn 10 minutdan köp duranlarda dem alyş ýollarynda alawlama alamatlarynyň dörändigi anyklanyldy.

2005-nji ýylyň düzgünnamasyndaky SO2-niň howadaky dykyzlygynyň 24 sagatlyk kadalarynyň 125-den 20 μg/m3-a düşürilmegi aşakdaky sebäplere görä tassyklanyldy:

► Howada möçberi az mahalynda hem adam saglygyna şol bir derejede zyýan ýetirýändigi anyklanyldy.

► Ýokary derejelerde goranyş işlerini alyp barmak möhüm.

► SO2-niň azaldylmagy bilen onuň saglyga howpunyň nähili derejede peseljekdigi näbelli hem bolsa, umumy howanyň düzümindäki hapalaýjylary azaltmak örän zerurdyr.

SO2 ýiti ysly, reňksiz gazdyr. Bu gazylyp alynýan magdanlaryň (kömür, gaz) ýakylmagy we düzüminde kükürt bar bolan minerallaryň eremegi arkaly emele gelýär. SO2-niň adam tarapyndan çykarylýan esasy çeşmeleri ýylylyk üçin kükürt garyndyly magdanlaryň ýakylmagy, elektrik energiýa önümçiligi we ulaglaryň hereket etmegidir.

Saglyga täsiri

SO2 dem alyş ýollaryna, öýkeniň işlemesine zyýan ýetirip, gözleriň awuşamagyna sebäp bolup bilýär. Dem alyş ýollaryň çişmegi bolsa üsgülewige, gakylygyň döremegine, demgysmanyň we dowamly bronhitiň emele gelmesine getirip, adamda dem alyş ýollarynyň ýokançlyklaryny geçirmegini aňsatlaşdyrýar. Howada SO2-niň derjesiniň ýokary wagtlary hassahanalaryň ýürek keselli hassalary hem has artýar, ölümiň sany ýokarlanýar. Haçanda SO2 suw bilen birleşende kükürt turşylygy emele gelýär. Kükürt turşylygy bolsa turşylyk (kislota) ýagşynyň esasy düzümi bolup, tokaýlaryň ýok bolmagyna sebäp bolýar.

Ulanylan WEB Çeşme

Awtor: Maýa Amanowa