OGLAN ÇAGANY ILERI TUTMAGYŇ TANKYT EDILEN 3 SEBÄBI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.82 (11 Ses)

ogulgerekGelin bäbekhanadan gyz bäbejigini alyp öýe gelýär. Her kim her ýerden göwünlik berýär:

− Ýene gyz boldumy? Gynanma, ogul hem bolar.

− Ogulgerek, Ogulbagt, Ogulsabyr, Ogul+… atlaryndan birisini dakaý, yzyndan ogluň bolsun.

− Indiki bäbegiňi hasapladyp edäý.

Ýokardaky "gutlag sözleri" türkmen maşgalalarynyň köpüsinde bolşy ýaly, ikinji gyzym bolansoň maňa-da aýdyldy. Ene hökmünde, gyz çagalaryň ikinji derejeli görülmegi meni juda gynandyrýar. Türkmen jemgyýetinde bu ýagdaýy öwrenýän sosiologiki derňewler ýa-da statistiki sanlar bolmasa-da, herimiz öz maşgalamyzda we tanaýanlarymyzyň maşgalalarynda oglan çaganyň gyz çagadan göz-görtele ileri tutulýandygyny görýändiris. Erkek jynsyna çenden aşa buýsanylýar, olaryň gowy şertlerde ýetişmekleri we durmuşda islän arzuwlaryna ýetmekleri üçin mümkinçilik döredilýär, emma welin, gyz çagalarymyza gezek gelende, men olar bilim almakda, islän kärlerini we geljeklerini saýlamakda oglanlar bilen bir hatarda deň mümkinçiliklere eýe däl diýip pikir edýärin. Men özümiň we tanyşlarymyň tejribesini göz öňüne tutup, oglan çaganyň öňe sürülmeginiň 3 sany sebäbiniň üstüni açdym.

Sebäp 1: Oglanlar gyzlara garanyňda, fiziki taýdan güýçli we oba-hojalykda has köp işläp bilýärler, köp gazanýarlar.

Tankyt:

Oglanlaryň gyzlara garanyňda fiziki taýdan güýçli bolmagy ýaradylyşymyzyň aýratynlygy. Öňler erkekler daşarda esasy işçi bolan bolsalar hem, indi oba-hojalykda erkekleriň fiziki güýjüni talap edýän döwür yzda galdy. Abzallaryň, pilleriň, güýçli elleriň ornuny islendik jynsly adam tarapyndan işledip bolýan oba-hojalyk tehnikalary aldy. Meselem, meniň 60 ýaşa golaýlan gaýynenem gyz wagty sürüjilik şahadatnamasyny alypdyr we kolhozlarynda traktorçy bolup işläpdir. Onsoňam, yzy tirkegli traktorlaryň tirkegi gelin-gyzlardan doludyr. Obada ýaşaýan islendik türkmen maşgalasynda ejeleriň we gyzlaryň mellekde ekin ekip, hasyl alýandygyny hemme görýär. Gelin-gyzlaram indi islendik pudakda ussat ykdysady güýç bolmak bilen, deň hukukly iş dünýäsinde erkeklerden az gazanmaýarlar.

Sebäp 2: "Gyz çagany ýetişdirmek goňşyň mellegini suwaran ýalydyr" − Köne Aziýa nakyly.

"Gyz çaga − iliňki. Oglan çaga − ýurt eýesi, maşgalanyň adyny ýörediji" düşünjesi.

Tankyt:

Gyz çagalaryň ýetişip, durmuşa çyksa-da, erkek dogany ýok bolsa, adamsy we çagalary bilen ene-atasy garran mahaly, kömek etmek üçin bile ýaşamaga gelýänleri ýa-da öz çagalaryny kömege iberýänleri kändir. Ene-atasy kömege mätäç bolmasa-da, ene-atasyna maddy taýdan kömek berýän gyz çagalaram bar. Meselem, men ejemiň bejergilerini almagyna, dynç alyş we saglygy berkidiş ýerlerine gitmegine maddy goşandymy goşup durýaryn.

Şeýle-de, ogul çagaň bolmagy ýaşlykda ýa garrylykda seniň ähli meseleleriň, dertleriň çözüljekdigini kepillendirmeýär. Meselem, goňşymyz Bossantäç gelinejäniň diňe alty sany ogly bar. Emma, ejemiň ýanyna gelip, "Oglum ideg edenok, gelnim hormat goýanok..." diýip, günde aglaýarmyş...

Sebäp 3: "Gyz çaga gara ýakyn bolýar" düşünjesi. Gyz çaga biabraýçylyga ýakyn görülýär. "Onuň kem-käs hereketleri aňsatlyk bilen özüne we maşgalasyna şek ýetirip bilýär" diýen, giňden ýaýran düşünje bar. Meselem: oglan egin-eşigini üýtgetse "erkekdir-dä" diýip, geçilýär. Gyz üýtgetse "toba-toba, haýasyz" diýilýär.

Tankyt:

Meň pikirimçe, çaga heniz doglanda, ak kagyz mysalydyr. Üstüne näme ýazsaň, ýagny aňyna näme guýsaň, şoňa görä-de akyl-düşünje alýar. Kemçilikler çaga ulaldykça, aňy ösdügiçe ýüze çykýar. Çaga näme öwrense, maşgalasynyň we jemgyýetiň içinde öwrenýär. Gyz bolsun ýa oglan, onuň özüne we maşgalasyna ýüzigaraçylyk getirmezligini islesek, onda olara maşgalada gowy terbiýe bermeli. Maşgalanyň, özüniň abraýyny saklamagy, özüne hormat goýmagy we goýulmagyny talap etmegi öwretmeli. Özümizem olaryň kiçiliginden başlap olara nusga bolmaly. Mümkin boldugyça olaryň ýetginjeklik wagtynda edip biljek uly ýalňyşlarynyň döwrebap terbiýe bilen öňüni almaly. Olara hasam ýakyn syrdaş bolup, olary diňlemeli, olar bilen dostlaşmaly. Şulary berjaý etsek, olar näme üçin maşgalamyzyň adyna ysnat getirsin?! Meselem, haçan-da men iki ýaşlyja gyzymy öpmek islesem, "Hatyja, seni öpäýin?" diýip, soraýaryn. Şeýdip, ol kiçilikden bedeniniň özüne degişlidigini we ony goramalydygyny öwrenýär.

Biz, ene-atalar näme edip bileris?

"Gyzym bar" diýip ýygrylyp däl, buýsançly gepläliň!

"Wah-eý, ogluň ýokmy?" diýen soraga gyz çaganyň ene-atasydygymyza buýsanýandygymyzy aýdyp jogap bereliň. Gyz çagalarymyza "ogul getirýän" atlary dakyp, olaň gymmadyny gaçyrmalyň. Olaryň geljeginiň ýagty bolmagy üçin elimizden gelenini gaýgyrmalyň. Çagaň gymmatynyň jynsynda hasaplanýan döwründen çykalyň!

Makalanyň awtory: Patma Atabaýewa