DAŞ-TÖWEREGIMIZDÄKI HAPAÇYLYK

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.29 (24 Ses)

Siz arassaçylyk barada hemme zady bilýärsiňiz diýip pikir edýärsiňizmi? Onda biz sizi geň galdyrarys.

Biz her gün diýen ýaly arassalaýarys, ýuwýarys... Ýöne biz düşek daşylarydyr pižamany ýa-da gapjykdyr, el telefonynyň nähili ýygylykda ýuwlup-süpürilmelidigini nähili kesgitlemeli? Adatça biz tämizleýiş işlerini endik edişimize görä wagtymyz bolanda ýa-da ene-atalarymyzyň başda öwredişleri ýaly ýerine ýetirýäris. Ýöne bu çäreler hemişe dogry ýerine ýetirilmeýär. Bu babatda ekspertler şeýle maslahatlary berýärler.

Ýassyk we düşek daşylary: hepdede bir gezek

Her günde adam bedeni million töweregi deri öýjükleri taşlaýar we olaryň köp bölegi biziň ýatýan ýassykdyr düşeklerimiziň daşynda galýar. Şeýle-de, gije bedenimiz 1 litra golaý suwuklyk bölüp çykaryp, olar hem biziň düşek daşylarmyza siňýär. Hemme bölünip çykyndylar tozan sakyrtgalarynyň köpelmeginiň çeşmesine öwrülýär. Bu mör-möjekler zyýansyz bolsalar hem, olaryň bölüp çykyndylary allergen maddalary saklap, gözüň awuşamagynyň, burnuň akmagynyň, demgysmalaryň sebäbi bolup bilýändir.

Hünärmenler ýassyk, düşek we ýorgan daşlaryny hepdede bir gezek çalyşmagy maslahat berärler. Öý tozanynda ýaşaýan sakyrtgany ýok etmek üçin bolsa, hapa daşlyklar 600C suwda ýuwulmalydyr we mümkinçilik bolsa gün şöhleleriniň aşagynda guradylmalydyr. Daşlyklary ütüklemek bolsa zyýansyzlandyrmak çäresini tamamlaýandyr. Mümkinçilik bolmanda hem, ýassyk daşylary ütüklemek wajypdyr.

Ýassyklar: üç aýda bir gezek

Ýassyklary dolduryjylar edil özen ýaly deri we deriniň bölejiklerini özüne siňdirip, bakteriýalary ýaýratmagyň çeşmesi olup durýarlar. Eger ýassyklar wagtynda arassalanmasa, olar kömelekli ýokançlyklaryň mekany hem bolup bilýärler.

Ekspertler ýassyklary her üç aýdan bir gezek arassalamagy maslahat berýärler. Ýassyklaryň işliginde öndürijiler tarapyndan bellenen maglumatlara üns beriň – häzir öndürilýän ýassyklary olaryň daşky görnüşine zyýan ýetirmezden kir ýuwujy maşynlarda ýuwup bolýandyr. Mümkin boldugyça, 600C suwda kir uwujy suwuklygyň kömegi bilen ýuwup, birnäçe gezek durlamalydyr.

Seki düşekleri: her ýarym ýyldan

Hemme aýdylanlar seki düşeklerine hem degişlidir. Biz olary juda seýrek arassalaýarys. Hünärmenler olary her ýarym ýyldan bir gezek arassalamagy maslahat berýärler.

Siz seki düşeklerini güýçli çekimde işledilen tozan sorujy bilen arassalap, soňundan howaladyp bilersiňiz. Ýumşak mebeller üçin niýetlenen şampundan hem peýdalanyp bolar.

Jinsiler: her bäş gezek geýlenden soň

Şeýle ýygylykda ýuwulmalar mata we onuň reňkine zyýan ýetirmezden, hapalanmalardan we zyýanly bakteriýalardan dynmaga kömek edip biler. Ekspertler jinsileri sowuk suwda ýuwmagy maslahat berýärler: güýçli hapalanmalarda – 300C suwda, reňkini açmak üçin bolsa – sowuk suwda. Kir ýuwujy maşyna salmazdan öň jinsi balagyň syrmalaryny ýapmalydyr we çep tarapa çöwürmelidir.

Eger jinsiler daşyndan gowy görnüşde bolup, diňe bakteriýalardan dynmak hökman bolsa, ony ýuwman, plastik paketa salyp sowadyjynyň doňdurýan kamerasynda bir gije goýmak ýeterlikdir.

Göwüslikler: her iki-üç gezek geýlenden soň

Ekspertler göwüslikleriň hem deri özüne siňdirip, bakteriýalaryň mesgeni bolup biljekdigini belleýärler we olary her iki-üç gezek geýlenden soň ýuwmagy maslahat berýärler.

Görnüşini üýtgetmezligi üçin olary kir ýuwulýan maşynda ýuwmakdan saklanyp, kir ýuwmak üçin niýetlenen ýuwujy serişdeler bilen elde ýuwmalydyr. Olary sabynly suwda 10 min. ýatyryp, soň gowy durlamak hem ýeterlikdir. Göwüslikler otag temperaturasynda guradylmalydyr.

Pižama: iki gezek geýlenden soň

Şeýle ýygylykdaky ýuwulmany pižamanyň aşaky bölegi – balaklar we şortalar talap edýändir. Ýokarky bölegini iki esse seýrek ýuwma hem bolýandyr. Hünärmenler satlykda bolan, ýokançlyklara garşy serişde örtükli pižamalary satyn almagy maslahat berýärler. Olar köplenç hassahanalarda we şypahanalarda ulanylýar.

Gapjyklar we torbalar: hepdede bir gezek

Biz gapjykdyr torbalarmyzyň üstünde nähili ýokançlyklaryň bardygy barada pikir etmeýäris. Biz olary köçede, işde, hajathanada dürli zatlaryň üstünde goýýarys.

Göterýän torbalaryňyzy we gapjyklaryňyzy her gün antibakterial desmal ýa-da sabynly suwa batyrlan hasajyk bilen süpürmegi endik ediniň.

El telefony: her gün

Aragatnaşygyň bu serişdesini biz elimizden düşürmeýäris diýseň hem boljak. Barlaglar smartfonlaryň we planşetleriň ekranlarynyň hem biziň her gün elleýän zatlarymyzyň içinde iň hapasydygyny aýan etdi.

Ýöne klawiaturaly telefonyň hem olardan gowlugy ýok: onuň knopkalarynyň arasynda köp hapadyr tozan ýygnanýar. Işleýän wagtlary onuň gyzmagy bolsa, zyýanly bakteriýalaryň has hem ýaýramagyna şert döredýär.

Ekspertler täze çykan gadžetleri ýörite niýetlenen antibakterial desmallar bilen hepdede bir gezek, el telefonlary bolsa her gün süpürmegi maslahat berýärler.