DÜNÝÄDE KIM ARASSAÇYL?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (23 Ses)

Göräýmäge sabyn, diş çotgasy, diş pastasy we beýleki arassaçylyk serişdeleri biziň durmuşymyzda ulanmaga niýetlenen adaty we hökmany zatlar hasaplanyp, elleri ýuwma, günde suwa düşme endik höküminde kabul edilýär. Ýöne bu hemişe şeýle bolýarmyka?

Nielsen kompaniýasynyň işgärleri adaty bolmadyk seljermeleri geçirdiler. Olary dünýäde haýsy halklaryň arassaçyldygy baradaky maglumatlar gyzyklandyrdy. "Delfi" neşirýaty birinji ýeri latwiýalylaryň eýeländigini ýazýar. Onuň tersine, Ýaponiýanyň we Taýwanyň soralan ýaşaýjylarynyň 9%-niň asla hem şahsy gigiýeniki serişdeleri satyn almaýandygy ýüze çykaryldy. Onuň ýaly serişdelere sabyn, diş pastasy we dezodorantlar degişli edildi. Latwiýada onuň ýaly serişdeleri soralanlaryň 100%-i satyn alypdyr.

"Arassa" döwletleriň arasyna Horwatiýa we Serbiýa hem degişli edildi. Estoniýada we Litwada bolsa soralanlaryň 2%-i gigieniki serişdeleri doly derejede satyn almaýarlar. Şeýlelikde, alymlar tarapyndan dünýä boýunça umumy görkeziji kesgitlendi – Ýer togalagynyň ýaşaýjylarynyň 2%-i gigiýenany üpjün edýän serişdeleri satyn alyp ulanmaga üns bermeýärler.

Sunuň bilen birlikde, başga barlaglar, her 5-nji adamynyň hajathana barandan soň elini ýuwmaýandygyny, 10%-niň diňe barmaklaryny kem-käs ýuwýandygyny, 40%-niň bolsa ellerini 10 sek. az ýuwýandygyny äşgär etdi. Bu barlaglar britan alymlary tarapyndan geçirilip, britaniýalylaryň ellerini günde 3-5 gezek ýuwýandygyny (maslahat berilýän sany – günde 8-10 gezek) ýüze çykardy.

Gigiýeniki talaplary erkek adamlar doly derejede berjaý etmeýärler (olar sabyny 2 esse seýrek ulanýarlar). Şonuň bilen birlikde bolsa, zyýanly ýokançlyklardan howatyrlanyp, adamlaryň her onunjysy jemgyýetçilik ulaglaryndan peýdalanmakdan gaça durýarlar. Adamlar şonuň ýaly-da, jemgyýetçilik hajathanalaryny ulanmakdan, suw çekijilerini we gapynyň tutawaçlaryny ellemekden gaça durýarlar.

Ýöne bu ýagdaýlar hajathanada oturyp we telefon arkaly Interneta baglanýan ofis işgärleriniň 10%-ni hem-de şol ýerde resmi kagyzlary okaýan işgärleriň 5%-ni asla alada goýmaýar. Şeýle ýaramaz endikler kesel dörediji bakteriýalaryň ofislere ýaýramagynyň sebäbi bolýarlar. Garaşsyz barlaglar şeýle netijäni görkezdiler: E.coli. kesel dörediji birnäçe gezek stollaryň, marketlerde ulanylýan torbalaryň üstünde tapylypdyr.

Hünärmenler elleri mylaýym suw we sabyn bilen ýa-da antibakterial serişdesi bilen azyndan 20 sek. ýuwmagy maslahat berýärler. Köplenç adamlar bu wagty 50% çäklendirýärler. Adamyň ellerinde ortaça 10 mln. golaý ýokançly bakteriýalar ýaşap, gigiýeniki talaplaryň berjaý edilmegi, howply içgeçmäniň döreme töwekgelçiligini 47% peseldip biler.